18:57 Döwletmämmet Azadynyň rubagylary | |
DÖWLETMÄMMET AZADYNYŇ RUBAGYLARY
Goşgular
(Rubagyýat ez roýy-zary-doga) 1 Gel, ýetiş dermende gullar dadyna, Zary birle eňreýän perýadyna, Eýleýip taklyt olar zikr eýleýir, Lutp edip, ýa zowky-şowkuň oduna. 2 Gaflat ile zikr edenler köňlün aç, Dertlidirler, Sen hekim Sen, kyl alaç, Gullaryň tutmuş umyt Senden ýaňa, Rehm edip, gel, rehmetiň dergähin aç. 3 Ýol ýitirmişdir bular dermende-zar, Gitse tapmaz, dursalar ýokdur karar, Uwlaşarlar azaşan itler kibi, Kyl neda pazlyň bile, eý Biribar. 4 Ümmüdirler, asydyrlar bendeler, Hyzmata laýyk degil şermendeler. Lutpy-yhsanyň bile tut gollaryn, Barçadan üzmüş golun dermendeler. 5 Tobaýy-towpyk bagş et hem nedem, Ýarlyka jümle günäkäri bu dem, Çün haçan gullar dönüp geldi Saňa, Barça gullardan hata, Senden kerem. 6 Gullaryň çün gelmäge ýok ýüzleri, Kanda laýyk gözlemäge gözleri, Kalplaryndan Sen habardar, Sen Hojam, Toba-tagsyr dillerinde sözleri. 7 Tobaýy-towpyky temkin eýlegil, Rahşy-yşkyň olara zin eýlegil, Dillerinde gerçe taklyt etseler, Kalplaryn pazlyň bile çyn eýlegil. 8 Eýlemiş gullar hemme çirki-günäh, Afw abyn dok olara ýa Iläh, Ger ýamandyr, gitmäge ýok ýerleri, Senden özge kimdir olara penah. 9 Pazl edip bak bu garyp gullaryňa, Asy, jafy baý-u ýoksullaryňa, Lutpuňa laýyk imes gerçi bular, Paýzy-rehmet dök hazyn dilleriňe. 10 Mäsewadan jümle üzgül özlerin, Zikri-tesbih ile aýdar sözlerin, Laýyky-didary-Janan bolsalar, Pazl edip aç olaryň jan gözlerin. 11 Jümle möminler penahy Sen Huda, Afw eden jürmi-günähi Sen Huda, Zary-haýran azaşan gullaryňa, Imdi görkez dogry rahy Sen Huda. 12 Bes, gaty haýbatlydyr magşar güni, Lerze urgaý barçanyň jany-teni, Ol Resulyň şafkatyn kylgyl nesip, Senden alsyn asy-ýu dermendäni. 13 Ol Syratyň köprüsinden geçmegi, Howzy-Köwser şerbetinden içmegi, Barça möminlere arzan eýlegil, Hem Byrak at, hüýrleri hoş guçmagy. 14 Seýr edip uçmahda bag-u bakjalar, Hem ajaýyp köşki-eýwan takçalar. Reňme-reň engur-u hurma miweler, Dürri-ýakut zernigär sandykçalar. 15 Arygynyň biri süýtdür, biri bal, Biri hamr-u biri suwdur hoş, zülal, Bizi şol mömine hemsan eýlegil, Bagzy Gün, Aý-u nujum, bagzy hilal. 16 Hülle bolgaý, ýagny, olar geýmişi, Dürli nygmat, dürli miwe iýmişi, Hoş kebaplar, hoş şeraplar rozy kyl, Ol söwer gullar mezajy söýmüşi. 17 Selsebil-u Zenjebil şerbetleri, Dürli nygmat, dürli don kiswetleri, Gullaryňdan, eý Huda kylma daryg, Jümle dostuňa bolan şafkatlary. 18 Ýaşy-Isa, Dawut ornun Taňry biýr, Gullaryna: “Giriň, ol uçmaha” diýr, Rozy eýlär misli Ýusup dek jemal, Ýüz kişiçe kuwwat olgaý, ýüzçe iýr. 19 Tuby agaç saýalar jennetleri, Uşbu jennet mömin olanlar ýeri, Ol Byragy dostlara kylgyl nesip, Lagl-u ýakut ol murassag eýeri. 20 Yssy ýok hem sowuk ýok ol jaý era, Hassalyk ýok, hem ölüm ýok olara, Gaýgysyz, endişesiz kylgaý bizi, Rozy eýläp Taňry eltse ol ýere. 21 Her kişiniň göz ýetinçe bagy bar, Mülki-esbap, kasry-eýwan dagy bar, Kyl nesip mömin bolan has gullara, Buýy-wasly, şemmeýi-didary bar. 22 Hak Resululla jewaryn kyl nesip, Bizi kylgyl jümle akwamy-garyp, Rozy kylsaň jamy-yşkdan bizlere, Bolsak ol didar üçin çün andalyp. 23 Aňmasak sag ile soly, bigüman, Bilmesek ýagşy-ýaman ähli-zaman, Zowk-u şowk-u yşky-kämil dünýäde, Nezag eder hem jan tenden hem iman. 24 Kyl nazar biçäreleriň halyna, Pazl edip, talaşma bet efgalyna, Gaýtaryp olary jümle nehýiden, Lutp edip salgyl hakykat ýoluna. 25 Kadyr-a, gudratly Sen her nesneýe, Külli şeýe Senden özge ýok Eýe, Halyky-şeý, Razyky-haý Sen, Eýäm, Gul haçan waspyňa laýyk söz diýe. 26 Talyby maksada duçar eýlegil, eý Biribar, Taňla magşar ýoldaş eýle, ýa Muhammet, Çaryýar, Ýa Iläh-ä talyba hüýr gyzlaryn ýar eýlegil. Gör içinde olaryň jaýyny gülzar eýlegil. 27 Bu Azady bir guluňdyr har-u has, Pany içre ömrün ötürdi hebes, Lutp etegiň garbamyş umyt goly, Her du älem Sen maňa perýadres. Kalen-Nebi alaýhyssalam: “El-hat baky wel ömr fany (Pygamber alaýhyssalam aýtdy: “Hat-ýazuw bakydyr, ömür panydyr”). Çapa taýýarlan Rahmanberdi GODAROW | |
|
√ Ballaryň islär / Goşgular - 22.08.2024 |
√ Telegraf / Goşgular - 05.08.2024 |
√ Magtymguly Pyragynyñ 300 ýyllygyna / Goşgular - 16.06.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Kleopatra / Goşgular - 14.10.2024 |
√ Мама, туркмена я люблю / Goşgular - 24.07.2024 |
√ Agta han / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Aýşy-eşret çagynda / Goşgular - 20.08.2024 |
√ Gel, bize goşul / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Gaplañ ölümi / Goşgular - 22.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |