21:16 Epidemiýanyñ şok ediji dersleri!.. | |
EPIDEMIÝANYÑ ŞOK EDIJI DERSLERI!..
Medisina
Dünýä taryhynyñ iñ uly köpçülikleýin sarsgynyny başdan geçirýär... Mundan bu ýana ýaşaýşyñ iñ uly girdaby - ölüm gorkusy... Çünki dilsiz-agyzsyz wirus belasy iñ yzagalak ýurtdan dünýäniñ iñ ösen ýurduna çenli tutuş ýer ýüzüni gaplap alypdyr we durmuşyñ ähli deñagramlylygyny çepbe çöwrüp taşlady... Adamzat jemgyýeti koronawirus belasy zerarly soñy näbelli bir ugra tarap barýar... Ýagdaýlar juda wehim... Millionlarça näsag, ýüz müñlerçe ölüm... Belki-de, soñky ýüz ýylda ýaşaýşyñ ähli reflekslerini, ähli aýlanyşyny şular ýaly gazaply zarba uran we ýekeje urguda señseleden, üstesine rehim-şepagatsyzlygy bilen adamzadyñ ýaşaýyş ülñülerini çepbe çöwrüp, birinji belgili meselä öwren başga bir melamaty başdan geçirmändi... Özüñiz seredip görüñ: her pursat üstüñe peýläp elhençlikler pürküp duran wirus belasy sebäpli indi adamlar ne geçmişi ýatlap bilýärler, ne-de ertirki etjek işlerine taýýarlanyp bilýärler... Aslynda dünýä gapyllykda üstüni basdyrmady... Çünki teleseriallardan çeper kinofilmlere, ylmy barlaglardan konferensiýalardaky nutuklara we hatda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyñ on ýyl öñki duýduryşlaryna çenli, koronawirusyñ barlygy birnäçe ýyl öñ bilinýändigine garamazdan, tehnologiýanyñ çäksiz güýjüne bil baglan adamzat baş-başdaklyga we owarramçylyga ýüz urup başlansoñ, göze görünmez wirus tarapyndan dyza çökerildi hemmeler... Añlaýana koronawirus munuñ duýduryş jañydyr!.. Koronanyñ dünýä ykdysadyýetini çökerendigi, ekerançylykdan bilim ulgamyna çenli ýaşaýyşyñ ähli ugurlaryna zarba urandygy, jemläp alanda durmuşyñ akymyny doly togtadandygy indi hemmeler üçin inkär edip bolmajak aýdyñ hakykat... Ýogsa-da, mundan beýläk nähili bolarka?.. Hawa, koronawirus bir gün doly ýok bolup gitse, dünýäniñ başyndan inen sosial-ykdysady weýrançylygyñ iññän sarsdyryjy netijeleri bolar... Emma bärde gözden sypan käbir hakykatlar bar; ylym bu melamata garşy waksina we derman tapýança koronawirusyñ mutasiýa geçirip, öñümizdäki güýzde dümew bilen bile ikinji gezek dolanyp gelme ähtimallygynyñ hem bardygyny ýatdan çykarmaly däl... Koronawirus janyñ ýaşaýşa gyl ýaly inçejik sapak bilen ilteşip durandygyny ýene bir gezek adamzada görkezdi... Hem-de adamzat geçmişde başdan geçiren uruşlaryndan başlap tebigy heläkçiliklere çenli ähli alada-gaýgysyny ýatdan çykardy... Jemgyýet şeýle bir mizediji we lapyñy keç ediji apat bilen ýüzbe-ýüz boldy welin, gynandyryjy wakalaryñ bolup geçýän wagtynda ýasyny-da ine-gana tutup bilmeýän ynsan portretleri orta çykyberdi!!! Çünki jemagatsyz gömülen merhumlar we gynansak-da her pida metbugat habarlarynda mälim edilen lapyñy keç ediji statistikadan ybarat hala geldi... Koronawirusdan ýogalan käbirleriniñ mazarlarynyñam bilinmän galmagy, belki-de jemgyýetçilik sarsgynynyñ iñ uly trawmasy bolsa gerek... Ýene bir gezek soralyñ, ýeri mundan beýläk nähili bolarka?.. Hiç kim özüni aldamasyn, boş hyýal ýüwürtmesin... Koronawirus diñe adamzady dilsiz-agyzsyz uran ýokanç apaty däldir, şol bir wagtyñ özünde dünýäniñ indi özüni tanamagynyñ gerekdigine yşarat edýän howp signallaryny berýän duýduryş jañy hökmünde yzygiderli urulmagyny, üns merkezinde bolmagyny dowam etdirer... Çünki Afrikadan Amerika çenli adamzat indi giñ territoriýalary edinmek, uly söweşlere girmek, häkimiýetleri goramak we pula-gara güýje çokunmak babatdaky tagallalaryndan özüni daşda tutmaga mejbur bolar... Bir wirüs zerrejigi gelejegiñ ýaraglary bolan ýadro ýaraglaryna, raketalara, uruş meýilnamalaryna hyzmat edýäm sistema däl-de, parahatçylyga, asudalyga we iñ ähmiýetlisi-de saglyga pul harç etmeli döwür gelendigini küdüñ ýaly ýumrugyny urdu-da, adamzady aýñaltdy!.. Koronawirus milliardlarça dollar harç edilip renta (girdeji) maksatly kämilleşdirilen tehnologiýanyñ adamlary ýok etmäge däl-de, adamlary bar etmäge we ömrüni uzatmaga hyzmat etmelidigini añymyza ymykly sokdy goýdy... Hawa, häzirki wagta çenli 300 müñe golaý jan alan gorkuzyjy bela ylmyñ, senagatyñ, tehnologiýanyñ we internet rewolýusiýasynyñ erbetlige däl-de, ýagşylyga, bagtly durmuşa, ynsana hyzmat etmelidigini iñ aýdyñ görnüşde gözümiziñ öñüne dikdi... Gaflata düşme Türkiýe!.. Serediñ: dünýäniñ dilinde koronawirus bolşy ýaly, Türkiýede-de indi adamlar bu ýokanç keselden başga hiç zadyñ gürrüñini edenoklar... Türkiýäniñ soñky ýigrimi ýyldyr howatyrlanyp gelýän we howpuny gün geçdigisaýy artdyrýan ýer titreme howpy-da ýatdan çykdy... Alymlaryñ bu boýunça howatyrlandyryjy beýannamalaryna-da indi hiç kim üns berenok... Terror belasy koronawirusdan gorkusyna hinine çekildi diýsek, şu wehim şertlerde haýynlyk bilen şehit edilen hukuk goraýjy işgärlerimiz hakynda-da ýeterlik gürrüñ edip bilemzok... Otstawkadaky general-leýtenant Erdogan Karakuş düýn göni ýaýlymda: "Kosmiki otag açyldy, 848 watan ogly ýekme-ýek öldürildi" diýýär, emma onuñ bu endişä düşüriji gorkunç sözi sosial medýa mähellesiniñ içinde guýa gaçan ýaly ýitip gidýär... Hawa, epidemiýanyñ soñky iki aýy üns merkeziniñ gyrasyna taşlanan şeýle bir gorkunç wakalar bolup geçdi, emma bular ýa-ha habarlar gepleşiginde berilmedi, ýa-da koronawirusyñ başagaýlygynda göze ilmän galdy... Ynha, her geografiki giñişlikde ýaşaýşyñ iñ möhüm aýlanyşygyny-da, iñ durmuşy-jemgyýetçilik hereketlerini-de, iñ dartgynly we iñ gapma-garşylykly wakalaryny-da üns merkeziniñ gyrasyna gysyp çykaran koronawirus adamzadyñ gelejeginiñ dyrnagyñ ujy ýaly wirus zerrejiginiñ ynsabyna galandygyny iñ aýdyñ görnüşde görkezdi... Welhasyl, epidemiýa diñe türk jemgyýetine däl, bütin ýer ýüzüne mizediji-oýaryjy dersler bermäge dowam edýär... Ine şonuñ üçinem alymlar güýzde dümew bilen bile ikinji koronawirus tolkunynyñ dolanyp gelme howpuna ünsi çekýärkä, Türkiýede öñüni alyş çärelerini gowşatmagyñ ýollaryny agtarýan häkimiýetiñ elinde dogruçyl we degerli esaslar ýok bolsa, onda bu gaflat hiç bir şek-şübhesiz täze heläkçiliklere äkidip biler... Şonuñ üçin ýene-de bir gezek ýatladýarys: Öñüni alyş çärelerindäki gowşama jemgyýetde gorkuzyjy perwaýsyzlygy döredip biler, bu bolsa epidemiýany hasam howply möçberlerde garşymyza çykarar...... Müñlerçe jan ýitgisi-de muny subut edip dur, bu gidişiñ soñy oýun-oýunjak zat däl!.. Mehmet FARAÇ, farac65@gmail.com 04.05.2020 ý, "Yeniçağ" gazeti. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |