18:31 Direktoryñ bilmeýän zady / gysga ýumor | |
DIREKTORYÑ BILMEÝÄN ZADY
Satiriki hekaýalar
Direktor meni güler ýüz bilen garşylady. - Bo-how, habarçy! Gel, gel, geç bärräk! Men sizi örän sylaýandyryn! Geç, otur. Direktoryñ kabinetinde at çapybermelidi. Kabinetiñ içindäki stol-stullaram, kürsülerem, şkaflaram añrybaşydy. Dogrusy, kabinetiñ eýesem adam gören ýalydy. Sekretar gelin kofedir delje şokolad getirdi. Elbetde, sekretar gelniñ özem agyz suwardarça bardy. Men jübimden depderçämi çykardym. Edil şol wagtam telefon jyrlady. - Bagyşlañ, men häzir - diýip, direktor trubkany göterdi. - Bow, Boris, bu senmi? Haçan ugraýañ? Sofiýadan Frankfurta gitjek üçin iñ gowy reýs-ä 18:21-däkidir-le. Frankfurtda iki gün bolýañmy? Onsoñ nirä? Hä. Amsterdam... Onda näme "Luftgansa" kompaniýasynyñ "Boinginde" uçmagy maslagat berýän, örän rahat reýsdir: özem o samolýot 11.10-da uçýandyr. Amsterdam diýsene. Şäherjandyr-la. Demirgazyk Wenesiýa. Aeroportdan göni "Silendid" myhmanhanasyna bargyn, şäheriñ merkezindedir. Duranja bir jennetdir! Ýeri, dil bilmäñde näme! Menem bilemok şony. Dilsiz başyñy çaramany oñarmaly. Amsterdamda bir hepde dagy bol. O taýda señ maşynyña-da islän zapas şaýyñy taparsyñ. Hä, seeking "Pežodyr-ow". Onda iñ gowusy gerek şaýyñy Parižden gözle. Pariže her hün bir topar reýs bardyr. "Er frans" kompaniýasynyñ samolýotunda uçsañ gowy bor. O samolýot Amsterdamdan 10:53-de uçýandyr. Gowy, rahat reýsdir. Günorta naharynam samolýotda edinersiñ. Fransuz tagamlary kemje-kerdem däldir!.. Özüñ bilýäñ: Pariž - hemişe Pariž! Göreñokmy? Hökman görgün. Ýöne Ýeliseý meýdanyndaky gymmatçyl magazinlerden zat alyjy bolaýma. Çeträkdäki magazinlerde hemme zat arzandyr. Men Parižde köp ýer görendirin, bäş barmagym ýaly bilýän. Ondanam Madrid uçaýsañ-a gaty ajap bordy, iki ädim-ä. 8:30-da uçýam samolýota münseñ, onlarda eýýäm şo taýda bolýañ. Hä?.. Haýp! Ispaniýa göreniñe degýän ýer. Hawa. Komandirowla möhletlerem barha azalyp barýar-da... Etjek alajyñ ýok. Bolýa, bolýa... Hoş wagtyñ! Ýoluñ ak bolsun... Direktor trubkany goýdy. Men depderçämi açdym, biz tygşytlylyk hakynda gürleşdik. Soñra men ondan tabynlygyndaky zawodyñ nirede ýerleşýänini hem-de oña nädip baryp boljagyny soradym. - Gaty daş-a bolmaly däl, şäheriñ daşynda bolmaly- diýip, direktor pikire batdy. - Bee, ýogsa-da, şoña nädip, haýsy ýoldan barylýarka? - Ol ýeñsesini gaşady. Aljyrap ötünç sorady. Ýöne zawodyñ nirede ýerleşýänini, oña nädip barmalydygyny welin aýdyp bilmedi. Mihail WEŞIM, (Bolgariýa). "Edebiýat we sungat" gazeti, dekabr 1986 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |