ELLERI GANLY STALINI GÖRDÜM!
Leniniñ ölüminden soñ SSSR-iñ ýolbaşçysyna öwrülen Staliniñ ellerine Leniniñ gany hem bulaşypdy. Muña garamazdan, iñ geñ galmaly ýeri bolsa Staline "Halklaryñ atasy" diýilýärdi!
* * *
Patyşa Russiýasynyñ ýykylyp, onuñ ýerine SSSR-iñ gurulmagy bilen Lenindir Staliniñ häkimiýeti ele almagy we ýurdy dolandyran ýyllarynda halka beren jebri-jepalary häli-häzire çenli gyzgyn jedelleriñ temasy bolup geldi. Häkimiýetiñ dowam etmegi üçin gandöküşligiñ hökmanydygyna ynanan sowet düzgüni käbir prinsiplere goldanyp, öz halkynyñ içinde köpçülikleýin gyrgynçylyklary kanuny taýdan esaslandyrmaga çalşypdyr. Edil şonuñ ýaly-da Orta Aziýadaky türki halklar bolan türkmenlere, özbeklere, gazaklara, gyrgyzlara we garagalpaklara yzygiderli ýagdaýda genosid amala aşyrdy. Gynansakda, sosialist düşünjäniñ zyýanly galyndylaryndan saplanyp bilmeýän käbir kişiler Lenine we Staline "diktator", "zalym", "ganhor" ýaly sypatlary ýöñkeýänleri tankytlamaga we bu iki şahsyñ amala aşyran repressiw diýdimzorlugyny, SSSR-iñ añzakly Sibirde guran zähmet-düzediş konslagerlerini "sowet häkimiýetini berkarar etmek üçin" edilen "şol döwrüñ zerurlygy" diýip düşündirmäge synanyşýarlar.
Leniniñ döwründe 20-nji ýyllarda açlykdan gatap ölen 5 millon adamyñ soñy Staliniñ döwründe-de gelmedi, gaýtam başga-başga atlar bilen täze-täze gyrgynçylyklar amala aşyryldy. Aslynda, "sosializmiñ bähbitlerini goramak" tutarygy astynda aklamaga synanşylýan Iosif Stalin (Iosif Wissarionowiç Jugaşwili) Gitleriñ Ikinji jahan urşunda sebäpkär bolan ölüminden has köp ölüme sebäp bolan bolsa gerek. Şeýle-de bolsa, ýewreý lobisi Gitlere gargynmaly bolsa iki paý berlen ýaly, ýöne Staliniñ ady agzalsa eger-eger jyñkyny çykaranok.
1918-1920-nji ýyllaryñ graždanlyk urşy ýyllarynda Lenin millionlarça adamyñ ganyna galypdy.
1924-nji ýylyñ 21-nji ýanwarynda Leniniñ aradan çykmagy bilen partiýanyñ ýolbaşçy wezipesine saýlanan Staliniñ döwründe, professor Wadim Rogowiniñ aýtmagyna görä: "1928-1933-nji ýyllarda ikilenç uruş dowam etdi we bu uruş alty ýyla golaý dowam etdi. Stalinçi gatlaklar tarapyndan daýhanlara garşy alnyp barylan rehim-şepagatsyz we agressiw hereketlerden doly zorlukly kollektiwizasiýa soñabaka tutuş ýurdy gaplap alan graždanlyk urşuna öwrüldi. Orta Aziýa sähralyklarynda 1928-nji ýylda başlan köpçülikleýin gyrgynçylyklar bolsa meseläniñ başga bir tarapy. Staliniñ düşnüksiz ýagdaýda diktaturasyny goramaga çalyşmagy sebäpli on müñlerçe adama zalymlyk bilen ezýet edilýärdi we bu ezýetlerden sag galanlar bolsa etmedik etmişlerini etdim diýmäge mejbur edilýärdi. Hususanam Gazagystanda 1928-nji ýylda başlan tutha-tutluk döwründe ençeme gazak ýazyjy-şahyrlary, öñdebaryjy adamlary türmelere salynypdyr, sürgüne iberilipdir we öldürilipdir.
Staliniñ ganly syýasaty 1928-nji ýylda gutarmady, gaýtam 1937-38-nji ýylda has aýylganç süteme öwrülip, iñ soñky ýetjek derejesine ýetdi. Diñe şu iki ýylyñ dowamynda tussag edilen we öldürilen adamlaryñ sany sowet düzgüniniñ dowam eden ähli ýyllaryndakysyndan alty esse köpdür.
1937-38-nji ýyllaryñ ýene bir bellemeli tarapy bar, olam gazak progressiwleriniñ bu döwürde yzygiderli ýagdaýda "halk duşmany" yglan edilip sud edilmegi we öldürilmegidi.
Seken Seýfulin, Ahmet Baýtursynow, Magjan Jumabaý, Turar Ryskulow, Şekerim Kudaýberdiýew, Mirjakyp Dulatow, Alihan Bökeýhanow ýaly tanymal ýazyjy-şahyrlar, täsirli ýolbaşçylar tussag astyna alnyp dürli ezýetlere sezewar edildi we yzýany bilenem öldürildi.
Mekdeplerde ters ündew edýär bahanasy bilen mugallymlaram oka düzüldi, hatda öldürilenleriñ jesetlerini ýükläp äkidip gara ýere duwlan şofýorlaryñam öldürilendigi ýüze çykdy. Şeýtmek bilen maksat: olaryñ mazarlarynam tapylmaz ýaly etmekdi. Staliniñ zulmy çekip-çydam bolmajak derejelere çykyp başlansoñ bir milliondan agdyk gazak Eýrana, Owganystana we Hytaýa gaçdy.
Stalin döwründe bolup geçen ganly wakalaryñ sistematiki ýagdaýda amala aşyrylan döwlet derejesindäki terrorçylykdygyna indi köpler gowy düşünýär. Bu sütemkärligiñ iñ esasy şahasyny emele getiren GULAG konslagerleri baradaky maglumatlar sowet döwründe gizlin saklanmaga çalşylypdy. 90-njy ýyllardan soñ buzlar eremäge başlamagy bilen gizlin bukjalaram orta çykaryldy. Emma häli-häzirem taryhçylar bolup geçen wakalara takyk seljerme geçirip bilenoklar. Meşhur rus ýazyjysy Aleksandr Solženisyn öz ýazgylarynda Staliniñ pidasy bolanlaryñ sanyny (muña ölüm jezasy berlenler, sürgün edilenler, türmä salynanlar hem girýär) 15 milliona ýetirýär. NKWD-niñ arhiwlerindäki resmi maglumatlar bolsa düýbünden başgadyr, olar adam pidalarynyñ sanyny 4 million diýip görkezýär. Ýöne soñky görkezien sanam az-uçuk däl ahyryn!
(Nurbek Hairmuhammedow, "Bahar" žurnalynyñ 41-nji sany, 171-nji sahypa, 2007).
Bolup geçen ganly wakalaryñ ählisini N.Hruşýow Kommunistik partiýanyñ XX gurultaýynda agzap geçipdi we bu zatlaryñ ählisi üçin Stalini günäkärledi.
Orta Aziýada kolhozlar gurup, halkyñ elindäki mal-mülküni gañryp almakdan we ýurtlaryñ ýerasty-ýerüsti baýlyklaryny Moskwa daşamakdan başga zady bilmedok Stalin bu zorlukly syýasatyna garşy çykan kim bolsa bolsun, tapawudy ýok, her kesi "halk duşmany" diýip yglan etdi, agyr jebri-jepalara uçratdy. Haýsydyr bir "halk duşmany" adyny alan biri munuñ öwezini ömri bilen ödäpdir, ýaman ýeri onuñ yzynda galan maşgalasy we ilen-çalany "halk duşmanynyñ aýaly, çagasy ýa-da garyndaşy" tagmasy bilen ýaşamaga mejbur boldy. Hatda olaram zähmet konslagerlerinde ugradylyp, agyr şertler astynda birnäçe ýyllap işledilipdi. Ýagny, köpçülikleýin tutha-tutluklar, gyrgynçylyklar birwagt gutaranam bolsa, ölümleriñ öñi-ardy gelmändir, konslagerlerdäki adamlar saklanýan ýerleriniñ agyr şertleriniñ astynda dürli wagtlarda wepat boldular.
Staliniñ dolandyran 28 ýylynda ölen adamyñ 50 milliona ýetendigi çaklanylýar. Onuñ döwründe Türküstanda 14 müñ metjit, Kawkazda we Krymda 8 müñ, Tatarystanda we Başgyrdystanda 4 müñ metjit doly ýykyldy ýa-da harap edildi. Öldürilen dini ulamalaryñ, ahundyr-mollalaryñ, alymlaryñ sany bolsa 270 müñden geçdi. Munuñ bilenm çäklenmedik Stalin olaryñ bir bölegini uzak Sibirde -65° derejedäki sowugyñ höküm sürýän lagerlerine sürgün etdi.
Stalin Buhara, Samarkant, Kokant, Kazan, Hywa, Ufa, Baku, Daşkent, Bakjsaraý,Derbent, Timirhan, Kaşgar, Alma-Ata, Tirmi ýaly şäherlerde "Gurhanyñ" we Hadys kitaplarynyñ, dini eserleriñ millionlarça nusgasyny toplatdyryp ýakdyrdy, aýak astyna alyp depgiletdirdi.
1953-nji ýylyñ 5-nji martynda Staliniñ ölmegi bilen partiýanyñ başyna Nikita Hruşýow geçdi. Hruşýow hiç haçan jyny jyñkyryşmadyk Stalini SSSR-e duşman yglan etdi we Staliniñ ady bilen başlaýan şäherleriñ adyny üýtgetdi. Munuñ bilenem çäklenmedik Hruşýow garyp bir ädikçi bilen takwa aýalyñ ogly bolan Staliniñ pullardaky we edara-kärhanalardaky suratlaryny ýok etdi, heýkellerini aýyrtdy.
Dirikä kölegesindenem gorkulan bu eli ganly diktatoryñ mazary açylyp, jesedi Kremliñ daşyna zyñyldy.
# edebifikir.com
Taryhy makalalar