00:10 Etsem-petsemleriñizi iñ soñky pursatda goýbolsun edýän bolsañyz... | |
ETSEM-PETSEMLERIÑIZI IÑ SOÑKY PURSATDA GOÝBOLSUN EDÝÄN BOLSAÑYZ, "MAKIAWELLIST NARSISIST" BOLMAGYÑYZ MÜMKIN
Psihologiýa
Sosial towusma şahslaryñ "özleri üçin iñ gowy görýän saýlawlaryny yzarlamak maksady bilen" etsem-petsemleri iñ soñky minutda goýbolsun edýän "özeninde şahsy bähbit bolan hereketdir". Narsisizm sözüniñ köki grek mifologiýasyndaky narkissosdan gelýär. Täze geçirilen barlagyñ netijesi sosial zappingçiler (towusmaçylar) diýip tanalýan we etsem-petsemlerini dowamly ýagdaýda iñ soñky minutda goýbolsun edýän adamlaryñ makiawellim we narsisizm ýaly garañky şahsy aýratynlyklara eýe bolmaga has ýakyndygyny görkezdi. "Personality and Individual Differences" atly ylmy žurnalda çap edilen barlagda sosial towusma esasan "sözde has gowy alternatiwler üçin" etsem-petsemleri "az wagt galanda" goýbolsun etme hökmünde baha berýär. Wagtal-wagtal islendik kişi nämedir bir zady iñ soñky minutda goýbolsun edýänem bolsa, barlagçylar sosial towusmaçylaryñ özüni alyp barşynyñ nerw bozujy gyşarmadan ybarat bolmandygy üçin aýratyn ýagdaýdygyny, çünki şeýle şahslaryñ "öz bähbitlerine hyzmat edýän ýa-da impulsiw oýlanyşyksyz kararlary başgalary bahasyna alma gyşarmasynda bolýandygyny" nygtady. Sosial towusma bilen baglanyşdyrylýan şahsy aýratynlyklary öwrenmek üçin Germaniýanyñ Duýsburg-Essen döwlet uniwersitetiniñ Biliş we özüñi alyp baryş garaşlylygy boýunça ylmy-barlag merkeziniñ (CeBAR) psihologiýa bölüminden we Erwin L.Han adyndaky Magnetik rezonans görnüşe geçirme institutyndan ylmy barlagçylar 17-30 ýaş aralygyndaky 190 gatnaşyjydan "dürli şahsy aýratynlyklaryna we sosial towusma gyşarmasyna baha berýän" anketa doldurmagy haýyş etdi. Barlagçylara görä anketa narsisizm, makiawellizm we psihopatiýa şahsy aýratynlyklaryny öz içine alýan garañky üçlügiñ ýany bilen impulsiwlik, ertä goýma we bolup geçeni sypdyrma gorkusyny (fear of missing out -FOMO/Боязнь пропустить интересное) kesgitleýän ölçeglerem dahyllylykda dürli şahsy ölçegleri barlaýardy. Barlagçylar anketalaryñ netijelerini analiz edenlerinden soñ bolup geçeni sypdyrma gorkusyndan daşardaky ähli aýratynlyklaryñ sosial towusma çemeleşmesi bilen ymykly baglanyşyklydygyny anyklady. "Garañky üçlügiñ" aýratynlyklaryndan makiawellizmiñ we narsisizmiñ şahsyñ sosial towusma edip-etmejeginiñ anyk görkezijilerinden biridigi ýüze çykdy. Şeýle-de barlagçylar "üns impulsiwligi we ertä goýma ölçeginiñem" şunda rol oýnaýandygyny nygtady. Psihologiýada makiawellizm öz bähbitlerinden başga zady bilmeýän we maksadyna ýetmek üçin aldawçylykly we öñden meýilleşdirilen ýollara ýüz tutan şahslar üçin ulanylýan bolsa, narsisizm "grandioz, ýagny özüni ýokarda tutma duýgusy, başgalara bolan mähirsizlik, özüni aşa gowy gördürmäge bolan islegi, aýratyn ünse mynasypdygyna bolan ynanjy" ýaly aýratynlyklar bilen kesgitlenýär. "PsyPost"-a görä, bolup geçeni sypdyrma gorkusynyñ sosial towusma bilen nämüçin gönüden-göni baglanyşykly däldigine degişli baglagçylar bu aýratynlygyñ "beýleki adamlaryñ edýän zatlaryna dahylly bolmaga gönükdirilen köpçülikleýin häsiýetli arzuwy" öz içine alýandygyna ünsi çekdi. Umuman alanda, barlagçylar sosial towusmanyñ "şahslaryñ özleri üçin iñ gowy görýän zatlaryny yzarlamak maksady bilen randewulary öñünden habar bermezden (iñ soñky minutda) goýbolsun edendikleri tebigy taýdan şahsy bähbide esaslanýan hereketdigini" ýüze çykaran bolsa, doly göz ýetirilmegi üçin has köp barlag işlerini geçirmegiñ gerekdigini-de aýtdylar. Çelsi RITŞEL, ABŞ-ly ýaşaýyş-durmuş terzi boýunça korrespondent. @chelsearitschel Şenbe, 17.04.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |