07:34 Dowzaha dönderilen geografiýa | |
DOWZAHA DÖNDERILEN GEOGRAFIÝA
Publisistika
Owganystanda bolup geçýän haý-haýly wakalara bütin dünýä bolup, fantastiki kinofilme tomaşa edýän ýaly tomaşa edýäris. Adamzat medeniýetiniñ gelip ýeten şu tapgyrynda aýal-gyzlaryñ guldan enaýy görülmeýşine şaýatlyk edýäris. Aýal-gyzlaryñ köçä çykyp-çykmazlygy-da, geñsi gylyk-häsiýetli adamlaryñ ynsabyna galypdyr. Ölüm howpuny göze alyp köçä çykan owgan zenanlary dünýä jemgyýetçiligine özleriniñ "ADAMDYKLARYNY" aýdyp gygyrýar. Hawa, biz ol merdana zenanlar bilen bir dünýäde, bir döwürde ýaşaýarys. Dünýäniñ käbir ýerinde dowzah durmuşy "adatylaşyp" giden bolsa, meselem, Floridanyñ deñiz kenarlarynda hajymelik açan sarp edijilik we ýalp-ýulply keýpi-sapa höküm sürýär. Kabul bilen Miami kartinalaryny ýanaşyk goýup synlañ we dünýäniñ iki aýry ýerinde bir wagtyñ özünde bolup geçýän çaprazlygyñ üstünde az-owlak oýlanyñ... Aslynda, bu çaprazlyk adamzat medeniýetiniñ akla-huşa sygmajak ahwalyny görkezýär. Kabuldaky ýagdaýyñ sebäbi Miamidäki gabardylan isripçiligiñ hut özüdir, Owganystan şu gün dowzaha dönen bolsa, Floridadaky durmuşyñ şeýle dowam etmegi üçindir. Şeýle bir akla-huşa sygmajak zat welin, "Forbes" žurnalynyñ berýän maglumatyna görä, ABŞ-nyñ Owganystandaky çaknyşykly geçen döwründe, ýagny ýigrimi ýylda 2 trillion dollardan gowrak pul sowrulypdyr. 2 trillion dollar! ABŞ owgan goşuny üçin 352 müñ owgan ofiserine tälim beripdir. 352 müñ mugallym, lukman, inžener, hünärmen okadylsa bolmaýarmy... Urşa sowulan 2 trillion dollar adamzadyñ bähbidine harçlanan bolsady, belkäm Owganystan dünýäniñ iñ asuda, iñ ösen ýurtlarynyñ biri bolardy. Gaýtam tersine, ýigrimi ýylda 47 müñ owganystanly ýönekeý raýat, ýetmiş müñe golaý owgan esgeri, 50 müñden gowrak taliban wepat boldy... ABŞ-nyñ özi 2 müñ 500 esgerini ýitirdi. Müñe golaý ölenem NATO-nyñ esgerlerinden. Diñe bir gezekde on iki türk esgeriniñ hiç hili baglanşygy bolmadyk ol ýurtdaky wertolýot heläkçiliginde wepat bolandygy ýadymyzda. ABŞ 2 trillion dollar harçlap ajaldan we eýmençliklerden doly geografiýa döretdi. Aslynda imperialist mehanizm muny dünýäniñ hemme ýerinde edýär... Talibany döredenem şol mehanizmiñ özi. Dünýäniñ imperialist çarhy aýlanyp dursun diýip, musulman ýurtlardaky sosialist hereketleriñ öñi kesilsin diýip, yslamyñ iñ yzagalak düşündirişleri esasynda hereket edýän toparlanmalary döretdi, ýaraglandyrdy. Yslam geografiýasyna ullakan erbetlik bagyş etdiler. Bölüp, parçalap dolandyrmak üçin mezhebara dawa-jenjellere öç berdiler. Milliardlarça adamyñ ýaşaýan gojaman yslam geografiýasynda diniñ adyndan özüni partlatmaga taýýar müñlerçe janly bomba ortada gezýär. Bir mahallar kinomatografiýanyñ, sungatyñ, edebiýatyñ iñ ajaýyp nusgalaryny dünýä beren Eýranyñ ahwalyna serediñ. Köçeleriñ ugrunda aýal-gyzlar gamçylanýar. Adamlar wagşy üýşmeleñleriñ ortasynda dar agajynda asylyp goýulýar. Biziñ geografiýamyza rowa görülen bu dowzahy durmuş läheñ imperial şereketleriñ ýyllyk girdejisiniñ hiç bir ýitgisiz hasam artsyn diýip edilýär. Nebiti dünýä läheñleri sorup alsyn, ýarag öndüriji ketdeler hasam baýasyn diýip edilýär. Hiç kim şuny ýatdan çykarmasyn. Bu imperialist mehanizm akyl-paýhasa eýerip hereket edenok, adamhorçulykly girdeji maksady bilen ösýär we planetadaky ýaşaýyşy uly heläkçilige tarap alyp barýar. Hawa, planetamyz heläkçiligiñ gorpuna agdarylansoñ, ol läheñ şereketleriñ ketdeleriniñ plýažlarynda dynç alyp biljek Floridasynyñ aman galma mümkinçiligi ýok. Adamzat Owganystanyñ mysalynda özlerine seretmeli, oýlanmaly, bu imperialist mehanizmden halas bolmagyñ ýoluny tapmaly. Bu häzir adamzadyñ iñ derwaýys meselesidir. 26.08.2021 ý. Hakan GÜLSEWEN, žurnalist, ýazyjy. © The Independentturkish | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |