17:33 Ernest Hemingueý | |
ERNEST HEMINGUEÝ
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
(1899-1961) Beýik amerikan ýazyjysy Ernest Miller Hemingueý XX asyr dünýä edebiýatyna iň uly täsir ýetiren ýazyjylaryň biridir. Onuň ömri dartgynly we tolgundyryjy wakalardan doly. Şonuň üçin ýazyjynyň ömri – onuň iň esasy eseri diýse bolar. Ernest Hemingueý Illinoýs ştatynyň Ouk-Park şäherçesinde dogulypdyr. Ol örän zehinli çaga bolupdyr, tebigaty söýüpdir, eýýäm sekiz ýaşyndaka ähli ösümlikleriň, haýwandyr guşlaryň atlaryny ýatdan bilipdir, ýöne esasy ünsüni edebiýata gönükdiripdir. Okaýan wagty Ernest mekdep žurnallarynda hekaýalary we makalalary bilen häli-şindi çykyş edipdir, şol wagt eýýäm ýazyjy bolmagy göwnüne berk düwüpdir. Orta bilimini alanyndan soň, ene-atasynyň talap etmegine garamazdan, uniwersitete girmändir, Kanzas şäherine göçüp, «Star» gazetine işe giripdir. Ýazyjylyk ussatlygyny kämilleşdirmek üçin birnäçe wagt galamgär bolup işläpdir. Hemingueý Birinji Jahan urşuna gatnaşmak üçin Gyzyl Ýarymaý birleşigine ýazylyp, Italiýa barýar. Uruşdan ýaralanyp gaýdýar. Amerikada gahryman kibi garşylanýar. Bu uruş baradaky ýatlamalara Hemingueý soň döreden birnäçe hekaýalarynda we «Ýarag bilen hoşlaşyk» atly meşhur romanynda ýüzlenýär. Watanyna dolananyndan soň «Toronto Star» gazetinde we «Cooperative Commonwealth» žurnalynda işleýär. 1921-nji ýylda ýazyjy birwagtky arzuwyny amala aşyrýar – Pariže gidýär. Bu ýerde Hemingueýiň ylhamy joşýar, ol her hepde «Toronto Star» gazetine täze hekaýa iberýär. Parižde ol F.S.Fitzjerald, Jeýms Joýs, G. Staýn ýaly ýazyjylar bilen tanyşýar. Ömrüniň bu döwri barada, birnäçe ýyl geçeninden soň, Hemingueý «Mydam ýanyňda galýan şagalaň» kitabynda gürrüň beripdir. 1926-njy ýylda çap edilen «Ine-de Gün dogdy» romany ýazyja uly üstünlik getirýär. Mundan soň Hemingueý yzly-yzyna «nusgawy» derejesine ýetjek eserlerini döredip başlaýar. «Aýalsyz erkekler» (1927), «Ýeňiji hiç zat gazanmaýar» (1933), «Kilimanjaronyň gary» (1936) hekaýalar ýygyndysyny, «Ýarag bilen hoşlaşyk» (1929), «Jaň kim üçin kakylýar» (1940) romanlaryny, «Goja we deňiz» (1952) powestini, «Bäşinji sütün» (1938) pýesasyny, «Afrikanyň ýaşyl baýyrlyklary» (1935) kitabyny okyjylar elden düşürmän okaýarlar. Ýazyjy asyr bilen deň aýak basýar eken. Ispaniýada raýatlyk urşy başlanynda, Hemingueý ol ýere barypdyr-da, respublikanlaryň tarapyny tutup, faşistlere garşy göreşmäge kömek edipdir. Ikinji Jahan urşy döwründe-de ýazyjy çetde durmandyr, Karib deňzinde özüniň gämisinde nemesleriň suwasty gämilerini gözlemäge kömekleşipdir, Fransiýany, Belgiýany, Elzasy azat etmek üçin söweşlere gatnaşypdyr. Başga wagt bolsa Afrikada haýwanlary awlap, Kubada balyk tutup ýaşapdyr. 1949-njy ýylda ol Kuba göçýär. «Goja we deňiz» powesti üçin 1953-nji ýylda Pulitzer baýragyna, 1954-nji ýylda bolsa Nobel baýragyna mynasyp bolýar. 1961-nji ýylda ýazyjy pajygaly ýagdaýda aradan çykýar. Çeşmesi: https://tk.wikipedia.org/wiki/Ernest_Hemigueý. 24.10.2022ý. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |