10:04 Howada uçuşýan howp | |
HOWADA UÇUŞÝAN HOWP
Medisina
Dünýäni sarsdyran girdap durmuşymyzdan añsatlyk bilen owarra bolup gitjege meñzemeýär... Koronawirus ýokanjy diñe soñky bäş aýda döreden weýrançylygy, tragiki sahnalary we ýer titrände döreýän sarsgyna meñzeş sarsgyny bilen çäklenjege meñzänok... Özem ýokanç tolkuny islendik pursatda üstümize güwläp gaýdaýjak ýaly dünýäniñ depesinde (ýagny howada) gaýmalap ýör!.. Şu setirleri okaýan herkes, hususanam düşbi-hüşgär adamlar dünýäni birnäçe aý bäri boýunturyk astynda saklaýan korona ýykgynçylygynyñ ýöne-möne bela däldigine juda gowy düşünýändirler... Çünki dünýädäki ýedi milliarddan agdyk adam birnäçe aý bäri korona weýrançylygy bilen oýanýar, onuñ ýykgynçylygy bilen uklaýar we gelejekdäki nämälimlige bolan ünjüde gezýär... Her ýüze çykan täze wakanyñ ertesi kimleriñ ýaşajagynyñ belli bolmadyk elhençlikler bilen doly aldym-berdimli garpyşyk gynansak-da, bütin dünýäni ölüm howply halkanyñ içinde saklamaga dowam edýär... Ine, hut şu ýokanç halkasynyñ içinde "iki unsur" birnäçe aý bäri biri-biri bilen çaknyşýar: Bu unsuryñ birinjisi, gürrüñsiz koronany dep etmäge jan edýänleriñ adatdan daşary göreşini gurşap alýar... Çumadan holera, guduzdan ysytma çenli dürli ýokanç keselleriñ garşysyna göreşen bütindünýä alymlary öñküsinden ýüz esse artyk gaýrata galyp, bar güýçleri bilen koronawirusy ýeñmäge çalyşýar... Ynha, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy (BSGG) soñky mälim eden beýannamasynda bu göreşiñ balansyna ünsi çekýär... Dünýä boýunça koronawirusa garşy 125 ýerde waksinany döretmek üçin ylmy-barlag işleri geçirilýärmiş... Bularyñ diñe onusynda adamly synaglara geçilenem bolsa, ýokanjy gözegçilik astyna alyp biljek anyk netijäni heniz gazanan ýok... BSGG-nyñ aýtmagyna görä, waksinanyñ 2021-nji ýylyñ maý aýynda doly ulanyşa girizilmegine garaşylýarmyş... Ýeri, munuñ soñy nirä baryp dirärkä?.. A bir ýyldan soñ näme?.. Dünýäni ýakyp-ýandyran ýokanjyñ soñunyñ nirä baryp direjegi belli dälem bolsa, aslynda wirusy ýok etmek üçin gazanyp boljak netije-de açyk aýdyñ ortada!.. Çünki dünýäniñ iñ güýçli döwletlerinden, abraýly saglygy goraýyş guramalaryndan we BSGG bilen wakalara çynlakaý çemeleşen alymlardan gelen beýannamalara seredilende, ýokanjy berk gözegçilik astyna almak üçin azyndan bir ýyla çenli wagt gerek... Ine, edil şu ýerde-de, ýokarda agzan "biri-biri bilen çaknyşýan unsuryñ" ikinjisine ünsi çeksek peýdaly bolsa gerek... Ylym 125 merkezde wirusy ýok etmäge çytraşýarka, bu asylly işi şowsuzlyga uçratmaga synanyşýan ikinji unsuryñ merkezinde gynansak-da, biperwaýlygy endige öwren adamzat bar... Ynha, şol adamzat hem wirusa çynlakaý çemeleşse, öñüni alyş işlerine işjeñ gatnaşsa Amerikada ölenleriñ sany 100 müñden agmazdy, Braziliýa ýokançdan ýer bilen ýegsan bolmazdy, Ýewropanyñ üstüne abanan howp dowam etmezdi we iñ möhümi-de Türkiýede belentli-pesli waka sany endişe döretmezdi!!! Ministrler Kabinetiniñ metbugata syzan "ýaşaýşy kadalaşdyrma meýilnamasyna" seretseg-ä, Türkiýede 27-nji maýdan başlap, hem köçä çykma, hem-de uly şäherlere gidip-gelme gadagançylygy ýatyrylmalydy... Jemgyýetde munuñ amala aşmagyna garaşylyp durka, Orta Anadoludan Garadeñize, Ortaýer deñzinden Stambula çenli birnäçe şäherde ýasdyr toýlara, hatda doga-tumarçy mollalara görünmäge çykanlaryñ arasynda täze köpçülikleýin wakalar ýüze çykdy we karantin astyna alynan oba-şäherleriñ sany artdy, AKP häkimiýeti näme etjegini bilmedi - gadagançylygy ýatyrmak hususynda aladalanmaga başlady... Bu aladalanmanyñ näderejede dogrudugyna-da hut Saglygy goraýyş ministriniñ "müñden aşak düşdi" diýýän waka sanynyñ täzeden artmagy we jan ýitgisiniñ ýigrimili görkezijiden otuzly görkezijiniñ üstüne çykmasy açyk-aýdyñ görkezdi... Ýeri, howpuñ barsy şulardan ybaratmy, kynçylygyñ görkezijisi haýsy sanlara baryp ýeterkä we ylym muña näme diýýär?.. Ýurdumyz aladalanmaly, öz gamyny özi iýmeli!.. Türkiýe BSGG-nyñ "waksina boýunça iş alyp barýarlar" diýip mälim eden 125 merkeziniñ arasynda näderejede täsirli orna eýe, heniz belli däl... Çünki Türkiýede wirusyñ ýok edilmeginden ötri profilaktika işleriniñ haýal etmän gowşadylyp, kadaly durmuşa geçme hususynda jan etmeler bar!!! Söwda merkezleri, oteller, dellekhanalar-gözellik salonlary ýaly käbir iş ýerlerinden soñ howa we demir ýollary ulgamynyñ herekete geçmegi, hatda metjitleriñ ybadata açylmagy ugrunda tagallalar alnyp barylýanam bolsa, BSGG-nyñ eserdeñ çykyşlarynyñ ýurdumyzda, hem-ä Saglygy goraýyş ministrligini, hemem mesele boýunça ýakyndan gyzyklanýan alymlary hüşgär bolmaga mejbur etdi... Görseñizläñ, dünýäniñ abraýly ylmy-populýar žurnallarynyñ habar bermegine görä, BSGG-nyñ iki metr diýip kesgitlän "sosial aradaşlygy" koronawirusyñ ýokuşmasynyñ öñüni alyp bilenokmyş... Ynha, dünýäniñ meşhur "Science" žurnalynda makalasyny çap etdiren Taýwanyñ Döwlet Sun Ýat-sen uniwersitetinden Chia Wang we Kaliforniýa uniwersitetinden Kimberli Prater hem-de Robert Skuli howpa şeýle ünsi çekýärler: "Deliller koronawirusyñ gül ýaly gezip ýören, hiç hili simptom görkezmeýän adamlardanam ýolugup bilýändigini görkezdi. BSGG-nyñ iki metrlik duýduryşynyñ birtopar ýapyk görnüşli ýerlerde peýdasynyñ ýokdugyny görkezýän deliller... Damjajyklar howada sagatlap galyp we wagtyñ geçmegi bilen köpelip bilýär. Aýratynam howadaky akymyñ ugruna görä iki metrden has añrygam gidip bilýär." Hajattepe uniwersitetiniñ infeksion keseller kafedrasynyñ başlygy, professor, medisina ylymlarynyñ doktory Mehmet Jeýlan, ynha, hut şonuñ üçin gaty sesli gürleşmedäki howpa ünsi çeken bolarly... Edil metjitler açyljak bolup durka Jeýlan şeýle diýdi: "Aýratynam gaty sesli çykyşlarda damjalar has köp çykýar we wirus hem şoña görä has köp ýaýraýar. Mümkin boldugyça metjitde az gürlemäge çalyşmaly. Biziñ metjitlerimizde dogalaryñ köpüsi içiñden okalýar, emma tekbir ýaly hemmäniñ birden goşulýan gaty ses bilen gygyryp aýdan ýerinde sesiñi pessaýrak çykarjak bolmaly." Saglygy goraýyş ministri Fahretdin Kojanyñ düýnki çykyşy bolsa ýazgymyñ başyndan bäri ünsüñizi çeken howpy ýene bir gezek gözümize dürte-dürte görkezýär... Ministr şeýle diýdi: "Bugünlerde ädimlerimizi oýlanyp-ölçerip ädeliñ. Howp dowam edýär. Sosial aradaşlygy saklalyñ... Maska we sosial aradaşlyk ýaly iki goranyş çäresi birleşdirip ulananyñyzda, howp golaýyñyza gelmez. Howpuñ nireden geljegi belli däl." Türkiýede jemgyýet profilaktika çärelerini gowşatma we "kadaly durmuş" düşünjesi bilen gynansak-da, geleñsizlige tarap barýar. Ýokary wezipeli ýolbaşçylardan we alymlardan gelen beýannamalara BSGG-nyñ duýduryşlary bilen birlikde ser salanymyzda, howpuñ entek-entek dowam etjekdigine göz ýetirmek kyn däl... Özüñiz aýdyñ, şeýlekin ýagdaý ortadaka, üstesine dünýä boýunça 6 million adama koronawirus ýolugyp, ölüm sany 357 müñden geçip durka, akylly-başly adam perwaýsyzlyk edip bilermi, sowuk-salalyga ýol berermi?.. Mehmet FARAÇ, farac65@gmail.com 29.05.2020 ý, "Yeniçağ" gazeti. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 5 | |||||
| |||||