DÖWRÜÑ TALABY
Her bir adamyň öz döwründen talaby bar. Şunuň bilen birlikde döwrüň hem, her bir adamdan talaby bar. Adamlar bu ýagdaýy ýatdan çykarjak bolýarlar. Döwrüň talabyny hasaba alman, döwür üçin hiç zat etmezlik parazit ýaşamagy aňladýar. Entek döwürden nägile bolmazdan ozal, döwrüň talabyny ýerine ýetirjek bolup azara galmaly.
Mysal üçin, siz oňat hasaplanýan maşyny almak üçin, söwda merkezine bardyňyz. Söwda merkezi bolsa sizden maşyn üçin köp pul sorady. Siz bu soralan puly eşidip, maşyny gymmat diýip nägile boduňyz. Ine şu nägile bolmak hem döwrüň talabyny aňladar. Bu ýerde ikitaraplaýyn talap ýüze çykdy. Edil siziň maşyny gymmat hasaplap, maşyna tölemejek bolşuňyz ýaly, maşyny satýan söwda merkezi hem sizden nägile, çünki siz onyň soraýan puluny bermejek bolýaňyz.
Mysalymyzy dowam edeli we bu gezek döwrümiziň iň kelleagyryly meselesi bolan, okuw bilen baglanyşykly döwrüñ talabyna düşünjek bolaly.
Döwür indi okamagy talap edýär. Diňe ýaşlardan däl eýsem uly ýasly adamlardan hem. Sanly ykdysadyýete geçmegimiz bilen, okap we ýazyp bilmege talap, has hem güýçlener. Okamadyňmy diýmek döwrüň talabyny ýerine ýetirip bilmedik adamlaryň hasabyna girersiňiz.
Ýöne bu ýerde okamak bilen baglanyşykly, bir topar düşünmezlikler hem bar. Okamaly diýlnde köp ýaşlar, hökman ýokary okuw jaýlaryna girmeli, ýogsa başga usullar okuw däl diýjek bolýarlar. Bilimi özbaşdak hem alyp bolýar. Dogry özbaşdak bilime entek diplom berilmeýär, emma okuwa girmek üçin puluň ýokmy, diýmek sende bir alaç galýar. Özbaşdak okamak we bilim almak. Köne döwürlerde şeýle bolan. Ol döwürlerde ýörite okuw jaýlary bolmandyr, bar bolan okuw jaýlary uzak ýerlerde bolup, hemmäniň ol ýerlere gidip sowat almana mümkinçiligi bolmandyr. Şol sebäpli okajak bolup ymtylan adamlar, öz mümkinçiliklerine dogry düşünip, öz ýaşaýan ýerindäki sowatly adamlara şägirt durup bilim alypdyrlar we alan bilimlerini ýagdaýa görä, durmuşda peýdalanypdyrlar.
Şunuň bilen birlikde häli bizde, işiň köp görnüşi üçin diplom talap edilmeýär. Mysal üçin, oba hojalygynda ýokary hasyl almak üçin, hiç hili diplom talap edilmeýär. Söwdanyň köp görnüşinde diplom talap edilmeýär. Ýazyjy, şahyr, aýdymçy bolmaklyga diplom talap edilmeýär. Diýmek diplomsyz köp işlerde arkaýyn işläp bolýar. Meniň näme diýjek bolýanyma düşünmek üçin, maňa goldaw gerek. Ilki bilim almaly. Daşary ýurtlarda ,,частная практика'' diýen düşünje bar. Bu usuldan hem peýdalanmaly. Meniň diýjek bolýanym diplom üçin, sowat öwrenmekden galmaly däl. Hiç bir ýokary okuw jaýyna girmezden, arzanja edil instituty gutaran talyp ýaly bilim alyp bolýar. Diýmek diplom üçin däl-de bilim, sowat, kär üçin okamaly. Bilim almaklyga häzirki döwürde iň amatly mümkinçilik, bu internetden peýdalanmak. Islän diliňde, islän wagtyňda internete gir-de, oka. Emma sowatsyz galma!.
Ýok, men hemmeler ýaly diplomly boljak diýýän bolsaňyz, onda döwrüň talabyny ýerine ýetiriň. Okuw üçin kanuny puly töläň we okaň.
Publisistika