Döwran Myradow mekdepde göreldeli, edepli, düşbi okuwçylaryň biri. Ol derslerine oňat ýetişýär. Zerur bolsa synpdaşlarynada degerli kömegi beripýär. Jemgyýetçilik işlerine-de işjeň gatnaşýar. Birnäçe gezek dürli ugurlar boýunça ilki mekdepde, soňra bolsa welaýatda geçirilen bäsleşiklere gatnaşyp ýeňiji bolupdyr. Onuň suraty mekdebiň hormat tagtasynda ýerleşdirilipdir.
Döwranyň ýaşaýan öýi jaýyň üçünji gatynda ýerleşýärdi. Onuň daş-töweregi gür-baglykdy. Ýaz-tomus pasyllarynda baglardan gelýän ýakymly yslar kükäp ruhuňy heýjana getirýärdi. Bu ýer guş-gumrularyňda söýgüli mesgenidi. Kä günler bolsa guşlar baglarda hatar gurap şeýle bir saýrardylar welin, ony beýan etmek ýeňil-ýelpaý iş däldi.
Guşlaryň ýylyň dört paslynda öz hysyrdy-aladalary ýetik. Tebigatda bolup geçýän hadysalary hem özgelerden öň duýýarlar.
Şol gün guşlar ertirki güneşli güni bir-birlerine buşlap şirinden-şirin saýraýardylar, Ol bagdan beýleki bir baga uçup-gonup bir-birleriniň göwünlerini açýardylar. Dowran bolsa öýdäki ýumşak tekjede gözlerini açalak-ýumalak edip ýatyrdy. Ol heniz-häzirler hem ýatjakdy.welin guşlaryň jürküldileri ony öz erkine goýmady. Ynha onsoň ol guşlary ürküzmek maksady bilen eline taýagyň ujuna mata baglady. Penjireden ýarym göwresini çykaryp sowadyjy enjamyň üstündäki serçäniň höwürtgesini bozmaga synanyşdy. Emma maksadyna etip bilmedi. Guşlar bolsa Dowranyň bu hereketinden ürkip çap-tarapa uçup gitdiler.
Dynç günüdi. Döwran telewizor seredip ýadadymy, garaz, rahatsyzlyk tapdy. Günüň ýiti şöhleleri düşip duran penjirä tarap ýöneldi. Onuň pikir-hyýaly penliräniň tutusyny ýapmak däldi. Eýsem, dagy-duwara golaý-goltuma gelmez yaly baglardaky guşlary kowmakdy. Penjireden agzyndaky gurçugyny mazamlaýan serçäni görende Döwranyň girre gahary geldi. Penjiräni açmaga mähetdel sowadyjynyň üstündäki höwürtgede serçe çagalaryna nazary düşdi. Gamyşganat, agzy saryja serçe çagalarynyň özünden tagam isläp geň-enaýy jürküldeýişlerini eşidende Döwrana geň galmakdan başga alaç galmady.
Hut şol günüň ertesi Döwran deň-duşlary bilen maslahatlaşyp guşlar üçin tagtadan jaýjagaz gurdy. Ony bagyň belent ýerinde berkitdi. Tizara çagalar öz elleri bilen guran kinniwanja jaýjagazyna serçeleriň girip-çykýandygyny görüp tüýs ýürekden begendiler. Ýöne Döwranyň şol günki begenjini hiç bir zat bilen deňär ýaly däldi...