EZIZ NESINIÑ FAMILIÝA EDINŞINIÑ HEKAÝATY
"Ýaşan ömrümde boýuma deñleşip duran kitaplary ýazdym. Emma meni halamaýanlar, muña-da bir zat oýlap tapyp, "Onuñ boýy şeýle-de gysga ahyry" diýerler."
Ýokardaky sitata Eziz Nesinden... Megerem, dünýä edebiýatyna Eziz Nesinden soñ şonuñ ýaly batyrgaý, şonuñ ýaly dogry gepli satirik ýazyjy gelmedik bolsa gerek. Ol diñe kitaplary bilen däl, tutuş ýaşan ömründe eýelän pozisiýasy bilenem her gatlagyñ söýgüsini gazanyp bilipdir. Hem-de hiç zat etmän! Diñe özi bolup. Nesin käbirleri ýaly adamkärçiligini güjeñlejek bolup ýörmändir, hiç wagt diline çolamandyr, ol muny diñe gülküsi bilen, ömri bilen we belki-de iñ köp ölümi bilen görkezipdir. Eziz Nesiniñ mazarynyñ nirededigi belli däl. Çünki hut öz sargydy bilen ýazyjynyñ jansyz bedeni hiç hili depin çäresi gurnalmazdan we ýeri belli bolmaz ýaly şekilde Çataljadaky Nesin fondunyñ howlusyna gömülipdir.
Şeýle ajaýyp ynsan hakynda näme aýtsañam bärden gaýdýar. Şonuñ üçin bu bärden gaýtmany onuñ öz ýazan gysgajyk ýatlamasy bilen doldursak gowy bolar.
Eziz Nesiniñ doglan gününiñ ýüzünji ýyly (2015) mynasybetli geçirilen sergide onuñ ýaşan döwründe alşan hatlaryndan, golýazmalaryndan ybarat arhiw hem görkezildi. Ynha, bu "Familiýa" hekaýasy-da şol sergide goýlanlaryñ arasyndady...
Okap görüñ, garşyñyzda Eziz Nesiniñ niçiksi deñsiz-taýsyz ruh bolandygynyñ aýdyñ subutnamasy:
■ "1934-nji ýylda "Familiýalar hakyndaky" kanunyñ kabul edilmegi bilen her türk özi üçin familiýa saýlap almalydy...
Her kes mümkin boldugyndan özüne "gowja" familiýa edinjek bolupdur özem muny şeýdýärkäler özlerinde bar zady däl-de, ýok zady - arzuw edýän zatlaryny göz öñüne tutupdyrlar...
Eziz Nesin hut şol sebäpli şu döwürde adamlaryñ iñ gizlin pis duýgularynyñ ýüze çykandygyny ýazýar.
■ "Her kimiñ öz familiýasyny özi saýlap almaga hukugy barlygy üçin adamlaryñ ähli pes duýgudyr oý-pikirleri orta çykdy duruberdi.
Dünýäniñ iñ husytlary "Eliaçyk", dünýäniñ iñ züwwetdin gorkaklary "Ýürekli", dünýäniñ iñ işýakmaz ýaltalary "Işeññir" diýen ýaly familiýalary saýlap aldylar."
Nesin bu ýagdaýy şeýle suratlandyrýar: “Hat ýazmaly bolanda zordan goluny çekip bilýän mugallymymyz özüne "Çewikel" familiýasyny aldy.”
■ “Milletçiligiñ örç alan günleri bolansoñ, aýratynam türklügi garym-gatym bolanlar milletçiligi añladýan familiýalary edindiler.”
Gezek Eziz Nesine gelip ýetýär... Olam özüne bir familiýa saýlap almalydy.
■ "Her sapar şular ýaly alan-aldy bolanda, iñ soñuna galýandygym üçin gowy familiýa alan-aldylygynda hem iliñ soñuna galdym.
Maña iliñ ortasyna çykyp gaýşaryp gezer ýaly familiýa galmandygy üçin, özüme "Nesin" ("Näme sen?" "Kim sen?") diýen familiýany aldym. Goý, her kim maña "Nesin" diýip ýüzlenende, öz kimdigimi, nämedigimi aklyma aýlap, özüme geleýin, öz hetdimi tanap duraýyn diýdim."
Ynha, Eziz Nesin familiýa edinşini şeýle gürrüñ berýär. Çünki aýratyn ruhlar hemişe hemme şertlerde ýene-de AÝRATYNLYGYNA galýarlar... Çünki ol şeýle ruhdy.
Hormat bilen ýat edýäris...
Dilek ÜGÜDEN.
Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
■ Terjime edilende aşakdaky linkden peýdalanyldy:
http://kitapcy.com/news/2019-09-22-8203
Ýatlamalar