20:45 Ene dili | |
ENE DILI
Goşgular
Goradyk biz ony ýagmyrdan, gardan, Üýşüp oñ başyna ýylatdyk tümde. Öwran-öwran jyda düşüp diýardan, Ýetim deý galdy ol hasratly günde. Nämähremler sansyz sapar döküldi... Haýbatly şäherler gaplandy oda. Kän gezek il-günüñ öýi ýykyldy, Asgyryp turarmy kül bolan adam? Diñe ol döretdi şeýle gudraty, Söküp tokaýlary, batgalyklary. Görgi baryn görüp, horlanyp gaty, Ýygnady ýene-de dargan kökleri. Sütem, açlyk, mergi - görüldi bary, Gaflat ukusyna gaplandy zemin. Bir ol aman galdy - il tenekary, Ejirli halk galkdy semender kimin. Soñ ol barha ösdi ýaýradyp goly, Sanýetmez ýaşyny ýaşan dub deýin. Kem-kem galkyberýär kalbyñ hyýaly, Sözlände daýhanlar ýalaşyp lebin. Zordan ýada düşýän gadym bir wagtda Oñ sesi baglarda guş sazy bolan. Gurlan çagy maña kiçjik höwürtge Oñ sesi tolkunlañ owazy bolan. Her sözi agzyñda erýär bal ýaly, Şeýledi. Elmydam şeýle hen bolar. Ölsemem, ol ölmez, meñzi gül ýaly, Ölsemem, oñ bilen ömrüm uzalar. Öwrüler zaman, döwür aýlanar, Görkezip keşbini her gün, her aý, ýyl. Bar synagdan geçip, hergiz ýañlanar Aýap saklanymyz, bizi aýan dil. Antanas WENSLOWA, (Litwa). | |
|
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |