15:02 Ýatlanmaga mynasyp alym | |
ÝATLANMAGA MYNASYP ALYM
Edebi makalalar
Türkmen dilini we edebiýatyny öwreniji görnükli alym Zylyha Muhammedowanyň biziň aramyzdan gidenine şu ýyl otuz dört ýyl dolýar. Çagalykdan her bir ynsanyň hat-sowatly, giň dünýägaraýyşly bolmalydygynyň terbiýesini alan jöwher zehinli, gaýratly zenanyň durmuş ýoly tutuş ýurdumyzyň taryhynyň we jemgyýetçilik ösüşiniň aýdyň mysaly: ýigrimi alty ýaşynda filologiýa ylymlarynyň kandidaty, şondan iki ýyl geçensoňam täze açylan Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň habarçy-agzasy derejelerine mynasyp bolan ilkinji zenandyr. Ol 1922-njy ýylda Mary welayatynyň Wekilbazar etrabynyň Mülkýusup obasynda gullukçy maşgalasynda dünýä inýär. Zylyha Muhammedowanyň esasy gyzyklanan we ýadawsyz öwrenen ugry Magtymguly Pyragynyň baý ylahy we dünýewi mazmunly şygryýet mirasydyr. Ol nusgawy şahyryň dürli döwürlerde ýazan şygyrlarynyň: tekstologiýa, filologiýa, leksikologiýa taýdan çuňňur derňewini geçirdi. Ol Magtymgulynyň kakasy we ilkinji mugallymy Döwletmämmet Azadynyň "Wagzy Azat“ traktatyndan başgada, öý kitaphanasynda saklan golýazma kitaplaryny öz eli bilen göçürendigini we olaryň senelerini tassyklanlaryň biridir. Alym zenanyň gönüden-göni terjimeçilik bilen meşgullanandygyny bellemek örän wajypdyr. Ol Magtymgulynyň, Keminäniň, Mollanepesiň we Zeliliniň goşgulyryny, häzirki zaman türkmen kyssasyny esaslandyryjy Berdi Kerbabaýewiň "Aýgytly ädim" romanyny, Orta Asyr "Oguznama" traktatyny rus diline geçirýär. Şeýlelikde, ady professional terjimeçileriň hataryna girýär. Türkmenistanyň Yylymlar Akademiýsynyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň işgäri Akbäbek Ataýewa indi köp ýyllaryň dowamynda Zylyha Muhammedowanyň ömri we ylmy döredejiligi barada gyzyklanyp, ençeme gymmatly maglumatlary toplady. Akbäbek Ataýewa bilen guralan söhbetdeşligi okyjylaryñ dykgatyna hödürleýäris. Akbäbek Ataýewa: Geçen asyryň segseninji ýyllarynda Sankt-Peterburgyň (şol wagtky Leningradyň) Medeniýet instiutynyň kitaphanaçylyk bölüminde okaýarkam Maksim Gorkiniň ýolbaşçylygynda başlanan "Ajaýyp adamlaryň ykbaly" («Жизнь замечательных людей» ýa-da gysgaldylyp aýdylyşy ýaly ЖЗЛ) tapgyrlaýyn neşirlerine gyzyklanýardym. Sebäbi olaryň ählisi ady dünýä belli ýazyjy-şahyrlaryň, taryhçylaryň, meşhur alymlaryň galamlaryndan çykan eserlerdi. Her bir halkyň atlary ýatlanmaga, eden hyzmatlary, haýyrly amallary gelejekki nesillere ýetirilmäge mynasyp adamlar kän ahyry... Sankt-Peterburgyň ýokary okuw jaýlarynyň kitaphanalaryna baramda ýurdumyzyň, tanymal şahsyýetlerimiziň taryhyna degişli maglumatlar gözüme ildigi, uludygyna ýa-da kiçidigine garamazdan okap çykýardym, mümkin boldugyça gysgaça beýanyny göçürip alýardym. Maksud Alyhanow Awarlynyň gündelik şekilli ýazan "Zakaspiý ýatlamalaryndaky“ Güljemal han ýa-da Ahal-Teke ekspediýasyna gatnaşan harby lukmanyň 1882-nji ýylda Sankt-Peterburgda çapdan çykan çagalara niýetlenen žurnalda Tatýana Tekinskaýa (1913-nji ýylda Artyk stansiýasynda öz serişdesine mekdep açansoň oňa Artykgül diýip at goýýarlar) hakynda gymmatly maglumatlaryň üstünden bardym. Okuwy tamamlap Aşgabada gelemsoň şol gözleglerimi dowam etdim. Geçen asyryň başlarynda Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda neşir edilen “Kurtuluş” žurnalynda, birneme soňra öz ýurdumyzda çykýan “Maweraýe Bahry-Hazar” gazetiniň 1915-nji ýylyň 17-nji noýabr sanynda ilkinji magaryfçylaryň biri Alyşbek Alyýewiň Sahypjemal şahyr barada uly bolmadyk makalasyna hem-em aşakdaky goşgusyna duş geldim: ─ Gara gözlim, meni ýat et üç günden bir, dört günden bir, gamgyn göwnüm birje şat et üç günden bir, dört günden bir. Garşydan bakarlar Aýa, sallanyp gel biz obaýa, rehm eýle bu binowaýa üç günden bir, dört günden bir. Sahypjemal diýer ýary, söwdügim, gel biziň sary, ýüregimde ýakma nary, üç günden bir, dört günden bir. Eger-de, şol žurnalyň üstünden barmadyk bolsam, onda, bu ajaýyp liriki goşgy Saýat Nowanyňky, Ýunus Emräniňki ýa-da azerbaýjan halk aýdymydyr öýder ýörerdim. Sahypjemalyň ussat şahyrdygyny, Änewli meşhur Durdy bagşynyň uýasydygyny, köp toýlary sowan aýal-bagşydygyny asla-da bilmezdim. Şondan soňra, ХIХ─ ХХ asyrlarda ýaşan görnükli türkmen aýal-gyzlary hakda toplumlaýyn ýatlamalary ýazmagyň kararyna geldim. Şeýlelikde, ýurdumyzyň halk hojalygynda we medeniýet durmuşynda özlerini tanadan zenanlaryň ünsümi çekýänleriniň sany barha köpeldi. 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan, häzirki Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine ady dakylan Saçly Dursunowa we tanymal magtymgulyşynas Zylyha Muhammedowa ikisi Türkmenistanyň ylym pudagynyň wekilleridir. Eýsem, şol atlary agzalan şahsyýetleriň umumylygy, meňzeşligi nämede? Öz soragyma özüm: olaryň halkylygynda diýip jogap berýärin. Olar il-gününi, öz mertebesini söýen, öz maksatlaryna ýetmegi hemme zatdan ilerde goýan ─ tüýs merdana zenanlar. ХХI asyryň nazaryndan baha bereňde olara reformatorlar-täzelikçiler diýmäge doly esas bar. Ýöne bir ýagdaýy aýratyn bellemek hökman, bularyň hemmesiniň maňlaýyna agyr hupbatlar, ýowuz synaglar ýazylypdyr. Emma, şonda-da olar ýan bermändirler, göreşden dänmändirler. Mysal üçin, Güljemal han öz tabynlygyndaky raýatlaryň maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmagyň, Murgap derýasynda bent gurup ekerançylyk we öri meýdanlaryny suwlandyrmagyň ýa-da Saçly Dursunowa ildeşlerimiziň jan saglygynyň aladasyny etseler, Tatýana Tekinskaýa, Sahypjemal şahyr, Zylyha Muhammedowa dagylar türkmen halkyny sowatsyzlykdan gutarmagyň, ylaýta-da, ýaşlarda milli aňyň kemala gelmeginiň, ilatyň köp böleginiň hatly-sowatly bolmagy ugrunda irginsiz zähmet çekipdirler. Mysal üçin, 1906-njy ýylda öz watanyna dolanyp gelen Tatýana Tekinskaýa Zakaspiý oblastynyň diwanynda terjimeçilik işiniň gapdalyndan, şol wagtky gyzlaryň mekdebinde çagalary rus, nemes, fransuz dillerinden okadypdyr. Zylyha Bakyýewna Muhammedowa hem daşary ýurt dilleriniň altysynda: rus, arap, iňlis, nemes, pars, fransuz dillerinde erkin gürläpdir we terjime edipdir. Men edil şu günlerem olaryň milletiň medeniýetiniň daşary ýurt dillerini öwrenmekden başlanýandygyna göz ýetirendiklerine, bu ugurda adatdan daşary erjellik, tutanýerlilik görkezendiklerine haýran galýaryn. O wagtlar aýal-gyzlara beýle-de dursun, hat-da, erkek kişileriň günbatar dillerini bilýänlerini tapaýmak aňsat bolmasa gerek. Diňe öz güýçlerine, gujur-gaýratlaryna daýanyp halkara derejesindäki şahysýetleriň deňine ýetendiklerini ýatlamada hemişe olara çäksiz buýsanýaryn we guwanýaryn. ...Elbetde, her bir ynsana arzuw etmegem mahsus, maksat tutmagam, ýöne olary amala aşyrmakda iş bar. Bu meselede köp zat ozaly maşgala terbiýesine, irgözin zähmet endikleriniň öwredilmegine we yzygiderli talap edilmegine bagly. Zylyha Muhammedowa entek mekdebe barmanka kakasy Baky Muhammedowdan hem-de atasy, Mary sebitinde tanalýan we uly hormat goýulýan Täçmuhammet ahundan arap-pars dillerini öwrenýär. Ýedi ýaşyny dolduranda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky rus ýazyjysy I.S. Turgenýew adyndaky ýediýyllyk mekdebiň birinji synpyna okuwa barýar. Ejesi Gurbanjemal daýza türkmen halk döredijiliginiň ähli žanrlaryna: nakyllara, hüwdülere, lälelere, matallara, ýaňlytmaçlara belet ekeni. Zylyha Bakyýewna soň-soňlar, onlarça ýyllar geçensoň, daşary ýurtlarda, halkara forumlarynda çykyş edende: “ejemiň aýdanlaryna görä”, “ejemiň ýatdan gaýtalan bentleri boýunça” diýip, oňa kän salgylanypdyr, öwreden bentlerini, jümlelerini fakt hökmünde mysal getiripdir. Olaryň öýlerinde mydama türkmen nusgawy şahyrlary, olaryň eserleri, “Görogly”, “Ýusup-Ahmet” “Hatam Taý” we beýleki dessanlaryň gürrüňi edilipdir. Şonuň üçin goňşulary, obadaşlary köplenç agşamlaryna olaryň öýlerine üýşüpdirler. Berdi Kerbabaýew tarapyndan 1926-njy ýylda arap grafikasynda çap edilen Magtymgulynyň ilkinji goşgular ýygyndysy maşgalanyň uly-kiçi hemmesiniň elinden düşürmän okaýan kitabyna öwrülipdir. Zylyha 10-12 ýaşlaryndaka Magtymgulynyň goşgularynyň köpüsini ýatdan bilipdir. Gepiň gysgasy, Zylyha Muhammedowa Magtymgulynyň türkmen halkynyň öňündäki uly hyzmatynyň ýeke bir milli edebiýaty döredenligine däl-de, eýsem, garaşsyz döwlet gurmak, erkanalyk ugrundaky çagyryşyny hem öz içine alýandygyna gaty ir düşünipdir. Gyzynyň intellektual dünýäsiniň ir kemala gelmeginde kakasy Baky Muhammedowyň hyzmaty taýsyzdyr. Ol 20-nji asyryň başynda medresede okan, ylahy we dünýewi bilimden kemsiz paýyny alan milli intellegensiýanyň wekilidir. Ol ýerli ilatyň jemgyýetçilik durmuşyny özgertmegiň öň hatarlarynda bolýar. Türkmenistan respublikasy ykrar edilensoň Gaýgysyz Atabaýew, Nedirbaý Aýtakow, Seýitmyrat Öwezbaýew we beýlekiler bilen egin-egne berip ýurduň halk hojalygyny ösdürmekde we berkitmekde öz yhlasyny gaýgyrmaýar. Oňa dürli pudaklaryň ýolbaşçylygyny ynanýarlar. Başarjaňlygyny we gözýetiminiň giňligini, birnäçe dilleri bilýänligini göz öňünde tutup Baky Muhammedowy 1937-nji ýylda Türkmenistanyň Moskwadaky hemişelik wekili edip ugradýarlar. Şonda ol çagalaryny hem ýany bilen bu ýere alyp gaýdýar. Emma, oňa uzak işlemek we ýaşamak miýesser etmeýär. Şol ýylyň güýzünde Baky Muhammedowy gyssagly suratda şgabada çagyryarlar. Gelen dessine oňa NKWD-äniň “ümsüm otaglarynda” toslanyp tapylan “Türkmen azatlygy” diýlen guramanyň agzasy diýip galp aýyplama ýöňkelýär. Ilki tussag edilýär we soňra ondan gördüm-bildim, habar-hatyr eşidilmeýär. Ömrüne päk niýetli zähmet yeken adamsynyň ähli arzuw-hyýallarynyň iň soňunda puja çykandygyna düşünen, ýaşaýan gulluk jaýlaryndan çykarylan Gurbanjemal eje bäş çagasyny: üç ogly, iki gyzyny alyp nirdesiň Aşgabat diýip dogduk diýaryna sary ýola düşýär. Ýat, nätanyş şäherde ýeke galan ene sag-aman öz iline aşyp bilse hossarsyz, hemaýatsyz galmajakdygyna berk ynanýar. Ol Aşgabada gelensoň işe ýerleşýär we çagalarynyň gelejeginiň aladasy bilen ýaşaýar. Ýalňyz başyna inen bigünä aýyplama musallady ahyry onuň biwagt aradan çykmagyna getirýär. Ömrüni ylma bagyşlamagy niýet edinen Zylyhanyň durmuş ýoly ine, şeýle başlanýar. Ol 1938-nji ýylda Aşgabadyň mugallymçylyk institutynyň rus dili we edebiýaty bölümine okuwa girýär. Bir ýyl okansoň näbelli sebäplere görä Aşgabatdan çykyp gitmeli bolýar. Bu megerem, onuň kakasynyň keç ykbaly bilen baglanyşyklydyr. Dogrusy, başga çaklama ýer hem galmaýar. Ol okuwyny Nalçik şäherinde dowam etdirýär. 1941-nji ýylda Beýik Watançylyk urşunyň öňisyrasynda okuwyny gutaryp gelýär we Aşgabadyň pedinstitutyna işe ýerleşýär. Moskwada çap edilýän «Вопросы языкознания» atly halkara žurnalynyň 2022-nji ýylda çykan 4-nji sanynda Zylyha Muhammedowanyň 100 ýyllygyna bagyşlanan uly göwrümli makalada onuň jemi 200-e golaý ylmy işleri sanalyp geçilýär. Men lingwistika boýunça hünärmen däl. Ýöne ylymda, onda-da, bir halkyň ene dilini öwrenmekde şeýle baý döredijilik mirasyny galdyrmak bagty hemme alyma ýetdirip durmaýandygyny açyk aýdyp biljek. Onuň kitaphanalarda aýratyn kitap, ýygyndy ýa-da žurnal görnüşli saklanýan işlerini şeýleräk tertipde bäş sany topara bölmek mümkin: 1) türkmen edebiýatynyň naýbaşy eserleriniň rusça terjimeleri; 2) rus dilindäki nusgawy eserleriň türkmençe terjimeleri; 3) türkmen diliniň gadymy sözlerini ýygnamak, seljermek, manysyny düşündirmek we ulanyşa girizmek; 4) türkmen diliniň taryhy boýunça fundamental grammatiki, tekstologiki derňewleri geçirmek; 5) dili öwrenmek ulgamynda ylmy hünärmenleri taýýarlamak. Alym bu ugurlara hemişe düýpli, döwrebap dünýä lingwistikasynyň ülňülerine laýyk çemeleşýär. Onuň adatdan daşary öz-özüne talapkärçiligi, ylmyň janköýerine öwrülmegi onýyllyklaryň dowamynda kämil derejä ýetýär. Muňa degişli bir parçany ýatlamakçy. …Ikinji jahan urşunyň başlanmagy bilen Moskwanyň Lomonosow adyndaky Döwlet uniwersitetiniň işgärleriniň uly bölegi, şeýle hem Nobel baýragynyň eýesi, meşhur fizik Andreý Saharow hem Asgabada göçüp gelýär. Adybelli gündogarşynas A.P.Poseluýewskiý bolsa şgabadyň mugallymçylyk institutynda talyplary okadýar. Köneleriň “Zergär zer tanap” diýişleri ýaly türki diller boýunça meşhur professor ýaş mugallym Zylyhanyň tutanýerliligine, ylma höwesine göz ýetirensoň onuň gelejeginiň aladasyny edýär. Şeýlelikde, öz şägirdine Gündogar edebiýatyny düýpli öwrenmegi we Moskwanyň Döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetine okuwa girmegi maslahat berýär. Bu urşuň iň agyr ýyllaryna gabat gelýär. Talyp gyz beýleki deň-duşlary ýaly gündizine 12 sagat ýarag zawodynda işläp, agşamlaryna-da okaýar. Mugallymlary, galyberse-de, ýoldaşlary ene-atadan ir galan Zylyha ellerinden kömegi gaýgyrmaýarlar. Kim çöregini deň bölüşse, kim egin-eşik berýär, kim onuň heserli göwnüni göterýär. Şeýle mähirli adamkärçilikden söýget tapan gyz bile okan ýoldaşlary, mugallymlary ─ adybelli türkşynaslar: N.K.Dmitriýew, E.R.Tenişew, N.A.Baskakow, Ý.W.Sewortýan, E.A.Grunina we L.S.Lewitskiý dagylar bilen ömürboýy ýakyn gatnaşygyny ýitirmeýär, olary mydama uly hormat goýýar. Moskwanyň uniwersitetiniň uçurymy soňra şol ýerde aspiranturada galýar. Ony türkologiýanyň usulýet esaslaryny we aýratynlyklaryny ele almagyň ýoluna salanlaryň arasynda ruslaryň içinde lkinjileriň hatarynda Kuran Kerimi rus diline geçiren I.K.Kraçkowskiniň bolmagy has-da guwandyryjy faktdyr. Moskwanyň, Leningradyň merkezi we ylmy edaralarynyň arhiwleriniň, şeýle-de ýokary okuw jaýlarynyň kitaphanalarynyň türki dillerdäki köne golýazmalaryň ählisini jikme-jik derňäp çykýar. 1948-nji ýylda “Magtymgulynyň Astrabat golýazmasynyň dili” diýen temadan kandidatlyk dissertasiýasyny goraýar. Bu dissertasiýa alymyň Magtymgulynyň şygyrlarynyň hemme taraplaýyn seljerişiniň uzak ýolunyň başlangyjyny aňladýar. Şol ýyllarda Zylyha Bakyýewnany we beýleki türkmen ýaşlaryny gelejege ruhlandyran, ýurtda ylmy galkynyşy döreden taryhy bir waka bolup geçýär. 1951-nji ýylyň iýunynda SSSR Ylymlar akademiýasynyň türkmen bölümi özbaşdak Akademiýa diýlip ykrar edilýär. Kämillik ýoluna düşen ýaş alyma uly ynam bildirip ony täze Akademiýanyň habarçy-agzalygyna saýlaýarlar. Şeýlelikde milli golýazmalary öwrenmek boýunça ýörite açylan bölümde işe başlan Zylyha Muhammedowa ähli ünsüni nusgawy edebiýatyň akademiki barlaglaryna gönükdirýär. Ol Magtymguly Pyragynyň 225 ýyllygy mynasybetli geçirilen respublikan ylmy-maslahata gatnaşmak üçin ýan-ýoldaşy Sapar Ahally bilen bilelikde (käbir çeşmelerde onuň ady Sapar Ensary diýlip hem görkezilýär) şahyryň okan we düýpli öwrenen kitaplaryna, edebi hem-de ruhy halypalaryna bagyşlanan uly göwrümli makalany ýazýar. Şeýle hem 1961-nji ýylda professor, filosofiýa ylymlarynyň doktory Gylyç Mülliýewiň toplan golýazmalaryna salgylanyp “Magtymgulynyň tekstologiýasy. Magtymgulynyň goşgulary hakynda” atly monografiýany taýýarlaýar. Awtoryň täzeçe çemeleşmelere daýanýan we şygyrlaryň manysyny batyrgaý hem-de özboluşly esaslandyrýan bu teswirlemeler şindi-şindem edebiýatçylarda, alymlarda, mekdep mugallymlarynda, ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynda we ýönekeý okyjylaryň arasynda uly gyzyklanma döredýär. Zylyha Bakyýewna tutus ömrüni filologiýanyň iň çylşyrymly, alymlaryň gözüniň köküni gyryp dümtünip oturyp işleýän ugruna ─ tekstologiýa bagyşlady. Özem köne türki ýa-da ylymda atlandyrylyşy ýaly çagataý dilindäki golýazmalarda peýdalanylan adalgalary ylmy dolandyryşa girizdi we halka ýetirdi. Şonuň ýaly hem ─ arap dilindäki çeşmeleriň binýadynda türkmen diliniň taryhynyň 11-14-nji asyrlara degişli çeşmelerini yzygiderli ýygnady. Netijede uzak ýyllaryň gözleglerinden we deňeşdirmelerinden jemlenen maglumatlaryň binýadynda 1969-njy ýylda ylymlaryň doktory diýen derejäni aldy. Ylymlar akademiýasynyň alymlar geňeşiniň karary boýunça bu dissertasiýa 1973-nji ýylda “Ylym” neşirýat tarapyndan “XI-XIV asyrlaryň türkmen diliniň taryhy” diýlip, aýratyn kitap görnüşinde 1000 nusgada neşir edilip köpçülige ýaýradylýar. Bu kitabyň gysgaça mazmuny bilen okyjylary tanyşdyrmagy makul bilýärin. Onda Mahmyt Kaşgary, Çelebi, Abdylla ogly Mustafa, Abu Haýýan we beýlekiler barada seýrek duşýan maglumatlar berilýär. Bu neşiriň "Sözlük" bölüminde awtor Orta Asyrlaryň golýazmalarynda gabat gelýän 800-e golaý atlaryň, sypatlaryň we işlikleriň elipbiý tertibindäki sanawyny düzüpdir. Olara uçdantutma etnografiki, toponomiki, geografiki, astronomiki düşündirişler berilýar. Muňa mysal edip: Aýhan, Günhan, Deňizhan we ş.m. görkezmek bolar. Dogan-garyndaşlygy aňladýan sözler: ata, ene, gaýyn, gardaş, baldyz, ogul, gyz, giýew, baja we beýlekiler; Astronomiýa ylmynda ulanylýan adalgalar: Aý, Gün, Zöhre (Wenera), Myrryh (Mars), Ýedigen, Demirgazyk (Polýar) ýyldyzlary; Türkmen taýpalarynyň, tireleriniň we kowumlarynyň atlary: çowdur, gaýý, afşar, baýat, eýmir, ýazyr, igdir, abdal, beçenek, baýandyr we ş.m. Alym kitabynyň soňunda, “goňşy ýaşaýan ýa-da daşky, çetki milletler bilen hernäçe söwda we durmuşy gatnaşyklar saklasalarda, Merkezi Aziýanyň Oguzlary öz ene dilleriniň özenini-strukturasyny üýtgetmän saklamagy başarypdyrlar” diýen netijä gelýär. Zylyha Bakyýewnanyň türkmen diliniň şiwelerini-dialektlerini, orfologiýasyny, sintaksisini derňeýän barlaglary hem şeýle baý çeşmelere daýanýanlygy bilen tapawutlanýar. Şeýlede, bularyň üstüne olara häzirki zaman leksiki taglymyýet usullarynyň bitewi ulgamy boýunça çemeleşilendigini bellemek gerek. Türki kökli dilleriň leksikologiýasynyň, leksikografiýasynyň wajyp meselelerine jogap gözleýändigi üçin alym zenan türk äleminde giňden tanalýar. Ol 1978-nji ýylda türkmen aýal-gyzlarynyň arasynda ilkinji bolup Türk Dil Gurumynyň habarçy agzalygyna saýlandy. Alymyň Türkmenistanyň toponimakasyna – geografiki ýer-ýurt atlaryna, el hünärine degişli işleriň sözlügini, çarwa-maldarçylyk, oba hojalyk adalgalarynyň gelip-çykyşyny düşündirýän makalalary köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly öz okyjylaryna gowuşdy. Olaryň aglabasy Türkiýede, GDR-de, Finlýandiýada, Polşada we Moskwada terjime edildi. Zylyha Muhammedowa 1956-njy ýylda Moskwada çapdan çykarylan 50 müň sözden ybarat “Rus-türkmen sözlügini”, 1975-nji ýylda “Ylym” neşirýatynda çykarylan “Türkmen edebiýatynyň taryhynyň” birinji tomuny taýýarlamaga gatnaşdy. Zylyha Bakyýewnany ýakyndan tanaýanlar, şägirtleri görnükli alymyň hemişe Merkezi kitaphanadan çykmandygyny, arakesmelerde işine dahylsyz boş gürrüňlere, bihuda pişelere güýmenen wagtyny görmändiklerini aýdýarlar. Köneleriň “ylmyň aňyrsyna çykma ýok” diýişleri ýaly, Zylyha Muhammedowa hemişe bilimini, dünýägaraýşyny kämilleşdiripdir, taglymy nazarýetini ýadaman-ýaltanman giňeldipdir. Bu erjellik ylym älemine gadam urýan ýaşlar üçin hakyky görelde ahbetin. Ýene-de bir aýratyn bellemeli zat Zylyha Muhammedowanyň maşgalasy tarapyndan onuň ömürboýy toplan ylmy, dil (ähli türki dilleri boýunça), edebi-çeper, taryhy we ensiklopediki kitaplary jemi 1997 sany neşirden ybarat möçberde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi Ylmy kitaphana peşgeş berildi. Zylyha Bakyýewnanyň ogly geçen asyryň segseninji ýyllarynda Baýkal-Amur demir ýolunyň gurluşygyna gatnaşýar, şol ýerde hem ýogalýar. Uly gyzy Sona iki ogly bilen Sankt-Peterburgda ýaşapdyr, kiçi gyzy Maýa Garaşsyzlyk ýyllarynyň başlarynda arap ilçihanalarynyň birinde terjimeçi bolup işleýär. Uýasy Sona aradan çykansoň öz ýegenleriniň çakylygy boýunça Sankt-Peterburg şäherine göçüp gidýär. Bu ýatlama-makalamyň ahyrynda, şu ýyl aradan çykanyna otuz dört dolýan Zylyha Baky gyzynyň rus dilinde ýazan ylmy-makalalarynyň köpüsiniň türkmen diline geçirmegiň zerurdygyny bellemekçi. Bu işde tejribeli tejimeçiler, ýaşlar, talyplar uly goldaw berer diýip umyt edýärin. Akbäbek ATAÝEWA, TYA-nyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň işgäri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |