02:48 Dünýäniñ iñ baý adamlary | |
DÜNÝÄNIÑ IÑ BAÝ ADAMLARY ■ Bill Geýts 1955-nji ýylda ABŞ-yň Waşington ştatynyň Sittle şäherinde doglan Wilýam Henri Bill Geýts amerikan kompýuter programmisti, telekeçi, maýa goýumçy we “Maýkrosoft” (Micrososft) kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biridi. Ol 1975-nji ýylda Harward uniwersitetinde okap ýörkä okuwy taşlap, öz biznesini ýola goýýar. Onuň 2016-njy ýyldaky baýlygy 90 miliard dollara barabar bolup, häzirki wagtda dünýäniň iň baý adamlarynyň biridir. ■ Mark Zukerberg Mark Zukerberg 1984-nji ýylda dogulýar, Facebook-yň gurujysydyr. 2004-nji ýylda Garward üniwersitetide bile okaýan dostlary Dustin Moskowits, Eduardo Sawer we Kris Hugles bilen guran Facebook atly internet sahypasynyň saýasynda, häzir dünýäniň iň ýaş baý adamy hökmünde tanalýar. 2011-nji ýylda baýlygy 24 milliard amerikan dollaryna deň boldy. 2010-njy ýylda Taým “Time” gazetinde “Ýylyň adamy” bolup saýlandy. Zukerberg Garward üniwersitetiniň kompýuter bölümini okaýarka we üniwersitetiň birinji ýylynda Ýokary okuw jaýlarynyň iň owadan talyplarynyň saýlanýan facemash.com atly saýtyny gurdy. Saýtda Garwarddaky ähli talyplaryň suraty bardy. Ýöne suratlary almak üçin üniwersitetiň maglumatlaryny ogurlady (hekledi). Mark Zukerberg bikanun iş edenligi sebäpli üniwersitetden çykaryldy. Zukerbergiň guran Facebook internet sahypasy 2011-nji ýylda “The Brand Finance Global 500”-e görä dünýäniň iň gymmatly 281-nji markasy boldy. ■ Warren Edward Buffett Warren Buffett 1930-njy ýylda Nebraskada dogulýar. XX asyryň iň baý adamlaryndan biri hökmünde tanalýar. “Berkshire Hathaway” atly maýa-goýum paýdarlar jemgyýetiniň prezidenti we iň uly maýagoýumçysy. Forbes Žurnalynyň geçiren , “2008-nji ýylyň milliýarderleriniň sanawy” atly geçiren anketalaryna görä, 62 milliard dollarlyk baýlygy bilen dünýäniň iň baý adamlarynyň biridir. 2006-njy ýylda maýa –goýum şereketiniň 30 milliard dollarlyk paýyny “ Bill we Melinda Geýts” guramasyna bagyş etdi. ■ Amancio Ortega Gaona Ortega Gaona 1936-njy ýylda Ispaniýada dogulýar. Ispan moda we tekstil önümleriniň menejeri hem-de geýim şereketi “Inditex”-iň gurujysy. Meşhur ykdysadyýet žurnaly “Forbes” tarapyndan taýýarlanan sanawa görä ol Ispaniýanyň iň baý adamy; Ýewropanyň iň baý adamlaryndan biri we 2013-nji ýyldan bäri dünýäniň iň baý üçünji adamy. ■ Carlos Slim Helu Ol 1940-njy ýylda Meksikada dogulýar. Telmex we America Movil firmalarynyň eýesi. 2007-nji ýylda dünýäniň iň baý adamy boldy. Forbes žurnalynyň iň baý adamlar sanawynda 2010-2011-nji ýyllarda-da birinjiligi elden bermedi. ■ Larry Ellison Hakyky ady Lawrens Joseph Ellison bolan bu tüjjar, 1944-nji ýylda ABŞ-yň Manhettan şäherinde dogulýar. Ol maglumatlar ulgamy üpjünçiligi bilen meşgullanýan “Oracle” porgramirleme kärhanasynyň gurujysy we CEO-sydyr. Larry Ellison “Oracle” kärhanasy bilen Maýkrosoft we SAP-yň iň uly garşydaşy bolmagy başardy. Ol şahsy baýlygy bilen dünýäniň iň baý adamlarynyň biri hasaplanýar. Bill Gates-iň iň uly garşydaşlaryndan biri bolan Ellison ýokary tizlikli uçarlar we gämiler bilen gyzyklanýardy. Emma ejesiniň hem-de Bob Mineriň ölüminden soňra ol uçarlar ýa gämiler bilen däl, eýsem, molekulýar Biologiýa bilen gyzyklanyp başlady. Ellison esasan hem, garrylyk barada geçirilýän barlaglara goldaw berýär. Onuň baýlygy häzirki wagtda 52.2 milliard dollara babardyr. ■ Maýkl Rubens Bloomberg Maýkl Rubens Blumberg 1942-nji ýylda dogulýar, ol Nýu Ýorkyň 108-nji şäher häkimi we 35.5 milliard dollarlyk şahsy baýlygy bilen dünýäniň iň baý 8-nji adamy. Ykdysady analiz, habar we maglumat beriji Bloombergiň şereketiniň bolsa gurujysydyr. Onuň elinde bolan “Bloomberg Television Wall Street”-den habarlar we wakalary göni ýaýlym görnüşinde berilýär. ■ Dewid Hamilton Koç Amerikaly telekeçi, syýasatçy we himik bolan Dewid Koç 1940-njy ýylda dogulýar. Ol 1979-njy ýylda “Koch Engineering”-iň başlygy bolup, 1983-nji ýylda dogany Çarlz bilen “Koch Indistries” hojalyk jemgyýetiniň başlygy bolýarlar. “Lincoln Center”-däki Nýu Ýork Şäher teatyryna abadanlaşdyryş işleri üçin 100 million dollar bereninden soňra teatryň ady “David Koch Theathre” diýip üýtgedilýär. Dewid Koç dogany bilen bile ýöredýän “Koch Industries” hojalyk jemgyýetiniň 42%-iniň eýesidir . Häzirki wagtda onuň baýlygy 50.2 $ milliýard dollar töweregi . ■ Jeff Bezos Jeffrey Preston “Jeff” Bezos 1964-nji ýylda ABŞ-de dogulýar. Prinston ton üniwersitetini tamamlaýar. Amazon.com-yň gurujysy Elektron söwdanyň kämilleşmeginde uly rol oýnan adam. Amazon.com onuň dolandyrmagy bilen dünýäniň iň uly we ynamdar internet satuw kärhanasyna öwrüldi. Şol sebäpli hem 1999-njy ýylda Tome žurnaly tarapyndan “Ýylyň adamy” diýip saýlandy. Amazon.com-uň daşyndan kosmos barlaglary geçirýän “Blue Origin”-iň hem gurujysy we eýesi bolan Bezos 2013-nji ýylda “The Washington Post” gazetini satyn aldy. 2017-nji ýylda jemi baýlygy 90 milliard dollardan geçensoň, ýaşaýan iň baý adam adyny aldy. Forbes 2018-de 112 milliard dollarlyk baýlygy bilen dünýäniň iň baý adamy edip saýlady. 1994-nji ýylda Amazon.com-y gurýar. Bu şereketiň adynyň gelip çykyşy dünýäniň iň uly derýasy bolan Amazon bilen baglanyşyklydyr. Internet maglumatlary esasynda taýýarlan: | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |