13:48 Ýumşak we täsirli güýç | |
ÝUMŞAK we TÄSIRLI GÜÝÇ
Publisistika
Birleşen Korollykda Içeri işler ministrligi we hökümet bilen ýokary okuw jaýlarynyñ arasynda aç-açan çaknyşyga şaýat bolmaga başladyk. Birleşen Korollygyñ Içeri işler ministri Suella Brawerman / Fotosurat: AP Medalyñ iki ýüzüniñ bolşy ýaly, güýjüñem iki ýüzi bar: gaty ýa-da gödek we ýumşak. Birinjisinde, göz öñünde tutulan syýasy maksatlara ýetmek üçin haýbat atmaga, harby güýç ulanmaga ýa-da ykdysady sanksiýalary girizmäge ýüz urulýar. Ýumşak güýç bolsa (hünärmenleriñ pikirine görä) syýasy maksatlary, başgalarynyñ çemeleşmelerini olary mejbur etmezden boýun etme we özüne çekme ýoly bilen üýtgedip amala aşyrma ukubydyr. Meselem, institutlar, uniwersitetler, edara-guramalar ýaly ýokary bilim berýän merkezleri ýumşak güýç toparyna girýär. Elbetde, munuñ bilenem çäklenmeýär. Medeniýet, düşünje, sungat, syýasat, metbugat organlary-da şuña degişli. Parahatçylykda ulanylyşy ýaly, mümkinçiliklerinden peýdalanmak ücin uruş döwürlerinde-de ýumşak güýç ulanylyp biler. • Breksit we syýasy humar Şunuñ bilen baglanyşyklylykda soñky wagtlarda Birleşen Korollykda ministr Suella Brawermanyñ ýolbaşçylygyndaky Birleşen Korollykda Içeri işler ministrligi bilen wekilçilik edilýän hökümet bilen ýokary okuw jaýlarynyñ arasynda aç-açan çaknyşyga şaýat bolmaga başladyk. Ýoldaş Brawerman, (La-Manş bogazynyñ Fransiýa tarapyndan gelýän bikanun migrant katerlerini we sanlaryny düýpli azaltmak babatdaky geleñsizligini düzetmek üçin) maşgalalary bilen bile Birleşen Korollyga bikim almak üçun gelýän daşary ýurtly talyplara garşy wiza çäklendirmelerini girizmäge başlady. Ministriñ çäklendirme tutaryklaryna degişli düşündirişinde aýtmagyna görä bu talyplar okuwyny tamamlandan soñ ýurtlaryna gaýdyp barman, maşgalalary bilen bile Birleşen Korollykda galmagy saýlaýar. Ýokary okuw jaýlary girizilýän çäklendirmelere garşy çykýar, çünki bu olara takmynan 40 milliard sterlinge ýeteñkirleýändigi çaklanýan uly maliýe çeşmesinden mahrum edýär. Bu bolsa ýokary okuw jaýlaryñ okuw programmalaryna, aýratynam praktiki bilim ulgamlarynda laboratoriýa we meýdan işleriniñ maliýeleşdiriş tarapyna ýaramaz täsir eder. Birleşen Korollygyñ kanunlary daşary ýurtly talyplaryñ okuwyny gutarandan soñ iki ýyl ýurtda galmagynda rugsat berýär. Ýoldaş Brawerman muny alty aýa getirmek isleýär. Iki zady akylynda aýlaýan adam şu meselede pikirini bölmese gerek: Ýurduñ ýokary okuw jaýlary ylmy mümkinçilikleri bilen näçe meşhur we talyplaryny ylmy taýdan taýýarlamak üçin nähili ösen derejede bolsa, dürli ýurtlardan gelýän talyplary özüne çekmek boýunça şolar ýalam öñde bolup biler. Munuñ netijesinde şol ýurt iki utuş gazanýar. Ilki bilen gelýän talyplaryñ tölegleri bilen okamaga, ýatyp-turmaga, iýip-içmäge, geýinmäge we beýleki zatlara edýän çykdajysy üçin sowýan pulundan maddy girdeji gazanýar. Soñra gelejekde bu talyplar öz ýurtlaryba gaýdyp baransoñ, jogapkärli wezipelere göterilse, bu olaryñ okap gelen ýurdunyñ bähbidine bolýar. Birleşen Korollykda düşünje we maslahat beriş guramasy (Think Tank) bolan Ýokary Bilim Syýasaty instituty (Higher Education Policy Institute/HEPI), Birleşen Korollykda we dünýäniñ beýleki ýurtlarynda ýokary bilim ulgamynda ýumşak güýjüñ halkara derejesinde ölçelmegi boýunça spesialistleşipdir. Gurama esasanam Birleşen Korollykda we dünýäniñ başga ýerlerinde ýokary bilim alan we has soñra öz ýurtlarynda öñe saýlanan daşary ýurtly talyplaryñ sany boýynça ýyllyk habarnamalary (indeksleri) çap edýär. Bu institut ministr Brawrmana garşy göreşýänleriñ hataryna goşuldy. Çünki, guramanyñ pikiriçe ministriñ karary ullakan ýalñyşlykdan ybarat we wagtyñ geçmegi biken Birleşen Korollygyñ haljara arenasynda täsiriniñ azalmagyna getirer. Birleşen Korollygyñ habar beriş organlarynda çykan habarlarda institutyñ ilkinji habarnamalarynyñ 2017-nji ýylda çap edilendigi aýdylýar. Habarnamada aýdylmagyna görä, dünýäde jemi 358 patyşa, 58 prezident we hökümet ýolbaşçysy Birleşen Korollygyñ ýokary okuw jaýlarynda bilim alypdyr. Şeýlelikde, Birleşen Korollyk bu boýunça dünýä ýurtlarynyñ arasynda birinji ýerde durýardy. Sanawyñ ikinji ornunda bolsa ABŞ bardy. Soñky ýyllarda ýagdaý üýtgedi. ABŞ Birleşen Korollygy ýerinden süýşürip, birine ýere oturmagy başardy. Geçen ýyl ABŞ Birleşen Korollyk bilen arasyndaky uçurymy hasam çuñaltdy. Birleşen Korollygyñ premýer-ministri Rişi Sunak bilen bir hatarda dünýäniñ dürli ýurtlaryndaky 67 döwlet ýolbaşçysy we hökümet başlygy amerikan ýokary okuw jaýlarynda okapdy. Birleşen Korollygyñ ýokary okue jaýlarynda bilim alanlaryñ sany bolsa elli bäş. Şu ýyl Birleşen Korollyk ýokary okuw jaýlarynda okap, öz ýurtlarynda häkimiýet başyna geçenleriñ sanyny dörde köpeldip, uçurymy az-owlak daraltmagy başardy. Munuñ deregune amerikan ýokary okuw jaýlarynda okanlardan wezipesini elden gideren ýolbaşçylar bilen ABŞ iki sanyny kemeltdi. Fransiýa ýokary okuw jaýlarynda okan otuz prezidenti we hökümet ýolbaşçysy bilen şu ýylky sanawyñ üçünji ornuna ýerleşdi. Geçen ýyl bu san otuz birdi. Russiýa bolsa 10 sany bilen dördünji ýerde durýar. Juma BUKLEÝB. Duşenbe, 04.09.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |