22:46 Hindistan gelýär! | |
HINDISTAN GELÝÄR!
Publisistika
Hindistanyñ durmuşa geçiren bimöçber ykdysady öñe gidişlikleri bilen bir hatarda "Chandrayaan-3" kosmos gämisiniñ Aýa gonmagy Hindistanyñ supergüýç bolmak ugrunda ynamly ädimler bilen öñe barýandygyny görkezýär Şu ýyl demografik derejede Hindistan 1 milliard 400 millionlyk adamy bilen birinji gezek Hytaýdan öñe geçdi. Şol bir ýagdaýda ykdysadyýet boýunça hem Hindistan dünýäniñ iñ uly ykdysady güýçleriniñ sanawynda bäşinji ýeri eýeleýän Angliýany yza süýşürip, onuñ ýerine geçdi. Ykdysatçylar şu onýyllygyñ soñunda onuñ Germaniýadan we Ýaponiýadan öñe geçjegini çak edýärler. Ýurduñ galaba bölegini garyplardyr gedaýlar düzýänem bolsa, dünýäniñ iñ köp milliarderine eýe üçünji ýurdy bolup öñe saýlanýar. Hemme zatdan ötri bir zady unutmalyñ, Hindistan eýýäm näçe ýyl bäri ýadro ýaragly ýurtlaryñ hataryna girýär. Geçen hepdä çenli ABŞ-dyr Hytaý bilen çäklenen kiçijik kosmos klubyna hem goşulmaga hak gazandy. Munuñ özi hindi kosmos gämisi "Chandrayaan-3"-iñ Aýa gonmagy bilen, aýratynam günorta ýarym şaryna, ýagny has öñ başga hiç bir ýurduñ kosmos gämisiniñ gonmadyk sebitine üstünlikli gonmagy bilen amala aşdy. Şeýlelik bilen Hindistan öñki SSSR-den, ABŞ-dan, Hytaýdan soñ Aýa kosmos gämisini gonduran dördünji ýurt boldy. Hindistanyñ kosmos gämisi "Луна-25" rus kosmos gämisiniñ böleklenmegi netijesinde Aýyñ beýleki ýüzüne inip bilmezliginden birnäçe gün geçenden soñ bolup geçdi. Hindistanyñ üstünligi şol bir wagtyñ özünde 2019-njy ýyldaky başky synanşygyñ şowsuzlygynyñ yzysüre geldi. Şol ýyl birinji gezek hytaý kosmos gämisi Aýyñ garañky tarapyna gonmagy başarypdy. Bular halkara kosmos gözegçiligi bäsdeşliginde ýetilen soñky sepgidiñ başlangyjynyñ buşlukçysy saýylýar. Hindistanyñ premýer-ministri Narendra Modi Günorta Afrikadaky BRICS duşuşyklaryna gatnaşmak üçin ýurduñ daşyna çykypdy. Ol şol ýerden ýurdunyñ alymlarynyñ ýeten üstünligini gutlap, muña adamzadyñ gazanan üstünligi hökmünde baha berdi. Hindistan BRICS atly täze global ykdysady blogyñ düýbüni tutujy agzasy. Blogyñ ady bäş ýurduñ iñlisçe adynyñ baş harplaryndan düzülen. Bular nobaty bilen şeýle: Braziliýa, Russiýa, Hindistan, Hytaý, Günorta Afrika. Hindistanyñ durmuşa geçiren bimöçber ykdysady öñe gidişlikleri bilen bir hatarda "Chandrayaan-3" kosmos gämisiniñ Aýa gonmagy Hindistanyñ supergüýç bolmak ugrunda ynamly ädimler bilen öñe barýandygyny görkezýär. Elbetde, hindi alymlarynyñ gazanan üstünligini haýsy tarapdan alanda-da kükli adamzat üçin taryhy we ylmy üstünlik hasaplap bolar. Bu üstünlik mediýanyñam tassyklaýşy ýaly, 75 million dollara barabardygy çaklanan ujypsyz maddy çykdajy bilen gazanyldy. Alymlaryñ Aýyñ beýleki ýüzünde suw tapylma mümkinçiliginden söz açmaklary bu ýetilen sepgidiñ ähmiýetiniñ bimöçber uludygyny görkezýär. Mediýada çykan habarlara görä, 1969-njy ýylda gurlan Hindistanyñ Kosmos barlaglary edarasy netijeli we pes çykdajyly kosmos maksatnamasyny durmuşa geçirip, beýleki ýurtlaryñ kosmos edaralarynyñ arasynda öñe saýlandy. Hindistan transport we meteorologiýa dünýäsinde hem tehniki mümkinçilikleriñ ösdürilmegine uly goşant goşdy. Hut şol habarlara görä, Hindistandaky hususy sektorlar kosmos dünýäsine maýa goýumlaryny goýup möhüm rol oýnaýar. Şonuñ üçinem Hindistan dürli maksatlar bilen kosmosy dolduran iñ köp sanly emeli hemrasy bolan ýurtdyr. Işiñ täsin, has dogrusy, geñ galdyryjy tarapy, ýakyn wagtda iñlis mediýasynda hindi hökümetiniñ şindizem iñlis hökümetinden maliýe kömegini alýandygy hakdaky habarlary okanlygym! Şol habarlar Hindistanyñ soñky bäş ýylda garyp ýurtlardaky ösüş maksatnamalaryna kömek etmek üçin bölünip berlen puldan kömek hökmünde Angliýadan 2,3 milliard sterling alandygyny öñe sürýär. Bu ynanar ýaly zat däl. Meñ bilşimçe, haýyr-sahawat kömekleri ilkibaşda baý ýurtlar tarapyndan garyp ýurtlara kömek etmek etmek üçin ýola goýlupdy. Dünýäniñ iñ uly bäşinji ykdysady güýjüne eýe Hindistan ýaly baý ýurda maliýe kömegini etmek hiç bir hökümetiñ ýadyna düşmese gerek! Juma BUKLEÝB. Duşenbe, 28.08.2023 ý. Fotosurat: Reuters | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||