18:22 Ebu Zer we başy ölümli ýaş ýigit | |
EBU ZER WE BAŞY ÖLÜMLI ÝAŞ ÝIGIT
Halk döredijiligi we rowaýatlar
• ýa-da ähde wepalylygyñ belent nusgasy Yslamy gymmatlyklaryñ, iñ oñat adamkärçilik häsiýetleriñ kör-köpükçe gadyr-gymmatynyñ galmadyk şu günlerinde ähde wepalylygyñ, beren sözüñde durmagyñ, mömin doganyña ýardam etmegiñ, başga birine kepil geçmegiñ, geçirimli bolmagyñ hemmelerden köp musulmana ýaraşýandygyny ýatladýan waka... Dört Çaryýarlaryñ ikinjisi Hezreti Omaryñ halyflyk döwründe şeýle waka bolup geçdi. Omar (r.a) sahabalar bilen gürrüñ edip otyrka añyrdan üç sany adam geldi. Gelen adamlaryñ ikisi üçünji adamyñ golundan mäkäm tutup, halyfyñ öñüne dikipdir. Halyf näme bolandygyny sorapdyr: - Aýdyñ oturyñ, näme meseläñiz bar? Bu ýigidiñ näme günäsi bardy-da, golundan mäkäm tutup, bärik südenekledip getirdiñiz? - Eý, möminleriñ emiri! Bu ýigit biziñ kakamyzy öldürdi. Bizem ylahy adalatyñ ýerini tapmagy üçin ony huzuryñyza getirdik. Kakamyzyñ günäsiniñ ýokdugyny ynanýarys. Çünki kakamyz golaý-goltumynda gowy görülýän, sylanýan adamdy. Şindi munuñ üçin näme etmeli bolsa, şony-da etmegiñizi talap edýäris. Pygamberimiziñ (s.a.w) ikinji halyfy, adalat güneşi hezreti Omar ol ýigide: - Bularyñ aýdýanlaryny-ha eşitdiñ. Aýdylanlar dogrumy? Eger dogry bolsa, sen näme aýdyp biljek? - diýdi. Ýaş ýigit aýdylanlara garşylyk bildirmedi. Bularyñ dogry aýdýandygyny, ýöne özüniñem käbir zatlary aýtmakçydygyny aýdyp, rugsat alandan soñ gürlemäge başlady: - Eý, möminleriñ emiri! Men bir obaly oglan, pygamberimiziñ "meniñ guburymy zyýarat eden, meni zyýarat eden ýalydyr" diýen sözünden ugur alyp, bäri serwerimiziñ mübärek gubruny zyýarat etmäge geldim. Medinäniñ ýakynyna gelenimde, täretimi täzelemeli boldy. Bir hurmalyk ýeri gabatlap, aýagulagymdan düşdüm. Täret alyp durkam, bir seretsem, atym hurma agaçlarynyñ şahalaryna ýapyşan eken. At hurmalary zaýalamasyn diýip, dessine atymyñ duran ýerine ylgadym. Edil şol wagtam garşymdan bir ýaşuly gygyryp geldi. Gowja golaýlaşandan soñ, hiç zat diýmän, hiç zat soraman, elindäki ýumruk ýaly daşy atyma aýlap saldy. Ajaly ýeten at janawer duran ýerinde öläýdi. Men atymy juda gowy göremsoñ, hem şondan başga aýagulagym bolmansoñ, ol ýaşulynyñ atymy biderek zat üçin öldürenine gaharym geldi. Özüme erk edip bilmedim, menem atyma zyñylan daşy aldym-da, özüne zyñdym. Geñ galaýmaly, görgüliniñ ajaly ýeten bolmaly-da, olam öldi duruwerdi. Elbetde, muña juda gynandym. Dem salymlyk gaharyma ýeñilip, biriniñ ölümine sebäp bolupdym. Dessine ýaşulynyñ kimdigini indedim, maşgalasyny tapyp, çagalaryna ýagdaýy ýuwaşlyk bilen düşündirdim. Ynha, ýagdaý şundan ybarat. Eý halyf, eger men gaçmak islesedim, onda añsatlyk bilen gaçardym, emma men Hudaýa we ahyret gününe ynanýan adam. Jezam näme bolsa, ony şu dünýäde çekmäge razy. Ylahy adalat nämäni buýurýan bolsa ýerine ýetirilsin we hak ýerini tapsyn. Ýaş ýigidiñ aýdýanlary we özüni alyp barşy sahabalara-da ýiti täsir edipdi, emma höküm nämäni buýursa, şony berjaý etmelidi. Kakasy ölen ýigitler hun tölegini almaga razy bolanokdylar we gany gan bilen ýerine salmagy talap edýärdiler. Belli karara gelinip, gany gan bilen ýerine salmagy we ýaş ýigidi ölüm bilen jezalandyrmak makul bilindi. Ýigit özi baradaky höküme garşylyk bildirmedi, aljyramady, tolgunmady. Gaýtam, özüni diýseñ sowukganly alyp baryp, höküme yrzadygyny görkezdi. Diñe birje towakgasy bardy. Bärik zyýarat etmek üçin gelendigi we bular ýaly zadyñ başyna geljegini bilmändigi sebäpli gaýragoýmasyz çözülmeli işi bardy. Şonuñ üçinem şeýle diýdi: - Meniñ bu höküme hiç hili garşylygym ýok, bolubam bilmez... Şerigatyñ kesen barmagyna gyýylyp bolmaz. Men razy. Üöne sizden bir haýyşym bar, isleseñiz-ä kabul edersiniz, islemeseñizem özüñiz bilýäñiz. Haýyşym şudur ki, meniñ esewan edýän bir ýetimim bardy. Onuñ maña ynanan altynlaryny mellegimde gömüp goýupdym. Şol altynlar ol ýetimiñ gelejegi... Olaryñ ýerini-de menden başga bilýän ýok. Eger maña üç gün rugsat berseñiz, olaryñ ýerini ol ýetime aýdyp gaýdaýyn. Şeýlelik bilen hem-ä ol ýetim çaganyñ geljekdäki maddy meseleleri çözüldigi bolar, hemem öz hakyndan jyda düşmez. Hem menem ruzy-magşarda bir jogapkärçilikden azat bolaryn. Muny eşden Hezreti Omar şeýle diýdi: - Edil şumatky ýagdaýyñda saña nädip rugsat berip bileris? Onsoñam sen günäli ahyryn, jezañam ölüm jezasy. Birden gaçsañ näme? - Gaçmajagyma Allanyñ adyndan hemmäñiziñ öñünde ant içýärin. Eger gaçjak bolsam bireýýäm gaçyp biljekdigimi ýañam aýdypdym. - Seni goýberip bilemzok. Ýöne ýeriñe kepillik goýubilseñ, goýbereli. Ýaş ýigit bu jelegaýlara nätanyş biridi. Ol Resulallanyñ (s.a.w) mübärek guburyny zyýarat etmäge gelipdi. Ol iñ soñky çäre hökmünde duran sahabalara göz gezdirip çykdy. Eýsem oña kepil bolup biljek biri çykarmyka? Ikilenç gözden geçirdi, ýüreginiñ sesine diñ saldy we şol ýerde duranlardan Ebu Zer Gifaryny (r.a.) görkezip: - Şul adam maña kepil bolup biler! - diýdi. Bu gezek Hezreti Omar (r.a.): - Ýa Eba Zer! Näme diýýäñ, kepilligi kabul edip biljekmi? - diýip sorady. Ebu Zer jogap berdi: - Bu ýigidiñ üç güne çenli dolanyp geljegine ynanýaryn we kepil geçýärin! Şeýlelikde ýaş ýigidi goýberdiler. Olam üç günüñ dowamynda gidip geljekdigini söz berip gitdi. Aradan iki gün geçdi, üçülenji gün gelip ýetdi, emma gelenem ýokdy, gidenem... Bu gezek ölen adamyñ çagalary Ebu Zer Gifarä: "Ýa Eba Zerr! Kepil geçen adamyñ şindizem gelenok. Kimdigini tanamaýan adamyña nämüçin kepil geçdiñ? Ol eýýäm bir gezek ölümden sypdy, indi yzyna geljekmi?" diýip igenýärdiler. Ebu Zer bolsa: - Entek duruñ bakaly, heniz üç gün dolanog-a. Eger üç gün dollars, ol ýigidem dolanyp gelmese, şerigatyñ emri nämäni buýurýan bolsa, maña edip bilersiñiz. Men kepil boldummy, sözümde-de duraryn - diýdi. Sahabalary-da çuññur gynanç duýgusy gurşap alypdy. Birden ol ýigit gelmese, kepil geçendigi üçin gana gan Ebu Zerden alynmalydy. Halyf Omar: - Ýa Eba Zer! Eger kepil geçen ýigidiñ berilen möhletiñ dowamynda gelmese, müddet dolansoñ ylahy emri berjaý edip, gana gan hökmüni gijä galdyrman ýerine ýetirmeli bolaryn! Kada-kanunlary ýerine ýetirmek meselesinde oklaw ýaly göni bolan, günäkär ogly bolsa-da ýüz görüp gapyrga syrmaýan Hezreti Omaram şeýle diýip durdy. Ep-esli wagt geçip, gün ýaşmaga az salym galypdy. Şol iki arada sahabalar kakasy öldürilen ýigitler hun tölegini almagy teklip etdiler. Çünki olar sylanýan at-abraýly sahaba Ebu Zere ölüm jezasynyñ berilmegini islänokdylar. Emma olaram "gandarymyzy elin tutup getirensoñ, höküm ýerine ýetirilmeli wagty neçüýn kepil geçdiñ" diýip Ebu Zere gaharlary gelýärdi we "kakamyzyñ gany ýerde ýatsa bolmaz" diýýärlerdi. Bu wakany eşitmedik galmady. Medine çaýkanýardy. Hemmeler çuññur gynanja batypdy. Eýse Ebu Zere ölüm jezasynyñ berilmezligi üçin näme etse bolardy?.. Käbirleri iki doganyñ bolşuna gaharlary gelýärdi "ölen ölüpdir, şeýdeniñ bilen yzyna gelýärmi, hun tölegini kabul edäýmeli ahyryn" diýse, käbiri-de söz berip yzyna dolanyp gelmedik ýaş ýigide "özi üçin janyny orta goýup, işini bitirmegine kömek eden şular ýaly wepaly adama muny nädip rowa gördükä?" diýýärlerdi. Wagt azalýardy, gün batar batara geldi. Hemmeler sabyrsyzlyk bilen netijäniñ nähili gutarjagyny bilesi gelýärdi. Edil şol wagtam Medinäniñ bir çetindenbiri bar güýji bilen ylgap girdi. Elem-tas ýagdaýda, gara dere gark bolup gelen bu adam goýberilen ýigitden başga hiç kim däldi. Adamlaryñ köpüsi begenjine sykylyk atdylar. Ölmek üçin ajalyna tarap ylgap gelen adamy, belki-de, birinji gezek şeýle gowy görüpdiler. Ýigit gelşine möminleriñ halyfy Omaryñ huzuryna çykdy we boýun sundy: - Aýyplaşmañ. Belkäm, wagtyndan ir gelip bilmändigim üçin sizi gaýga goýandyrynam, ýöne özüñiziñem bilşiñiz ýaly, ýekeje atym bardy, olam öldürilip, başga aýagulagym bolmansoñ, paýu-pyýada gelmeli boldum. Görşüñiz ýaly, howa hem yssy, ýolam ep-esli uzak. Ýetişmerin öýdüp gara janym çykdy. Ýetişmesem ýene biriniñ ölümine sebäp bolardym, eger beýle bolsa, men munuñ jogapkärçiligini göterip bilmezdim... Hudaýa şükür, beren sözümde durdum. Eý, möminleriñ emiri! Indi hökümi ýerine ýetirip bilersiñiz! Men taýýar. Duranlar añk bolup galdylar. Bu ýigitden doly umyt üzülere gelende ylgap ölüme gelmegi olary söz bilen beýan edip bolmajak derejede haýrana goýupdy. Hemmeler şeýle diýýärdi: - Ine, mömin diýeniñ şeýle bolmaly, bir gyrasy ölümligem bolsa sözünde durmaly. Hemmeleri haýrana goýan ýigit yzyna öwrülip, şeýle diýdi: - Mömin bolan sözünde durar, ähdine wepa görkezer. Ölüm diýeniñ ne öñ alynar, ne-de soñ... Ondan gaçanyñ bilen gutulan barmy, men gutulaýyn? Wagty-sagady geldimi, hiç kimiñ elinden gelen zat bolmaz, wagty-sagady dolmasa-da, Allanyñ beren janyny alybiljek barmy? Gelenime geñ galýarsyñyz. Elbetde, gelerdim! Men "dünýäde ähde wepa galmady" sözüni diýdirjek adam däl! Şol sanda Ebu Zeriñem tanamaýan adamynq şirin janyny orta goýup kepil geçmegi-de, diýseñ haýran galdyryjy ýagdaýdy. Ondan bu ýigidi doly tanaman, nädip töwekgellik edip bildiñ diýenlerinde: - Ýok, men bu ýigidi tanamokdym. Ýöne bu waka möminleriñ halyfynyñ we birnäçe sahabanyñ gözüniñ alnynda bolup geçdi. Dogruçyldygyna gözüm ýetip duran we alaçsyz ýagdaýda galan adamy kyn ýagdaýda goýmak, üstesine maña bil baglan ýagdaýynda eliñi uzatmazlyk uslypmy? Hem men onuñ bu teklibinden ýüz öwrüp, "dünýäde mertlik diýen zat galmandyr" diýdirsem gowumy? - diýdi. Hakykatdanam, diýseñ duýgulandyjy ýagdaý emele gelipdi. Bu wakalar we sözler gözleriniñ öñünde bolup geçen merhumyñ ogullary-da ýumşap, merhemete gelipdiler. Onsoñam ol ýigit olaryñ kakalaryny öldürjek bolup daşy zyñmasa näme. Görgüliniñ mañlaýy şeýledir-dä, atdanlykda ol öldi duruwerdi. Şeýlelikde olaram dawalaryndan el çekip, gana gan alynmagyny islemeýändigini aýtdylar. Olara hun tölegini bermek teklip edildi. Töleg Beýtul-Maldan alynmalydy. Olaram öz gezeginde "dünýäde adamkärçilik galmandyr" diýdirmäliñ" diýip, Allanyñ razylygy üçin dawalaryndan el çekýändiklerini tekrarlap, hun tölegini-de geçýändiklerini aýtdylar. Şeýle ajaýyp görnüş uly-kiçi hemmäni diýseñ tolgundyrdy, ajaýyp duýgulara gark etdi. Hemmeleriñ gamaşyp duran gynançly ýüzüni söz bilen beýan edip bolmajak şatlyk uçganaklary eýeledi. Taraplar yrzalaşdylar, gujaklaşdylar. # Internet maglumatlary esasynda toplap, terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |