12:54 Dostum | |
DOSTUM
Oýlanmalar
Jebran Halyl Jebran 1883-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Liwanyň demirgazygyndaky Bşarre diýen ýerde dünýä inýär. 1895-nji ýylda olaryň maşgalasy Birleşen Ştatlara göçýär. Bu bolsa Jebranyñ Günbatar medeniýetini hem çuññur öwrenmegine sebäp bolýar. Jebran Halyl Jebran XX asyryň belli ýazyjysy, akyldary we suratkeşidir. Ony, esasan, mifologiýa we gadymy taryh özüne çekýär. Ol 1898-1902-nji ýyllarda Beýrutda Paýhaslar mekdebinde okaýar. 1908-1912-nji ýyllar aralygynda bolsa, Parižde bolup, 20-nji asyryň başlaryndaky Ýewropanyň edebi we intellektual durmuşy bilen tanyş bolýar. Jebranyň ýene bir paýhas çeşmesi Gündogar akyldarlarynyň kitaplarydyr. Ol Ibn Sinanyň, Al-Gazalynyň, Abu-Ala al Marriniň eserlerini içgin öwrenýär we olara ýokary baha berýär. Arap ýazyjylarynyň dünýäde köp dile terjime edilendigi we köp okalýandygy babatda Jebran bilen bäsleşip biljegi yok. Şeýle hem ol iki dilde ýazýan dünýä belli söz ussatlarynyň az sanlysynyň biridir. Jebran Halyl Jebran häzirki zaman romantiki arap edebiýatynyň düýbüni tutujylaryň biri hasaplanýar. Ol 1931-nji ýylyň 10-njy aprelinde aradan çykýar. Ony, wesyet edişi ýaly, dogduk obasynda jaýlaýarlar. YUNESKO ýazyjynyň doglan gününiñ ýüz ýyllygy mynasybetli 1983-nji ýyly "Jebran ýyly" diýip yglan edipdi. * * * Dostum, men saña görnüşim ýaly däldirin. Görnüş bolubilse, egnime geýip yören yhlas bilen dokalan örtügim, meni seniñ soraglaryndan, seni bolsa meniñ biparhlygymdan goraýan lybasdyr. Dostum, meniñ "menim" ümsümlik öýünde mesgen tutdy, şol ýerde-de ol nämälimligine hem elýetmezligine hemişelik galar. Seniñ meniñ sözlerime ynanmagyñy we edýän işlerime bil baglamagyny islamok. Sebäbi meniñ sözlerim öz aýdan pikirleriñden, edýän işlerim bolsa, seniñ amala aşyryp ýören umydyndan artykmaç däl. Sen: "Şemal gündogara tarap öwüsýär" diýeniñde «Hawa, şemal gündogara öwüsyär» diyip, aýdanlaryñy tassyklaýaryn. Sebäbi payhasymyn şemalda däl-de, deñizde mesgen tutandygyny bilmegiñi islämok. Sen meniñ deñiz suwlarynyñ asudalygyny böwsüp gelen pikirlerime düşünip bilmersiñ. Ýöne seniñ olara düşüneriñi hem isläp baramok. Men deñizde ýeke bolaryn. Saña gündiz wagty, dostum, meniñ üçin gije. Emma men şonda-da baýyrlaryň gerşinde oýnaýan günortan çogy we jülgede süýşüp ýören melewşe kölegeler barada söhbet edýärin. Sebäbi menin tümlügimiň aýdymlary seniñ gulagyňa ilmez, ganatlarymyň ýyldyzlara degişini görmegem saña berilmändir, ony eşitmeýänine, görmeýänine-de begenýärin. Men gije bilen ikiçäk galaryn. Sen öz Jennetiñe girmek üçin ýokary göterleninde öz Dowzahyma barmak üçin men aşak düşerin. Sen şonda geçip bolmajak düýpsüz uçuduň anyrsyndan: "Hemram, ýoldaşym!" diyip, meni çagyrarsyňam. Menem saña: "Hemram, ýoldaşym!" diyip jogap bererin. Sebäbi bakyşlaryňa alaw çabramazlygyň, özüni tüssä bogdurmazlygyň üçin meniñ Dowzahymy görmegini islämok. Üstesine-de, seni içine goýbererden öz Dowzahymy juda eý görýärin. Dowzahda men ýeke bolaryn. Sen Adalatlylygy, Hakykaty we Gözelligi halaýarsyň, men bolsam, saña bolsun diýip, olary söýmegin tüýs kişä mynasyp, ajaýyp işdigini magtaýaryn. Kalbymdan welin, seniñ söýgiñ üstünden gülyärin. Ýöne her näme-de bolsa, gülkimi eşideriñi islämok. Men ýeke gülerin. Dostum, sen - hoşgylaw, eserdeñ hem akylly, sen -kämilligiñ hut özi, menem seniñ bilen akylly hem eserdeň gürleşmäge çalyşýaryn. Ýöne her niçik-de bolsa, men telbe. Emma men öz telbeligimi nikabyñ astynda gizleýärin. Şeydip, meniň ýeke özüm telbelik ederin. Dostum, aslynda, sen maña dost hem dal. Ýöne munuñ şeýledigini saña nädip düşündirsemkäm? Biz el-ele berip, bile barýanam bolsak, meniñ ýolum seniñ ýoluñdan parhlydyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |