16:03 Mähek daşy / hekaýa | |
MÄHEK DAŞY
Taryhy proza
— Magtymguly, barmaly ýerimiz entek daşmy? — Öz-ä, indi daşda bolmaly däl. Selim ussa pahyryň salgy berýän ýerler-ä şu töwerekler bolmaly. — Ýoda entek gutarar ýaly däl. Dagyň çürbaşyna-da çyksaň boljak. — Onyňa dogry-la. Ýöne dagyň çürbaşyna çykmaga-da gurbat gerek. Meniň-ä ýadawlykdan ýaňa aýaklarym gus-gury boldy. Dyzymda ysgyn-a galmady. Aşak seretsem başymam aýlanjak bolýar. — Meňkiden hezili ýok. Ol-a aşak ekeni, bir ädim öňümem zordan saýgarýan — diýip, Haşym Allaberdä garap loh-loh güldi. Garly bolsa bularyň gürrüňine goşulman, çygjaran maňlaýyny zol süpürip yzrakdan gelýärdi. Onuň gulagy agyrrak bolansoň, näme diýilýänini-de eşidenokdy. — Sen onda bu gaýalarda biten agaçlary, töwerekdäki gözelligi-de görýän dälsiň? — diýip, şahyr Haşymdan sorady. Ol: — Ýok. Wah, menem siziň görýän zatlaryňyzy göräýsem bolmaýarmy? — diýdi. Magtymgulynyň onuň ýagdaýyna haýpy gelip: — Görer gözüň gymmaty, kör ýanynda bellidir − diýenini duýman galdy. Bu sözleri Haşym eşidip, göwnüne alaý magyndan ätiýaç edip, içinden diýen ýaly aýtdy. Ondada Allaberdiden özgesi eşidip: — Sen bir zat diýseň ýüregimize jüňk bolaýýar, ýöne, arman Garly eşidenok-da — diýip, Haşym oňada bir zat diý diýýän ýaly gürledi. Onda şahyr: — Sag gulagyň guwanjy, ker ýanynda bellidir —diýip, suňşuryp goýberdi. Haşym ýene-de hezil edip güldi. Allaberdi bolsa ýene Selim ussany ýatlap dillendi: — Selim ussa bolan bolsa, bu wagta çenli mähek daşlarynyň ençemesini tapardy. — Ýogsa näme?! Ol ussadam, gözläp tapyjydam. Ana, şol gözläp tapyjylygam onuň başyna ýetipdi-dä — diýip, Magtymguly uludan demini aldy. — Kakam pahyryň gürrüň bermegine görä, bir ýola ussa gerekli daşlary gözlemäge gaýdanda goňşusy görünmän yzarlapdyr. Ussa torbasyny gerekli daşlardan dolduryp dagdan düşen pillesem garaňky gatlyşypdyr. Töweregiň imisalalygyndan peýdalanybam ýeňsesinden gelip, daşbilen kellesine urup öldüripdir. Ol gymmatbaha daşlaram alyp gürümjürüm bolupdyr. — Hawa, Allaberdi, şol gürrüňi menem eşitdim. Ýogsa, ussa goňşusyna elinden gelen ýagşylyklary edipdir. Bir gezek dagy goňşusyny ýylan çakypdyr. Şonda Selim ussa ýylanyň çakan ýerinden sorup-sorup zäherini aýryp, kyrk günläp dürli derman otlar bilen bejerip sagaldypdyr. Selim ussa da goňşusynyň kimligini ýagşy bilýär eken. Şondada dözmän ýagşylyk edipdirdä — diýip, Magtymgulyda gussaly gürledi. — Hawa, Allaberdi! Ýagşylygy pis bilmez, är ýanynda bellidir — diýip, şahyr suňşuryp goýberdi. — Bäý, mähek daşly derä ýetemzokmaý? Beýle daşlygyny bilen bolsam gaýt mazdym — diýip, bir zady çalarak eşitse, iki sözi eşitmän gelýän Garly-da gürledi. — Hemmämiz ýadan bolsak, ana, şol aýtymda demdynç alaýalyň — diýip, Magtymguly sala saldy. Oturdylar. Her kim öz ýany bilen getiren suwundan owurtlap dymyşdylar. Birdenem, Magtymguly aýagynyň aşagynda ýaýran daşlaryň içinden gara goňur daşy eline alyp: — Görseňiz-läň, mähek daşy! Köpzatlar tötändenem bolaýýar — diýip, eline agram berip duran daşy görkezdi. — Hanyda, hany?! — diýşip, olaryň üçüsi-de bilesigelijilik bilen şahyryň elin däki daşa seredişdiler. Magtymguly daşy Garlynyň eline tutdurdy. Ol daş elden-ele geçdi. — Ýok, bu-da bir üýtgeşik zadam däl ekeni. Mumyýa ýaly tüpeňlenip alynýarmyka diýsem, bu-ýa bir sabyna meňzeş zat ekeni — diýip, Haşym mähek daşy gözüne sokaýjak ýaly edip synlady. Şahyr: — Ata-babalarymyz «Zer gadyryn zergär biler» diýipdirler. Bu daş zergärçilikde köp kömek edýär. Syrly daş bu. Altynkümşi seljermekde görer gözdenem ýiti — diýip, Magtymguly düşündirdi. Olar: — Geliň onda, ýene tapjak bolalyň — diýşip, töwerege ýaýradylar. Hersi bir tarapa aýlansalarda tapmadylar. Ahyry ýene öňki oturan ýerlerine ýygnandylar. Suw içen suw içdi, dynç alan dynç aldy. Magtymguly bular bilen ilkinji gezek ýoldaş bolupdy. Oba oglanlary. Bular goşgy diňlemäge gelenlerinde, şahyr daga mähek daşy gözlemäge gitjek bolup durdy. Şondanam: «Bizem äkidäý!» diýensoňlar, «Ýörüň» diýip, alyp gaýdypdy. — Bäh, mumyýa ýaly atylyp alyn masada, tapmasy kyn daş eken — diýip, Allaberdi ýadawlykdan sus gürledi. Magtymguly şunuň ýaly saparlarda-da bir ajaýyp eser dörederdi. Hut häzirem oý-pikirlerini jemläp: Ýagşylygy pis bilmez, Är ýanynda bellidir. Görer gözüň gymmaty, Kör ýanynda bellidir. Däli köňül daýanjy, Ýokdur dünýä ynanjy. Sag gulagyň guwanjy, Ker ýanynda bellidir. Eger pir sen, eger ýaş, Kylma syryň halka paş, Syr saklagan mähek daş, Zer ýanynda bellidir. Bu dünýäniň myrady, At zagyfdyr, zürýady, Arwananyň kuwwaty, Ner ýanynda bellidir. Bolsa gamdan halasym, Ýaza dönse gyş paslym. Magtymguly, yhlasym Ýar ýanynda bellidir — diýip, alyslara seredip, täze döreden şygryna okap berdi. Oturanlar onuň berekellasyny ýetirdiler. — Eý, dostumyz, seniň özüňem syr saklaýan mähek daşa meňzäp dursuň. Sen bu görýän adamlarymyz ýaly däl. Näçe paýhas, näçe syr seni bezeýär — diýip, Allaberdi dillendi. Beýlekilerem oňa duýgudaş bolup başyny atdylar. Çarymyrat TÄÇMYRADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |