00:30 Edebi döredijilik hakynda | |
EDEBI DÖREDIJILIK HAKYNDA
Edebi makalalar
Töweregiňe göz aýla-da oýlan. Göräýmäge, dünýe şeýle bir giñ hem akyl eleginden geçirmek üçin bar zat aç-açandyr. Emma ol şeýle bir ägirt welin, onda esasy zady - agyryly ýerleri görmezlik hem şeýle añsat. Strugaskiler hayran galdyryjy erjellik bilen ýylba-ýyl kitap yzyna kitap ýazyp, dünyäniň esasy müşgil meseleleriniñ üstüni açdylar. Olardan iñ ilkinjisi - çaga terbiýesi. Biziň kemçiliklerimiziň geljek nesillere geçmezligi üçin näme etmeli? Muňa tutuş adamzadyň geljegi bagly. Bu mesele hristiany, musulmany, dinsizi, alymy, agtyklary tarapyndan taşlanan bisowat garryny - ähli kişini gozgalaňa salýar. Strugaskiler 30 ýyl mundan öň bu barada ýazdylar. Hatda tebigatlaryna laýyk gelmese-de, bu barada ýörite mekdep ulgamyny, mugallymyň başga bir statusyny, çaga akylly-başly, adamkärçilikli çemelesmegi hödürlediler. Basga bir agyryly meseläni - soňky döwürde agyrysy has-da çydamsyz ýagdaya gelen adamyň tebigat bilen gatnaşygy meselesini doganlar Strugaskiler köpleriň akylyna-da gelmänkä galdyrdylar. O döwürler ekologik heläkçilik hakynda hiç hiç kim pikir hem etmeyärdi. Köp kişi "ekologiya" sözüni hem heniz eşitmändi. Olar dünyä edebiyatynda ilkinjileriň hatarynda siwilizasiýany tebigat bilen bütewülikde suratlandyrdylar. Ilkinji bolup bu barada roman-duýduryş ýazdylar. Haýran galdyryjy batyrgaýlyk bilen buýruk beriji adminstratiw ulgamy tebigaty ýok etmekde aýpladylar. Ýene bir ejir beriji mesele: sahsyýet we jemgyýet. Bu mesele ägirt we baky, aslynda ol adamzadyň ähli müşgilliklerini öz içine alýar. Strugaskiler bu meselä başgaça - özlerice garamagy başardylar. Olardan öň hiç kim dünyä şeyle nazar bilen garamandy. Bu ýazyjylar ynsanyň rahatlyga bolan ymtylysy bilen sol rahatlygyň öz-özi geler, ony jemgyýetiň özi peşgeş bermeli diyen düşünjäniň arasyny açdylar. Strugaskiler bizi oýlanmaga, hemişe we yhlas bilen çynlakay oýlanyp ýaşamaga çagyrýar. Arkadiý Natanowiç Strugaskiý 1925-nji 28-nji awgustynda Batumi şäherinde dünýä inýär. Soñra Peterburgda ýaşaýar. Kakasy-sungaty öwreniji, ejesi-mugallym. 1942-nji ýylyň başlarynda kakasy bilen gabalan Leningraddan çykýar. Orenburg oblastynyň Taşla şäherinde ýaşaýar. Şol ýerden hem goşun gullugyna çagyrylýar. Aktýubinskiniň topçulyk mekdebinde okaýar. Ol ýerden Moskwanyň daşary ýurt dilleri harby institutyna iberilýär. Ol 1949-njy ýylda ýapon we inlis dillerinden terjimeçi hünärini alýar. Kandaky harby terjimeçiler mekdebinde mugallym bolup işleýär. Uzak Gündogarda diwiziýa terjimeçisi bolup gulluk edýär. 1955-nji ýylda harby gullugy tamamlaýar. Neşirýatlarda redaktor bolup işleýär. 1955-nji ýyldan başlap, edebiyat bilen çynlakaý iş salşyp başlaýar. Ýöne harby gullukdaka-da hekaýalar ýazyp, daşary ýurt ýazyjylarynyň eserlerini terjime edýär eken. 1956-nji ýylda L.S.Petrow bilen birlikde "Bikininiň küli" atly powestini ýazýar. Mundan soň ol dine fantastiki eserleri kiçi dogany Boris Strugaskiý bilen döredýär. Şu wagta çenli 25 sany romandyr powesti, hekaýalary, birnäçe senarileri neşir edilýär. Ýapon we amerikan ýazyjylaryň - Kobe Abeniñ, E.Nortonyň, A.Azimowyň, H.Klimentiñ ve beýlekileriň fantastik eserlerini terjime edýär. Inisi bilen birlikde döreden kinosenarilerinden režissyor A.Tarkowskiniň "Stalker" atly filmi has meşhurlyk gazanýar. Arkadiý Strugaskiý 1991-nji ýylda aradan çykýar. * * * Arkadiniň inisi Boris Natanowiç Strugaskiý 1933-nji ýylyň 15-nji aprelinde Peterburgda dünýä inýär. 1955-nji ýylda LGU-nuň mehaniko-matematik fakultetini ýyldyz astronomy hünäri boýunçı tamamlaýar. Pulkowo obserwatoriýasynda işleýär. 1966-njy ýyldan başlap edebiýat bilen meşgullanýar. SSSR-iň ýazyjylar birleşiginiň agzasy bolýar. Ähli eserlerini diýen ýaly agasy Arkadiý bilen birlikde ýazýar. Olardan iň meşhurlary: "Hudaý bolmak kyn", "Eñňitddäki balykgulak "Tolkunlary ýeli ýatyrýar", "Garynja hinindāki tomazak", "Duşenbe şenbeden başlanýar". B.Strugaskiý 2012-nji ýylda aradan çykýança eserlerini S.Witiskiý lakamy bilen ýazýar. Agasy bilen birlikde Orsyýetiň we daşary ýurtlaryň edebi baýraklarynyň birnäçesiniñ eýesi. Gün ulgamyndaky asteroidler guşagyndaky kiçi planeta Strugaskileriň adyny göterýär. Ýazyjynyñ iñ dogry ýörelgesi, meniň düşünşimçe, täze kitabyňy iň ahyrky kitabyň hasaplap yazmakdyr. Biz her täze kitabymyzy ýazanymyzda şu ýörelgä eýerdik diýip biljek däl. Ýöne köplenç şeýle edýärdik. Emma "iň esasy kitabymyzy", meniň pikirimçe, ýazyp bilmedik. Meniň garaýşymça, biz wagt geçdigiçe gowy ýazdyk, has takygy, köpdürli, eger diýip bolýan bolsa, has akylly ýazdyk. Iň esasy zat hem göwün aldamalardan dyndyk. Bu bize arzan düşmedi - munuň üçin optimizmi ýitirdik. Esasy zat ýazyjy okyjyny haýran etmeli. Ol muny nädip gazanypdyr bu onuň öz işi. Esasy zat, kitaby okanyňdan soň näme galýar, eger pikirleriň zarýady galsa-örän gowy, eger diñe emosiýalaryň zarýady galsa-bu-da erbet däl. Iň erbedi - hiç zat galmasa, ýöne, köplenç, kitap pikiri däl-de, duýgulary joşdurýar. Bu hem, meniňçe, hiç tarapdan pes däl. Okyjynyň talanty - onuň duýgudaşlyk bildirmegi başarmagy. Bu başarnygyň, edil şonuň ýaly, talantyň hem gözbaşynyň nämededigi maňa aýan däl. Elbetde, okyjy akylly, ruhy duýgurlygy inçe, tejribeli bolsa, şonça gowy. Emma onuň duygudaşlyk bildirip bilmek talanty bolmasa, bularyň barynyň bahasy gara şaýy. Çünki eseriň gahrymanlary okyjyda duygudaşlyk döredip bilende awtor öz wezipesini ýerine ýetirdim diýip hasaplaýar. Bu meselede wagt, döwür uly rol oýnamaýar. Dek düýn ýa-da müň ýyl mundan öň ýazylan kitap hem deň duýgudaşlyk oýaryp bilýär. Mysal üçin, "Ýekleziast" ýa-da Injil mende özüm başymdan geçirýän ýaly duýgy döredýär. "Ýazyjy üçin gyzygy bolmadyk zadyň okyjy üçin hem gyzygy bolmaz" diýlen kesgitleme ýazyjy üçin esasy ýörelge bolmaly bolsa gerek. Seni tolgundyrýan hem seniň gowy bilýän ýa-da senden başga hiç kimiň bilmeýän zady barada ýazmaly, galany bidereklik. Fantast ýazyjy, islendik beýleki ýazyjy ýaly, hiç kime hiç zat borçly däl. Ýöne öz öňünde bir zada borçly bolmagy mümkin - dogruçyl bolmak, mümkin boldugyça, ýalany artdyrmazlyk. Galan meselede "Her kim dem alşyna görä ýazýar". Ýazyjy-şahyrlar elmydam özlerini öte söýýärler". Hatda öredijilik adamlarynyň köpüsi dõredijilik adamlarynyň köpüsi özlerini öte söýýär. Menem şeýle. Ýöne özüme erk etmäge, özümi başyna goýbermezlige çalyşýaryn. Pikirleriň we duýgularyň dyňzaýan çagy ýazmaly. Okyjyda sarsgyn döretmek üçin özüň sarsan halda bolnagyň zerur däl. Dünýä meşhur romanlaryň köpüsi sosial taýdan durnukly, asuda halda ýazylypdyr. "Dünýeleri döretmek" islegi köp adamda bar. Haçanda bu isleg durmuşa geçende fantastika döreýär. Her adamda Demiurg ýatyr - bar meselede şonda bolsa gerek. Ýöne adamda bu nireden peýda bolýar - muňa welin, jogap ýok. Özüni gurşap alýan hakykaty kagyza geçirjek bolmaga ymtylmak islendik ýazyjynyň maksady. Fantastika bolsa dekorasiýalardan düzülýär. Biz bütin ömrümize Gerbert Uellsiň "Fantastika - adatdan daşary ýagdaýdaky adaty adam baradaky edebiýatdyr" diýen ýörelgesine eýerip işledik. Awtor üçin esasy zat romanda adatdan daşary ýagdaýyň nähili bolup geçýändigi däl-de, gahrymanlaryň bu ýagdaýda özüni alyp barşydyr. Mende ýeke-täk, anyk kesgitlenen döredíjilik konsepsiýa ýok. Mende käbir düzgünleriň we aksiomalaryň ýygyndysy bar. Zerur bolşuna görä, olardan peýdalanýaryn. Edebiýat adamlar we adamlaryň ykbaly barada gürrüň bermeli. Kitabyň esasy wezipesi okyjyda gahrymanlaryň we olaryň ykbalynyň müşgiliýetlerini özüniňki ýaly duýdurýan duýgudaşlyk döretmekdir. Fantastika eser ýazylanda ýitiligi, duýgydaşlygy güýçlendirmek maksady bilen adaty edebiýatyň baryp bilmeýän meselerlerni gozgamak üçin ulanylýan edebi usuldyr. Aýdaly, aňyň älemdäki ýagdaýy ýa-da geljegiň sosialogiýasy muňa mysal bolup biler. Fantastika üç sany piliň üstünde durýar - adaty ýagdaýda bolup bilmejek hadysa - syr - ynandyryjylyk. Adatdan daşarylyk - bu esere salynýan fantastiki element, syr - maglumatyň beriliş usuly, okyjyny sahypadan sahypa çekip, kitaby taşlatman yzyna düşürýän käşırjagaz, ynandyryjylyk bolsa pilleriň esasysy, ýazgynyň hakykat bilen arabaglanşygy, kitabyň içindäki hakyky durmuş. Onsuz roman güýmeýän ertekä öwrülýär. - Rus edebiýatynyň in naýbaşy eserlerinde gahrymanlaryň soñy gowy bolmaýar. Näme üçin şeýlekä? - Men öňem ýazypdym, bu diňe rus edebiýatynda däl, bu gowy eserleriň köpüsine mahsus. Megerem, hakyky durmuşyň özi şeýle bolansoň, ýazyja gussaly tamamlanyş hakykata ýakyn görünýär. Şatlykly, bagtyýar tamalanmak bolsa ýasama meňzeýär. - Ýokary derejedäki çeper eser inkär etmeden başga zadyñ üstünde-de gurlup bilermi? Mende inkär etmek islendik ýokary derejeli çeper eseriň durky diýen duýgy bar. Onuň pozitiw bölegi bolsa ruh. Ruh bolsa awtoryň ahlagynyň şöhlenenmesidir. Edebiyat - hemişe inkär etmek. Şer bilen göreşi üns merkezinde tutyan eser ýaşamaga haklydyr. Üstesine-de, haýyr diňe ýazgyň içinde üm bilen aňladylýar – awtoryň ahlagy we haýyr aç-açan görnüşde asla görünmän hem biler. Haýyr ýatlanman hem biler. Haýyr göze dürtülmän ýaşaýar. Şer bilen göreşýän gahryman ahlaklylygyň belli ölçeglerine laýyk gelen wagty, oňa bolan hakyky duýgudaşlyk oýanýar. Okamagyñ manysy şunda. Pozitiw programmalar barada aýdylanda bolsa, bütindünýä edebiýatynyň tejribelerinden görnüşi ýaly, awtor öz kitabyndan ahlak düzgünleriniň jemlemesini, göreldeli hereketleriň toplumyny, gönüden-göni täsir edýän "durmuşyň okuw kitabyny" ýasajak bolmagynyň özi eýýäm kitaby ýok edýär. Gepiň gelişine görä aýtsak, sosialistik realizm ruhunda ýazylan, bu ideologik taglymata ak ýürekden eýerjek bolnup ýazylan eserler ýokary derejeli edebiýat bolup bilmediler. Çünki, olarda iň esasy taglymatlaryň biri haýryň gönüden-göni görkeziljek bolunmagydyr. Olarda haýryň ýazgynyň aňyrsyndan görünmegi, eseriň ruhunda bolmagy ýeterlik däldi - ol sahypadan sahypa geçmelidi, mysal üçin, obkomyň sekretarynyň keşbinde haýyr aç-açan özüni görkezmelidi. Ol gödek, gözilginç şekilde görnüp, eseriň çeperçilik derejesini pese gaçyrýardy. Hakykatda welin şer haýyr ýaly bolmaýar, aç-açan görünýär, anyk göze dürtülýär. Haýyr bolsa duyulmaýar, tutdurmaýar, edil ahlagyň özi ýaly, edil ruh ýaly, düşünýäňizmi? Hakyky ýazyjy "düýp mazmuny" oýlap tapmak bilen meşgullanmaýar. Ol ýazylmagynyň manysy bolan ýeke-täk hakyky mazmun barada - adam ykballary barada çeper eser ýazýar. Emma dekorasiýa, anturaž, ahwal üçin täze mazmunlar oýlap tapmak bu başga gep. Bu tebigy ýagdaý. Çünki fantastika bu adatdan daşary ýagdaý, syr, ynandyrjylyk. Täp-täzeje mazmun bolmasa, adatdan daşary, bolup bilmejek ýagdaýlar nädip bolsun? Şeýdip, başga planetalylar, aňly planetalar, jadygöý porhanlar... döreýär. Emma olary zerurlyk bolmazdan köpeltmek bolarmy? Meniň pikirimçe, bolmaz. Fantastika ýazyjyny juda berk çäklendirmelere salýar. Hakyky fantastika hakyky realistik eserden hem hakykat bolmaly. Hakykatdan diňe ýaramaz fantastika, aslynda, ýaramaz eserleriň ähli görnüşi, daşlaşdyrýar. Gowy fantastika elmydam reallyk bilen berk baglanşykly bolmaly. Eser näçe gowy bolsa şonça-da baglanşyk berkdir. Dogrusy, men eseri "gowy", "erbet" diýip bölmegi, bireýýäm goýdum. Eser diňe ýarap ýa-da ýaraman biler. Siziň kime gözüm gidýändgini bilesiňiziň gelýäni çyn öýdýän. Hawa, meniň Alekseý Tolstoýyň hem Mihail Bulgakowyň dury hem şireli diline gözüm gidýär. Lemiň haýran galdyryjy hyýalynakeşligine gözüm gidýär. Gaýtalap, ýaraglanyp bolmaýan zatlaryň ählisine gözüm gidýär. Ýöne bu arassa gözügidijilik, ýagny tagzym bilen haýran galmagyň garyndysyndan ybarat. Köpçülik edebiýaty köpüň gowy görýäni üçin şeýle atlandyrylýar. Köp okyjylaryň has pes derejeli bolandygy üçin olara ilki bilen pes, ikinji hilli edebiýat ýaraýar. Emma köpçülik edebiýatynyň hemmesi hökman ýaramaz däldir. Bagtly adatdan çykmalar hem bolýar. Mysal üçin: Ilf we Petrow, Bulgakow, Hemingueý, Grem, Grin bular köpçüligiň söýüp okaýan ajaýyp awtorlarydyr. Edebiyat hakynda aýtsak, biz hemişe bir ýörelgäni ün- deýärdik - ýazýan ýazyjy däldir, okalýan ýazyjy ýazyjydyr. Mundan gelip çykýan netije - stolyň tekjesi üçin ýazmak professionalyň däl-de, höwesjeňleriň işidir. Elbetde, ähli kişi höwesjeň bolup başlaýar. Birbada çap edilmek hakynda pikir etmegem bihaýalyk ýaly görünýär. Emma işdäniň iýdigiňçe açylyşy ýaly, ep-eslije kagyz garalanyňdan soň, pikirine hormat goýýanlaryň alkyşyndan soň, batyrgaýlygyň artýar. Ahyry golýazmaňy redaksiýa eltýäň. Ine, şol pursat hem in gorkunç ýagdaýlar başlaýar. Ýaş okyjynyň öňünde kitaby püçege çykarmagyň in gowy ýoly ony mekdep programmasyna goşmakdyr. Biziň ýagdaýymyz ýagşyrak ýaly, bizi diňe okalmagy maslahat berilýän kitaplaryñ sanawyna goşýarlar. Köplenç awtor aýry, gahryman bir aýry. Bu şahslar seýrek kesişýärler. Bu ýagdaý ýazyjy gahryman hökmünde özüni mysal edinse ýa-da awtoportretini ýazsa bolup bilýär. Elbetde, awtor öz gahrymanyny halabam biler, ýigrenibem. Emma gahryman hemişe awtoryň häsiýetine kaýyllykda däl-de, öz häsiýetine görä hereket edýär. Şonuň üçin hem awtor öz gahrymany üçin jogapkär däldir. Meni täze pikirler az gyzyklandyrýar (görüp otursañ, olaram köne bolup çykýar). Edebiýatda akylyňy haýran ediji bir zady aýtmak hiç kime başartmandyr. Meni edebiýat gyzyklandyrýar, ýagny adamlar we ykballar hakyndaky kitap. Beýle kitaplara mätäçlik çekemok, şonuň üçin internet dörüp ýöremok. Daşky täsirden üzñe edebiýat ýok, çünki hakyk edebiýat hakyky durmuşyň azda-kände ýemşeren aýnasydyr. Biz ýazan wagtymyz pul hakynda pikirlenmeýärdik. Edebi eseriñ arkasyndan gün görüp ýaşap bolar diýen düşünje bizde asla ýokdy. "Kitabyňy neşir etmek hem oňa bildirmän guwanmak", ine, biziň başlangyç höwesimiz şudy. Şöhrat, häkimlik, buýsanç, kämillige ymtylyş, bilesigelijiligini kanagatlandyrmak ýaly islegler bilen deňeşdireninde pul bir ownuk zat. Pul aslynda özbaşyna maksat bolup bilmeýär. "Pul adama diñe pul hakynda pikir etmezlik üçin gerek" diýen düşünje iň laýygy. Adamdaky iň gymmat zatlary - çaglygy söýgüni, döredijilik üstünligini dostlugy - asla pula satyn alyp bolmaýar. Remark ýöne ýere "Pula satyn alyp bolýan zatlaryň ählisi arzan düşýär” diýmeýär. Stalkerde şeýle sözler bar: Professor: Siz näme hakynda ýazýaňyz? Ýazyjy: Nädip aýtsamkam... Esasan, okyjylar hakynda. Olaryñ başga zady okaslary gelenok. Meniň pikirimçe, kitap okyjyny hyýaly dünýä äkitmek ýazylmaýar. Kitap hakyky durmuş bilen berk baglanyşýan we içinde diñe hakykat bolanda gowy kitap bolýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |