12:27 Köstsüz harasat! | |
KÖSTSÜZ HARASAT!
Publisistika
Sebitimiz ýangyn ýeri. Üçünji jahan urşy otluçöp çaksañ ot alyp tutaşjak derejede. Klimat diýseñ bir ýandan... Gurakçylyk, sil, taýfun. Öwrülip liderleriñ bolşuna seredenimizde-hä, ýagdaý hiçem düzeljege meñzemeýär. Tüýs "bagtyñ ýatsa, düýäñ üstünde it ýarar" diýleni-dä. Meselem, Trampyñ üstünde durup geçeliñ. Kriminal superstar. Megaloman. Kezzaplyk boýunça garşysyna gozgalan 34 sany derñew işi, Kongres dökülşigini guramakda jenaýata şärikdeşlik etmekde aýyplanmagy, bile ýatyp-turan pornoýyldyzynyñ agzyny ýumdurmak üçin pul barsyny dykmagy, döwlet ähmiýetli resminamalary bermän saklamak... ABŞ-na prezidentlik etmek onuñ üçin hakyky şow - “Survivor: Oval Ofis!” * * * Garşysynda Putin. Rus patyşasynyñ häzirkizaman görnüşi. Oppozisiýanyñ ýolbaşçysyny, işewürleri zäherletdiren, žurnalistleri gözenegiñ añyrsyna dykdyran, gözüne ýaran ýurdy basyp alýan adam. Bütindünýä parahatçylygynyñ gürrüñini edýärsiñizmi? Öz imperiýasyny gurmagy-da ahmal. * * * Zelenskiý. Wäşi artistlikden prezidentlige beýgelen masgarabazyñ biri. Ukraina akýan pullaryñ offşor hasaplaryndadygyny indi bilmeýän ýok. Ol halk gahrymanymy ýa ünsli guralan mediýa oýnatgysymy? * * * Netanýahu Ysraýylda eýýäm 2009-njy ýyldan bäri premýer-ministr. Gitleriñ jöhit bolup täzeden direlen görnüşi. Gözi ganly ganojak, genosidçi. Üstesine garşysyna parahorlukdan we döwlet emlägini iýmekden üç aýry derñew işi gozgalan. Katar puly bilen "Hamasy" maliýeleşdirmekde aýyplanýar. Munam az görýän ýaly ekspansiýalary bilen Ýakyn Gündogary ýangyn ýerine öwürdi. * * * Fransiýada "kiçijik adam - uly problema..." Näçe adam liseýiñ mugallymynyñ başyny-gözüni aýlap biler? Ýa-da näçe mugallym okuwçysyna aşyk bolýar? Emmanuel Makronyñ 15, Brijitiñ hem 40 ýaşyndaka bir-biri bilen ýakyn gatnaşygy başlapdyr. Öñünde seteran duran adamlar bilen elini atagzy ýaly uzadyp geçýän lideriñ halkynyñ problemalaryny çözmegine garaşmagyñ özi aşa sadalyk bolar. * * * Geleliñ Germaniýa... 16 ýyl kanslerlik eden "demir leýdi" Merkeliñ kürsýsinde, gowuşgynsyz, nalajedeýin, karar kabul etmekde haýal, geleñsiz, kim näme diýse ylalaşyp ýören, özüne ynamy ýok, ulalyp oñalmadyk sosial-demokrat Şols otyr. Kemal Kylyçdaroglyny dagy onuñ ýanynda ýüzüñe sylybermeli. * * * Has alyslara gideliñ... Demirgazyk Koreýada Kim Çeniñ gorky imperiýasy. Kakasynyñ doganyny adamhor itlerine iýdiripdir. Nokat. Aşak ýanynda-da Günorta Koreýa. Lideriniñ ady hökman däl. "Aziýanyñ peleñi" geçen hepde döwlet agdarlyşygyny etmäge synanyşdy. Gözüni türmeden açarlar. * * * Bularyñ goñşusy Hytaý. Lideri Si Szinpin. Uly byradaryñ hut özi. 2013-nji ýyldan bäri otyr. 2023-nji ýylda üçünji möhletine girişdi. Hem möhlet çäklendirmesini aradan aýyrdy. Ýagny ömürlik prezident. Liderlik garaýşy "ýeke-täk adam, nol oppozisiýa". Adam hukuklarymy? Bu adalgany diñe Google-de gözledýän bolaýmasa. * * * Günorta Amerika gideliñ. Ol ýeri-de diýseñ şowhunly materik. Argentinantñ başynda "Däli adam" ("Madman") lakamly, ösgün saçly Hawýer Mileý. Trampyñ iñ fawori prezidenti. Şeýlebir populist sagçy welin, Wiktir Orbany (Wengriýanyñ premýer-ministri) hem tozanyna gardy. Gön penjek geýýär, "punk rock" diñleýär, eli byçgyly surata düşýär. Eýersiz ata münýän Putin bilen gabatlaşsa kim bilýär näme bolar? * * * Braziliýanyñ kideri Lula da Silwa hem halk ikinji gezek ynam bildirdi. Ýöne onuñ bilen baglanyşykly dawa-jenjeller entek ýatdan çykanok. 2017-nji ýylda parahorlukdan we ogurlyk pullary hasabyna geçirmekden aýyplanyp sud edildi. Göreliñ, Amazonka tokaýlarynyñ kesilmeginiñ öñüni alyp bilermi? Ýa-da ykdysady ösüşi saýlap alyp, lowlap duran peje odun dykarmy, görübiýris. * * * Bir ady tutulmadyk Wenesuelanyñ prezidenti Maduro galdy öýdýä. Ol ýurduny doly ykdysady betbagtçylyga iterdi. Azyk we derman serişdeleriniñ gytçylygy, giperinflýasiýa, köpçülikleýin göçhä-göçlükler... Şeýle-de oppozisiýa garşy basyşlar, tutha-tutluklar, saýlaw galplyklary (bulara meñzeş bir zatlar meñ bir ýerden-ä ýadyma düşýär) Madurony halkara jemgyýetçilikde diktator etdi. Ýeri, olaryñ nebiti bar içmäge, biziñ bir käse aýranymyzam-a ýok. * * * Elbetde iñ soñunda biziñ Türkiýämiz bar. Esadyñ agdarylmagy bilen baglanyşykly "Dünýäde liderleriñ arasynda iki adam galdy. Biri men, biri Putin. Beýlekileriñ hemmesi tapbat boldy" diýýän "dünýä lideri" bar başymyzda. Jorj Kluniniñ "Köstsüz harasat" diýen kinofilmi bardy. Gaýyk tupanyñ içinde kyrk metrlik ullakan tolkunda hem ýüzüp barýardy. Ol gaýykdaky adamlar hem biz-dä. Küregiñ başynda şular ýaly liderler otyrka, gaýykda halas ediş žiletini tapybilseñ, zor boldugyñ. Güneý ÖZTÜRK. "SÖZCÜ" gazeti, 13.12.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |