08:36

Gyzlar... Gyzlar... Gyzlar...

Jemgyýetçilik tankydy
Категория: Jemgyýetçilik tankydy | Просмотров: 1161 | Добавил: Jeksparro | Теги: Çarymyrat Täçmyradow | Рейтинг: 4.0/4
Awtoryň başga makalalary

Jemgyýetçilik tankydy bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 18
0
1 Allanazar  
878
Seslenýän ýok. Hemmämizem bar zatdan habarly...

1
2 Hyýalkeş  
752
Bular täzelik däl-dä hiç kim üçinem. Göre-bile gelinýän zat. Onsoñ näme diýjek?
Aşagyndaky senä seretseñizläñ 92. Üstünden 29 ýyl geçipdir. Şol meseleler dowam edýär.
Galyberse-de hemişe "gyzlar, gyzlar, gyzlar" diýip ýörmän, arasynda "erkekler, erkekler, erkekler" diýibem bir tankydy mowzuk döredäýseler. Çünki eger bir "kär" dowam edýän bolsa, "isleg" bolanlygy üçin dowam edýändir.

0
3 Atayew  
493
Oblast çaga dogrulýan öýüň boş wraçy Agamyrat Abdylgapurow

Harp ýalňyşy gidipdir. Boş däl-e, baş diýlip düzedilse, oňat bolardy.

0
4 spesnazmen  
526
Umuman Jeksparro şu mowzugy näme üçin islenen.ru-da paýlaşaňok ? Sebäbi ol ýerde tankytlanmakdan gorkýaň, düýn açylan "Çagalaryň özüňden bolar ýaly näme etmeli?" atly mowzukda-da beýle pikiriňi beýan etmänsiň. Asyl bolsa senem şeýle pikir edýän ekeniň. Dogrymy aýtsam Hyýalkeşiň aýdyşy ýaly, görüp gelinýän zat bu, etjek zadyň näme ? Düşünmeýän hijem düşünmeýär.

0
5 Jeksparro  
405
Ol ýerde ýazmanlygymyň sebäbi o taýy çagalardan doly... Onsoňam haýsy ýerde ýazmalydygyny özüm bilerin.

0
6 spesnazmen  
526
Çagalara gep düşündirip bilmeýän bolsaň waý halyňa... Tankyt hemmetaraplaýyndyr

0
7 Jeksparro  
405
Şu wagtky çagalara gep düşündirip bolýarmy!? Senem-ä çagalykdan çykmadyk gepe düşmeze meňzeýäň!
Tankyt diýibem bir zat ýazmagy öwrenipsiň-de sygyryň gulagyna Ýasin okan ýaly şo şony ýelmän bolaýýaňmy!?

0
10 spesnazmen  
526
Umuman sen tankyt barada zat bileňok we tankyda çydaňok, şuwagtky çagalara zat düşündirip bolmaýar diýip islenen.ru-dakylary işe ýakmaz edip görkezipsiň. Tankyt öwrenilýän zat däl, ol diňe hormatly adamlara ýakýar, jahyllara bolsa garşylykly jogap bermek galýar. Senem şeýdipsiň, maňa gepe düşmez diýipsiňm ilki bilen hormat näme şony öwren dosdym. Bu edebiýat saýdy, edebiňden çykmajak bol, düşünýän tankyt ýakanok, sebäbi dogry zat, ýöne senem käbir çagalarda-da bolan hormaty öwren

0
8 Jeksparro  
405
Başga saýtlarda tema edip açmak mesele däl, ýöne administrator bu ýerde açylýan mowzuklaryň başga saýtlarda açylmagyna, başga saýtlarda açylanlaryñam bärde açylmagyna göwnänok. Şular ýaly makalalar bolsa şu saýta zerur. Okasyň gelip ölüp-öçüp barýan bolsaň talyplar.com da açdym okaý ýene bir sapar... işlenen.ruda welin açjak däl, şeý diýeniň üçin!

0
11 spesnazmen  
526
Talyplar.com-my ? Ho jahyllaryň gaýnap gaýnap maglumat kirliligi döretýän ýeri dälmi ? Ol saýdyňa adyny agzap oturma. Seniň mowzuklaryň tankyda açyk mowzuklar, ebäbi ahlak-namys barada tema açýaň, ili ýazgarmajak bol, hormaty bil, tankyda çyda. Bolman meniňem "Diňe öz alymlarymyzyň diýenine ynanmaly" diýýän zehiniýet bilen jedelleşesim gelenok, ýöne hakykat hakykat, tankydam tankyt

0
16 Jeksparro  
405
Tankytla-da otur onda, tankytlama diýýän ýok saňa!?

0
17 spesnazmen  
526
Intek ýüzlenme bilen soragy nirde goýmalydygyny bileňok welin...

0
18 Jeksparro  
405
Ýüzlenmäni saňa ýazypdym welin ýüzlenme bilen soragyň ikisini ýazyp öwrenşenimdendir. Kimdir biriniň ýazgysynda, harpynda, ýazgysynda säwligi tapmaly bolsa giden kitaplardaky sözler tankytlanardy. Ýalňyşy görkezilerdi...

0
9 mango  
651
1992-iň çorbasyny 2021-de ýyladyp öňüňde goýýarlar.
Bu gowy däl. Ýöne gozgalýan mesele welin hem gadymy hem müdümi.
Günäni diňe bir tarapdan gözlemegem dogry däl…
——
Şondan soň olar utandylr.
Gizlendiler.
Görünmäge ýüzleri ýokdy…
Ses geldi:
-Adam, näme etdiň? Gadagan eden miwäni näme üçin iýdiň?…
-Menden däl, menden däl…. Ol maňa iý diýdi, ol meni ýalňyşdyrdy…. Hemmesi ondan….
Şeýlelik bilen Adam ähli günäni başga birine ýüklemegi öwrendi.
Günä How enedemika?

0
12 gomulgen  
818
Howwa. Shu wagtkylary yazgaranam bolyan ekenik welin asyl bu "halkyñ" ganyndamy, düybündemi bar eken günäni ayallañ üstüne yüklemek. Adam shey diydi, bular dagy näme

1
13 mango  
651
bu bir ýöne rowaýat ýaly, çaklama-gürrüň-analiz....
edil näme gürrüňler bolany Kuranda bar bolaýmasa....
ýöne olaryň ikisiniňem jennetden çykarylany hakykat.
(ikisinde-de ýalşyşmak paýlary bar).
----
ähli zady olar üçin ýaradansoň ýeke bir miwäni gadagan etmesiniň manysy nämedekä?
gysganmaga däldir.
hemem ol gadaganlyk agyz beklän ýaly belki, agşama çenli bolandyr.
(wagtlaýyn) gadaganlyk - bu bir synagyň görnüşimikä?
ýa ýalňyşylan ýerde wyždanyňy ezýeti bilen bagyşlanmagyňy dilemegi öwretdimikä?
ýalňyşmanan bolanok, biz ynsan, perişde däl.
bagyşla diýmegi her kim bilmeli.
onsoňam biz jennetden kowulmadyk, diňe çykaryldyk.
diýmek, bize jennet garaşýar.
kowulan şeýtan.
ol hem bagyşla diýmegi halamaýan, ony hiç diýmejek bir zat.
günäni hiç özünde görmeýän bir zat.
...
----
başga ýana sowlup gitdim....
umuman, biz özümizi tanamaly.

0
15 spesnazmen  
526
Hawa ilki özümizi soňam garşymyzdakyny tanamaly meniň üçinem

1
14 mango  
651
gadagan miwe barada aýtjakdym.
ol jennetdäki gadaganlyk wagtlaýyndy.
ýaş oglan-gyzlara maslahat.
nikadan öňki gadaganlyk wagtlaýyn gadaganlykdyr.
nikadan soň ol gadaganlyk güýjüni gaçyrýandyr, edil ramazanda agşamyň düşmegi bilen orazaňyzy açyşyňyz ýaly.
şeýlelik bilen ol synagdan geçip sogap-üstüne sogap alarsyňyz.
öýlenmek sogaby, maşgala gurmak sogaby, maşgala eklemek sogaby, çaga ýetişdirmek sogaby...
nikadan öňki gadaganlyga hopukmaň.
gadaganlyk ömürlik däl.
synag welin ömrümiziň soňuna çenli.
erkegem, aýalam synagda.
hasabam her kim aýratynlykda bermeli.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]