09:03 Ebu Talyp we onuñ arap edebiýatyndaky orny | |
EBU TALYP WE ONUÑ ARAP EDEBIÝATYNDAKY ORNY
Edebi tankyt
■ Ebu Talyp kim bolupdyr? Ebu Talyp ady bilen tanalan Abdymennaf ibn Abdylmuttalyp ibn Haşym el-Kureyşi el-Haşymy Mekgäniñ sylaglanýan kethudalaryndan bolupdyr. Ol Hezreti Alynyñ (r.a) kakasy we Pygamberimiziñ (s.a.w) agasydyr. Gelip çykyşy boýunça araplaryñ kureýş tiresiniñ haşymylar urugyndandyr. Onuñ Ymran diýen adynyñ barlygy hakynda hem çeşme taýdan alanyñda gowşak hasap edilýän bir rowaýat bar. Ol Pygamberimizden (s.a.w) otuz bäş ýyl öñ dünýä inipdir. Onuñ kakasy Abdylmuttalyp Hezreti Ybraýymyñ (a.s) ýekehudaýlylyk dinine ynanypdyr. Ejesi bolsa Amr ibn Aiz el-Mahzumiýäniñ gyzy Patmadyr. Ebu Talybyñ şygyrlaryndan düzülen diwanynda onuñ musulman bolandygyny we Pygamberimize (s.a w) bolan imanyny görkezýän birnäçe setirler bardyr. Onuñ şygyrlary öz ynanan hakyky zatlaryny beýan edýär. Şonuñ üçinem yslamyñ dürli akymlaryna uýýanlaryñ hemmesi-de Ebu Talybyñ Pygamberimiziñ (s.a.w) pygamberlik missiýasyna ynanandygyny biragyzdan tassyklaýarlar. Ebu Talyp Mekgede "“Sekaýetul Haj" (hajylara suw paýlamak) wezipesini alyp barypdyr. Ol kakasy Abdylmuttalybyñ ölüminden soñ doganynyñ ogly Muhammedi (s.a.w) öz hossarçylygyna alýar we pygamberlik missiýasynda ony soñky demine çenli goldaýar. Ebu Talybyñ aradan çykan wagty barada dürli pikirler bar. Şaýy çeşmeleri onuñ hijretiñ 2-nji ýylynda (pygamberlik yglan edilmeginiñ 10-njy ýylynda), Rejep aýynyñ 26-na, Hezreti Hatyjanyñ ýogalmagyndan 3 gün geçensoñ 85 ýaşynda aradan çykandygyny ýazýarlar. Käbir çeşmeler bolsa munuñ Zülkada we Şowwal aýynyñ ortalaryna bolup geçendigini aýdýar. Pygamberimiz (s.a.w) Ebu Talybyñ aradan çykan ýylyny "Amul-Hüzn" ("Hasratly ýyl") diýip atlandyrypdyr. Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) agasy Ebu Talyby ýatlanda: - Ebu Talyp barka kureýşliler menden çekinerlerdi - diýer eken. Şefh Müfidiñ rowaýat etmegine görä, Ebu Talyp aradan çykjak wagty Jebraýyl perişde (a.s) Hezreti Pygamberimize (s.a.w) şeýle diýipdir: - Mekge şäherinden çyk, çünki indi bu şäherde saña ýardam etjek bir adamam galmady. Pygamberimiz (s.a.w) Ebu Talybyñ ýogalan güni diýseñ gussalydy we aglaýardy. Hezreti Ala (r.a) ony ýuwmagy we söýgüli agasyny kepenlemegi tabşyrdy. Jaýlanmaly pursat gelende hem şeýle diýdi: - Saña şeýle bir bagyşlama we magryfat dileýärin welin yns-jyns haýrana galsyn. Ebu Talybyñ mübärek bedeni Mekgäniñ Hajun ("Jennetül-Mualla") gonamçylygynda depin edildi. Mazara kast etmekde ýaka tanadan we öten-geçenleriñ ruhuny ynjytmagy özlerine dereje bilýän wahhabylar atly şarlatanlaryñ Ebu Talybyñ mazaryny ýykandyklary barada hem şu ýerde aýdyp geçsek ýerlikli bolar. ■ Ebu Talybyñ maşgalasy Ebu Talybyñ Talyp, Akyl, Japar, Aly (r.a) atly dört ogly, Ümmi Hany, Jümane, Rebte (sünni çeşmeler Esma atly dördünji gyzynyñam bardygyny öñe sürýär) üç gyzy bolypdyr. Onuñ bu çagalarynyñ hemmesi-de Patma binti Esetden bolupdyr. Şeýle hem Ebu Talybyñ Ille atly aýalyndan Talik diýen oglunyñ bolandygyny-da çeşmeler habar berýär. ■ Ebu Talybyñ köpçülikdäki orny we eden işleri Ebu Talyp Mekgede Zemzem çeşmesine jogapkärlk etmek bilen birlikde Haj möwsüminde hajylaryñ azyk üpjünçiligine hem jogap berýärdi. Ol söwda-satyk bilenem meşgullanypdyr, müşk-anbar we arpa alyp satar ekeni. Ebu Talyp garyp bolandygyna garamazdan kureýşiñ iñ hormatlanýan kethudalaryndan bolupdyr. Ol haýbatly, agras we juda paýhasly adam eken. Ebu Talybyñ eli açyklygy dillere dessan bolupdyr. Ol zyýapat berjek wagtynda kureýşden hiç kim zyýapat bermäge het edip bilmändir. Yslamdan öñki jahyllyk döwründe öwlüýä-pirleriñ ganyndan kasam içmegiñ başyny Ebu Talyp başlapdyr we yslam dini bu däbi soñam gadagan etmändir. Taryhçy Halaby onuñ kakasy Abdylmuttalybyñ ýörelgesine eýerip hiç haçan şerap içmändigini, şeraby haram hasaplandygyny habar berýär. ■ Pygamberimize (s.a.w) eden howandarlygy Ebu Talyp kakasynyñ towakgasyna uýup doganynyñ sekiz ýaşly oguljygyny (s.a.w) öz hemaýatyna alypdyr. Bu barada Ibn Şehraşub şeýle habar berýär: "Abdylmuttalyp peýmanasy dolmazdan az salym öñ Ebu Talyby ýanyna çagyryp: - Eý oglum! Sen meniñ Muhammede (s.a.w) bolan uçursyz aladamy we mähir-muhabbetimi gowy bilýänsiñ. Şoña görä-de maña ol baradaky wesýetimi nähili amal etjegiñi aýt! - diýdi. Ebu Talyp kakasyna soñky demini sanap ýatan kakasyna şeýle jogap beripdir: - Maña Muhammede (s.a.w) esewan et diýip sargap oturmagyñ geregi ýok. Çünki ol meniñ doganymyñ ogly ahyryn". Ibn Şehraşub şeýle dowam edýär: "Abdylmuttalyp aradan çykanynda Ebu Talyp Pygamberimizi (s.a.w) öz maşgalasyndanam gowy iýdirip-içiripdir we geýindiripdir". Ibn Hişam bu barada şeýle diýýär: "Ebu Talyp Muhammede (s.a.w) aýratyn ýakynlyk görkezerdi, hatda öz çagalaryndanam beter Muhammede (s.a.w) mähir-muhabbet görkezerdi. Ebu Talyp naharyñ iñ gowusyny Muhammet (s.a.w) üçin saklapdyr we onuñ düşegini öz düşeginiñ ýanyndan saldyrypdyr. Hiç wagt Pygamberimizi (s.a.w) idegsiz goýmazlyga çalşypdyr. Ebu Talyp günortanlyk ýa-da agşamlyk naharynda çagalaryna hökman: "Oglum (Muhammet) gelýänçä garaşyñ" diýer eken". ■ Ebu Talyp Pygamberimiziñ (s.a.w) goragçysy we kömekçisidir. Taryhy çeşmeler kureýş tiresiniñ Hezreti Muhammede (s.a.w) salýan howplarynyñ garşysynda Ebu Talybyñ Hezreti Pygamberimizi (s.a.w) iñ soñky demine çenli ikirjeñlenmän we hiç kimden çekinmän gorandygyny habar berýär. Ebu Talyp Allanyñ Resulynyñ (s.a.w) pygamberligini yglan eden wagtynda eýýäm 75 ýaşandygyna garamazdan Hezreti Muhammedi (s.a.w) goldawsyz goýmajakdygyny görkezdi. Ol kureýşiñ müşrik kethudalary bilen bolan duşuşyklarda öz inisini (s.a.w) elmydama-da goldajakdygyny aýtmakdan çekinmändir. Hatda müşrikleriñ görmegeý we berdaşly ýigit Ammar ibn Welit Mahzumy bilen Hezreti Muhammedi (s.a.w) çalyşmak baradaky tekliplerine gahar-gazap bilen garşylyk görkezipdir we muña synanyşany öldürmekden gaýtmajagyny aýdypdyr. Bu hemaýatkärlik we goldawlar netijesinde Ebu Talyp we Patma binti Esed Pygamberimiziñ (s.a.w) öz ene-atasy ýaly bolup galýar. ■ Ebu Talybyñ şygyrlary Ebu Talybyñ 1.000 beýtdenem gowrak şygyrlary we çeper aforizmleri bardyr. Onuñ döredijiligi "Ebu Talybyñ diwany" atly ýygyndyda jemlenendir. Bu goşgularyñ we kasydalaryñ aglabasy Hezreti Muhammediñ (s.a.w) pygamberligine güwä geçýän eserlerdir. Onuñ iñ gowy eserleri “Kaside-i Lamiýe” ady bilen meşhurlyk gazanypdyr. Ebu Talybyñ edebi mirasy öwrenilmäge mynasypdyr. Onuñ döredijiligi irki döwür arap poeziýasyny öwrenmek üçin iñ gowy nusga bolmak bilen birlikde Pygamberimiziñ (s.a.w) ömür ýoluny dolulygyna öwrenmek üçinem hem iñ ygtybarly çeşmedir. ■ Ebu Talybyñ imany Ebu Talybyñ Pygamberimiziñ (s.a.w) başdan geçiren iñ agyr we muşakgatly günlerinde onuñ daşynda gala deýin pena bolandygyna hiç kimiñ şek-şübhesi ýok. Emma Ebu Talybyñ imany barada welin şaýylaryñ we sünnileriñ arasynda häzire çenli gereksiz bir jedel dowam edip gelýär. Şaýylar Ebu Talybyñ musulmandygyna we onuñ yslamy kabul edendigine doly ynanýarlar. Şaýy alymlary onuñ musulman bolandygyny Ehli-Beýtden edilen rowaýatlara esaslanyp öñe sürýärler. Emma Ehli-sünnet alymlary we taryhçylary Ebu Talybyñ yslama girmändigini, onuñ müşrik bolup dünýäden ötendigini ýazýarlar. Dogrusyny Alla bilýär. Bize düşen paý, onuñ imanyny jedelleşmek däl-de, geçmişi içgin öwrenmek we ony nesillere mynasyp görnüşde öwretmekdir. ■ Ebu Talybyñ Pygamberimize (s.a.w) bagyşlap ýazan goşgusy Ol güler ýüzlüdir, nurly bakyşly, Onuñ üçin ýagar bulutlañ ýagşy. Ol ýetim-ýesiriñ howandarydyr, Ol eklençsiz dullañ arkadagydyr. Kim Beni Haşymdan çekse horlugy, Ýene-de Ol eýlär howandarlygy. Onuñ saýasynda nygmat-yhsandan, Peýdalanyp gamsyz gezer ynsanlar. Ol misli bir adalatyñ mizany, Ýalñyşmaz arpanyñ dänesi ýaly. Çekeninde dürs çeker, irinmez, Göwnüñde galplygyñ gümany bolmaz. Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||