13:45 Esad we araplaryñ yza çekilme däbi | |
ESAD we ARAPLARYÑ YZA ÇEKILME DÄBI
Publisistika
Siriýada 61 ýyllyk BAAS režimi Başer Esad bilen birlikde 7-10 günüñ içinde çat açyp, çökdi. Damaskyñ eteklerinden çekilen goşun bölümleri, "Mezzeh" harby howa menzilini boşadan ýük awtolulaglary, düñderilen Hafyz Esadyñ heýkelleri... Emma ortada ne oñly çaknyşyk gördük, ne çaknyşan ýaragly goşunlar, ne gan, ne-de ýerde ýatan ölüler. Eýsem-de bolsa, araplaryñ "söweşmezden ýeñilmek" däbiniñ başga hili gaýtalanmasyna şaýatlyk edýäsmikä! • Lourens diýipdi Taryh arap söweşjeñ strategiýalarynyñ köplenç gepleşik, pul we kämahal "dost görünen" hyýanatlar bilen şekillenendigini görkezýär. Osmanla garşy iñlis altynlary bilen alnyp barylan gozgalañlar, Yrak urşynda amerikan esgerleriniñ hiç hili gaýtawulsyz Bagdada girişi, indem Damaskda bolup geçen bu çöküş... Ýurduñ ýolbaşçysy uçara mündi-de, yzyna garaman gaçdy. "Söweşsiz ýeñiş gazanmak" pikiriniñ "Arabystanly Lourensiñ" "Danalygyñ ýedi sütüni" eserinde agzaýşy ýaly "Uçgunsyz ýangyna garaşmakdan" tapawudy ýok. • Türkleriñ şan-şöhratly taryhy A biz türkler üçin söweş diñe göreşden ybarat däl, şol bir wagtyñ özünde ar-namys, mertebe meselesidir. Çanakkalede gan dökülip goralan ýerler, Azat-edijilik urşunda täzeden gazanan garaşsyzlygymyz taryhymyzyñ watany nähili goramagyñ iñ güýçli mysallary. Häzir Siriýa ser salýarys: Halap, Hama, Humus gumbaýrakdan gurlan galalar ýaly ýeke-ýekeden ýykyldy. Paýtagt Damaskda dagy gaýtawul beriljegem bolmandyr. Oppozision güýçler pyýada ýöräp diýen ýaly şäheri alypdhr. Bularyñ barsy bolup durka, Esadyñ režimi bir hepde bäri "Yza çekilýäris, ýöne söweş gidip dur" diýip ýalan-ýaşryk beýanatlary berip, oýun oýnapdyr. Batyrgaýlykdan binesip adam Kakasy Hafyz Esad ýaly ýurdy "demir ýumruk" bilen dolandyran ogul Esad düñderilen heýkeller we ses-sedasyz yza çekilmeler bilen doly haosyñ içinde ýitip gitdi. Ýaranlaryñ ýekän-ýekän sahnany terk eden döwründe Esadyñ ýekeligi hasam belli boldy. Eýran serkerdelerini yzyna äkitdi, Russiýanyñ goldawy "çäkli" beýanatlarda galdy. Ahyrsoñynda "Ne söweşde, ne yaraşykda" tragediýasynyñ içinde sahnadan çekildi. Onda söweşmäge batyrgaýlykdan nam-nyşan ýokdy. Gahrymançylyk bolmazdan ýeñiş gazanylmaýar. Siriýanyñ häzirki ýagdaýy muny tragiki şekilde ýene bir gezek ýatladýar. Arap dünýäsi söweş we ýeñiş düşünjeleriniñ içini ýeterlik derejede dolduryp bilmedi. Damaskfaky bu çöküş Şekspiriñ "Genri V" eserindäki sözleri ýadymyza salýar: "Dünýäniñ ähli patyşalary bir gün ýykylar". Emma düýp mesele ýykylmakdan has beter goranyp bilmekde ýatýar. • Moskwanyñ Saýgony Russiýa Damaskdaky raýatlarynyñ yzyna getirilmegini isledi. Muny eşdenler "Näme üçin beýdýärkä?" diýip pikir edip biler. Emma Kremliñ Ýakyn Gündogardaky postlaryny gorandan, "aman galma" taktikasyna geçendigini duýmak kyn däl. Munuñ özi Ýakyn Gündogarda belli bir derejede "Saýgon pursatyny" başdan geçirmekdigine degişli iñ güýçli yşaratlaryñ biri bolup biler. Saýgon 1975-nji ýylyñ 30-njy aprelinde elden gitdi. Amerikanlar şeýdip gaçypdy Putin üçin Siriýa Russiýanyñ halkara arenasynda sereşleýän güýç görkezişligidi. Tartus we Hmeýmim harby bazalary Kremliñ diñe karta çüý çekme islegini däl, şol bir wagtyñ özünde Ortaýer deñzinden Afrika çenli uzaýan täsir zonasyny döretme arzuwyna wekilçilik edýärdi. Emma Ukraina urşunyñ Kremliñ harby we ykdysady çeşmelerini iýip-gemren döwründe şeýle görkezişli daşlar küşt tagtasyndan ýekän-ýekän düñderilmäge başlady. 2015-nji ýylda Putin Siriýada Esad režimini halas edipdi. Şol döwür Kreml howa hüjümleri we Esadyñ ýerli milisiýa otrýadlaryna beren goldawy bilen "Sereduñ, biz uly güýçdüris" signalyny dünýä ýüzüne bermegi başarypdy. Indem bu "uly güýç" jedeli öz ornuny Eyrandan satyn alynan dronlar we Demirgazyk Koreýadan gelen esgerler bilen goranmaga synanyşýan Russiýa äkitdi. Siriýa Moskwa üçin harby baza bolmakdan has öte bir zatdy. Muña şol bir wagtyñ özünde sowet döwründäki Ýakyn Gündogar täsiriniñ täzeden janlanmagy hökmünde garalypdy. Emma Putiniñ häzirkizaman patyşalyk arzuwlary Ukrainada bolup geçen logistik heläkçilikler we barha artýan çykdajylar bilen ädimme-ädim çözüldi. Kreml indi iki frontda uruşmagyñ agyr ýüküni götermek bilen birlikde Ýakyn Gündogardaky abraýyny-da ep-esli derejede ýitirdi. Şeýle sorag ýüze çykýar: Eger Damaskdaky güýçlerini elden giderseler näme bolarka? Bu ýagdaý diñe Esadyñ režimi üçin däl, Putiniñ global küşt tagtasyndaky pozisiýasy üçinem ullakan urgy bolar. Siriýadaky bu yza tesişlik Russiýanyñ global güýç prožeksiýasyny "imperiýa gurmak arzuwlaryndan reallyga" çalt dolap getirip biler. Aýratynam Putiniñ Ýakyn Gündogardaky başdan geçirmeleri taryhdaky beýleki "uly güýçleriñ" birmeñzeş başdan geçirmelerini ýatladýar. Az-uçuk görkezişlik, birgiden çykdajy we ahyrynda masgaraçylykly yza çekilme. ABŞ-nyñ Wýetnamda Saýgondan çekilişini ýadyñyza salyñ. Ilçihananyñ üçeginden howalanan içi adamdan hyryn-dykyn doly wertolýotlar ABŞ-nyñ global öñdeligine düýpli zarba urupdy. Häzir Putin üçin Siriýa Moskwanyñ Saýgony bolup biler. Elbetde, şeýle ýagdaýda hiç kimse wertolýotlara münüp gaçmaly bolmaz, ýeterlik derejede eýran dronlary bar. Güneý ÖZTÜRK. "SÖZCÜ" gazeti, 09.12.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |