14:10 Erkek kişisiz oba | |
ERKEK KIŞISIZ OBA
Geň-taňsy wakalar
Italiýaly žurnalistka Oriana Fallaçi Malaýýanyñ jeññeliginde bir taýpanyñ üstünden barypdyr. Olarda şu güne çenli ene rugy saklanyp gelipdir. Ähli zat aýallaryñ ygtyýarynda. Miras bolsa gyza galýar. Obada ýaşaýanlar diñe aýallardyr çagalar. Olaryñ ärleri uzakda, hossarlarynyñ öýünde ýaşaýar. Olar oba diñe aýallarynyñ islän wagty gelip bilýärler. - Biz ullakan bagyñ ýanynda saklanýarys. Onuñ añrysynda öý bar. Sazyñ mukamy ýañlanýar. Biz bagda iki aýala duş geldik. Olar bizi öýlerine çagyrdylar. Biz bu ýerde ägirt uly turbaly köne grammofony görýäris. Onuñ ýanynda bolsa tikin maşyny dur - diýip, žurnalistka ýazýar. - Bu meniñ adamymyñ şaý-sepi - diýip, ol aýallaryñ biri gürrüñ berýär. Onuñ ady Jamila. - Häzir siziñ adamyñyz nirede? - diýip soraýaryn. - Ejesiniñ öýünde. Ony men iberdim, sebäbi ol ýalta. Işýakmazy ekläsim gelenok. Dogrudanam, obada bir erkek kişi ýok. Olaryñ barlygynyñ ýeke-täk şaýady bolsa - çagalar... - Onda, siziñ ärleriñiz bu ýere haçan gelýär. - Hepdede ýa aýda bir gezek, haçan olar bize oñaýly bolanda. Ýogsa olar bize hemişe päsgel berýär. Men ol aýallara Ýewropadaky düzgün barada gürrüñ berýärin. Erkek adam maşgalasynyñ eýesi hasaplanýar, aýaldyr çagalar bolsa onuñ familiýasyny kabul edýärler diýýärin. Ol aýallar haýran galýarlar. - Diýmek, onda ol ýerde aýallar erkekleriñ bar diýenlerini edýändirler? Başymy atyp makullaýaryn. Aýallar haýran galmagyñ añyr çägine ýetip, bir-birlerine seredýärler. Olaryñ biri: - Onda sizde aýaly hem erkek saýlap alýandyr? - diýdi. Men ýene başymy atýaryn, olar bolsa ynanmajak bolýarlar. Dünýäde şunuñ ýaly erbet düzgünem barmyka? Aýallaryñ ikisem (olaryñ biri taýpanyñ ýolbaşçysy, beýleki hem gyzy bolsa gerek) obadakylaryñ örän bagtly ýaşaýandygyny gürrüñ berýär. Diñe uzak ýurtdan gelýän gelmişekleriñ köp-köp ýer satyn alyp, azar berýändigini aýdýar. Elbetde, olar iñlislerdir amerikanlar. Ol "çekirtgeler" eýýäm jeññele-de aralaşdylar. - Siziñ ogullaryñyzyñ ykbaly nähili bolýar? - diýip soraýaryn. - Wah, olar bizi alada goýýar. Ynha meniñ oglum Ýunos ösüp barýar-da. Nätjek ogul boldy-da! Indi ol şaý-sep üçin pul ýygnar ýaly hünär öwrenmeli. Şonda ony är edip aljak gyzyñ tapylmagy mümkin. Şol gyzyñ bir bölek ýeri bolarmyka öýdýän. Eýsem bu geñ waka dälmi? Dünýäde başga düzgüniñ barlygyny eşitmek bu obanyñ aýal-gyzlaryna geñ däldir öýdýärsiñizmi?.. ("Азия и Африка сегодня" žurnalyndan). "Ýaş kommunist" gazeti, 16.11.1965 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||