23:42 Emeli añyñ ugry hanjak? | |
EMELI AÑYÑ UGRY HANJAK?
Publisistika
Nobat elektronik tapgyrda we emeli añda! Hemmämiz ylmy-gumanitar ösüşiñ bu täze tapgyrynyñ getirip biljek howplaryna döz gelmäge taýýarlykly bolalyñ. Emeli añ tehnologiýasy soñky döwürlerde amala aşyrýan haýrana galdyryjy ösüşi bilen birnäçe gatlakda howatyrlandyrma döretdi. Köp sanly syýasatçy, hünärmen, alym; intelligensiýanyñ wekili, akademik şu günlerde howatyrlanmalaryny agzaman durup bilenoklar we bolup biläýjek howplaryñ netijeleri babatda duýduryp, hökümetleri dünýäni ähtimallygy ýokary betbagtlykdan gorap saklajak çäklendirmeler girizmek we gözegciligi berkitmek üçin wagt ýitirmezlige çagyrýar. Birleşen Korollyk hökümeti emeli añ tehnologiýasynyñ ulanylyşyny kanunylaşdyrmak niýetiniñ bardygyny görkezmek üçin bu boýunça "ak kart" girizmekçidigini mälim etdi. Ýöne bu çäre hünärmenler tarapyndan oñyn garşylanmady, çünki olaryñ pikiriçe beýtmek ýakyn howp derejesine çykanok. Habar beriş serişdelerinde çykan habarlarda ABŞ-nyñ prezidenti Jo Baýdeniñ emeli añyñ ýalñyş ellere düşme ähtimallygyny ara alyp maslahatlaşmak üçin ýakynda Ak Tamda orunbasarlary we geñeşçileri bilen geçiren ýygnagynyñ gürrüñi boldy. Hut şol mesele Ýewrobileleşigiñem gün tertibine girizildi. Birnäçe gün mundan öñ Ýaponiýanyñ Hirosima şäherinde geçirilen "G7" ýygnanşygynyñ gün tertibinde-de şu howatyrly mesele bardy. Birleşen Korollygyñ premýer-ministri emeli añyñ döredip biläýjek howplarynyñ öñüni aljak çäklendirmeleriñ girizilmezliginiñ netijeleri boýunça beýleki ýurtlara duýduryş berdi. Ýoldaş Rişi Sunagyñ aýdanlary onuñ hökümet düzümindäki Tehnologiýa ministriniñ has öñki beýanatlary we Birleşen Korollygyñ emeli añ tehnologiýasynyñ ösüşiniñ öñündäki päsgelçiliklerden saplanan şertleri döretmäge synanyşýandygy baradaky sözlerine gabat gelenok. Geçen hepde Birleşen Korolllygyñ iñ uly okuw jaýlarynyñ käbir müdirlerinden düzslen koalisýanyñ arasynda emeli añyñ okuw döwrüne ýetirýän täsirini öwrenmek üçin ýygnanyşyk geçirdi. Ýygnanyşygyñ jemleme tapgyrynda-da emeli añyñ okuwa salýan howpy barada duýdurýan bildiriş yglan edilup, bu meseläniñ içgin öwrenilmegi üçin hünärmenler komiteti döredildi. Okuw boýunça berlen bu duýduryş "British Telecom" ("BT") kompaniýasynyñ beýanaty bilen bir wagta gabat geldi. Beýanatda kompaniýa 2030-njy ýyla çenli 10 müñ işgärini işden çykaryp, olaryñ ýerine emeli añy geçirmek isleýändigini aýtdy. "Goldman Sachs" banky dünýä boýunça 300 milliona golaý işiñ emeli añ tehnologiýasynyñ çendenaşa ösendjgi sebäpli howp astyna girjekdigini çak edýär. Şondan öñ habar beriş serişdelerinde birnäçe aýdym sözüniñ we roman awtorynyñ eserlerini ýazanda emeli añyñ kömegine ýüz urandyklaryny tassyklaýan habarlary okamaga başladyk. Metbugatda çykan habarlar eseriñ üstünde işlän döwründe emeli añyñ kömeginden peýdalanan awtorlaryñ atlary bilen "Amazon"-da satuwa çykarylan 200-den gowrak kitabyñ çap edilendigini aýdýar. Geçen aý Londondaky kitap sergisinde çekişmeleriñ köpüsi şu tema hakdady. Geçen hepde Londonda arap gazetleriniñ birinde editor bolup işleýän bir tanşymy gördüm. Özara gürrüñ edip durkak ol maña degşen bolup şeýle diýdi: - Ýakyn geljekde gazetlere siziñ ýaly žurnalistleriñ geregi bolmaz we emeli añyñ taýýarlan makalalarydyr habarlaryny okarsyñyz! Emeli añ dezinformasiýada we ekstremizmi ýaýmakda ulanylsa nähili bolar? Uzak ýyllaryñ dowamynda galplykdan we hilegärlikden ejir çekip gelýän ylmy işleriñ-ä gürrüñinem edip durjak däl! Mesele şunda, howp munuñ bilen gutarmaýar. Geçen hepde emeli añ tehnologiýasy pudagyndaky iñ uly hünärmenleriñ biri we "ChatGPT" ulgamyny kämilleşdiren "OpenAI" kompaniýasynyñ direktory Sam Altman emeli añdan peýdalanmagyñ bolup biläýjek howplary boýunça duýduryşlary berip, munuñ "saýlawlarda galplyk etmek, maliýe bazarlary bilen oýun etmek we jenaýatçylaryñ adamlary aldamagyna ýardam etmek" üçin ulanylyp bilinjekdigine ünsi çekdi. Munuñ özi bu ugurda köp sanly alymyñ we hünärmeniñ şeýle çemeleşmä berk garşy çykýandygy hakykatyny üýtgetmeýär. Bu adamlaryñ aýtmagyna görä, şeýle çemeleşme ylmy barlaglaryñ erkinligine çäk goýýarmyş. Olaryñ biri emeli añy çarşak ýaly bir zatdygyny öñe sürdi: çarşagy makaron iýmek üçinem ulanyp bilýärsiñiz, kimdir birini ýaralamak üçinem. Elbetde, ikinji ýagdaýda jogapkärçiligi boýnuñyza almaly bolarsyñyz. Taryhdan ylmy ösüş boýunça gumanitar öñe gidişligiñ ýer ýüzündäki ýaşaýşy gowulandyrmak üçin gereklidigini, ýöne munuñ hökman bir jogabynyñam bolýandygyny öwrenerçe bolduk. Senagat rewolýusiýasy oba ýerleriniñ ilatyny şäherlere çekip, ýer eýeçilik düzgünini soñlandyrdy. Munuñ bilen birlikde imperializm we çig mal edinmek ugrundaky göreş ýaly howply tapgyryñ öñünde gapylary soñuna çenli açdy: eksplutatirlemek, halklaryñ baýlyklaryny talamak, iki jahan urşy we dünýä iki lagere bölünmegi. Mundan soñky atom tapgyry bizi ýer ýüzündäki ýaşaýşyñ soñy hakdaky üznüksiz gorkyny başdan geçirer ýaly ýagdaýa düşürdi. Bu gorky bize ýadro dänderijiligini getirdi we şeýdip wagtlaýynam bolsa halas bolduk. Nobat elektronik tapgyrda we emeli añda! Hemmämiz ylmy-gumanitar ösüşiñ bu täze tapgyrynyñ getirip biljek howplaryna döz gelmäge taýýarlykly bolalyñ. Munuñ özi gorky-ünji taýdan owalkylardan peslärligi ýok, ýöne gerekli tapgyr. Juma BUKLEÝB. Çarşenbe, 24.05.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |