20:55 Dünýäniñ in täsin kanunlary | |
DÜNÝÄNIÑ IÑ TÄSIN KANUNLARY Gazet-žurnallarda we teleýaýlymlarda berilýän gündelik habarlarda häli-şindi täze-täze kanunlaryñ çykýandygyny görýäris. Çykýan käbir kanunlara bolsa "Heý, şeýle-de bir zat bormy?" diýenimizi duýman galýarys. Aşakda sanawa alnan daşary ýurtlaryñ käbir täsin kanunlaryny göreniñizde haýranyñyz hekgerse gerek. ■ Amerikanyñ Birleşen Ştatlary Sanawymyzyñ başyny ABŞ-nyñ Tehas ştaty çekýär. Eger Tehasda maldarçylyk bilen meşgullanýan bolsañyz we bardy-geldi bir ýalñyşlyk bilen başga biriniñ sygyryny sagaýsañyz şol gijäni polisiýanyñ wagtlaýyn gabawhanasyna geçirmegiñiz mümkin. Ullakan bir temmi çäresi bolmasa-da, saglan sygryñ eýesi sizden öweztölegi talap edip biler. ■ Angliýa ■ Fransiýa ■ Taýlandiýa Taýlandlar buddizm dinine durky bilen baglanan we buddizmiñ kada-kanunlaryny resmi kanunlara girizen jemgyýetdir. Buddizm ynanjyna görä içki eşiksiz gezmek bolanok. Taýlandiýanyñ adalat ministrligi bu ynanjy hereket edýän resmi kanunlara girizip hökmany berjaý edilmeli düzgüne öwürmegi başardy. Eger bir gün ýoluñyz Taýlandiýa düşse, ýurduñ köçelerinde gezip ýörkäñiz eşigiñiziñ içinde hökman içki eşigiñiz bolsun. Şeýle ýagdaýda saklanan ýagdaýynyzda, iñ bolmanda öz ýurduñyzyñ şol ýerdäki konsullygynyñ telefon belgisini ýanbloknodyñyza belläp almasañyz we degişli ýerine haýal etmän habar edip bilmeseñiz, siziñ syýahatyñyzyñ mazasyny gaçyryp bilerler. ■ San Salwador San Salwador köçe-ýol hereketi düzgünlerine diýseñ üns berýän ýurt. Meselem, bir gijeki bara gitdiñiz diýeli, ol ýerde-de biraz içip serhoş bolduñyz. Soñra gaýtjak bolup köçą çykypsyñyz, öýe özüñizi atmaga taksi-de duşanok. Onsoñ "öýem ýakynja-la, öz awtoulagymda derrewjik bararyn, hiç kim görmezem, bilmezem" diýip, öz ulagyñyzyñ ruluna münüp gyp berdiñiz diýeli. Edil şol wagtam bir ýerlerden zomp edip polisiýanyñ ýol gözegçilik gullugynyñ işgäri öñüñizden çykdy. Näme bolar öýdýärsiñiz? Jerime bilen ýa bolmasa ýokarlarda bir ýerlerde işleýän tanyş-bilşiñizdir garyndaşyñyza jañ edip syparyn diýib-ä pikirem etmäñ. Çünki San Salwadorda serhoş ýagdaýda awtoulag sürüp saklansañyz göni gyzgyn gülläniñ öñüne düzülersinuz. Ýagny, atuw jezasy! Diýseñ gazaply, emma täsirli kanun. Şonuñ üçin San Salwadoryñ köçelerinde içgili awtoulag sürüp ýören bir raýata-da duş gelmersiñiz. ■ Singapur Singapur ekologiki arassaçylyga diýseñ üns berýän ýurt. Singapurda hiç bir raýatyñ ýere sakgyç oklanyny, ýatda agzyndan gaçyranyny görmersiñiz. Ýere sakgyç taşlamagyñ ep-esli jerimesi bar. Eger Singapura ýoluñyz düşse, arassa tebigatyñ lezzetini alyp agaýana gezelenç edip bilersiñiz. ■ Germaniýa Germaniýanyñ kanunlarynda ýassyk sowuk ýaraglaryñ sanawyna girýär. Munuñ näme üçin şeýlediguni göwnejaý teswirläp biljek çeşme tapyp bilmedik. Emma tomaşa edýän uruşganly kinofilmlerimize üns bersek, onda adamy ýassyk bilen demikdirip öldürmek, ýassygy sapançanyñ niliniñ öñüne tutmak, ýagny atyşyñ sesini peseltmek ýaly ýerlerde ulanylýandygy üçin sowuk ýaraglaryñ hataryna goşan bolmaklary ahmal diýip çak etse bolar. Şeýle-de sowuk ýarag hökmünde är-aýalyñ arasynda turýan oñuşmazçylykly dawalarda biri-biriñe garşy ulanylýan gural hökmünde görkezilmegi-de aýratyn üns berilmeli ýagdaý. ■ Şweýsariýa Şweýsariýada ýaşaýan erkekler sagat 22:00-dan soñ hajathana girende gaty seresaply bolmasa bolmaýar. Sebäbi gije sagat 22:00-dan soñ erkekleriñ aýak üstünde kiçi meýdan etmegi düzgün bozulma hasaplanýar. Şol bir wagtyñ özünde 22:00-dan doñ hajathananyñ suwuny çekmek hem aýry düzgün bozulma. Mahlasy, Şweýsariýada ýaşaýan erkekler ýa-da Şweýsariýa syýahata gidýän erkekler hajathana girende seresaplyja girip-çyksalar özleri üçinem gowy bolar... :) ■ Bangladeş Daşyndan göräýmäge ylym-bilime onçakly üns bermeýän ýurt ýaly bolup görünýän Bangladeşde ýagdaý aslynda beýle-de däl. Ekzamende şpirgalka ulanyp ele düşseñiz, kanuny ýagdaýda jenaýatkär hasaplanarsyñyz we şobada mugallyñyz sizi polisiýa bölümine tabşyrar. Şonuñ üçin eger Bangladeşde okaýam bolsañyz, şpirgalka ulanyp ele düşeniñizden, iñ gowusy ekzamenden ýykylyp, gelejekki ýylda özüñizden soñky kurs bilen bile okañyz has amatly bolar. ■ Gresiýa Gresiýada ökjeli köwüş geýmek gadagan. Erkekler-ä geýmän oñar welin, şpilka (ökjeli köwüş) geýmese bolmaýan aýallara-ha bu gadagançylyk kyn düşse gerek. Ýogsa-da Gresiýada ökjeli köwüş geýmek näme üçin gadagan edildikä? Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |