08:45 Eziz Diýar | |
Aýgözel BÄŞIMOWA
Goşgular
▶ EZIZ DIÝAR Watanym, señ ýüregiñden üzülip, Ýüreksiz ýol aşyp nirä gideýin?! Boş göwräniñ salgymyny göterip, Bu ömrümi neneñ dowam edeýin?! Munda bir saýasyz bolup bitäýsem, Gursagym aglaýyp, gussalar ýygar. Eý, siz, akar suwlar, gandyrmañ meni, Ertir göwre neneñ topraga sygar?! Jiger tutaşarmy yşkyñ oduna, Seniñ körügiñden alaw almasa. Aýlanarmy ganym lowlap damarda, Topragyñ mährinden kalbym gülmese. Ýarsyz diýdirmesem, diýdirme ilsiz, Durnalañ yzyndan gerekdir hatar. Watan, sensiz maña ömür derkar däl, Suwsuz ýerde balyk neneñsi ýatar?! ▶ BEÝIKLIK Syn etsene beýik-beýik daglara, Olar bu dünýäniñ syry dälmidir?! Asmana direýip, gojaman başyn, Garaýyp otyrşy, ýagşy pällidir. Olar beýgeltmändir jadysy bilen, Olar duçardylar Allañ synagna. Ýumşamandyr gaýalary añzaga, Daşa dönüpdirler köñül synanda. "Gökde Ýaradanyñ nurundan nyşan", Diýip apalaýar başdaky garyn. Ýürekden akdydyp çeşmäñ bulagyn, Diñleýänligin diý ejiziñ zaryn. Bir özi göterip dünýäñ ýüküni, Salgy berýär merdemligiñ ugruny. Arkada dogup dur her säher ak Gün, Dag üstünde dikip durmuş tuguny. ▶ SYRDAŞ Aýly gije arzuwlarma atlanyp, Ýyldyzlaryñ arasyna ýol salýan. "Ýanyñyza alaýyñ-da, joralar!" Diýip, menem olar bilen il bolýan. Has owadan ho-ol ýyldyzyñ ýalkymy, Men ony synlaýan golaýna süýşüp. Zöhräñ jemalyna asmanam aşyk, Zemin bagtlydyr şol nura düşüp. Alnyñsa dogaýsa ýalkymyn saçyp, Atyber bijäñi, şowludyr günüñ. ...Ak bilen garany saýgaryp bilseñ, Bakylyk eçiler şu günüñ, düýnüñ. ▶ ÝOLUÑY SAÝLA Sen maña ýollaýañ sowuk nazaryñ, Gursagyna buz goýberýäñ alysdan. Seniñ gözleriñde görünýär salgym, Şoñ üçin sen ýalñyzlykdan halas däl. Seniñ sowuk garaýşyñdan bez bolup, Üzüm-üzüm boldy umytlañ tary. Senem şo-ol gözüñi dikip otyrsyñ, Aljak bolýan ýaly söýgüden ary. Sen ony duýañok, emma görsene, Ahyñ kimin ýagmyr ýagýar bulutdan. Sowuk damja bolup ýüzüñe düşýän, Ýazyklaryñ şarpyk çalýar dulukdan. Öýlänçi deýg eçdiñ gitdiñ ne beýle, Duýman galdym seniñ niçiksi halyñ. Salgymy kowalap ýadamadyñmy, Sagal, dünýäm, seret, saýla öz ýoluñ. | |
|
√ Patyşahym, sen geçirgil gerçe guldandyr hata / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Ker bolar gulak / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Şygyrdaky yşkym / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Adamlary görseň ählisi gowy / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Ah, köňül, kemçilikden ýat boldy-la sapalar... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Merhum dostumyñ gelnine / Goşgular - 19.08.2024 |
√ «Depämizden syrygyp dur gar suwy...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Ol ne ýüzdür aşyk olmyş jümle şeýhi-şap oňa... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Блондинка с голубыми глазами / Goşgular - 24.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |