23:52 Ysraýyl we nikabyñ sypyrylyşy | |
YSRAÝYL we NIKABYÑ SYPYRYLYŞY
Publisistika
Aw-gurban nikaby alty aýyñ dowamynda sypyryldy, añyrsyndaky beýleki hapa, ýöne hakyky ýüzi mesaña görüldi we dünýäniñ ähli nikaby jem bolup bu ýüzi gizläp başarmasa gerek. Illýustrasiýa: Erin O'Flynn / "The Daily Beast" Köp wagt mundan öñ - geçen asyryñ altmyşynjy we ýetmişinji ýyllarynda biz ýaşdyk we kosmos gämileriniñ syýahaty täze başlansoñ, bize juda gyzykly bolup görünýärdi. Haçanda ABŞ-nyñ ýa-da Sowet Soýuzynyñ kosmosa korabl uçurjak bolýanyny eşitsek, telewizoryñ daşyna üýşerdik we adamzada entek nätanyş dünýä barýan kosmos korablynyñ uçurylyşyna tomaşa ederdik. Kosmos korablyny uçurmak şol döwürde hyýalu güýjümizi we düşünjämizi heýjana getirýän zatdy. Heýjanyñ ýetjek derejesi korablyñ uçuşa taýýat bolmagy we uçuş toparyna esewan edýän inženeriñ puryjasyny sanap başlamagy bilen başlardy. Puryja nola ýetende korabl ýokaryk galardy. Belki-de, şonuñ üçin puryja meniñ üçin we belki-de gaty köp adam üçin bir zatlaryñ oñun tarapa özgermegi bilen baglanyşdyryldy. Emma kosmos dünýäsiniñ, korabllarynyñ, ýörelgeleriniñ we alymlarynyñ syýasat dünýäsi, tunelleri we komplimasiýalary bilen hiç hili baglanyşygy ýok. Şonuñ üçin syýasatda puryja başga hili many gazandy. Mysal üçin, syýasatçy üçin puryjanyñ başlandygyny okanyñyzda ýa-da eşdeniñizde, edil şol pursatda munuñ undulyş uçurymyna düşmekdigini bilýäris. Belki-de, sahnany hemişelik terk etmegiñ wagtynyñ gelendigine düşüneris. Ysraýylyñ Gaza sektorynyñ palestinaly ýaşaýjylaryna garşy bilkastlaýyn gyryş-ýok ediş urşuna sahna bolam soñky alty aýyñ dowamynda Ysraýylyñ premýer-ministri Binýamin Netanýahu üçin soñky puryjamyñ başlandygyny aýdýan günbatar we arap mediýa habarlaryny okaman ýa-da eşitmän galan ýeke hepdäñiz geçmedi diýen ýaly. Muña garanda ençeme ýyllap esasy aktýor bolup basyp alan sahnasyndan ahyrsoñy çekilişiniñ ýakyndygy aýdylýar. Meniñ pikirimçe bu habarlar hadysa we garaşylan netijelere degişli okaýyşlar taýdan hakykata iñ ýakyny. Meýdanda bolup geçýänler we gündelik hadysalar muña güýçli güwä geçýär. Ysraýylyñ premýer-ministri Binýamin Netanýahunyñ diñe sahnadan çekilmek bilen çäklenmän, uly ähtimallyk bilen Ysraýylda korrupsiýa we geleñsizlige, halkara sud arenasynda bolsa adamzada garşy jenaýat etmekde aýyplanmagy bilen sud edilme ýolunda çaklamalaryñ geçginliligini güýçli görnüşde berkidýär. Metbigat organlarynda berilen habarlar Ysraýylyñ we daşary ýurtlaryñ dürli teleýaýlymparyndaky habarlar gepleşiklerinde edilen jedeller Netanýahunyñ ünsünden sypmaýar. Kommentatorlaryñ aýtmagyna görä, şol sebäpleri ol "Hamas" hereketine we Gaza sektoryndaky ýönekeý halka garşy başlan urşunyñ dowam etmegini isleýär. Emma gözüni açyp we gyssanyp giren garañky tuneliniñ añry ujunda alty aý geçensoñam kiçijik-de yş görmedi. Netanýahunyñ düşen ýagdaýy "Hammama girmek mugt, ýöne çykmak mugt däl" diýen ýaly arap nakylyny ýada salýar. Kommentatorlaryñam aýdyşy taly, Ysraýyl Netanýahynyñ wada berşi deýin "Hamas" hereketi kimin ynançly ideologiki goranyşy basybalyjylyk bilen ýok edip bolmaz. Şu günler ekranlarda berilýän Tel-Awiw köçelerindäki uly çykyşlar ysraýyllylaryñ indi başgasyna-da, häkimiýet başynda otuean koalisiýa-da ynanmaýandygyny görkezýär. Olaryñ bar isleýän zady girewne alynanlaryñ sag-salamat maşgalasynyñ arasyna gaýdyp gelmegi we urşuñ duruzylmagy. Amerikan nakylynda "Gaplañ etiniñ çorbasyny iýesiñ gelse, ilki gaplañ awlamagy öwren" diýilýär. Ysraýylyñ häzirki ýagdaýynda gaplañ beýlede dursun, seýrek duşýan islendik jandary awlap etini iýmek, oña duşmak hem juda kyn. Ysraýylyñ içindäki we daşyndaky kommentatorlaryñam aýdyşy ýaly, Ysraýylyñ premýer-ministri üçin soñky puryja başlan bolsa, onda bu, onuñ sahnadan çekilişoniñ we ýanyna goşuljaklaryñ ýerli hem-de halkara derejedäki effektleriniñ şobada aýrylmasy añsat düşmejek syýasy yzlary goýjakdygyny añladýar. Bularyñ iñ ähmiýetlisi-de Ysraýylyñ ýetmiş ýyldan gowrak wagtlap dünýäni ynandyrmaga synanyşan, tokaýda ýaşaýan we töwereginiñ ony awlamak islän ýyrtyjy haýwanlar gurşap alan ýaly kartinasyna urlan gara tegmildir. Munuñ özi onuñ nikabynyñ syrylandygyny añladýar. Aw-gurban nikaby alty aýyñ dowamynda sypyryldy, añyrsyndaky beýleki hapa, ýöne hakyky ýüzi mesaña görüldi we dünýäniñ ähli nikaby jem bolup bu ýüzi gizläp başarmasa gerek. Juma BUKLEÝB. Çarşenbe, 10.04.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |