18:57 Fatih Soltan Mämmediñ diriligine ýakdyran hurufylary | |
FATIH SOLTAN MÄMMEDIÑ DIRILIGINE ÝAKDYRAN HURUFYLARY
Taryhy makalalar
Taryhda yslam dünýäsine näme zeper ýeten bolsa, näme zat musulmanlaryñ agzyny alardan bolsa Eýranyñ çäklerinde döräpdir ýa-da Eýranda giñden goldaw tapypdyr. Bu hakykat. Muny inkär etmek mümkin däl. Ysmaýylylar, batiniler, azrakiler, hattabiler, karmatlar, hurramylar, maýmunitler, şubbizmçiler, mustaliler, nyzarylar, ezeliler, rafiziler, babylar, behaýylar... Sanasañ sogaby bar. Hurufylyk hem şolaryñ biri. Hurufylyk tarykaty hem ilkibaşda Eýranda täze bir mezhep hökmünde orta çykypdyr. Hurufylyk mezhebiniñ prinsiplerini ses, harp, we sanlar düzüpdir. Hurufylyk gysga wagtyñ içinde çaltlyk bilen ýaýranam bolsa, olaryñ soñuna gan bilen, ot bilen nokat goýlupdyr. Harplary sanlar bilen añladyp, şol sanlaryñ metedologik görnüşde hasaplanmagy netijesinde gelejege degişli maglumatlary orta atan by jemgyýet soñabaka has öte geçip, jadygöýlük, pal atma ýaly ýaramaz pişeler bilen meşgullanyp başlapdyrlar. Ýönekeý halka we belli-belli döwürlerde ýokary wezipeli döwlet işgärlerine öwezini dolup bolmajak zyýan ýetirýändikleri sebäpli käbit döwletler hut öz eli bilen olaryñ ýoguna ýanypdyr. Tarykatyñ düýbüni tutanlaryñ hamy soýlupdyr, Osmanly türkmen soltany Fatih Soltan Mämmediñ döwründe bolsa müñlerçe hurufy diriligine ýakylyp öldürilipdir. ■ Diriligine oda oklanan hurufylar 1450-nji ýylyñ güýz aýlary häzirki Türkiýäniñ Edirne şäheriniñ eteklerindäki çaýyrlyk meýdanda birnäçe günläp içine müñlerçe kişini sygdyryp boljak ullakan çukur gazylypdyr. Iş gutaransoñ, çukury tokaýdan odundyr çöp-çalam bilen doldurupdyrlar, yzyndanam oda beripdirler. Çukurdan lowlap asmana galan ot adamlarda hamala dowzah ýere göçüp gelen ýaly duýgyny döredipdir. Ýalyn mazaly asmana galanda esgerler el-aýaklary dañylan müñlerçe adamy südenekläp çukuryñ erñegine getiripdirler. Ilkinji bolup uly iliñ hormatlaýan ýaşulysy tekbir getiripdir. Ýaşulynyñ yzyndan müñlerçe adamyñ tekbiri we gargyş-sögünji tokaýa ýañ salypdyr. Esgerler işe girişip çukuryñ erñeginde duran müñlerçe eli-aýagy dañylgy adamy oda oklap başlapdyrlar. Diriligine oda oklananlaryñ dady-perýady tekbirlere we gargynçlara garyşyp, ylla magşar meýdanynyñ gohy ýaly goh döredipdir. Oda oklanýanlaryñ sany artdygyça çukura şonça-da odun oklanypdyr. Daş-töwerek ýanan etiñ ysyndan ýaña durar ýaly bolmandyr. Çar tarapy tüsse gaplap alypdyr. Ýöne birnäçe sagatlap dowam eden bu pajygaly waka gutarýança bir adamam meýdany taşlap gitmändir, iñ soñky oda oklanan hurufy ýanyp kül bolýança şol ýerde bolupdyrlar, soñra hemmesi jem bolup diriligine ýakylanlaryñ ruhuna nälet okap, öýli-öýüne dagapdyrlar. ■ Hurufylyk mezhebi barada nämeleri aýtsa bolar? Göräýmäge ýakylan bedibagtlaryñ ullakan bir günäsem ýokdy. Olaryñ bar günäsi - hurufy bolmakdy, ýagny olar yslam taryhynyñ iñ başyñy-gözüñi aýlaýjy, iñ bulaşyk, iñ reaksioner mezhebiniñ agzasydylar. Şaýylygyñ binýadynda dörän hurufylyk mezhebiniñ düýbüni 1340-njy ýylda doglan eýranly sufi Faýzylla Astrabady tutupdyr. Faýzylla Astrabady we onuñ yzyna eýerijiler Hudaý adamyñ özünde we Gurhanda ýüze çykýar diýip hasap edipdirler. Astrabady özünden birnäçe asyr öñ dörän reaksioner mezhepleriñ, aýratynam batiniligiñ täsirindäki adam bolupdyr. Onuñ mezhebiniñ ynanç esasyny “harplaryñ we sanlaryñ mukaddesligi” prinsipi bilen "ses" düşünjesi düzüpdir. Astrabadynyñ pikirine görä her bir zadyñ öz “sesi” bolupdyr, hatda jansyz jisimlerde hem bu aýratynlygyñ bardygy nygtalypdyr. Meselem iki daşyñ biri-birine galtaşmagy bilen döreýän ses jansyz jisimleriñ özboluşly aýratynlygy hasaplanypdyr. Konsepsiýasy ses, harp we san düşünjesine esaslanýan hurufylyk arapça “harf” sözüniñ köplük sany bolan “huruf” sözünden gelip çykyp “harplar bilen baglanyşykly ylym” diýmekligi añladýar. Hurufylugyñ öñbaşçysy Astrabady mezhebiniñ ýörelgelerini pars dilinde ýazan "Jawydannama" atly kitabynda siwmollaryñ dili bilen jikme-jik düşündirýär. Absolýut hakykaty düýşünde görendigini aýdýan Astrabady döreden sistemasynyñ teoriýasyny arap elipbiýiniñ ýigrimi sekiz harpyna pars diline mahsus bolan dört harpy goşup we bu harplaryñ arasyndaky matematiki baglanyşyga esaslanyp kämilleşdiripdir. Gysgaça aýdylanda, Astrabadynyñ sistemasy şeýleräk: Adamyñ ýüzünde ýedi sany “çyzyk” bar. Bular iki gaş, dört kirpik we saç. Dogabitdi bar bolan bu aýratynlyklar "eneden geçme çyzyklardyr". Erkeklerde kämillik ýaşyna ýetende ýüze çykýan "atadan geçme çyzyklar" - murt, sakgal, burunasty çyzyk, dodagasty çyzyk bilen jemi on dört sany bolýar. Bu san olaryñ ösüp çykan ýeriniñem goşulmasy bilen bile ýigrimi sekize köpeldip, saç we dodagasty çyzyklaryñ iki bölünmegi bilen otuz ikä ýetirilýär. 28-lik san arapça Gurhanda, 32-lik bolsa parsça "Jawydannamanyñ" ýazylyşynda ulanylan harplaryñ sanydyr. ■ Nesimi we hurufylyk Beýik türkmen şahyry Seýit Nesimi ynanç meselesinde hurufylygyñ täsirine düşen şahyr hasaplanýar. Nesiminiñ ynanjy we pajygaly ölümi baradaky jedelli gürrüñlere girmäge hem-de bu barada belli bir kesgitlemäni bermäge güýjümiz ýetenok. Ýöne türkmen, pars we arap dillerinde çuññur filosofiýa ýugrulan ajaýyp eserleri döreden Nesiminiñ goşgularynda adam gönüden-göni Hudaý hasap edilmese-de, onuñ öwülip arşa çykarylýandygyndan, hakykat bilen deñ hasaplanýandygyndan çen tutup, hurufylygyñ şahyra ýiti täsir edendigini duýmak kyn däl. Şahyryñ goşgulary hurufylaryñ arasynda giñden ýaýrapdyr. Emma Nesiminiñ pikirlerinden gelýän "ys" onuñ başyna ýetmän goýmandyr, ol 1417-nji ýylda halypasy Faýzylla Astrabady ýaly dabanyndan soýlup öldürilipdir.[1] Harplaryñ aýratyn many berlişini we hurufylygyñ prinsipleriniñ çeper beýanyny Seýit Nesiminiñ: "Hakdan inen kelamam, ýagny ki lamu beden, Ylmu kitabu härfem, aýatu beýinatam" "Müşrik olup bu güne bakma, gel, eý, ýagynsyz Aýaty fethi babam, suraýy murselatam". Ýa-da: "Ýüzüñde okyram innä fetehnä, Kelamulla ile sabgul - mesan sen". Ýa-da: "Eý nury aýnyñ wähýi hakdan yşaratdyr bu gün, Leýletül mygraja zülfüñden beşaratdyr bu gün". Ýa bolmasa: "Löwhi mähfuzyñ hurufy ýagny gaşyñ, kirpigiñ, Jümle Kurandyr ynan kim hak budur Kuran diýdi". Ýa-da: "Älemul-gaýbyñ wujudy menden oldy äşikär, Eý basiretsiz meni gör kim ne zaty adamam". Mysallary näçe getirseñ getirip oturmaly. Ýöne şahyryñ goşgularynda hurufylygyñ täsiriniñ has ýiti duýulýan "Ýañagyñ kaf wel Kuran" atly saýtymyzda ýerleşdirilen goşgusyny okamagy maslahat bermek bilen bu paragrafy jemlesek maksadalaýyk bolar.[2] ■ Teýmirleñiñ ogly Miranşa hurufylaryñ derisini ýüzdürdi Ses emele gelende “söz” döreýär, söz bolsa harplardan düzülýär, hususanam her bir zadyñ özeni “harpdan” ybarat we her bir harpyñ san taýdan gymmaty bolupdyr. Ynha, şu prinsipden ugur alan Astrabadynyñ pikiriçe yslamyýet bilen baglanyşykly ähli meseleleri arap elipbiýiniñ 28, pars elipbiýiniñem 32 harpy bilen çözmek mümkinmişin. Her bir zat sanlarda gizlenenmiş, sanlaryñ arasyndaky baglanyşyklar arkaly Gurhanyñ düşündirilse, gizlin syrlary çözüp we absolýut hakykata göz ýetirip bolýarmyş. Hurufylyk yslam alymlary tarapyndan ilkibaşda reaksioner mezhep ýaly görülse-de, Astrabady soñabaka dünýäniñ, ahyretiñ, hususanam hemme zadyñ özeniniñ özüdigini yglan etmegi we özüne "Men aslynda Isa pygamberiñ özi, dünýäniñ halasgäri - Mäti men" diýip samrap başlamagy netijesinde hurufylaryñ "dinden çykan kapyr" diýip yglan edilmegine getirdi. Şol wagtlar tarapdary barha artýan hurufylaryñ syýasy häkimiýeti ele geçirme howpy abanýar. Emir Teýmirleñiñ ogly Miranşa 1394-nji ýylda Faýzylla Astrabadynyñ kellesini kesdirýär. Munuñ bilenem çäklenmedik Miranşa onuñ derisini ýüzdürýär, jesedini ýüpe bagladyp bazarlarda aýladýar, etini aç itleriñ öñüne okladyp, göwresinden galan bölekleri-de oda atdyrýar. Astrabadynyñ jezalandyrylyp öldürilendigine garamazdan agzasy we güýji barha artýan hurufylaryñ ymykly söbügine düşülýär. Ele düşenleriñ ýa hamlary soýulypdyr, ýa-da oda oklanypdyr. Iki-ýeke diri sypanlar bolsa özlerini Anadoly türkmenleriniñ arasyna atyp halas bolýar. Kem-kemden köpelen hurufylar Fatih Soltan Mämmediñ hökümdarlyk süren ýyllarynda sanlaryñ we harplaryñ jadysy bilen patyşanyñ hut özüne-de täsir edip, köşge syzmagy we döwlet işlerine sokulmagy başarypdyrlar. Hernä döwletiñ akylly we güýçli weziri Mahmyt paşa howpy öñünden duýup, şol döwrüñ iñ güýçli din alymlaryndan, Fahreddin Ajamydan hurufylaryñ "dinden çykan kapyrdyklary" baradaky fetwany çykardyp ýetişýär. Mämmet soltanyñ mundan soñ alymlar bilen ylalaşmakdan başga alajy galmandyr. Netijede Edirnede ýokarda gürrüñi giden uly ot ýakylypdyr. Oduñ başynda ilkinji bolup tekbir getiren ýaşulynyñ ady-da Fahreddin Ajamydy. Taryhda yslama howp salan hurufylyk tarykaty şeýdip ýok edilipdir... _______________________________ [1] Nesimi boýunça giñişleýin öwrenmek üçin Osman Ödäýewiñ "Seýit Nesimi" makalasyna seret: http://www.kitapcy.ga/news/seyit_nesimi/2018-07-19-1386 [2] Görkezilen goşgynyñ linki: http://www.kitapcy.ga/news/yanagyn_kaf_wel_kuran/2018-07-19-1392 Taýýarlan: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |