15:36 Dynç gününiñ wakasy / hekaýa | |
DYNÇ GÜNÜNIŇ WAKASY
Çagalar edebiýaty
Iş-alada diňe ynsanlaryň däl-de, eýsem guşlaryň hem täleýine ýazylan şekilli. Olar jahanyň ýagtylmagyna mähetdel öz hysyrdy-aladalalary bilen bolýarlar. Men bolsa bu gün dynç güni bolansoň ir bilen öýde ýumşak tekjede telewizora seredip ýatyrdym. Dostlarym bilen deňze balyk tutmaga gitmegi wadalaşypdyk. Daş-töweregi gür baglyga bürelen uly binanyň üçünji gatyndaky öýümiziň penjireleri indi ençeme gün bäri hoştap ýaz säherine giňden açylgydy. Içeri aralaşýan baglaryň we gülleriň hoşroý ysy bahar Güneşiniň mylaýym mähri bilen utgaşyp göwnüňi göterýärdi. Bu ýaşyl pudakly, seleň howaly künjek guş-gumrularyň söýgüli mesgeni. Kä günler şahada hatar gurap, nagma kakýan guşlaryň şirinden-şirin saýraýşyny söz bilen beýan etmek mümkin däl. Penjire açyk bolansoň guşlaryň jürküldisi telewizoryň sesine päsgel berýärdi. Olary ürküzmek üçin ýarym göwrämi penjireden çykaryp elimdäki taýagy bulaýlanymda guşlar “Ýamandan başyňy satyn al” diýenlere eýeren mysaly çap-tarapa pytrap gitdiler. Iki serçe welin ýene-de gaýdyp geldi-de penjiräniň üstüne gondy. Agzyndaky gurçugyny mazamlaýan ene serçe penjireden daşary abanyp duran howa sowadyjynyň üstüne gondy. Bir seretsem howa sowadyjynyň üstünde samandyr ýelekden guş höwürtgesi bina edilen bolsa nätjek. Ýaňky ene guş şonuň üstünde pel-pelläp, gamyşganat çagalaryny naharlap başlady. Saryja agyzlaryny giňden açýan gyzyleteneler ýene-de iýmit talap edýärdiler. Hossarlary ýene-de olara iýmit gözlemäge gitdiler. “Haçan bu ýerde höwürtge peýda bolduka? Hawa-da, iş-alada bilen günuzyn öýe inmän ýörseň, guş-gumrularam öýi harap ediberer” diýip, öz ýanymdan käýinjiräp, çagalary çagyrdym. Olara höwürtgäni görkezip, ony dessine başga ýere aýyrmagy, enjamy bolsa tämizje edip süpürmegi buýurdym. Sagada seredip, balyga gitmäge häzirlendim. Käýelmegine garamazdan çagalaryň şatlykly jagul-juguly howla ýaň salýardy. Penjiredäki höwürtge olar üçin ajaýyp tapyndy bolarly. Ulakan şatudyň töwereginde pelesan kakýan körpelere seredip, saklandym. Olaryň höwürtgäni daragtyň belent şahasyna göwnejaý berkidip biljegine ynam azdy. Gyzyleteneleriň dyr-pytrak bolup ýere dökülmegi örän ähtimaldy. Şol pursatda kelläme bir pikir geldi. Dostlaryma jaň edip, zerur iş çykanlygy zerarly balyga mensiz gitmeklerini haýyş etdim-de yzyma döndüm. Agtyklarymyň gatnaşmagynda jaýjagaz ýasadyk. Dogrysy, ony kämil ussa ýasamandy. Şonuň üçinem ol kitaplarda şekillendirilýän naşyja guş öýleri bilen bäsleşerden ejizdi. Emma şatutyň iri ýaprakly belent şahasyna berkiden tagta jaýjagaz penjireden gowy görünýärdi. Agaja dyrmaşmaga ilgezek ekabyrja agtygym Yslam sowadyjynyň üstündäki içi jüýjeli höwürtgäni emaý bilen alyp, jaýjagazyň tegelek gapysyndan içine salypdy. Öz elleri bilen ýasalan jaýjagaza serçeleriň girip-çykýandygyny gören çagalaryň begenjini hiç bir zat bilen deňär ýaly däldi. Ýene-de ýumşak tekjäniň üstüne süýnmezden öň howa sowadyjynyň üstüni gözden geçirdim. Enjamyň üsti arassalanypdyr. Hernä, entek içine hapa dolmandyr. Hawa, ynsan öz eşreti, rahatlygy we arassaçylygy üçin her ne iş etse-de, tebigata zelel ýetirmän etmeli. Bu dynç gününiň maňa we agtyklaryma beren şujagaz durmuş sapagy şeýlekin şatlykly tamam boldy. Surat: Pablo Pikasso / "Dynç", 1932 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |