16:30 Dünýäniñ syry açylman galan täsin wakalary | |
DÜNÝÄNIÑ BIRNÄÇE ÝYLLAP SYRYNY AÇYP BOLMADYK WE OKYJYSYNY DÜÝRÜKDIRIP BILJEK TÄSIN WAKALARY
Geň-taňsy wakalar
Käbir hadysalar yzynda şeýle bir syrlary gizleýär welin, olary çözmek beýlede dursun, bu babatda çaklamalary ýöretmegem kyn bolýar. Aşakda siziñ üçin dünýäniñ geñ-tañsy wakalaryndan birnäçesiniñ üstünde gysgaça durup geçdik. Teswirlerde hemmäñiziñ şahsy pikirleridir çaklamalaryna garaşýarys. 1. 1994-nji ýylda 13 ýaşly Nikolas Barklaýyñ dereksiz ýitendigi degişli polisiýa edarasyna habar berildi Tegelek alty ýyl geçenden soñ özüniñ Nikolasdygyny aýdýan biri orta çykdy. Ene-ata ogluny tapandygyna ynandy, olam Barklaýlaryñ ýanyna ýerleşdi. Emma ýörite detektiw soñky Nikolasyñ öñki Nikolasdan gulak gurluşynyñ tapawutlanýandygyny anyklady. Onuñ maşgalany nädip aldandygy häzirem nämälimligine galýar. 2. 1966-njy ýylyñ ýanwar aýynda Awstraliýada Ýana, Arnna, Grant atly üç dogan gezim edip ýörkäler kenara gitdiler we dolanyp gelmediler Güwäleriñ sözüne ynanjak bolsañ-a, olary iñ soñky gezek suwuñ boýunda bir adam bilen oýnap durka gördüler, soñra polisiýa işgärleriniñ biri sagat 15:00 töweregi öýlerine tarap ýöräp barýarkalar görendigini aýtdy, emma bu görkezmeleriñ ýalandygy orta çykdy. Çagalardan gördüm-bildim bolmady. 3. 1913-nji ýyldan bäri Demirgazyk Karolinadaky Brown Mountainde geñsi yşyklar bar Sebitde elektrik togy kesilse-de, bu yşyklar asla öçmeýär. Aýtmaklaryja görä yşyklary sentýabr-noýabr aýlarynda hasam gowy görüp bolýar. Eýsem munuñ düýp çeşmesi nämekä? 4. 1959-njy ýylyñ 2-nji fewralynda rus alpinistleri Ural daglarynyñ eteginde ýaşaýan mansileriñ "Ölüm dagy" diýýän ýerinde nämälim ýagdaýda öldüler Rus alpinistlerinden diñe sowukdan sañgaty bolup jaýryk atan jesetler, biriniñ goparylan dili we hiç bir urgy yzy ýokdugyna garamazdan döwük gapyrga bölekleri we kelleçanagy döwlen bir alpinist galdy. Wakanyñ bolan hiç hili hüjüm ýa-da urgy yzynyñ tapylmadyk ýerinde geçirilen barlaglar netije bermedi, waka häzirem syrlylygyna galýar. 5. 1974-nji ýylda hytaý daýhanynyñ üstünden baran terrakota atly goşuny, söweş arabalary, ok-ýaýlary we gylyçlary bilen iki müñ ýyllap ýeriñ astynda galan heýkel-leşger Heýkelleriñ biri-birine diýseñ ýakyn ýasalandygy we ynjyk gurluşy arheologlaryñ işini gaty kynlaşdyrypdy. Maksady we kimler tarapyndan edilendigi häzirem syrlylygyna galýar. 6. Ysraýylyñ Golan depelerinden tapylan Rujm El Hiri 40.000 bazalt gaýadan ybarat Kimler tarapyndan we hasam beteri nämüçin edilendigi näbelli. Bu ýeri täsin edýän zatlaryñ birem ýerden seredende hiç hili göze ilmän, diñe kosmosdan görüp bolmagy. Käbir alymlar munuñ astronomik manysynyñ bolup biljekdigini we şonuñ üçin edilen bolmagynyñ mümkindigini aýtsa-da, bar bolan maglumatlaryñ ýeterlik däldigi nämälimligi artdyrýar. Alymlaryñ ylalaşyga gelýän zady bolsa, onuñ b.e.öñki 3500-nji ýylda edilendigi we gurluşygyñ ýetmiş ýyl dowam edendigi. 7. 1947-nji ýylyñ iýun aýynda golland gämisi Sumatranyñ golaýynda kömege çagyrdy Birinji çagyryşda "kapitan bilen bile hemmesi öldi" diýilýär, yzysüre gelen ikinjisinde "ölýärin" diýen ses bardy. Çagyryşlary alan gämi şobada kömege gitdi, "SS Ourang Medan"-a barylanda, gämidäki it bilen bile adamlaryñ barsynyñ maslygy elleri Güne tarap serilen we ýüzlerini gorky gaplap alan ýagdaýda ýatyrdy. Az wagtdan soñ ýarylyp, suwa batan gäminiñ syry häzirem nämälimligine galýar. 8. 1948-nji ýylyñ 1-nji dekabrynda Awstraliýanyñ Adelaide şäheriniñ Somerton kenarýakasynda şahsyýeti näbelli jeset tapyldy Tapylan jeset tomus paslydygyna garamazdan galyñ geýnendi. Şeýle-de onuñ eşiklerinde haýsy ýurtda haýsy firmanyñ öndürendigi ýaly we ş.m. bellikler ýokdy, kenarda tapylandygyna garamazdan eşikleri ýañy ýuwlan ýaly tämizdi. Sud-medisina ekspertizanyñ barlaglary onuñ näbelli madda bilen zäherlenen diýip netijä geldi. Wakanyñ syra bürenmegine sebäp bolan zat bolsa, merhumyñ penjeginiñ goltuk jübüsinden tapylan "Tamam Şud" ýazgyly kagyz bölegidi. Gazetlerde berilen bildirişleriñ netijesinde kagyzyñ goparylan kitaby tapyldy we ýazgynyñ Omar Haýýamyñ bir rubagysynyñ "Gutardy, tamamlandy" manysyny berýän bir setiridigini anykladylar. Kitabyñ arkasynda ýazylgy telefon belgisi-de şypa uýasyna (medsestra) degişli eken. Şypa uýasy kitaby ikinji jahan urşy döwründe Alfred atly bir leýtenanta berendigini aýtdy. Alfred tapyldy we täsin ýagdaýda başky sahypasynda şypa uýasynyñ el ýazgysynyñ bolan kitabynda "Tamam Şud" ýazgyly bölegiñ goparylmandygy görüldi. Bu şahsyýeti näbelli jesediñ syry şol wagtdan bäri nämämligine galdy. 9. Köpri ellinji ýyllaryñ ahyrynda gelip gowşan habarlar arkaly itleriñ bu ýerden böküp, öz janyna kast edýändigi bilen tanalýardy Birinji hadysa koli itleriniñ köprüden geçip barýarka birdenkä hiç bir sebäpsiz köpriniñ üstünden 15 metr belentlikden boşluga bökmegi bilen bolup geçýär. Käbir hadysalarda diri galýan itlerem bolupdyr. Emma bu itler ýene ikilenç köprä çykyp öz janyna kast etmelerine dowam edipdir. Bu hadysanu hasam täsin edýän düýp hadysa öz janyna kast eden itleriñ barsynyñ bir tarapdan we birmeñzeş görnüşde bökmekleridi. 1994-nji ýylda bir adam gundagdaky çagasyny bu köprüden oklady, yzyndan özünem oklady. Hadysanyñ bolan ýerinde geçirilen barlaglar munuñ sebäbini anyklap bilmedi. 10. ABŞ-nyñ Ogaýo ştatynyñ Serkwill şäheriniñ ýaşaýjylary 1976-njy ýylda haýbat atyjylykly anonim hatlary almaga başladylar. Hatlaryñ aglabasy Mari Gillespiýä gönükdirilendi. Gillespiýä atylýan haýbatlar boş sözem bolsa, kän wagt geçmänkä onuñ adamsy alkogolly içgi bilen baglanyşykly heläkçilige uçrap aradan çykdy Täsin ýeri, onuñ adamsy içip ýören biri däldi. Degişli hukuk goraýjy edarasy Mariniñ ýüwürjisini hatlary ýazmakda aýyplady we ony tussag etdi. Emma oña-da türmede haýbat atyjylykly hatlar gelip başlady. # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 5 | ||||
| ||||