16:43 Emeli añ | |
EMELI AÑ
Ylym we tehnologiýa
Emeli aň, bu adam aňynyňky ýaly bir ýa-da birnäçe ukyby bolan kompýuter ulgamy hökmünde häsiýetlendirilip bilner. Bu ukyplara dile düşünmek, görüş duýgusy, öwrenmek, karar bermek ukyby we ş.m. girýär. “Emeli” sözi bu ýerde şol aňyň tebigy däl-de adam tarapyndan döredilendigini aňladýar. Emeli aň ýakyn ýigrimi ýylda dünýäni üýtgeder diýlip garaşylýar. Emeli aň indi hyýal ýa-da fantaziýa däl, ol bizi hemme ýerde gurşap alan ösen tehnologiýalaryň bir bölegi bolup durýar. Iru-giç adaty ulaglary çalyşjak pilotsyz ulaglar, zawodlarda we ylmy barlaghanalarda akylly robotlar, keselleri rentgen şekilleri bilen anyklaýan ulgamlar, wirtual kömekçiler, ýüzi tanamak ulgamlary, gözleg we sosial ulgamlarda algoritmler. Bularyň hemmesi emeli aňyň ulanylyşynyň mysallarydyr. Emeli aň kyn ýumuşlary we uly möçberli maglumatlary ýokary tizlikde işläp bilýär. Ol döwletiň örän köp pudaklaryny öz içine alýar. Banklar we finanslar, bilim, medisina, transport, oba hojalyk we başga-da juda köp ulgamlar. Geliň emeli aňyň edýän işine doly düşünmek üçin kiçiräk mysal getireliň. Meselem “YouTube” siz nämäni birnäçe gezek gaýtalap görýäňiz, nämäni görmän geçirýän bolsaňyz, nähili wideolara laýk goýýaňyz şony analiz edýär. Siz bilen bilelikde analize millionlarça ulanyjylar çekilýär. Şeýdip siziň entäk görmedik we görüp biljegiňiz wideolaryň sanawy düzülýär. Edil şonuň ýaly edip hem “Netflix”-da filmleriň saýlanyşy düzülýär. Adamyň endiklerini synlamak tejribesiniň esasynda programma ulanyjylara gyzykly wideolary we filmleri teklip edip bilýär. Ýagny sahypanyň ýüzünde öňden arzuw edip gelýän wideoňyza ýa-da filmiňize gabat gelen bolsaňyz, ony öz gözlegiňiziň netijesinde tapandyryn diýip pikir etmäň . Ol zatlary emeli aň siziň kimdigiňizi öwrenip ony siziň öňüňize getirip goýýar. Görýän tehnologiýaňyz berlen bahalary we islegleri (zaproslary) analiz edýär. Soňra bolsa ony başga ulanyjylaryň reaksiýasy bilen deňeşdirýär. We pikirlenip ýetişmänkäň film eýýäm ekranda. Ýöne emeli aň diňe film we wideo saýlanyňda däl-de ol biznesde, biznesiň ykdysady görkezijilerini gowylaşdyrmak üçin hem giňden ulanylýar, we emeli aň hakykatdanam biznesiň statistikalaryny gowylaşdyrýar. Meselem ösen ýurtlaryň banklarynda size kredit bermelimi ýa-da bermeli däl? Bu meseläni emeli aň çözýär. Siziň ähli finans geçmişiňizi analiz edip ol siziň tölege jogapkärli boljagyňyzy we bolmajagyňyzy hasaplap bilýär. We banka şu adama kredit bermeli ýa-da bermeli däl diýip çözgüt çykaryp berýär. Medisinada adamyň insult geçirmegini öňünden bilip onuň wagtynda öňüni almagy başaryp bilýän sistema ulanylýar. Uly azyk-haryt söwda merkezlerinde analiziň kömegi bilen amatly wagtda arzanladyş (skidka) etmeli wagtyny kesgitläp bolýar. Şeýle-de satyş marketing strategiýasyny ýyldan ýyla juda ýokary şekilde düzmek üçin hem ulanylýar. Emeli aň kiçi bizneslerde hem kömege ýetişýär. Meselem süýt önümleri. Önümleriň ýaramlylyk möhleti kesgitlenen bolandygy üçin gündelik önümden belli bir bölegini satman ýok etmeli bolýar. Elbetde bu mysal käbir ösen ýurtlara degişli bolup biler. Emeli aň öz gezeginde birnäçe ýyllyk satyş maglumatlaryny analiz edýär, dogry hasap çykarýar. Öndürilmeli önümiň mukdaryny azaldyp geljek girdejiniň mukdaryny has köp edip bilýär. Emeli aň ulgamy öz işini gurnap bir ýyllyk hasaplamalar, işiň ösüşi, gidişi, indiki ýyl edilmeli zatlar we edilmeli däl zatlary görkezip örän gymmat bahaly maslahatçy hökmünde ýardam edýär. Emeli aň ulgamlary bize çykdajylary azaltmaga, önümçiligi we hili ýokarlandyrmaga kömek edýär. Emeli aňyň we robot tehnikasynyň ösüşi işsizlik töwekgelçiligi barada mesele döredip biler. Dürli çaklamalara görä, ýakyn 10 ýylda robotlar häzirki wagtda edilýän işleriň otuzdan kyrk göterim aralygynda adamlaryň ýerini tutar. Emma Bütindünýä ykdysady forumynyň gözlegçileri takmynan 75 million iş ýerini almak bilen emeli aň ýaly täze tehnologiýalaryň 130 milliondan gowrak täze iş ýerini döredjekdigini aýdýarlar. Emeli aň beýleki pudaklara garanyňda has ösen ugurlaryň biri bolup durýar. We bu ugur boýunça dünýäniň birnäçe ösen kompaniýalary üstünlikli işleri alyp barýar. Geliň bu barada gysgaça durup geçeliň. “Scaled inference” Google-yň öňki işgärleriniň topary. Bu kompaniýa hyzmatlarda we amaly ulgamlarda emeli aňy ulanmak isleýän kompaniýalar üçin platforma hödürleýän taslama başladylar. Bu pikir, emeli aň pudagynda ägirt uly rezonans döretdi we rekord döwürde takmynan 8 million dollar maýa goýum toplady. “Amazon” bu kompaniýa ilkinji bolup söwda üçin interneti ulandy. Häzirki wagtda dürli önümleri hödürleýän dünýä belli onlaýn dükany hökmünde tanalýar. Işiň üstünlikli bolmagy, çalt bazar analitikasy we şertsiz girdeji üçin kompaniýanyň inženerleri emeli aňy işläp taýýarladylar. “Amazon” häzirki wagtda galplyklary ýok etmek, satuwlary seljermek we satuw netijelerini çaklamak üçin bu platformany ýagny emeli aňy ulanýar. “Apple” kompaniýasynyň telefonlary we beýleki enjamlary köpden bäri emeli aň bilen enjamlaşdyrylyp gelinýär, emma häzirki wagtda “Siri” iň gyzykly oýlap tapyşy hasaplanýar. Bu iOS üçin döredilen şahsy kömekçi sorag-jogap ulgamy. Enjamyň eýesiniň sesini tanaýar we berlen soraga jogap berýär. “Google” kompaniýasynyň inženerleri täze önümiň – iň bolmanda iň ýönekeý söhbetdeşligi alyp baryp bilýän maşynyň üstünde işjeň işleýärler. Häzirki wagtda adyny, doglan ýerini we doglan wagtyny, şeýle hem iň ýönekeý maglumatlary habar berip we film subtitrlerini gaýtadan işläp bilýär. “IBM” iň uly kompaniýalaryň biri bolup emeli aňy döretmek boýunça ilkinji bolup işe başlady. Häzirki wagtda bu ugurda köp ösüşlere eýe boldy. Şeýle hem, ol emeli aň boýunça iş alyp barýan gyzykly ýaş kompaniýalary maliýeleşdirýär. Emeli aň oýun pudagynda-da ulanylýar, mysal üçin, wideo oýunlarynda adamlar ýok ýa-da islenmeýän halatynda garşydaşlaryň roluny oýnamak üçin döredilen botlar ulanylýar. 2018-nji ýylda Kornell uniwersitetiniň gözlegçileri bir-birine garşy çykýan garşydaş torlary döretdiler we “Doom” atyjy oýny ulanyp tälim berdiler. Okuw döwründe nerw ulgamlary bu oýnuň derejelerini gurmagyň esasy ýörelgelerini kesgitlediler we şondan soň adamlaryň kömegi bolmazdan täze derejeleri döredip bildiler. Şeýle hem 1996-njy ýylda dünýä belli küşt boýunça dünýä çempiony Garri Kasparow bilen küşt oýny üçin ýöriteleşdirilen “Deep Blue” superkompýuteriniň arasynda bäsleşik geçirilýär. Oýunyň netijesi 4:2 bolup Kasparowyň peýdasyna tamamlanýar. Garşydaş hökmünde sekuntda 100 million göçümi seljerip, olaryň arasyndan mynasyp göçümi saýlap bilýän kompýuter ýeňilenden soň, soňky iki oýunda “Deep Blue” kompýuteriniň has güýçlendirilen görnüşi, sekuntda 200 million göçümi seljerip bilýän kompýuter bäsleşdirilýär we ýeňiş gazanýar. Guwanç SERDAROW, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby. "ATAVATAN TÜRKMENISTAN" žurnaly, 30.08.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |