16:56 Eýranly aýal-gyzlaryñ ahy-nalasy we körpe uýam Farah | |
EÝRANLY AÝAL-GYZLARYÑ AHY-NALASY WE KÖRPE UÝAM FARAH
Publisistika
Azajyk diñ salsañyz, eýranly millionlarça aýal-gyzyñ halas edilmek üçin däl-de, seslerini eşitdirmek üçin batlandyrýan ahy-nalasyny eşidersiñiz. Eýsem, şo ahy-nalalara gulak gerjegiñiz ýokmy? Halkyñ gözüniñ alnynda gamçylama jezalary, maddy taýdan tapdan düşürme, köpçülikleýin garalama kampaniýalary... Bularyñ barsy ýurdum Eýranda döwletiñ gözünde aýal-gyzlaryñ ikinji derejeli raýatdygyny görkezýän gündelik ýatlatma formalary. Şeýle hakykat gürrüñi etdirilmeýän zorluk-sütemler, çäklendirmeler, masgaralamalar bilen her gün pugtalandyrylyp dowam edýär. Megerem, bularyñ birem heniz dokuz ýaşyndaka özlerinden onlarça ýaş uly erkek adamlara durmuşa çykarylmaga mejbur edilen gyzjagazlaryñ gül ömrüne palta urmakdan beter bolmasa gerek. Ýüregiñi bulandyrýan şeýle zatlary eşidenimde, körpe uýam Farahy ýadyma salman bilemok. Farah häzir 15 ýaşynda. Akylly-başly, syrdam, owadan we azat, hakykatda özi şu sananlarymyñ iñ soñkusyna garşy çyksa gerek. Olam beýleki ähli aýal-gyzlar ýaly ýetip bilen ähli sepgitlerini aşyp, ejemize garşy gutarmaýan gapma-garşylykda. Farah özbaşyna güýç, edil ady goýlan garry enemiz ýaly. Onuñ güýjüni adatdan daşary zatlara öwürme mümkinçiligine eýedigini bilýärin. Şeýle-de gymmatyny görmezlige salan režimiñ onuñ eýe bolan ähli mümkinçiliklerini we durmuşyny ogurlandygyny göz öñüne getirmek gynançly. Onuñ ruhy we fiziki taýdan kämilleşmek üçin edip biljek köp zady barka, kämillik ýaşyna ýetmänkä durmuşa çykyşyny göz öñüne getirmek mümkin däl. Farah boýdaşlarynyñ gowy görýän, mugallymlarynyñ höweslendirýän, ýeñil atletika boýunça özüni görkezen we öñe saýlanmak üçin ähli şertler döredilen çaga. Eger jemgyýet ony öñe itermegiñ ýerine zor bilen bürenjegiñ astynda saklap, durmuşda iññ gereklenýän hak-hukuklaryny elinden alan bolsa, şonda Farah kim bolup ýetişerdi? Farah deñlik ugrunda öñe barýan günbatarly aýal-gyzlaryñ öñünde duran päsgelçilikleri aşmak üçin çytraşýan döwründe ulalýar. Bir ýandan şeýle üýtgeşme dowam edýär, hak-hukuklaryna we ýaşaýyşlaryna ýönelen hüjümlere garşy duran eýranly gahryman aýal-gyzlaryñ başdan geçirenlerini gürrüñ bermek biziñ hökmany borjumyzdyr. Şeýle güýçli we at-abraýly aýal-gyzlar hukuk diskriminasiýasy, maddy adalatsyzlyk we jemgyýetçilik gadagançylyklary bilen basgylanýar. Bütindünýä Ykdysady Forumynyñ ýurtlary "jynsy deñlikde görkezýän ösüş derejelerine" görä 2018-nji ýylyñ Global Jemgyýetçilik deñsizligi boýunça habarnamasynda Eýran 149 ýurduñ arasynda 142-nji oruna düşüpdi. Eýranly aýal-gyzlar aýrylyşma hukugyndan, deñhukukly mirasdan mahrum edilýär, ärleriniñ rugsady bolmasa gezelenje çykmak gadagan we iş ýerlerinde sistematiki gyrakladylma sezewar edilýär. Eýranly aýal-gyzlaryñ ýokary okuw jaýlarynda okaýanlarynyñ 60%-den gowragyny düzýän şertlerde bolup geçýän şular ýaly diýdimzor çäklendirmelere aýal-gyzlaryñ bilim alýan ugurlarynda girizilen çäklendirmeler hem goşulýar. Farah ejem bilen menden, beýleki uýam Imandan üýtgeşik ýetişdi. Biz biri-birimizi ulaltdyk. Emma Faraha ejem "kiçijik ruhy ekizim" diýip seslenýär. Farah Eýranda ulalan bolsa, aýal-gyzlar boýunça medisina bejergilerindäki geleñsizlik sebäpli şu ýyl ejemizi ýitirip bilerdi. Eýranda aýal-gyzlaryñ saglygy meselesi ejeme täzelikde goýlan düwnük diagnozynyñ yzysüre kesel boýunça başlanan kampaniýadan soñ has-da göze göründi. Her kimiñ özüne ýetik dert-aladasy bar. Emma Eýranda aýal-gyzlaryñ başdan geçirýänleri hakykatdanam ýüregiñi paralaýjy ýagdaýda. Aýal-gyzlar duş gelýän päsgelçilikleri we çydajak bolýan zulumlary hakda maña sosial mediýa arkaly aýdyp durlar. Hemmesi ýüregiñi elendirýär. Kredit talaplary ret edilýär, "ahlak polisiýasy" tarapyndan ýanalýar, ärleriniñ abraýyna zyýan ýeter öýdüp pikir edilen işlere kabul edilenoklar. Ýöne Eýran hemişe beýle däldi. Şeýle çäklendirmeler geçmişiñ galyndysy ýa-da reformaçylaryñ heniz oñarmadyk, güýje girizmedik, artyp galan kanunlary däl. Yslam rewolýusiýasyndan öñ atam we garry atam aýal-gyzlar üçin birgiden hak-hukuklary we gorag astyna alýan giñ gerimli reformalary geçiripdi. Olar ellerindäki mümkinçilikleri ulanyp, giden bir nesiliñ aýal-gyzlarynyñ ösmegine goldawyny gaýgyrmadylar. Şol nesiliñ aýal-gyzlarynyñ köpüsi deñligiñ üpjün edilmeginde uly ädimleriñ ädilmegine getiren 1967-nji we 1975-nji ýyllaryñ "Maşgala goragy hakdaky" Kanunyñ kabul edilmeginde möhüm rol oýnady. Şol kanunlaryñ güýje girmegi bilen köpaýallylyk gadagan edildi, aýallaryñ aýrylyşmak hukugy kepillik astyna alyndy, miras hukuklary giñeldildi we aýal-gyzlar üçin är-aýallygyñ iñ pes ýaşy 18 ýaş diýip alyndy. 1979-njy ýyldan soñ bu kanunlaryñ hemmesi güyjüni ýitirdi. 2018-nji ýylyñ dekabr aýynda wagşy däp bolan çaga ýaşda zor bilen durmuşa çykarma düzgünini bölekleýin ýagdaýda çäklendirmäge we gyz çagajyklaryñ durmuşa çykmaly ýaşyny 13-e getirmek üçin teklip berildi. 13... Eýranda aýal-gyzlaryñ hak-hukuklaryna garşy gönükdirilen şular ýaly sistematiki hüjümler, aýal-gyzlaryñ azatlyklaryna garşy gönükdirilen hasaply çäklendirmeler arkaly olaryñ güýjüni we gaýratyny bogmaga synanyşylýar. Aýal-gyzlar muña boýun egmeli däl. Farah ýaly garaşsyz we erk-eradasy bitewi eýranly aýal-gyzlar özlerine zulum edenlere garşy her gün diýen ýaly göreş alyp barmaly bolarlar. Ýöne olary goldawsyz goýup bolmaz. Şu gün aýal-gyzlar üçin batlanýan has uly deñlik talabynyñ tolkuny diñe günbatarly aýal-gyzlara degişli däl. Şeýle talap ähli aýal-gyzlary gurşap almaly. Farahyñ gören stimuly, oñyn we eýe bolan azatlyk ýaly gymmatlyklarynyñ barsyna eýe bolmaga Eýranyñ aýal-gyzlarynyñam haky bar. Azajyk diñ salsañyz, eýranly millionlarça aýal-gyzyñ halas edilmek üçin däl-de, seslerini eşitdirmek üçin batlandyrýan ahy-nalasyny eşidersiñiz. Eýsem, şo ahy-nalalara gulak gerjegiñiz ýokmy? Nur PEHLEWI. Ýekşenbe, 09.06.2019 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |