11:47 Yslam Respublikasy "namys jenaýatlaryny" añsatlaşdyrýar | |
YSLAM RESPUBLIKASY "NAMYS JENAÝATLARYNY" AÑSATLAŞDYRÝAR
Publisistika
Şular ýaly gorkunç jenaýatlar Eýrandaky ähli jenaýatlaryñ 30%-ni düzýär. Yslam respublikasynda aýal-gyzlaryñ, kämillik ýaşyna ýetmedik gyzlaryñ ärleriniñ we kakalarynyñ hususy emlägi hasaplamak giñden ýaýran düşünje / iranhumanrights.org Romina Eşrefi 14, Fatima Barahi 19, Reýhana Ameri 22 ýaşyndady. Hemmesi-de ýakyn hossarlary tarapyndan öldürildi, bularyñ barsy soñky hepdelerde halkara jemgyýetçiligiñ geregindenem artyk gyzyklanan jenaýatlary. Biri 15 ýaşly iki kiçi uýam bolan ýaş zenan hökmünde bu jenaýatlar we bulary amala aşyran jenaýatkärlere berilen iñ pes jezalar hakda okanymda depe saçym düýrükýär. Meni ekläp-saklap ýetişdiren öýe, aýratynam şeýle adamyñ gyzydygym üçin özümi saýdyran mähriban kakama näçe minnetdarlyk bildirsemem az bolar. Köp kişi ene-atalaryny kiçikä görşi ýaly birkemsiz däldigi hakdaky täsin düşünje bilen kämillik ýaşyna geçip gitse, men kakam tarapdan beýle tapawudy hiçem duýmadym. Ol meniñ tanaýan adamlarymyñ içinde iñ mertebelisi. Meniñ pikirimçe ol, hem mylakatly, hem güýçli, şeýle-de garşylaşýan syýasy howplarymyza garamazdan ulalanymda duýan fiziki we duýguçyl howpsuzlyk duýgusyny bergili bolan adamym. Kakam, uýalarym we meniñ özümem özüñe hormat goýmak duýgusyny kämilleşdirdi. Dünýäniñ iñ duýguçyl adamy bolmasa-da, öýündäki zenanlardan haýsydyr biri bilen tersleşen wagty uçara münmeli wagty gelip ýetip dört sagat öñünden gitmelidigini aýdýandygyna garamazdan, biziñ taýýarlandygymyz sebäpli awtomobile münmegimiziñ köp wagta çeken pursaty bolupdy. Munuñ deregine Romina, Fatima, Reýhana we Eýrandaky millionlarça aýal-gyz durmuşlarynyñ hakykatda hiç wagtam özlerine degişli bolmadyk jemgyýetinde dünýä indi. Özlerini iñ arkaýyn duýmaly ýerlerinde, hatda öýlerinde-de gorky bilen ulaldyldylar. Azat we derek boýlaryna baş egip durmaly görnüşde däl-de, mal ýaly, emläk ýaly ýetişdirildiler. Olar ýurdumyzda we Ýakyn Gündogarda köp şirin janlaryñ ezraýylyna öwrülen fanatizme we howply ynançlara gurban boldular. "Namys jenaýatlarynyñ" Eýranyñ sosial problemasy bolup gelendigini öñdenem bilýärin. Emma açyk aýdanda, problemanyñ düýpden gaýdýandygyny we ata watanymyzda şular ýaly çuñ kökleriniñ bardygyny bilemokdym. Birnäçe maşgalada kakanyñ gyzlartnyñ "gan eýesidigi", şonuñ üçin ýalñyş gürlemek ýaly zyýansyz zat üçinem berk temmi çäresini görüp biljekdigi varadaky ynanjy nesilme-nesil añlaryna guýlupdyr. Öýüñ daşynda Yslam Respublikasy tarapyndan gurlan we güýçlendirilen erkek höküm edijilikli jemgyýet tarapyndan goldanýan ynançlar bu gyzlara ýardam sorap biläýjek ýer goýmaýar. Bu jenaýatlar jakda has köp maglumatlar orta çykýar welin, men beter ynjalyksyzlanyp başlaýaryn. Rominanyñ öldürilmegi dagy özbaşyna hekaýat. Öz halamaýan oglany bilen ýakyn gatnaşygynyñ bardygyny bilen ata syçan awusyny alyp aýalyndan Rominany awy içip ölmäge yrmagy talap edipdir. Şeýtmek bilen ol özüni "namysa goýan" bu ýagdaýa garşy haýsydyr bir jeza çäresini görmegi aradan aýyrmalydy. Aýalyna halys bolmasa özüni asyp biljekdigini aýtdy. Ahyrynda aklawjysy bilen geñeşip, uzak ýyllara çekmejek jeza çäresini almajagyny bilenden soñra maññal bilen ukuda ýatan gyzynyñ damagyny çaldy. Şular ýaly gorkunç jenaýatlar, "namys jenaýatlary" Eýrandaky ähli jenaýatlaryñ 30%-ni düzýär. Gürrüñi gidýän jenaýatlar boýunça gyzyklanmalaryñ azdygy zerarly köp jenaýatyñ mälim bolman galýandygy göz öñüne tutulanda, gürrüñsiz diýen ýaly bu görkeziji hakyky görkezijiden ep-esli aşakda bolmagynda galýar. Soñky kyrk bir ýyllap hökümetiñ goldawyna daýanylyp gelindi. Şeýle-de bolsa, 14 ýaşly Rominanyñ öldürilmegi bilen jemgyýetçiligiñ gyzyklanyp başlandygy sebäpli Yslam Respublikasy basyşlara garşy strategiki garşylyk bermäge mejbur boldy. Agzalan üç jenaýatyñ Eýranyñ dürli ýerlerinde bolup gecmegi meniñ üçin ünsi çekijidi: Gilan, Kerman, Huzystan. "Namys jenaýatlarynyñ" ýurduñ käbir ýerlerinde has köp gabat gelýändigi munuñ döwlet derejesindäki çynlakaý meseledigini ýüze çykarýar. Romina, Fatima, Reýhana aýry-aýry ýerden gilanlydygyna, kermanlydygyna, huzystanlydygyna garamazdan ötri eýranlydylar. Ähli eýranlylar bular ýaly jenaýatlaryñ soñuna çykmak üçin aýaga galyp göreşmäge mejburdyrlar. Diñe şu jenaýatlaryñ strukturalaýyn añsatlaşdyryjysy Yslam Respublikasyny däl, eýsem onuñ añyrsyndaky medeni güýçleri-de öz içine alýan dialoga eýe bolmalydyrys. Bizuñ günlerimizde hem-ä senzurany, hem-de awtosenzurany güýçden gaçyryp biljek pikir alyşmalar bilen üpjün edýändigi üçin sosial mediýa torlaryny işjeñ ulanmalydyrys. Gynansak-da, men Eýranyñ hiç bir ýerinde bolup görmedim, meniñ iñ esasy maslahatçylarym maşgala agzalartm we garry enem. Enem bilen gürleşenimde problemanyñ kökleriniñ sosial urp-adatlarda ýatandygyna garamazdan, hökümetiñ öz raýatlarynyñ durmuşyny öz hossarlaryndanam gorama jogapkärçiliginiñ bardygyny ünsi çekdi. Döwrebap ýaşlara eýe günbatar ýurtlarynda döwletler çagalaryny urup-ýençþän ene-atalara garşy çalt herekete geçýär, hatda şeýle çagalary ene-atalarynyñ elinden alyp, döwletiñ howandarlygyna geçirýär. Rominanyñ rehimsiz kakasynyñ ýanyna ugradylmazlygy üçin ýalbarandyttna garamazdan, onuñ merhemetsizlik bilen yzyna ugradylandygyny okanymda, gahar-gazapdan ýaña bokurdagym doldy. Enem maña yslam rewolýusiýasyndan öñ birnäçe uly ýaşly erkekleriñ we aýallaryñ aýal-gyzlaryñ goragyny üpjün edip biljek öñdebaryjy kanunlary işläp düzmek üçin işländiklerini aýtdy. Ýurdumyzyñ yza tesip, şular ýaly zalym şertlere dolanyp gelendigini duýmak meni nähili gynandyrýar. Ol maña Maşgalanyñ goragy hakdaky kanuny işläp düzmek we güýje girizmek üçin tagalla barsyny eden Migrangiz Manuçerýan barada aýdyp berei. Öz döwrüne görä alanda öñdebaryjy kanunlaryñ biri-de bolsa, 1979-njy ýylyñ aprel aýynda Homeýni "musulman maşgalasynyñ ýok edilmegi" hökmünde baha berip, bu kanuny ýatyrmagy buýrupdy. Hut şunuñ özem Homeýniniñ we onuñ ýaranlarynyñ aýal-gyzlara bolan ganym duşmançylygyny görkezýär. Maşgalany goramak hakdaky kanuna güýçli goldaw beren atam daşary ýurtly žurnalistlere şol kanun üçin buýsanýandygyny aýdyp bererdi. Homeýni bu kanuny häkimiýet başyna gelen badyna bir aýdan soñ ýatyrdy. Eýrandaky "namys jenaýatlary" Yslam Respublikasy bilen başlamady. Munuñ özi medeni problema. Zyýanly urp-adatlar aýal-gyzlary erkegiñ emläge saýyp, şeýle jenaýatlaryñ bolmagyna getirýär. Eýsem döwlet halkyñ howpsuzlygyny goramakdan başga näme üçin gerek? Şular ýaly rehim-şepagatsyz etmişleriñ üstünde aýal-gyzlary goraýan kanunlar we güýçli döwlet dolandyryşynyñ goldawy bilen durup geçmeli. Mesele şunda: Yslam Respublikasy Fatimany we Reýhanany kakalarynyñ ýa-da ärleriniñ emlägi hasaplaýanlaryñ arkasynda durýar. Nur PEHLEWI. Sişenbe, 14.07.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |