01:35 Doklad / ýumoreska | |
DOKLAD
Satiriki hekaýalar
Edara başlygy Berdi aga aňyrdan hasanaklap gelşine sekretaryna: - Pollyny çagyr - diýdi-de, kabinetine girip gitdi. Ol iş stolunyň başyna geçip-geçmänkä-de: - Ýaşuly, salawmaleýkim, sag-aman örlediňizmi? - diýip, Polly aga başlygyň alkymyna dykylyp geldi. - Ine, dokladyňyzam taýyn. Ýygnak başlamaga-da bir sagat wagt bar. Bir gözden geçiräýseň gowy bolardy - diýip, sözüniň üstüni ýetirdi. Başlyk bir zatlara güýmenip oturyşyna: - Bolýar, häzir okap göräýerin - diýip, doklada eini uzatdy. Eline ýagşy agram beren kagyzlara gözi düşüenden bolsa, ýylgyryp: - Bäý-bä, Polly, bu giden kagyzlary bir günde okap bir bolarmyka? Şunuň baram gowaça ekişine taýýarlyk hakdamy? - diýip, Berdi aga geňirgendi. - Hawa, geçen ýylky doklada seredibräk ýazdym. Onsoňam, wekil geljek bolsa uzagrak bolsa kem däl-ä? - He, bor-bor - diýip, başlyk Polly agany çaltrak ugratmak bilen boldy. Şundan soň Berdi aga uludan demini aldy. Eşidiler-eşidilmez hüňürdedi: - Aý, bular ýaly edip getirensoňlar okasa bolar-la! Şeý diýibem doklady patladyp, stoluň bir burçuna taşlady. Trubkany galdyryp, öýüne telefon urdy: - Alo, alo, Şirinim, otyrmyň? Aý, berekella. Neme, häzir başlajak. Radioňy gatyrak açgyn, kolhoz uzeliniň üsti bilen sesimem eşitdirjekler. Bolýa onda... Ol trubkany goýan ýaly etdi-de, ýene bir ýere jaň urdy. garaz, şeýlelik bilen, bir sagadyň nähili geçeninem aňşyrmady. Kolhoz klubyna ýygnananlardan ýaňa telpegiňi kaksaň çaňy ýere düşjek däldi. Ýokary edaralardanam wekil bardy. Ýygnagy raýon wekili açyp, ilkinji sözi Berdi aga berdi. Berdi aga tribuna geçip, öňünde goýlan mikrofona has golaý durup, dokladyny okamaga başlady. - Ýoldaşlar, ýene-de gowaça ekişi golaý geldi. Bu jogapkärli işe ýedi ýaşlydan ýetmiş ýaşla çenli ägä durup çemeleşmegimiz gerek. Geçen ýyl nädipdik?! Ekiş ilkinji günlerinden başlap... Doklady üns berip diňleýärdiler. Emma ol gutarar ýerde gutaranokdy. Berdi aga bolsa sahypa yzyna sahypa agdaryp, öňüne goýlan suwly stakanlary yzly-yzyna boşadýardy. Ine ol täze bir sahypany açyp, okap başlady. Ýöne näme diýýänine özem üns bermän, diňe doklady okaýardy. - Salam, oglum. Nähili, sag-aman gulluk edip ýörmüň. Bir ýylyň-a geçdi. gaýrat et, ogul ýene bir ýylyň galdy. Oturanlar geňirgenişip, biri-birine bakdylar. Soňra hyşy-wyşy köpelip başlady. Emma Berdi aga hyşy-wyşylary basmak üçin has hem sesini batlandyryp: - Ejeňem bir mydarasy bar. Hawa, sygrymyzam göleledi - diýende, akylyna aýlandy. Ol soňky sözi ýene bir gezek: - Göleledi... Bu näme... Polly... - Ol yzky sözlemleri içinden okap gördi. "Göleledi" diýen sözden öňki sözlemleri-de gaýtadan gözden geçirip, boz-ýaz boldy. Zalyň içi alawakyrdy. Polly aga bolsa düýn ogluna ýazan hatynyň dokladyň içine düşenini bilip, köpçülikden tizräk daşlaşanyny kem görmedi. Berdi aganyň aýaly Şirin bolsa bu wagt radiony soňky hetdine açyp, gülki seslerini eşidýärdi. Çarymyrat TÄÇMYRADOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 11.02.1983 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |