22:25 Fatih Soltan Mämmediñ öñ eşdilmek aýratynlyklary | |
FATIH SOLTAN MÄMMEDIÑ ÖÑ EŞDILMEDIK AÝRATYNLYKLARY
Geň-taňsy wakalar
Türk-türkmen taryhynyñ iñ tanymal şahsyýetleriniñ biri bolan Fatih Soltan Mämmediñ jynazasynda bolup geçen käbir zatlar eşdenleri haýrana goýdy. Twitterde Kasym Bolatyñ paýlaşan maglumatlarynda bellenip geçilen detallar şeýle: - Soltan Mämmediñ jynazasy Stambulyñ taryhynda iñ dabaraly we mistiki çäreleriñ biri boldy. - Köne türki däp-dessurlara eýerip¹, soltanyñ ok-ýaýy ikä bölündi we tabytynyñ üstünde goýuldy. Atlaryñ eýerleri-de ters oturdylyp, atlaryñ gözüniñ aşagyna ýaş dökýän ýaly görnüş bermek üçin kül sepilipdi. - Üç ylahy diniñ kethudalarynyñ jynaza gatnaşyşy ýaly, stambullylaryñ hemmesi soltany soñky ýoluna ugratmaga gatnaşdy. - Diñe musulmanlar däl, jöhitlerdir hristianlaram aglaýardy, kimsi Injilden, kimsi Töwratdan dogalar okap, musulmanlar bolsa Kurandan dogalar okaýardy. - Soltan Mämmediñ tabydyny köşkden ýörite düzülen uly topar alyp çykdy. Emma bärde iñ geñ galmaly ýeri: Tabydyñ öñünde ary mumyýasyndan ýasalan soltanyñ heýkeli bardy we heýkele onuñ eşiklerinden geýdirilmegidi. - Heýkel öñde, tabyt yzda... Içi meýitli tabyt metjide getirildi. - 1444-nji ýylda kakasy Soltan Myrat II-niñ islegi bilen 12 ýaşynda tagta çykan Fatih Soltan Mämmet ýurduñ ýagdaýyny we ýaşynyñ kiçidigini göz öñüne tutup, iki ýyldan soñ, 1446-njy ýylda öz islegi bilen patyşalygy kakasyna gaýdyp berdi. Mämmet soltanyñ ikinji gezek tagta çykmagy 19 ýaşynda bolup geçdi.² - Ene dili bolan türk-türkmen dili bilen birlikde grek, arap, latyn, pars, ibrany dillerinde suwara gepläp bilýärdi. - Fatih Soltan Mämmet okamagy diýseñ halaýardy. Alymlary, şahyrlary we senetkärleri ýygy-ýygydan köşgüne toplar durary we olar bilen gürrüñdeş bolmakdan çäksiz lezzet alýardy. Täsin we kän bilinmeýän zatlar barada makalalar ýazdyrardy, olary içgin öwrenerdi. Halypasy Akşemseddin Soltan Mämmediñ iñ uly hormat goýýan alymlarynyñ biridir. - Ylyma uly üns beren Fatih Soltan Mämmet daşary ýurtly alymlary, akyldarlary Stambula çagyrardy. Astonomiýanyñ ussady Aly Guşçy Mämmet soltanyñ döwründe Stambula geldi. - Pars we arap dillerine geçirilen filosofiki eserleri okady. 1466-njy ýylda Ptolomeýiñ kartasyny täzeden terjime etdirip, kartadaky atlary arap elipbiýinde ýazdyrdy. Trabzon Rum imperiýasynyñ filosofy Amiroutzes bilen köşkde filosofiýanyñ meseleleriniñ üstünde söhbet ederdi. - 1940-njy ýylda professor Süheýl Ünweriñ ünsüni Topgapy köşgünde saklanýan bir depder çekýär. Bu depder Mämmet soltanyñ çagalygynda ýöreden depderidi. Depderde atyñ kellesiniñ, leglegiñ, baýguşyñ, bürgüdiñ, Fatihiñ mugallymlarynyñ we deñ-duşlarynyñ suraty bar. Şeýle-de grek elipbiýi, gül şekilleri, parsça goşgy setirleri hem depderde ýer alýar.³ - Stambulyñ eýelenen güni ýokary derejeli birnäçe kişi Soltan Mämmediñ tarapyna goşulýar. Bularyñ başyny taryhçy, diplomat, rum ýazyjysy Impozly Kritowulos çekýär. Ol soltanyñ biografiýasyny ýazypdyr. Soltan Mämmediñ ömrüniñ on ýedi ýylyny gürrüñ berýän elýazma "Tarih-i Sultan Mehmed Han-i Sani" kitaby häzir Topgapy köşgünde saklanýar. - Soltan geografiýa we taryh bilen içgin gyzyklanypdyr. Awni tahallusy bilen şygyrlar diwanyny ýazypdyr. - Soltan köşkde uly kitaphana gurdurypdyr. Kitaphanada Aristoteliñ, Sent Tomasyñ, Aquinasyñ kitaplary bar. Häzirki döwrüñ waka-namaçylyk ("Vaka-i Name") däbiniñ, ýagny, taryh ýazyjylygynyñ döreýşi Soltan Mämmediñ döwrüne degişlidir. - Fatih Soltan Mämmet Italiýany we italýan medeniýetini içgin bilipdir. Onuñ soñky ýörişi hem Italiýa bolmaly eken. Şonuñ üçin ol Gedik Ahmet paşanyñ serkerdelik edýän goşun birligini Pugliýa oblastyna ýerleşdiripdi. - 1979-njy ýylyñ tomsunda wenesiýalylardan ökde suratkeş ibermeklerini haýyş edipdir. Şol ýylyñ güýzünde Gentile Bellini Stambula gelipdir. Ol häzir Londonyñ "National Portrait Gallery" galareýasynda saklanýan "Fatih" kartinasyny çekipdir.⁴ - Mämmediñ ogly Baýezit II Bellininiñ çeken meşhur suratyny we beýleki suratlary köşkden aýrypdyr. Bellininiñ köşgüñ käbir diwarlaryna çeken freskalarynyñam ýüzi suwalyp ýapylypdyr. - Soltan 1481-nji ýylyñ 3-nji maýynda aradan çykypdyr we "Fatih" metjidine ýanaşyk "Fatih" kümmedinde jaýlanypdyr. - Mämmet soltan aradan çykanda egnindäki köýnegiñ ýakasy ýyrtyk eken. Lukmanlar munu soltanyñ dem alşy añsatlaşsyn diýip edipdir. Köýnek häzir Topgapy köşgünde saklanýar. - Ölümi zäherlenme synanşygyndanmy ýa-da deñiz iýmitlerini (leññeç, ikra) iýeni üçin podagra keseline ýolugandygy sebäplimi... anyk belli däl.⁵ Çeşme: "Fatih Sultan Mehmet Hakkında Bilmedikleriniz".⁶ _____________________________________________ * Giñişleýin maglumat üçin seret: [1] Gylyç haky we Fatih Soltan Mämmediñ Aýasofýa wesýeti http://kitapcy.com/news/2020-06-18-11803 [2] Fatih Mämmet http://kitapcy.com/news/2019-11-09-9106 [3] Fatihiñ depderi! http://kitapcy.com/news/2020-08-22-12166 [4] Fatih Soltan Mämmet. Suratkeş Bellini we portret sungaty hakynda http://kitapcy.com/news/2020-01-23-10278 [5] Fatih Soltan Mämmet bioýarag arkaly öldürildimi http://kitapcy.com/news/2020-05-11-11495 [6] Fatih Soltan Mämmediñ heniz bilinmeýän bäş esasy aýratynlygy http://kitapcy.com/news/2019-06-15-7368 | |
|