18:11 Fakt gerek, fakt... / ýumoreska | |
FAKT GEREK, FAKT...
Satiriki hekaýalar
Gijäniñ ýarynda bir garanyñ diwardan aşjak bolýanyny gördüm. Demim demime ýetmän milisiýa jañ etdim. - Alýo, milisiýamy? Öýümize ogry girjek bolýar... Añyrdan milisioneriñ uky gatyşykly sesi eşidildi: - Näme, Ezraýyl girip gelýändir öýdýärmiñ. Onsoñam ol heniz öýüñize girmändir. Ilki girsin, onsoñ jañ edersiñ. Ogry gapynyñ gulpuny döwdi. - Alýo, ogry gapynyñ gulpuny döwdi, haýyş edýän, kömek... - Ýuwaşrak gepläberiñ uýam. Bu gykylygyñyza ogry gaçyp gider... Bir seretsem, ogry içeri girip gelýär. Haýdan-haý telefona ýapyşdym: - Jan agam, ýetişeweriñ! Ogry içki jaýa - meniñ duran jaýyma girip gelýär. - Şeýle diýseñiz-le! Asyl içki jaýymyzam bardymy? Entek ýanyñyza barybersin. Häli hiç zat almadyk bolsa, biz ony näme diýip tutaly? Ogry daşky otagdaky sandyklary dörjeläp başlady. - Jan milisiýa!.. - Hä!.. Entek hemme zatlaryñyzy alanog-a. Fakt gerek, fakt! Ogry geregini edinip, çykyp gitdi. Ogry giden badyna milisionerlerem ýetip geldiler-de, göwünlik beren boldular: - Dogrudan-da, siz köp zadyñyzy ogurladypsyñyz, ýöne onuñ üçin hapa bolup oturmañ. Adam pahyr birini ýitirýär, birini ýyrtýar, birini kirledýär. Şeýdip zatlaryny täzeleýär. Olar akt ýazdylar-da, bir nusgasyny maña berdiler. Bu faktmyş. Zülfiýa ŞODIÝEWA. Özbekçeden terjime eden: D.Ýagşymyradow. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1988 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |