00:09 Esasy zat - sözüñe ygrarlylyk / ýumoreska | |
ESASY ZAT - SÖZÜÑE YGRARLYLYK
Satiriki hekaýalar
Özüm inžener bolup işleýärin. Aýlygym sekiz ýüz manat. Aram-aram baýragam berip durlar. Zähmet rugsadyna awgustda çykmaly. Birküç günlükde önümçilik ýygnagymyzda direktorymyzy tankyt etdim. Ýagny, işleri haýal özgerdýänligi üçin. Munuñ üçin başymdan sypap goýaýmadylar. Zähmet rugsadymy dekabra geçirip goýberdiler. - Garyñ üstünde güne ýanarsyñ! - diýip, işdeş ýoldaşlarym hikirdeşdiler. - Zeleli ýok - diýip, men uludan demimi aldym. - Gyşda Soçide ýaşamak arzan düşýä. Üstesine suwa düşülýän ýerem çola bolýa. Meniñ üçin sözüñe ygrarlylyk - zähmet rugsadyndan has ýokarda durýar. Başlygymy ýene ýumruk ýassygyna aldym. Bu sapar eýeçiliksizligi üçin. Meni başga bölüme geçirdiler. Aýlygymdanam ýüz manat kemdiler. Baýrak-saýrakdanam dyndardylar. - Gözsüz batyrlyk etseñ, bolaýjagyñam şodur! - diýip, kärdeşlerim maña igesini sürtdüler. - Darygar ýaly zat ýok - men giñ göwrümlilige saldym. - Alimenti azrak tölärin. Baýragam - owarram. Şoñ bilen artyp-süýşjek zadyñ ýok. Meñ üçin birinji nobatda sözüñe ygrarlylyk. Nobatdaky ýygnakda başlygymy gödekligi üçin ýepbekledim. Meni ýene peseltdiler. Indi tehnik bolup işleýärin. Aýlygymdanam ýene ýüz manat kesdiler. - Süregiñe ýetdiräýdiñ öýdýän... - diýşip, işdeş ýoldaşlarym başlaryny ýaýkaşdylar. - Meñ üçin gyýylmañ! - diýip, özümi çus görkezmäge dyrjaşdym. - Indi hiç hili jogapkärçilik ýok. Sähel eýle-beýle üçim başyñam agyrtmaly däl. Iñ esasy zat bolsa - sözüñe ygrarlylyk. Meñ üçin ondan belent zat ýok. Başlygymy ýene ýöne goýmadym. Bu sapar ony edarany dargadýar diýip külüni sowurdym. Tankydy delilsiz tapyp, meni gijeki garawullyga geçirdiler. Aýlygym ozalkydan iki ýüz manat kemeldi. - Señ indi işiñ gaýtdy - diýip, kärdeşlerim meni görüp, ellerini salgaýdylar. - Bü mahluklara serediñ-le - diýip, men döşümi gaýşardyp gürledim. - Gijesine-hä ukyny urban, gündizine-de dynç alýan. Nobatdaky ýygnak geçirildi. Men ýene-de direktorymyzyñ tankytdan ýüküni ýetirdim. Hatda ony gazete-de ýazdym. Meni mundan artyk peseldere bolsa ýer ýok. Işden çykarylmagyma-da profsoýuz komiteti razylyk bermedi. Paltasy daşa degendir-dä, ahyry başlygymyzyñ özi meni ýanyna çagyrdy. - A-how, gardaş, sen maña sakyrtga ýaly ýapyşdyñ ýatdyñ-la? Bü tankytdan saña näme peýda bar? - Maña iñ esasy zat - söze ygrarlylyk. - Eýsem, ygrarlylygyñ bahasy näçä durýa? - Bir müñ bäş ýüz manada. Indi men direktoryñ köpçülik işleri baradaky orunbasary. Aýlygymam iki müñ manat. Baýragam yzygiderli alyp durun. Putýowka hakda-ha gürrüñem ýok. Gördüñizmi, iñ esasy zat - tä ahyrky demiñe çenli sözüñe ygrarly bolmak ekeni. Garman KOLOBOW, (Ukraina). Ukrain dilinden terjime. "Watan" gazeti, 1995 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |