DOSTLUK AKLYÑ ÝARYDYR / rowaýat
Ene-atasynyñ pent-u nesihatyny tutman, ömrüniñ otuz bäş ýylyny ýekelikde geçiren, tekepbir adam bar eken. Geneşdir maslahata asla gulak asmandyr. Ene- atasynyñ agtyk-çowluk söýmek umydyny ellerinden alansoñ, bu biçärelerem şol arzuwlary bilen ahyret saraýyna sapar edipdirler. Deñ-duşlary öýli işikli, bagtyýar maşgalaly bolup, deñinden ötüberensoñ, daşynyñ çolaranyny duýan bu adamyñ kellesine azaşyp, bir pikir gelipdir. Ol uzaklara garap oturşyna özi özune:
- Bäh, şü illeriñ öwüp, arşa çykaryp ýören pirleri nädip maşgalasy bilen oñşuk edip ýaşaýarka?! Ýa-ha şulara gowy maşgala duşýar, ýa-da....?
Aý, garaz, iki gezek öý-işik bolanam bolsam mañ-a göwün diýenim duşmady. Ýigrenenim heleý geñeşli bolmak. Bir syrjagaz-a bardyr munuñ. Gel gowusy şu ýakynda ýaşaýan piriñ ýanyna baryp göreýin - diýip, ýola rowana bolupdyr.
Balh welaýatam Öwlüýäler ummany bolansoñ gaty uzaga-da gitmeli bolmandyr.
Sähelçeräk geçensoñ, Balhda yslam dünýäsiniñ taryhyna "Bes" -öwlüýä ady bilen girip, meşhurlyga ýeten, Hoja Abdylla Ensary hezretleriniñ hanagähine gelipdir.
Bu gapa ilkinji gezek gelensoñ, özüni äşgär etmek maksady bilen gapyny kakmakçy bolaýanda, iki otagly jaýyñ çepkisinden aýal maşgalanyñ:
- Aýu, atasy! Uzakly güni ybadat bilen geçirip, tamdyrymyza towza çöp gerekligini ýadyñyzdan çykardyñyz-a. Myhman mediwan gelse-de abraý däl-ä çöreksiz oturmak - diýen zenanasyna:
- Häzir turdum. Wah huşum bar bolsyn. Ynha basymjak alyp geläýerin - diýip, beren jogabyny diñläp, öz ýanyndan pyşyrdap:
- Ýa pir aga, sen-ä oñardyñow! Aýalyñ her talapyna atylyp turjak bolsam görmän durunmy diýsene. Gowusy duýmankalar öñki gullugma, öñki dullugyma gideýin -diýip, yzyna öwrülip gaýtmakçy bolanda, eline maññalydyr ýüpüni alyp çykan pir hezretleri:
- Aý myhman ýigit, saklanaweriñ! Gapa gelip habar gatman gidibermek öý eýesini gumana goýmak bolar. Hoş geldiñiz! Habarlaşaweriñ!
Ol yzyna öwrülipdir-de, salam berip, oña:
- Hä! Siziñ daşardan işliräkligiñizi eşitdim-de päsgel bermezligi ýüregime düwüp gaýdyberdimPir:
- Her halda bolsagam myhman gaýtaran günümiz ýokdyr. Ine, şu çöketde odunymyz bar minnetsiz. Alyp gaýdybermeli. Oña çenli duz tagamam ýetişer - diýip, yzyna tirkäp odunly oýa ýeteninem duýmandyrlar.
Pir hezretleri amatly ýerde myhmanyny oturdyp, odun ýygmaga başlapdyr.
Mundan nädip gitmäniñ alajyny gözläp oturan myhmanyñ gözi piriñ odun ýygyşynda eglenipdir.
Pir maññaly elini oduna uzadandan gujagy dolup, ýüpüñ üstüne goýup ýetişenok. Öz-özünden ýygylyp duran. Ol ýigit:
- Iki sany ýere ýazylan ýüpleriñ üstüne goýulan odunlaryñ birini maña götertjegow büý-ä - diýip, uly azara galypdyr. Odunlary eşege ýüklenişi ýaly iki taý edip çykaýşyny görüp:
- Hä, büý-ä ulaga ýüklemekçi bolýar ekeni - diýip, uludan demini alyp oturşyna äpet bir ýolbarsyñ geleninem duýmandyr. Pir:
- Hä dostum! Senem geläýdiñmi, hany bärräk süýşiñ - diýip, boýnundan tutuşyna odunyñ golaýyna eltip ýüküni urupdyr.
Edil şo pursat-da bilek ýaly ýogyn ýylan piriñ aýagynyñ deñine gelipdir. Pir ýylanyñ guýrugyndan tutaga-da, gamçy ýaly edip, ýolbarsyñ sagrysyna urup:
- Ýörüñ myhman! Bu işimiz-ä bir oñat bitäýdi. Nesip edenden tagam iýip, siziñem habaryñyzy alaryn.
Bu keramatlary aklyna sygdyryp bilmän duran myhmanyñ boýun bolmakdan başga çäresi galmandyr. Pir ýüküni düşürip, ol jandarlary hem boşadyp, öýüne girmekçi bolanda haýran merasymlykdan özüne gelen ýigit:
- Eý keramat eýesi pirim! Siz meniñ iki sany sowalyma jogap beriñ-de, meni ugradyñ!
Onuñ ýagdaýyna ýetik pir:
- Mürehed-ä däl myhman. Onsuzam sizi ýadatdym. Dillenip dursañyz habaryñyzy almaly bolaryn. Sorañ! Ol:
- Siz keramatyñyz bilen ýolbarsa ýük urup, ýylany gamçy edip, odunlary eliñize getirip bilýän halyñyza muşt ýaly zenanañyza diýen etdirmäge güýjiñiz ýetmeýär. Şonuñ sebäbini bilmek isleýärin?
Pir, onuñ tekepbirlikden kör bolan köñlüne paýhas nuruny saçyp:
- Eý ýigit! Bil we ägä bolgyl! Öýüñ keşigi öýden örlänleredir. Muña tedbirkärlik diýilýändir. Bu ýaşaýşyñ ýarydyr.
Ene ýolbars bilen dost bolmasañ erkegi üstüne ýük urdurmaz.
Her bir tagnaly sözüñ awusy ýylanyñ zäherinden awulydyr. Oña oñşuk etmeseñ ýylan guýrugyndan tutdyrmaz. Çünki "Dostlaşyk aklyñ ýarysydyr."
Ýeke aýala oñşuk etmek bolsa her iki bagtyñ biridir -diýipdir.
Jahyllykdan igläp, göýdük bolan bu ýigit, öz ýalñyşyna göz ýetirip, toba edip, piriñ hyzmatynda gol berip ýaşaberipdir. Birnäçe ýyllap ylym edep öwrenip, öýli-işikli bolup, maksat myradyna ýetipdir.
Taýýarlan: Aşyr Salyh Ogly.
Halk döredijiligi we rowaýatlar