08:13 Döwletiñ iñ gymmatly hazynasy adamdyr! | |
Döwletiñ iñ gymmatly hazynasy adamdyr!
Jemgyýetçilik tankydy
Hormatly Prezidentimiz G.Berdimuhamedowyñ halkymyzyñ eşretli we sagdyn ýaşaýyşyny has-da gowulandyrmak üçin edýän deñsiz-taýsyz işleriniñ sany-sajagy ýok. Her aýdan sözüni iş ýüzünde amala aşyryp görkezmegi başarýan Gahryman Arkadagymyzyñ her bir edýän işi wasp edilmäge mynasyp. Mundan bary-ýogy ençeme ýyl ozalam narkobaronlar neşe serişdelerini çigit satan ýaly satardylar we halkymyzyñ genetikasyna ölüm zarbasyny urupdylar. Halk tarapyndan saýlanan gününden başlap neşe serişdelerini we ony satýanlaryñ soñuna çykmagy maksat edinen Arkadagymyz bu asylly maksadyny añryýany bilen amal etdi. Diñe oguly atadan, gyzy eneden, ýary ýardan, dogany dogandan aýran we halkymyzyñ başyndan agyr musallat bolup inen nägehandan dyndarandygy üçinem halkymyz Gahryman Arkadagymyza ömürlik minnetdardyr. Arkadag Prezidentimiz diñe neşe serişdelerini ýoklatdyrmak bilenem çäklenmedi. Ol Magtymguly Pyragy atamyzyñ "Akar durar üsti başyñ poh eder..." diýip ýigrenç bilen ýazan naskeşleriniñ agzyna atyp diliniñ aşagynda birsellem öllenýänçä saklaýan naslaryny hem ýurdumyzdan hemişelik ýok etdirmegiñ hötdesinden geldi. Bikanyn çilim söwdasynyñ oñurgasyna hem ölüm paltasy uruldy. Netijede sagdyn jemgyýet bolup ýaşamagyñ manysyna düşünen halkymyz Arkadagymyzyñ amala aşyrýan işleriniñ düýp manysyna ýene-de bir gezek göz ýetirdi. Geçen güýzde gözel paýtagtymyzda bolup geçen V Aziýa oýunlarynda üstünlik bilen çykyş eden ýaşlarymyzy görenimizde buýsançdan gözlerimize ýaş indi. Türkmen ýaşlary mundan öñ bular ýaly köpçülik bolup dünýä derejesinde geçirilen ýaryşlarda çykyş etmändiler we munça ýeñiş gazanmandylar. Bu görlüp-eşdilmedik üstünligiñ sakasynda, elbetde Milli Liderimiziñ sagdyn jemgyýet gurmak ugrunda gijesini gündiz edip tagalla eden taýsyz işleri ýatyr. Berkarar döwlet bolup, dünýä döwletleriniñ arasynda deñli-derejeli ýaşamak üçin sagdyn jemgyýet gerek. Muña añryýany bilen düşünýän çuññur paýhasly Prezidentimiz spirtli içgileriñ öndürilişiniñ we satylyşynyñ örüsini ep-esli derejede daraltdy. Birküç ýyl mundan ozalam çem gelen ýerlerde gurlan hususy kommerasiýa dükanlarynda arak itiñ mugtunady. Üç manatdan "çekuşka" alyp Gün dogmanka keýpini kökleýän alkaşlar haçan görseñ sygyryşyp, selpeşip ýörlerdi. Haýsy magazine barsañam arak doludy. Näçe alsañ alybermeli, näçe içseñ içibermeli. Şeýle-de bolsa, jemgyýetçilik ýerinde içmek GADAGAN! Agyryña çydasañ, jemgyýetçilik ýerinde-de içibermelidi. Hudaýa şükür, indi Arkadagymyzyñ tagallasy bilen Aşgabat şäheriniñ hemme künjüni eliñ aýasynda ýaly wideogözegçilik enjamlaryndan synlanyp oturan, wezipesine jür organ işgärleri juda gowy işleýärler. Hudaýa şükür, ilki neşäniñ, nasyñ, çilimiñ başyndan inen "kyýamat" kem-kemden aragyñ başyndan inip başlady. Döwlet kärhanalaryndan başgasyna arak öndürmek gadagan, döwlet dükanlaryndan başga söwda nokatlarynda arak satmak gadagan. Netijede aragyñ bahasy ep-esli ýokarlandy we hroniki alkaşlar üçin elýetersiz boldy. Birki ýyllykda dükana baranymda, duş gelen wakama häzirem geñ galýaryn. Ömründe eline arak çüýşäni alyp görmedik garryja türkmen daýza dükanlaryñ birinde arak satyn almak üçin nobata durup, nobaty ýetende bäş çüýşe arak satyn aldy. "Ýeri daýzajan, ýaşyñ soñunda araga baş goşaýdyñmy? Ýa näme dert-alada basýarmy?" diýip soradym. "Ýok, jan oglum, il alýar, menem alýaryn. Gerek diýen bolsa, birki manat artykmaç bahadan sataýjak" diýip jogap berdi-de, çykyp gitdi. Öñräk köçäñ ugrundan ýöräp barýarkam şol daýza öñümden çykaýdy. Daýza gaty aladaly barýan eken. Men oña salam berip, şol gezek dükanda sataşan oglandygymy tanatdym. Soňam ýüzünin gaty salyklygyny soradym. Daýza şonda bäş çûýşe aragy öýüne alyp barypdyr. Öñ onuñ arak satanyny bilen bolmansoñ, hiç kim ondan arak satyn aljagan bolmandyr. Soñ özi goñşysyna gerek bolsa satlyk arak bardygyny aýdýar. Şol günüñ ertesi goñşusy doglan gün belleýär. Aragy gutaransoñ, olar daýzañka ylgaýarlar. Doglan günde oturanlar şeýdip daýzañ arak satýandygyny bilýärler. Daýza ertesi dükana baryp on çüyşe arak satyn alypdyr. Ûç günüñ içinde olaram satypdyr. Gözi pula düšüp nebsi otugan daýza ertesi ýigrimi çûyše arak satyn alyp, werandanyñ iki-üç metr daşlygynda agaçdan ýasalan kladowkada gizläpdir. Ol hem kladowkadan çykaryp arak satyp başlaýar. Şeylelikde daýza 7-8 aýyñ içinde ep-eslije gazanç edipdir. Gazanan pulunam kladowlada gizleýän eken. Kladowkanyñ beýleki ýarysynda 15 sany towugam saklaýan eken. Ol bir gün öý işlerine başagaý bolup ýörkä, arak satyn almagy ýadyndan çykarypdyr. Gije sagat on birden soñ biri gapysyny kakýar. Baryp açýar welin, aýak ûstünde durmaga mejaly galmadyk lül gammar biri gelip ondan satlyk arak soraýar. Daýz oña janygyp arak ýokdugyny aýdanam bolsa, ol alkaş ynanman gaharlanyp gidýär. Dayza dañdan çykyp towuklaryna iým bermäge çyksa, bir görse towuklary ýok. Hemmesi gara köýük ýatyr diýýär. Zannyýaman alkaş kladowkany oda berip gitse näme. Netijedw haramdan gazanylan pullaram köýüp gidipdir. "Ine köşek, meniñ başyma düşen iş" diýip, ol uludan demini aldy. Menem "Daýza gam çekme, başa gelenini sowsun. Haram zat hemmelere siñenok. Şony unutma" diýip, oña göwünlik beren boldum. Göwünlik berenem bolsam, içimden welin: "Seniñ ýaly akyl berip duran ak saçly türkmen daýzasyny biz mañlaýymyza sylmaly, elini öpmeli halyna, edip ýören kowahata sygmaýan şular ýaly iş bolsa, bular ýalt zat bilen sypan bolsañ şükûr etsene" diýip gargynyp galdym. Gynansak-da bir zady aýtman geçmek mümkin däl. Aramyzda birlän-ikilän tehniki spirtden ýasalan hapa arak çykaryp satmaga synanyşýanlar gabat gelmän duranok. Edil häzir siziñ islendigiñiz hususy dükanlaryñ käbiriniñ ogryn arak satýanlaryndan baryp arak aljak bolsañyz, ýekeje çüýşe döwlet zawodynda öndürilen arassa arak tapmarsyñyz. Munuñ şeýledigini organ işgärleri-de bilýär, hatda diñe organ däl, biziñ ählimizem bilýäris. Hazirki wagta islendik köçäniñ ugrundan geçip giden birini zerurlyk bolsa birnäçe aýdan soñ kimdigini anyklap bolýarka, ol ýasama araklary kimiñ nirede, nähili we näçe ýasaýandygyny, kimiñ ony ýasamaga gatnaşýandygyny bilmäge borçly adamlar bilenokdyr diýseñ hiç kimem ynanmaz, ynanar ýaly zadam däl. Näme üçin olary jogapkärçilige çekýän ýok? Ýa hökman olaram Gahryman Arkadagymyz üstünde durup iş geçirtmelimi? Özünden bilip olaryñ soñuna çykjak ýokmuka? Näme hapa arak bilen adamlary zäherleýän zannyýamanlary bilmediksirän bolýarlar? Bu zatlar üçin haçanam bolsa bir gün degişli edaralar Milli Liderimiziñ öñünde kelle ýalañaçlap jogap bermeli bolsalar gerek. Galyberse-de, ýasama arak satýanlar ynsabyny ýuwdanmyşyn diýeli. Olary tanaýanlar, olaryñ goñşulart hem ynsabyny ýuwutdymyka? Näme üçin olar bular ýalt ýagdaýlar barada degişli ýerlere habar berenoklar, degişli iş geçirýän organlara kömek edenoklar?! Men käte bir zada haýran galýaryn. Haýsydyr bir dükana bir maşyn arak düşürýärler. Hemmesi-de ýasama hapa araklar. Haryt-transport nakladionynda şol aragyń aeak zawodyndan haçan alnandygy görkezilen. Ekspeditoryñ, sürüjiniñ kimdigi belli. Şu ýagdaýda-da getirilen ýasama aragyń haýsy "şahsy zawoddan" çykandygyny anyklap bilenoklar. Hamana ekspeditoryñ we dûkanyñ işgärleriniñ günälerini subut etmäge ýeterlik subutnama ýokmuşyn! Geñ gerek. Getirilen aragyñ ýasamadygyny derrew kesgitläp bilýäris. Ony himiki ekspertiza gül ýaly kesgitläp berýär. Emma ekspeditor bilen dûkanyñ mûdiriniñ günälerini subut etmäge subutnama ýokmuşyn. Ýeri, muña näme diýip, näme aýdarsyñyz?! Ynanar ýaly zatmy şol. Öñem biriniñ aýdyşy ýaly "dört burçam bir ýylan bormy" diýäýesiñ gelip dur. Häzir käbir ogryn arak satýan dükançylar hapa araklary "gowy görýän we aýratyn tanyşlaryna" iki esse, üç esse gymmat satýarlar. Görseñizläñ, muny! Öz-ä hapa arak, üstesine-de aragyñ öz bahasyndan iki-üç esse gymmat, ýene-de "gowy görýän tanyşlaryna" satýarmyşynlar. Türkmen aganyñ çydamlylygyna, geçirimliligine we giñligine telpek goýaýmaly! Ogryn we ýasama arak satýanlaryñ soñuna sogan ekmegiñ wagty gelip ýetdi. Elbetde, bu sözüñ dükan ýöredip eklenjini ogryn arak we çilim satmakdan görýän käbir kişileriñ gulagyna ýaramajakdygyny gowy bilýäris. Nämemişin, arak-çilim satmasañ, söwda gowy ýöremeýärmişin. Diýmek halala haramy gatmasañ bolanok-da? Şeýle netije çykarmalymy? Bular ýalylar hernäçe baýasalaram, görýän peýdalarynyñ iñ soñunda Hudaýyñ olary ýañky iki gün arak satyp ûçülenji gün bir yerde on ýeriñden zyýan bolup çykarýanyny bilmez ýaly beýle-de düşûnjesiz adamlarmyka? Bir zady unutmalyñ: Gahryman Arkadagymyz sagdyn jemgyýet gurmak üçin edýän işlerine gol-ganat bolmagyñ deregine, gaýtam haramdan baýamagyñ yşkyna düşüp, il-halky zäherleýänleriñ edýän bu bet işleriniñ Gahryman Arkadagymyza Döwletimize we Mähriban Halkymyza edip boljak iñ uly hyýanatydygyna, iñ uly jenaýatydygyna göz ýetireliñ. Beýik rus ýazyjysy M.Gorkiý: ""Adam munuñ özi belent ýanlanýar!" diýýär. Milli Liderimiz "Döwlet adam üçindir!" diýen ynsanperwer şygart baýdak edinip, il-halkymyzyñ daşyna pena bolup durka, Konstitusiýamyzyñ döwletiñ iñ gymmatly hazynasynyñ adamdygyny belläp durka, biziñ iñ gymmatly hazynamyza kast edýän betnebislere sagdyn türkmen jemgyýetiniñ arasynda hiç hili orun ýokdur. @Kitapçy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |