05:33 Diýlene üns ber diýene däl | |
DIÝLENE ÜNS BER, DIÝENE DÄL
Edebi makalalar
Hekaýatlaryñ birinde şeýle waka gürrüñ berilýär: Ötegçileriñ biri arygyñ ýakasyny syryp barýan ekeni. Birdenkä onuñ gözi güzeriñ başynda üsti ýükli düýesini suwa ýakyp duran çarwa araba kaklyşypdyr. ''Haw, il agasy, ýol bolsun! Düýäñ ýüki ýetik oguşýa. Ýogsa-da, her ýana agram berip duran bu horjundyr çuwallaryñ içinde näme bar?'' diýip, bilesigeliji ötegçi gyzyklanypdyr. ''Ine, bu tarapdaky çuwallarda öz goşlarym, iýjek-içjek azyk önümlerim, ýanyma götermäge oñaýly keçe-körpeçäm, ýorgan düşegim, birlaý egin-eşigim bar. Beýleki tarapyndaky çuwalda bolsa, ýüküñ bir ýana agmazlygy üçin toprak-çäge bar'' diýip, çarwa arap düşündiripdir. Ötegçi bu jogaba kürtdürip durupdyr-da: ''Beýtmek, düýä artykmaç ýük urmak bolmazmy? Bir tarapynda gum götereniñden, goşlaryñy des-deñ ikä bölüp, her gapdalynda bir bölegini ýerleşdirseñ, düýäniñ ýüküni ýeñletseñ, göwnejaý dälmi näme? Hem düýä dynç bolar, hem özüñ artykmaç aladadan dynarsyñ'' diýip, öz pikirini mälim edipdir. Çarwa arap birsellem oýurganyp,ötegçiniñ aýdanlaryny göz öñüne getiripdir. Soñam: ''Biçeme däl. Seniñ aýdanyñ jany bar'' diýip, düýesiniñ üstündäki ýükleri aşak indirip, çägeli çuwalyny boşatmaga durupdyr. Birdenem sakga säginip: ''Sen ýigit, bir obanyb arçyn-kethudasy ýa-da dili dogaly keramatly pirleriñ biri-hä dälsiñ-dä? diýip, ötegçä soragly bakypdyr. ''Ýok, men olam däl, bulam däl. Men bir ýönekeý adam'' diýip, ötegçi düşündiripdir. Päheý-de welin,haý, ýüzi gara diýsänim, onda men näme üçin seniñ diýenleriñi etmeli. Men ýönekeý adamlaryñ pikiri gyzyklandyrmaýar. Özüñ hiç kimem däl welin, ýene-de maña eýtseñ-beýtseñ diýip, maslahat beren bolýarsyñ. Bar, ötägit, öz işiñ bilen bol'' diýip, çarwa arap çuwallaryny gaýtadan çägä dolduryp, edil öñküsi ýaly düýesiniñ üstüne ýüklemäge başlapdyr. ■ Birinji sapak Pespäl bol! Temegiñi Göge dikere müñ dürli sebäp tapylsa-da, öwünere, buýsanara bahana gyt dälem bolsa, bol-bol nygmatlaryñ içinde ýüzýänem bolsañ, eşret deñzine çümýänem bolsañ, seriñi dury pikirden, aýagyñy ýerden üzme! Göwnüñ badyhowa gopmasyn! ''Maksatlaryñ beýik bolsa-da, päliñ Ýeri göterýän sary öküziñ toýnagyndan ýokary galmasyn!'' diýen söz bar. Pespällik biribaryñ eçilen iñ uly nygmatlarynyñ biridir. Adam özüni pespäl alyp bardygyça, Biribar onuñ at-abraýyny, dereje-mertebesini şonça-da beýgelder. Süleýman pygamberiñ esgerleri pespälligiñ öñünde daýanmadymy? Hüthütüñ üstünden baran kowumy Süleýmanyñ pespälliliginiñ hatyrasyna dogry ýola düşmedilermi? Zeminiñ ileri-gaýrasy, ýakyny-gyrasy, ýer ýüzüniñ hökümdarlyk jylawy elinde bolsa-da, Süleýman pygamberiñ hem özüni pespäl alyp barşyna üns ber. Ol siñe seretmeseñ göze ilmeýän garynjanyñ sözlerine ýylgyryp bakýar. Onuñ aýdan sözlerinden özüne gerekli manyny çykarýar. Hernäçe hökümi zor bolsa-da, özüniñ bilmeýän zatlarynyñ bardygyny boýun alýar. Hüthütiñ alys ülkeden getiren habaryna ynanýar. Şoña görä hereket edýär we beýik maksatlaryny hasyl edýär. ■ Ikinji sapak Ýönekeý, sada bolubersin, dogry-hak zady aýtsa, jaý maslahaty ýañzytsa, şol hakykat onuñ mertebesini has-da beýgelder. Ony il gözüne eziz görkezer. Hernäçe güýçli, beýik adam bolubersin, galat gürlese, ýalan sözlese, galp hereket etse, şol galplyk ony ryswa eder. Beýle adam ahyry il içinde har-zelil bolar. Şonuñ üçin saña dogry söz diýilse, ýagşy zat maslahat berilse, peýdalanmagy başar. Kimiñ diýýändigine seretme, näme diýýändigine seret. Aýdyjy kim bolsa bolubersin, aýdylan söze üns ber. Düri deñiz düýbünden çykaran guwwasyñ ýaramazdygy üçin dürüñ gymmaty egsilýän däldir. Her eşiden sözleriñi, hikmetdir-paýhaslaryny aýdan adamlaryñ kimdigine görä, saýlap-saýlap kabul edýän bolsalar, halaýan adamsyny kabul edip, sulhy almaýanlaryna señrik ýygyrýan bolsalar, bu-da bir ýoldan azaşmagyñ bir görnüşidir. Aýdýany sulhuñ almasa-da, ony halamasañ-da, aýdýan dogry sözüni, jaý maslahatyny äsgermezlik etmek ýalñyşlykdyr. Kimdigine garamazdan, dogry sözlerden özüñe geregiñi alsañ, hak zatlara uýsañ, ynansañ we eýerseñ, ine, beýikleriñ häsiýeti şeýle bolmalydyr. Ynsanlaryñ serweri hezreti Pygamberimizden nusga alyñ. Ol Bedr söweşi gününde musulman esgerlerini söweş üçin amatly gören ýerinde ýerleşdirdi. Şol wagt Habab ibn al-Munzyr pygamberimizden sorady: ''Eý, Allanyñ resuly, bu ýer Allatagala tarapyn saña wahy edilen ýermi? Ýa-da bu söweş hakda öz pikirimizi, garaýşymyzy hem aýdyp bilýärismi? Uruş hem bir geñeşmi?''. Pygamberimiz: ''Bu bir söweşdir we her bir jaý maslahata, geñeşe orun bardyr'' diýeninde, Habab: ''Eý Allanyñ resuly, bu ýeri söweşmek üçin juda bir oñaýly ýer däl. Ýüzemiz duşman sary bolanda, Bedriñ guýulary biziñ arka tarapymyzda galsyn. Biz bu guýulardan ýeñillik bilen suw içip bileris, emma duşman goşuny guýulardan ganmakdan mahrum bolar'' diýipdir. Bu pikir Pygamber aleýhissalama makul görnüpdir. Musulman esgerlerinu Hababyñ diýşi ýaly ýerleşdiripdir we ýeñiş gazanypdyr. Ine, Alla tarapyn wahy bilen goldanýan, Isra gijesinde Asmanlary seýr eden, ýedinji gat Asmana ㅡ Magraja çykan Pygamberimiz hem bir kişiniñ jaý maslahatyny unamakdan ýüz öwürmändir. Dogry zady alyp göteripdir. Şeýtmek bilen Pygamberimiz kiçelmändir ahyry. Gaýta, beýik ýeñiş bilen onuñ mertebesi hem has beýgeldi. Edhem ŞARKAWY. Arap dilinden terjime eden: Rahmet GYLYJOW. | |
|