21:27 Ýagşyzadanyñ bagy / hekaýa | |
ÝAGŞYZADANYÑ BAGY
Hekaýalar
Deň-duşlarynyň arasyndan saýlanyp-seçilen, dost-ýarlary tarapyndan ezizlenýän Almustafa şol gün, hatyra aýy Tişrinde dogduk adasyna gaýdyp gelýärdi. Gämi duralga golaýlapdy, ol palubanyň öň tarapyna üýşen şadyýan deňizçileriň arasynda durdy. Onuň ýüregi watana dolanýanlygyndan ýaňa begençli gürsüldeýärdi. Almustafa deňiz tolkunlarynyň güwwüldisine garyşyp çykýan sesi bilen şeýle diýdi: —Ynha, biziň dünýä inen dogduk adamyz. Hut şu ýerde bizi zemin aýdymdyr syrlar bilen kemala getirdi, aýdym bizi asmana göterdi, syrlar bolsa, zemine inderdi. Eýsem, zemin-asman arasynda bu aýdymy aýdýan, bu syrlaryň üstüni açýan närse öz hyjuwymyzdan başga näme bolup biler?! Deňiz bizi ýene-de bu kenara alyp gelýär. Çünki biz onuň diňe bir tolkunydyrys. Ol owazyny diňletmek üçin öňe alyp gidýär, ýöne biz kenar ýakasynyň gaýalaryndaky we çägelerindäki ýüregimiziň rahatlygyny bozman, muny niçiksi başararys? Çünki deňizçileriň hem-de deňziň kanuny şeýle: eger-de erkanalyk isleseň, dumana duwlanmakdan başga çäre ýok. Sansyz ýyldyz dumanlygyndan Günleriň, Aýlaryň emele gelşi ýaly, belli bir görnüşi bolmadyk jisim ebedi şekil agtarýar; biz juda köp gözleglerden soň, galypdan çykan heýkeller ýaly bolup, ada dolanýarys, ýene-de dumana dönüp, ähli zady täzeden öwrenmeli bolýarys. Eýsem, ol ýerde öz hyjuwyny, erkinligini syndyranlardan özge ýaşaýan hem-de ýokary göterilýän barmyka? Biz hemişe aýdymymyza diň salýan kenaryň gözleginde bolarys. Eýsem, hiç bir gulagyň eşidip bilmeýän ýerinde gopýan ol gomlar nämekä? Içimizdäki eşidilmeýän ol gomlar biziň agyr hasratlarymyzy timarlaýar. Emma ruhumyza şekil bermek üçin oýup, geljegimizi aýdyňlaşdyrýan hem şol sedasyz tolkunlardyr. Deňizçilerden biri öňe çykyp, şeýle diýdi: —Halypa, siz bize paýhasly öňbaşçylyk edip, sag-aman kenara ýetmäge ruhlandyrdyňyz, ynha, görşüňiz ýaly, sag-aman kenara-da aşdyk. Ýöne näme üçin siz häzir şatlygyň däl-de, hasratdyr synan ýürekleriň gürrüňini edýärsiňiz? Ol sowaly jogapsyz goýmady: — Men size erkinlik barada, biziň has uly erkanalygymyz bolan dumandan gürrüň bermedimmi näme? Häzir men çuň gam-gussa bilen dogduk depäme zyýarat edýärin. Beýleki bir deňizçi gürrüňe goşuldy: —Serediň, gämi duralgasynda jemende bary ýygnanypdyr. Olar geljek wagtyňyzy bilip, işläp ýören ekin meýdanlaryny, üzümliklerini goýup, sizi garşylamak üçin bu ýere gelipdirler. Almustafa uzakdan görünýän märekä nazar aýlady, olaryň näme isläp bu ýere gelendiklerini bilse-de, sesini çykarmady. Birdenkä mähelleden “Bize bir zatlary aýtsana, dana” diýen haýyş äheňli ses eşidildi. Ol deňizçilere garap şeýle diýdi: —Men olara näme getirdim?! Hiç zat! Men ýat ülkede bir saýýatdym. Olaryň maňa beren altyn peýkamlaryny nyşana alyp, bat bilen atyp goýberdim, emma okumyň sowa geçenligi sebäpli bu ýere oljasyz dolandym. Men peýkamlaryň yzyna düşmedim. Belki olar häzir güneşiň astynda Ýere düşmedik ýaraly bürgütleriň ýeleklerine ilişip, uçuşyny dowam edýändirler. Belki-de peýkamlaryň altyn tyglary meýdir çörege mätäçleriň goluna düşendir. Peýkamlaryň uçuşynyň nirede paýawlandygyny bilemok, ýöne olaryň göklerde kowus çekendigini magat bilýärin. Şeýle-de bolsa, henizem söýginiň eli üstümde kökenekkä, siz, deňizçilerim, heniz meni ýolbelet edinip öňe gidýärsiňiz. Ol şeýle diýende, deňizçileriň kalplaryna ynjalyksyzlyk aralaşdy. Olaryň biri şeýle diýdi: —Halypa, bize ähli zady öwrediň, biziňem ganymyzyň edil siziňki ýaly damarlarymyzda akýanlygy, biziň nepesimiziň siziň nepesiňiziň müşki-anbaryndan dolanlygy üçin, belki, aýtjaklaryňyza düşüneris. Ol bady-sabanyň hoştaplygyny ýatladýan ýakymly sesi bilen jogap berdi: —Meni dogduk ada:ma mugallym bolmak üçin getirdiňizmi? Men heniz paýhas jamyndan gana-gana içemok. Men entek ýaş, gögele, men diňe elmydama belentlige çagyrýan özümden başga zat barada dil ýaryp biljek däl. Goý, paýhaslanmak isleýänler ony çemenzarlykdan ýa-da bir goşawuç mele toprakdan agtarsynlar. Men aýdymçy. Men heniz Zemin hakda, iki uky arasyndaky günde aýlanyp ýören, ýitiren düýşleriňiz hakda aýdym aýdaryn. Deňze hem dykgatly nazar aýlaryn. *** Gämi gelip bendere diredi, Almustafa dogduk adasyna gadam basdy, ýene-de öz ildeşleriniň arasynda peýda boldy. Şol pursatda olaryň ýüreginden Almustafanyň öýe dolanyşyndaky ýalňyzlyk duýgusyny sarsdyrýan pygan göterildi. Mähelle dymmak bilen onuň bir zatlar aýdaryna garaşýardy, ýöne ol hem dymýardy, sebäbi hakydasyndaky gussa entegem ýüregini paralap duransoň, öz ýanyndan: “Men aýdym aýtjak diýdimmi? Ýok, men diňe durmuşyň sedasy öňe saýlanyp, şatlykdyr ýardam gözleginde, ýellere ulaşar ýaly, bolmanda agzymy açaýyn” diýdi. Çagalykda onuň bilen ejesiniň bagynda bileje oýnan Karima saklanyp bilmedi: —Siz on iki ýyllap didarynyzy bizden gizlediňiz, biz şunça ýyllap siziň sesiňize zar bolduk. Almustafa oňa uçursyz mähir bilen seretdi, sebäbi Karima onuň ejesiniň üstünde ajal perişdesi ak ganatlaryny gerende, gözlerini ýumdurypdy. —On iki ýyl? On iki ýyl diýdiňmi, Karima? Men gaýgy-gamymy ýagtylyk ýyly bilen ölçemedim, onuň uzaklygyna garamadym. Çünki watany ýatlap hasrat çekýän söýgi üçin wagt ýa-da aralyk ölçegi ýok. Megerem, uzaga çekýän aýralyklary özünde saklaýan döwürler bardyr. Emma hijran akylyňy ýitirmekden başga bir zat däldir. Belki-de, biz asla aýra düşen däldiris. Almustafa adamlara nazar aýlanda, olaryň ählisiniň — juwanynyň, gojasynyň, güýçlüsiniň, ejiziniň Güne, ýele gaýzygan ýüzlerini hem-de hyjuwdyr sowaldan uçganaklaýan didelerini gördi. Olaryň biri saklanyp bilmän: — Halypa, durmuş biziň arzuw-isleglerimizden rüstem geldi. Biziň ýüreklerimiz biynjalyk, çünki biziň düşünjämiz ýetmeýär. Sizden towakgamyz: bizi köşeşdir, gam-gussamyzy egsip, durmuşyň manysyny tirip ber! — diýdi. Onuň ýüregi awap şeýle diýdi: —Durmuş janly zatlaryň ählisinden mähnetdir; gözellik Zeminde has gözel biri dünýä inmezinden ozal ganatlanypdyr, hatda hakykatam aýdylmazdan ozal hakykatdyr. Durmuş dymýan wagtymyz aýdym aýdýar, ukuda mahalymyz hem düýş görýär. Hatda biz kemsidilenimizde-de, egbar düşenimizde-de durmuş hökümini ýöredip, belentlige göterilýär. Biz aglanymyzda durmuş günlere gülüp bakýar. Biz diňe gaýgy-hasrata, garaňkylyga gark bolanymyzda, durmuşa ýaramaz atlary dakýarys. Durmuş çuň, belent we uzakdyr; siziň ýiti nazaryňyz onuň diňe aýaklaryny saýgaryp bilse-de, ol aslynda ýakyndyr, nepesiňiziň nepesi onuň kalbyna aralaşýar, saýaňyzyň saýasy onuň roýuna düşýär, siziň haýaljak eşidilýän sesiňiziň ýaňy bolsa, onuň synasynda bahara hem-de güýze dönýär. Durmuşam siziň belent “meniňiz” ýaly perdelidir, syrlydyr. Ýöne durmuş dil açanda, ähli ýeller sözlere dönýär; ýene-de zybana gelende, dodaklaryňyzdaky ýylgyryşlar, dideleriňizdäki ýaşlar hem sözlere dönýär. Ol heňe tutduranda, kerler gulak gerip, diňşirgenýärler, gadam uranda hatda batyllaram oňa nazar salyp, geňirgenýärler hem-de maýyl bolup, onuň yzyna düşýärler. Ol gürlemesini kesdi, adamlary ýürekgysgynç ümsümlik gurşap aldy, bu ümsümlikde eşidilmeýän aýdym bardy, şeýlelikde, olar öz ýalňyzlyklaryndan hem-de dertlerinden ynjalyk tapdylar. *** Almustafa olary bada-bat terk edip, öz bagyna tarap ýola düşdi, ol ýer onuň ene-atasynyň hem-de ata-babalarynyň bagy bolup, şol taýda olar aram tapypdylar. Onuň watana dolananlygyny, ýalňyzlygyny görüp, yzyna eýerýänlerem tapyldy, çünki däp-dessurlaryna görä, onuň garşylanyş zyýapatyny gurajak hiç kimi ýokdy. Emma gämibaşy olara maslahat berdi: —Oňa degmäň, goý, ol öz ýoly bilen gitsin! Çünki onuň çöregi, ýalňyzlygyň çöregidir, onuň badasynda bolsa, ýeke özüniň içýän ýatlamalarynyň meýi bardyr. Deňizçiler aýak çekdiler, sebäbi olar gämibaşynyň aýdanlarynyň dogrudygyny bilýärdiler. Kenara ýygnananlaryň ählisi ädimlerini jylawlady. Diňe Karima onuň ýalňyzlygyny hem-de ýatlamalaryny paýlaşmak isläp, biraz tirkeşip gitdi. Karima kelam agyz geplemän, ýolda öýlerine sowuldy, howludaky badam agajynyň aşagynda oturyp aglady, ýöne näme üçin beýle hapa bolýandygyny özem bilmeýärdi. *** Almustafa ene-atasynyň bagyna girip, hiç kim girmez ýaly derwezäni içinden temmeledi. Ol kyrk gije-gündizläp o ýerdäki jaýda bütinleý ýalňyz galdy, hatda hiç kim ýapyk derwezä golaýlaşmady. Sebäbi onuň ýekeligi küýseýändigini hemmeler bilýärdi. Ol kyrk gije-gündiz geçenden soň, ýaranlary girer ýaly derwezäni giňden açdy. Onuň ýanyna dokuz kişi: gämisinden üç deňizçi, üç keşiş hem-de oglanlykda bileje oýnan üç dosty girdi. Bular onuň şägirtleridi. Säher bilen döwre gurap oturanlarynda, halypanyň bakyşyndan pikiriniň uzaklardadygyna, ýatlamalardan doludygyna göz ýetirdiler. Şol pursat şägirtleriniň biri Hafyz dillendi: —Halypa, bize Orfales şäheri hem-de on iki ýyllap ýaşan ýurduň barada gürrüň bersene! Almustafa sesini çykarman, alysdaky depelere, dury asman giňişligine siňe seretdi, onuň ümsümliginde bir zatlar darkaş gurýan ýalydy. Soňra ol şeýle diýdi: —Meniň dostlarym, ýoldaşlarym, ynançlardan doly, ýöne dinsiz millete haýp! Tikmedik eşigini geýýän, ormadyk bugdaýyndan hantama, ekmedik bagynyň miwesini iýýän millete haýp! Şägirtleriniň biri gyzyklanyp: —Bize häzir kalbyňda gopýan harasatlardan gürrüň bersene! — diýdi. Ol jogabyny mähetdel etmedi: —Bahar bihuş daragtlaryň hem-de üzümlikleriň arasyndan dildaryny gözlemäge gelende, garlar hakykatdan-da, pagyş-para eräp, bulaga öwrülip, jülgedäki derýany gözlemäge hem-de mirt we lawr agaçlaryna saky bolmaga alňasaýarlar. Şeýlelikde, ýüregiňiziň doňy baharyňyz gelende çözülip, siziň syrlaryňyz bulaklar arkaly jülgedäki durmuş derýasynyň gözlegine sary ýüwrerler. Derýa bolsa, siziň syrlaryňyzy öz holtumyna düýrläp, ägirt uly deňze ulaşdyrar. Şeýlelikde, içiňizdäki gar tozgalary deňze sary akyp gider. Bahar gelende, ähli doňaklyk pagyş-para eräp, aýdyma döner. Misli ýyldyzlar kimin uç-gyraksyz ýaýlalara haýallyk bilen düşýän sansyz gar tozgalary eräp, nagma kakýan bulaklara öwrülerler. Baharda güneş öz roýuny giň gözýetimiň aňyrsyndan ýokary göterende, ýyldyzpisint gyraw baglan haýsy buzluk mukam çalýan bulaga öwrülmez? Eýsem, siziň haýsy biriňiz mirt we lawr agaçlaryna saky bolmak islemersiňiz? Emma deňiz siziň yzyňyza düşer, onuň aýdymy bolsa, ýene-de siziň bilen biledir. Öz aslyňyzy unutsaňyz-da, ol hemişe özüniň enedigini mälim edip, sizi ýanyna çagyrar. Daglaryň we çölleriň arasynda aýlanyp ýörkäňiz, hemişe onuň kalbynyň asuda jümmüşini ýatlarsyňyz. Sizi üznüksiz maýyl edýän syrly närse bolsa, onuň giň, sazlaşykly asudalygydyr. Eýsem, bu başgaça nähili bolup biler? Tokaýlaryň, dalbarlaryň hem-de otlara bürenen baýyrlaryň üstünde sansyz ýagyş damjalary tans edende; bereket we pent bolup gar ýaganda; jülgede sürüleriňizi suwa indereniňizde; meýdanlaryňyzdaky kümüşleç çeşmeler ýaşyl lybasy keşdelände; baglaryňyzdaky säher damjalary asmany ýagtylandyranda; çemenlikleriňizdäki ýoluňyzyň gylla ýaryny agşam ümüri basanda; bularyň barysynda-da mirasyňyzyň şaýady, söýgüňiziň ymtylyşy bolan deňiz siziň bilendir. *** Olar säher çagy bagda seýil edip ýörkäler, derwezäniň agzynda bir zenan peýda boldy. Ol Almustafanyň oglanlyk döwründe öz uýasy ýaly gowy gören Karimasydy. Ol sesini çykarman, derwezäni kakman, daşynda durup, diňe gaýgy-gussa bilen baga bakýardy. Almustafa onuň garaýşynda haýsydyr bir islegi aňyp, çalt ädimläp bardy-da, derwezäni açdy. Içerik girende, mähirli salamlaşdylar. —Nämüçin özüňi hylwata çekip, bizi nurana ýüzüňden mahrum ýaşamaga mejbur etdiň? Şunça ýyllap seni söýdük, sag-aman yzyňa dolanyp gelmegiňi diläp, sabyrsyz garaşdyk. Häzir adamlar seni küýsäp gözýaş dökýärler, seniň bilen gürleşmek isleýärler; men ilçi bolup ýalbarmaga geldim, bu adamlara görün, oý-pikirleriňi olar bilen paýlaş, synan kalplarymyzy seýikle, bizi paýhassyzlykdan halas eýle! — diýip, Karima pyşyrdady. Almustafa oňa garap, şeýle diýdi: —Eger adamlaryň ählisini paýhasly hasaplamaýan bolsaň, meni hem paýhasly hasaplama. Men entek şahasynda sallanyp duran bişmedik miwe — düýnüň özünde hem bir güldüm ahyryn. Araňyzdan hiç kimi akmak saýmaň, çünki hakykatda biz akyllam, akylsyzam däldiris. Biz durmuş daragtyndaky ýaşyl ýapraklardyrys, ýaşaýşyň özi bolsa, paýhaslylykdan belentdedir, elbetde, paýhassyzlykdan hem ýokardadyr. Hakykatdanam, özümi sizden uzaklaşdyrdymmy? Ruh hyýala atlananda onuň degresinde aralygyň ýokdugyny bilmeýärsiňizmi? Haçanda ruh şol aralygy kesip geçende, onda sazlaşyk emele gelýär. Seniň hem-de hiç kim bilen gatnaşmaýan goňşyň arasyndaky uzaklyk hakykatda ýedi mekanyň, ýedi deňziň aňyrsynda ýaşaýan söýgüliň bilen araňdaky alyslykdan has daşdyr. Şoňa görä, ýatlamada aralyk diýen zat ýokdur; diňe unutmakda ne sesiň ýetip, ne-de gözüň kesip biljek uçut gaýa bardyr. Ummanlaryň kenarlaryndan belent daglaryň başyna barýan gizlin ýoly külterläniňizden soň, Zeminiň perzentleri bilen bir bolarsyňyz. Şeýle hem, seniň bilimiňdir düşünjäň arasynda gizlin ýoda bolup, diňe şony tapanyňyzdan soň, adamlar bilen bir bitewi bolarsyňyz. Berýän sag eliňiz bilen alýan soluňyzyň arasynda ymgyr boşluk bardyr. Diňe olaryň ikisini-de berýän hem-de alýan saýsaňyz, bu boşluk aradan aýrylar, çünki berjek hem-de aljak zadyňyzyň ýokdugyna göz ýetirip, bu boşlukdan rüstem gelersiňiz. Hakykatda, iň uly boşluk düýş bilen oýalygyňyzyň, hereketleriňiz bilen arzuwlaryňyzyň arasyndadyr. Durmuş bilen bir bitewi bolmazdan ozal seniň geçmeli ýene-de bir ýoluň bar. Ýöne syýahatdan ýadanlygyňyz üçin häzir o menzil barada dil ýarjak däl. *** Soňra Almustafa zenan bilen bazara ugrady, beýleki dokuz kişi hem olaryň yzyna düşdi. Ol adamlar, dostlary, goňşulary bilen gürleşdi, olaryň kalplary mähirden dolup, ýüz-gözlerinde şatlyk alamatlary uçganaklady. Ol saklanyp bilmedi: —Siz ukudakaňyz ösýärsiňiz, düýşleriňizde baý mazmunly, kämil durmuşda ýaşaýarsyňyz. Çünki siziň ähli günüňiz gijäniň ümsümliginde alan zatlaryňyza alkyşda geçýär. Hakykatda gijeler gözlegleriň hem-de tapmagyň wagty bolsa-da, köplenç ony dynç alyş wagtydyr öýdýärsiňiz. Gündiz size bilimiň güýjüni berip, barmaklaryňyza hasyl almakda ussatlygy öwredýär; emma gije sizi durmuşyň genji-hazynaly öýüne alyp barýar. Gün ähli ösýän zada ýagtylyga bolan ymtylyşy öwredýär. Emma gije olary ýyldyzlara alyp göterýär. Hakykatda gijäniň ümsümligi tokaýdaky agaçlara, bagdaky güllere toý bürençegini dokaýar, soňra sahylyk bilen zyýapat gurap, nika çadyryny gerýär; bu mukaddes ümsümlikde bolsa, ertirki gün wagtyň jümmüşinde emele gelýär. Şeýlelikde, bu siziň bilen hem şeýle bolup, bu gözleglerde hörekdir kanagatlanma taparsyňyz. Säher çagy oýanmagyňyz ýadyňyzda galan täsirleri unutdyrsa-da, düýşleriň suprasy huşuňyzda mydamalyk ýaýylyp, nika çadyry garaşýar. Almustafa biraz dymdy, beýlekiler hem onuň bir zat aýdaryna garaşyp dymdylar. Ol ýene-de sözlemäge başlady: —Bedenleriňiz bilen hereketde bolsaňyz-da, siz ruhsuňyz hem-de misli tümlükde ýanýan ýag ýalysyňyz; siz ýag çyralaryň çüýşeleriniň içinde saklansaňyz-da lowlaýan alawsyňyz. Eger-de siz bedenden başga zat bolmasaňyz, onda siziň öňüňizde durup, size ýüzlenmegim merhumlaryň merhumlara seslenişi ýaly bihuda bir zat bolardy. Ýöne bu beýle däl. Sizdäki ölmez-ýitmez bolan her bir zat gije-gündiz erkindir, çünki Taňrynyň islegi şeýledir. Siz ne tutup, ne-de kapasa salyp bolýan şemal dek Onuň nepesisiňiz. Menem Onuň nepesiniň nepesi. Almustafa olaryň arasyndan çalt-çaltdan ädimläp, ýene-de baga girdi. Şol wagt ynanjy gowşak Sarkis oňa ýüzlendi: — Halypa, bedroýlyk näme? Siz bedroýlyk barada hiç dil ýarmadyňyz-la. Almustafa jogap gaýtaranda, sözlerinde gamçynyň şuwwuldysy ýaňlanyp gitdi: — Dostum, eýsem, kim seň öýüň deňinden geçip, gapyňy kakman, saňa garasöýmez diýip biler? Eger-de ol seniň hiç zat düşünmeýän gaýry diliňde gürleýän bolsa, kim saňa ker ýa-da ünssüz diýip biler? Eýsem, siziň bigörk saýýanyňyz hiç haçan oňa ýetmäge tagalla etmedigiňiz, onuň kalbyna aralaşmak islemedigiňiz dälmi näme?! Görksüzlik garagyň gapyklygyndan hem-de gulaklaryňyza dykylan mumdan başga näme bolup biler? Dostum, hiç bir zada bedroý diýmäň, çünki bigörklük aňyňdaky ruhuň wehiminden başga bir zat däldir. *** Bir ýola kümüşsow ýaprakly derekleriň goýry kölegesinde otyrkalar, olaryň biri sowal berdi: —Halypa, men wagtdan gorkýaryn. Ol bizden geçýär, juwanlykdan mahrum edýär, eýsem, öwezine näme berýär? Ol jogabyny mähetdel etmedi: —Bir gysym boz topragy aýaňyza alyň. Ondan tohum ýa-da gurçuk tapmagyňyz mümkin. Eger-de aýaňyz çakdanaşa giň, gollaryňyz geregiçe berdaşly bolsa, tohum tokaýa, gurçuk bolsa, melek sürüsine döner. Tohumlary tokaýa, gurçuklary melege öwren ýyllaryň şu wagta degişlidigini unutmaň, şu geçen ýyllaryň ählisi şu wagtyň özüdir. Eýsem, pasyllar üýtgän düşünjeleriňizden başga näme bolup biler? Bahar — gursagyňyzdaky bir galkynyşdyr, tomus — hasyllylygyňyzyň ykraryýetidir. Eýsem, güýz pasly öz dünýäňdäki bäbegi hüwdüleýän gadymy döwür dälmidir? Eýsem, gyş ýylyň ähli pasyllarynyň düýşleri bilen doldurylan agyr ukudan özge näme bolup biler. Bilesigeliji şägirdi Mannus töweregine ser salanda, çynara çyrmaşyp, gülläp oturan ösümliklerde nazary eglenip, şeýle diýdi: —Halypa, bu mugthor ýalýagylaryna bakyň-a! Bular barada näme aýdarsyňyz? Bular Günüň gaýduwsyz perzentlerinden ýagtylyk alýan ýadaw gabakly ogrular bolup, şahalary hem-de ýapraklary iýmitlendirýän şireleri demine dartýarlar. —Dostum, biziň hemmämiz şunuň ýaly — diýip, ol jogap berdi: —Biz topragy joşgunly ýaşaýşa öwürmek üçin zähmet çekýänlerden bolup, topragyň nämedigini aňşyrman, ýaşaýşyny gös-göni şondan alýanlardan üýtgeşik däldiris. Eýsem, ene öz perzendine şuny aýdyp bilermi: “Men seni öz uly eneň tebigata gaýtaryp berýärin, çünki sen ellerimi hem-de ýüregimi irizýärsiň”. Ýa-da bir aýdymçy öz aýdymyna igenip, şuny aýdyp bilermi: “Indi gelen ýeriňe — ýaňlaryň gowagyna git, çünki sedaň demimi ýuwudýar”. Eýsem, çopan öz toklusyna: “Mende seni bakmaga sonarly meýdan galmady, şoňa görä seni bialaç kesip, gurban etmeli boljak” diýip bilermi? Ýok, dostum, bularyň baryna, uklamazdan ozal düýşleriňiziň oraşyşy dek, soralmazdan öň jogaby nagt edilendir. Biziň her birimiz wagta dahylsyz gadymy kanuna laýyklykda, biri-birimiz bilen arkalaşyp ýaşaýarys. Şoňa görä, söýgi hem-de ýagşylyk bilen ýaşalyň! Biz ýalňyzlygymyzda bir-birimizi agtarýarys hem-de başynda oturyp çoýunmaga ojagymyz bolmasa, ýola rowana bolýarys. Dostlarym, doganlarym, has giň ýol bolsa, siziň hemraňyzdyr. Daragtlarda ýaşaýan bu ösümlikler gijeleriň süýji ümsümliginde Ýeriň süýdüni emýärler, toprak hem özüniň asuda melullygynda Kuýaşyň çoguny susup alýar. Mannus, dostum, ähli barlyk hemişe ähli barlygyň hasabyna ýaşaýar; olar çäksiz ynanç bilen Biribaryň jomartlygynyň saýasynda döwran sürýärler. *** Irden daň saz berende, olaryň bary bilelikde, bagda gezelenç etdiler, gündogara garap, asuda dogan Güni ümsümlik bilen garşyladylar. Halypa az salymdan asmana goluny uzadyp, dillendi: —Nem damjasynyň ýüzündäki Günüň şekili Günüň özünden kiçi däldir. Durmuşyň ruhuňyzda şöhlelenmesi hem durmuşyň özünden kiçi däldir. Nem damjasy ýagtylygy şöhlelendirýär, çünki ol ýagtylyk bilen birdir, sen hem durmuşy şöhlelendirýärsiň, çünki senem durmuş bilen bütewisiň. Tüm garaňkylyk üstüňizden inende oňa şeýle diýiň: “Bu garaňkylyk heniz gyzarmadyk irki şapakdyr, goý, men gijäniň bar muşakgatyny gerdenimde çekeýin, şonda şapagyň depeleri gyzardyşy deý maňa hem aýdyňlyk eçiler. Eger-de nem damjasy özüniň diňe müň ýyldan bir gezek peýda bolýan nem damjasydygyny ýaňzytsa, ondan: “Eýsem, ähli döwürleriň ýagtylygynyň öz töweregiňde şöhle saçýanlygyndan seniň habaryň beri barmy?” diýip soraň. *** Hepdäniň başky güni ybadathana jaňlarynyň ýaňy olaryň gulagyna ýetende, biri dillendi: —Halypa, biz bu ýerde Taňry barada köp gürrüňleri eşidýäris. Eýsem, sen Taňry hakda näme aýdarsyň, hakykatda ol kim? Ol apy-tupandan, ýellerden heder etmeýän ýaş daragt kimin olaryň garşysynda durup, batyrgaý gepledi: —Meniň ýegre dostlarym, indi bolsa, siziň ähliňiz ýüregiňizi penalaýan bir ýürek, söýgüňize gujak açýan bir söýgi, ruhuňyzy gurşaýan bir ruh, sesiňize goşulýan bir ses hem-de ümsümligiňizden hem çuň, baky ümsümlik barada oýlanyň! Kämilligiň ýolunda gözellikleriň ählisinden has görkana gözelligiň, deňziň hem-de jeňňeliň aýdymlarynyň ählisinden has erkana aýdymyň gözleginde boluň! Siz hemişe diňe owkat, gonalga, lybas hem-de hasa ugrunda sergezdan bolduňyz. Indi bolsa, ne peýkamlaryň nyşanasy bolany, ne-de tebigy hadysalardan goraýan daş gowagy — megerem, Ony agtaryň. Sözlerim aýlawly iniş ýa-da tapmaça ýaly bolup görünýän bolsa, ýene-de soraň, belki sowallaryňyz sizi ynsanyýetiň Taňry diýýän gudraty güýçlüsiniň söýgüsine hem-de paýhasyna ulaşdyrar. Hemmeler dymdy, ýüreklerine howsala aralaşdy; Almustafanyň olara rehimi indi, mähir bilen garap, dil ýardy: —Geliň gowusy, goňşularyňyz, ýakynlaryňyz, doganlaryňyz, öýüňizdäki goşlaryňyz hem-de ekin meýdanlaryňyzdaky gök önümleriňiz we miweleriňiz barada gürrüň gozgalyň. Siz hyýalyňyzda bulutlara göterilip, ony beýiklik saýarsyňyz; ymgyr deňizden geçip, uzaklyk diýip, nygtarsyňyz. Ýöne men size topraga tohum taşlanyňyzda, has ýokary belentlige göterilýändigiňizi, säher bilen goňşyňyza salam bereniňizde, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän uç-gyraksyz ummany kesip geçýändigiňizi aýdýaryn. Siz ýygy-ýygydan Hudaý, Bakylyk baradaky aýdyma hiňlenýärsiňiz, ýöne hakykatda bolsa, ol aýdymy eşitmeýärsiňiz. Dostlarym, siz saýrak guşlara hem-de ýelleriň öwsen çagy şahasyndan gaçýan ýapraklara diň salsaňyz, olaryň diňe şahadan jyda düşenlerinde aýdym aýdýandyklaryna göz ýetirersiňiz! Men sizi ýene-de ähli zadyňyz bolan Taňry barada beýle erkin gürlemezlige çagyrýaryn, iň gowusy, bir-biriňiz bilen gürleşip, bir-biriňize, goňşularyňyza düşünmäge jan ediň. Çünki ene guş al-asmana göterilse, höwürtgedäki gyzyletene jüýjelere kim lukma berer? Çemenzarlygyň bir anemon gülüne beýleki bir anemon gülünden gelen ary gonmasa, ol gül nädip doly açylsyn? Siz diňe özüňiziň kiçi “Meniňizde” gaýyp bolsaňyz, Hudaý diýip atlandyrýan asmanyňyzy agtararsyňyz. Siz özüňiziň giň “Meniňize” ýol açyp bilsediňiz; siz bu menzilde bikär bolman, oňa daş düşäp başarsadyňyz! Meniň deňizçilerim, dostlarym, akyl ýetirip bilmeýän Taňrymyz hakda az sözläp, düşnükli bolan bir-birimiz barada köpräk gürrüň gozgasak, paýhasa laýyk bolar. Ýene-de bilmeli zadyňyz: biz Taňrynyň nepesi hem-de hoşboý ysydyrys. Biz ýapraklarda, güllerde we miwelerde Ýaradanyň bir parçasydyrys. *** Säher çagy Gün naýza boýy galanda, çagalygynda bile oýnan üç şägirdiniň biri onuň ýanyna gelip, arzyny dile getirdi: —Halypa, meniň eşiklerim tozdy, çalşyrgyjym galmady. Maňa bazara gitmäge ygtyýar ber, belki, men ol ýerde täze eşik edinerin. Almustafa ýaş ýigide seredip, oslamadyk jogabyny berdi: —Maňa eşikleriňi ber! Ýigit onuň aýdyşy ýaly edensoň, süýr günortan egnaçyk galdy. Almustafa batly ses bilen şeýle diýdi: — Meniň dostlarym, deňizçilerim, diňe egnaçyklar ünjüsiz ömür sürýär. Diňe sada, göwnaçyk ynsan ýeli eýerläp münýär. Diňe ýolundan müň keren azaşan ýalňyz bende öýüne dolanmaga ýol tapýar. Diňe azat-erkin adamlar ümmülmez deňzi gulaçlap geçýär. Diňe gijäniň tüm garaňkysyna duwlananlar şapak bilen oýanýar, kökler bilen garyň astynda ýatanlar bolsa, bahara ulaşýar. Siz hem kökler ýalysyňyz, kökler kimin ýönekeýsiňiz, çünki siz toprakdan paýhas aldyňyz. Geljekki şahalaryňyzda çar tarapyň ýelleriniň owazy bolsa-da, siz dymýarsyňyz. Siz näzik hem-de şekilsiz, emma siz äpet çynarlaryň hem-de söwütleriň al-asmana hyýallanýan keşdeli pyntyklarysyňyz. Size ýene bir gaýra nygtaýaryn, siz ene toprak bilen asmanyň arasynda seýran edýän köklerden başga zat dälsiňiz. Seniň ýagtylyk bilen birlikde towusmak üçin ýokary göterilýändigiňi kän gördüm, ýöne uýalýandygyňy-da gördüm. Ähli kökler utanjaňdyr. Olar ýürekleri bilen näme etjeklerini bilmän, uzak wagtlap ýüreklerini bukýarlar. *** Keşişleriň biri ýöwzerip, ýalbardy: —Halypa, biziň sözlerimiziň hem siziňki ýaly adamlara dabaraly aýdym bolup ýaňlanmagyny öwrediň. —Siz öz sözleriňizden has ýokary göterilersiňiz, ýöne siziň ýoluňyz ýörelge we reýhan bolup galar; aşyk-magşuklaryň ählisi üçin bir ýol-ýörelge, durmuşyny bagda geçirýänler üçin hem bir hoşboý ys bolup galar. Siz sözleriňizden ýokary, ýyldyz tozgalarynyň süýnýän belentligine çenli göterilersiňiz. Hawa, siz sözleriňizden has çuňluga hem injeksiňiz. Siz akar suwlaryň ýiten gözbaşyny gözlärsiňiz, hatda häzir eşidilmeýän çuňlugyň pessaý sedalaryny ýaňlandyrýan syrly gowagy bolarsyňyz. Siz sözleriňizden has çuňluga gitjeksiňiz, hawa, ähli seslerden has çuňluga, Zeminiň jümmüşine aralaşjaksyňyz. Biraz soňra şägirtleriniň biri ýüzlendi: — Halypa, bize barlykdyr durmuş barada aýtsaňyzlaň. Eýsem, ol nämekä? Almustafa uzak wagtlap oňa mähir bilen seredip oturdy. Soňra ýerinden turup, olardan biraz arany açyp, yzyna öwrülip, şeýle diýdi: —Bu bagda dirileriň elleri bilen depin edilen kakam hem ejem ýatyr; bu taýda ýelleriň ganaty bilen getirilen öten ýylky tohumlar gömülgi. Ejem, kakam müňlerçe gaýra bu ýerde depin ediler, müňlerçe keren ýeller tohumlary gömer; müňlerçe ýyldan soň, sen, men, bu güller edil şu günki ýaly bu bagda jemlenip, durmuşy söýýänlerden, älem giňişligi barada arzuw edýänlerden we Güne bakan göterilýänlerden bolarys. Ýöne, şu gün ýaşamak — akylly bolmakdyr, emma akmaga-da keseki bolmazlykdyr; güýçli bolmakdyr, ýöne gowşaklary hem kemsitmezlikdir; kiçijik çagalar bilen kaka ýaly däl-de, olaryň oýunlaryny öwrenýän dost ýaly bolmakdyr. Ömrüňiziň alabaharynda gadam ursaňyz-da, garrylar bilen sada, göwnaçyk boluň, olar bilen garry dub agajynyň saýasynda oturyň. Ýedi derýanyň aňyrsynda ýaşaýan bolsa-da, bir şahyry gözläp tapyp, hiç bir zat islemän, hiç bir zada şübhelenmän hem-de hiç bir sowal bermän, onuň huzuryndan rahatlyk tapyň. Sizi uçudyň gyrasyna alyp barsa-da, gözelligiň yzyna düşüň; ol ganatly, siz ganatsyz bolup, uçutdan ötse-de, yzyndan galmaň, çünki gözelligiň ýok ýerinde başga hiç bir zat ýokdur. Germewsiz bag, sakçysyz üzümlik, ötegçilere hemişelik açyk genji-hazyna boluň. Ähli şowsuzlygyňyza garamazdan, öz uly “meniňiziň” belentliginden aşak bakyp ýylgyryň, ýapraklaryňyz bilen şelpe kakmaga bagyňyza baharyň geljekdigini, üzümleriňizi bişirjek güýzüň geljekdigini, iň bolmanda bir penjiräňiz gündogara sary açyk bolsa, hiç haçan boş galmajakdygyňyzy, ýolundan azaşanlaryň hem mätäç doganlaryňyzdygyny unutmaň! Häzir bolsa, gijelerimiziň we gündizlerimiziň rahatlygy üçin elleri bilen ähli zerur zatlary döredýänlerdir tapýanlara ýüzlenýärin. Durmuş — bu gözli barmaklar bilen dokmaçy bolmakdyr, ýagtylygyň we giňişligiň aladasyny edýän bir binagär bolmakdyr; sürümçi bolup, sepýän her bir tohumyň bilen hazyna gizleýändigiňi duýmakdyr; balykçy ýa-da awçy bolup, awuňyza haýpyňyz gelmekdir, emma adamzat zerurlygyna-da gyýylmakdyr. Ozaly bilen, men şulary nygtaýaryn: men siziň her biriňiziň beýlekileriň maksatlaryna gatnaşmagyňyzy isleýärin, çünki diňe şonda özüňiziň asylly maksatlaryňyza ýetmäge bil baglap bilersiňiz. Dostlarym, mähribanlarym, dogumly boluň, gowşak bolmaň, giň boluň, çäkli bolmaň, diňe şonda siziň bilen soňky sagadym dogrudan-da, siziň öz belent “meniňiz” bolar. Ol gürrüňini kesdi, dokuzysyny hem çuňňur gaýgy-hasrat gaplap aldy, kalplary ondan uzaklaşdy, çünki olar halypasynyň sözlerine düşünmeýärdiler. Ine, üç deňizçi ummany küýsäp başlady; keşişler bolsa, ybadathananyň töründen tapýan tesellilerini ýatlap, tukatlandylar; çagalygynda bile oýnan ýoldaşlary bolsa, bazara dolanmagy ýüreklerine düwdüler. Onuň sözleri hiç biriniň gulagyna ilmänsoň, sesleri bukalga gözleýän höwürtgesiz argyn guş kimin, Almustafa döndi. Almustafa hiç zat diýmän, hiç kimiň ýüzüne garaman, arany açdy. Şägirtleri gitmäge bolan isleglerine delil gözläp, özara maslahat edip başladylar. Şeýlelikde, her kim öz gelen ýerine gaýtdy, deň-duşlarynyň arasyndan saýlanyp-seçilen, söýgüli Almustafa bolsa, ýalňyz galdy. *** Almustafa garaňky doly gatlyşansoň ejesiniň guburyna tarap gadam goýdy hem-de ol ýerde ösüp oturan serwi agajynyň aşagynda oturdy. Asmanyň ýüzünde uly bir yşyk peýda boldy, bag bolsa, ylla Zeminiň kükreginiň gymmatbaha daşy kimin öwşün atdy. Almustafa ruhunyň ýalňyzlygynda gygyryp, şeýle diýdi: —Ruhum bişen miwelerinden ýaňa agyr ýükli. Eýsem, kim olary ýygmaga gelip, kanagat tapar? Eýsem, ilkinji hasylymdan iýip, berekedimiň agramyny ýeňletjek ýokmuka? Meniň göwnüm asyrlaryň meýi bilen pürepür. Eýsem, gelip, ondan içjek teşne ýokmy?! Gije bir çene baranda, Almustafa ýene-de alagaraňkylyga dulandy, ruhy hem bulut kimin ynjalyksyzdy. Ol ýene-de seslendi: —Meniň göwnüm öz meýi bilen pürepür. Indi kim ondan guýup içer hem-de çölüň jümmüşinde serginlär? Gülsüz, miwesiz bir agaç bolsamdym. Çünki bolçulygyň derdi, mätäçligiň derdinden has ýowuz. Hiç kimiň bir zat almadyk baýynyň gaýgysy, hiç kimiň hiç zat bermedik gedaýyň gaýgysyndan has uludyr. Guran, gurruk guýy bolsamdym, adamlar içime daş oklasadylar, bu adamlaryň içmän deňinden geçýän akar suwunyň gözbaşy bolmakdan has ýeňil bolardy. Aýak astyna taşlanan gargy bolsamdym, çünki bu kümüş tarly lira bolmakdan has ibaly bolardy. *** Ýedi gije-gündizläp hiç kim baga golaý barmady, ol öz ýatlamalary, derdi bilen ýalňyz galdy; hatda sabyr hem-de söýgi bilen sözlerini diňlänlerem ony terk edip, gün-güzeranyny aýlamak üçin öz pişelerine dolandylar. Diňe Karima galdy, ýüzüne asudalyk nikaby çekilen ýalydy, elinde bolsa, onuň ýalňyzlygy we garyn otarmagy üçin getiren bir bulgur meýi we etli tabagy bardy. Ol bulary Almustafanyň öňünde goýup, ol ýerden uzaklaşdy. *** Almustafa derwezäniň iç ýüzündäki ak derekleriň saýasyna gelip, ýola garap oturdy. Birnäçe wagtdan soňra, ýoluň ugry bilen tozanly dumanyň özüne tarap golaýlap gelýändigini gördi. Dumandan dokuz kişi saýlandy, olaryň öňüni bolsa, Karima çekip gelýärdi. Almustafa ýerinden turup, olary garşy aldy. Olar derwezeden girenlerinde, hamala, bir sagat mundan ozal giden ýaly keýpiçagdy. Olar içerik girdiler, sada suprasynda onuň bilen birlikde şamlyk edindiler, soňra Karima supra çörek, balyk goýdy hem-de meýiň ahyryny olaryň bulgurlaryna guýup durka, halypasyna: —Bizde bir damja meý galmady, şähere baryp gelmäge rugsat ber! — diýdi. Ol Karima bakyp, jogap gaýtaranda, onuň hyýalynda syýahat we alys ýurtlar bardy: —Besdir, şu hem ýeterlik! Olar iýip-içip hoşal boldular. Şamlykdan soň, Almustafa deňiz ýaly çuňňur, Aý astyndaky joşgun deý belent sesi bilen dillendi: —Dostlarym, ýoldaşlarym, şu gün biri-birimizden aýra düşýäris. Biz uzak wagtlap bilelikde dik kenarlara dyrmaşyp çykdyk, apy-tupan bilen ýüzbe-ýüz bolduk. Biz açlyk-horluga uçradyk, ýöne toý-meýlislerde oturmagam nesibämizde bar eken. Biz köplenç egnaçykdyk, ýöne käte zynatly lybaslary-da geýdik. Biz, hakykatdanam, alys ýerlere seýran etdik, ýöne indi aýralyk pursady gelip ýetdi. Siz öz ýoluňyz bilen gidiň, menem ýalňyz başymy alyp, ýolum bilen gideýin. Deňizler hem-de bu giden uç-gyraksyz Zemin bizi biri-birimizden jyda düşürse-de, biz barybir Keramatly Daga barýan ýolda ýoldaş bolarys. Ýöne biz aýry-aýry menzillerimize rowana bolmazdan öň, size ýüregimde bişen bugdaý sümmüllerini bereýin. Öz ýoluňyz bilen aýdyma hiňlenip gidiň, ýöne goý, her bir ýürek nagmasy uzak bolmasyn, çünki, dahanyňyzda juwanlygyna galan aýdymlar ynsanyýetiň kalbynda ýaşar. Ýakymly hakykaty az söz bilen beýan ediň, ýöne ýowuz hakykaty hiç dile getirmäň. Saçlary güneşe lowurdap duran gyza säheriň gyzydygyny aýdyň. Eger-de siz bir batyla gabat gelseňiz, oňa ömrüniň garaňky gije bilen deňdigini ýatlatmaň. Meniň dostlarym, mähribanlarym, siziň öňüňizden bimaksat, biweç adamlar çykyp biler, ganatlaryňyzy olara beriň. Hawa, meniň dostlarym, mähribanlarym, şulara hemem ýene-de köp zada ýolugarsyňyz; pişeklerini satýan çolaklara; ýüz görülýän aýnalaryny satýan batyllara duşarsyňyz. Şeýle hem, siz ybadathananyň derwezesiniň agzynda el serýän baýlara gabat gelersiňiz. Çolaklara öz çalasynlygyňyzy, batyllara görgürligiňizi eçiliň. Ýoldaşlarym, dostlarym, söýgim bilen size peleňleriň we towşanlaryň, şeýle hem, guzularyň we börüleriň çöliň içinde ýöräp, biri-biriniň üstünden kesip geçýän sansyz-sajaksyz ýollarynda seýran etmegi sargaýaryn. Meniň aýdýanlarymy ýatda saklaň: men size ret etmegi däl-de, berjaý etmegi; eglişiksizligi däl-de, ýylgyryp düşünişmegi ündeýärin. Men size ümsümligi däl, eýsem, hoş owazly aýdymy öwredýärin. Men size ähli ynsanlary öz goýnuna dolap alýan uly “meniňizi” öwredýärin. Ol supranyň başyndan turup, göni baga ýöneldi, Gün ýaşýança serwi agaçlarynyň saýasynda gezelenç etdi. Şägirtleri sähel aralykdan onuň yzyndan ýörediler, çünki olaryň ýürekleri karar tapman, dilleri tutulypdy. Karima supranyň üstüni ýygnap bolandan soň, Almustafanyň ýanyna gelip, matlabyny ýaňzytdy: —Halypa, maňa ertirki syýahatyňyz üçin azyk-owkat häzirlemäge ygtyýar beriň. Almustafa oňa özge älemleri görýän nazaryny aýlap: —Mähriban uýam, hemme zat owal-ahyr taýyn. Azyk-suwluk düýnki şu günki günümiz üçin häzir bolşy ýaly, ertirki gün üçin hem taýýar. Men gidýärin, ýöne aýdylmadyk bir hakykat bilen gitsem, ol hakykat ýene-de meni gözläp tapyp, parçalarym bakyýetiň ümsümligine dargadylan bolsa-da, meni ýygnar. Onsoň men ýene-de alnyňyza gelip, şol çäksiz ümsümligiň jümmüşinde dörän sedam bilen gürläp başlaryn. Hatda äpet deňiz tolkunlary meni düýpsüz çuňluklaryna äkitse-de, bakyýetde ýaşap, gulaklaryňyzda aýdym bolup ýaňlanaryn — diýdi. Şägirtleri doňňaradaş bolup durdy, onuň “Men gidýärin” diýen sözüne ýürekleri gyýym-gyýym bolsa-da, hiç kim ony saklamaga çalyşmady, hiç kim onuň yzyna düşmedi. Almustafa ejesiniň bagyndan çykdy, onuň ädimleri çalt hem-de sessizdi, şol pursatda güýçli ýeliň ygyna gaýýan ýaprak deýin olardan arany açdy, olar diňe öçügsi bir yşygyň göge göterilendigini görüp galdylar. Dokuz şägirt ýola düşdi. Emma zenan iňrik garalansoň hem şol bir ýerde butnaman durdy, ýagtylyk bilen garaňkylygyň nädip gatlyşýanlygyny synlady; özüniň göwnüçökgünligini hem-de ýalňyzlygyny onuň sözleri bilen köşeşdirdi: “Men gidýärin, ýöne aýdylmadyk bir hakykat bilen gitsem, ol hakykat ýene-de meni gözläp tapyp, parçalarym bakyýetiň ümsümligine dargadylan bolsa-da, meni jemlär, menem gaýtadan yzyma gelerin”. Iňlis dilinden terjime eden: Ýegenmämmet TAÝLYÝEW. | |
|
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |