17:58 "Femen"-den Alisa: "Ukraina seks üçin gelýän türk erkekleri, güm boluñ!" | |
"FEMEN"-DEN ALISA: "UKRAINA SEKS ÜÇIN GELÝÄN TÜRK ERKEKLERI, GÜM BOLUÑ!"
Jemgyýetçilik tankydy
Geñsi çykyşlary bilen özüni bütin dünýäde tanatmagy başaran Alisa Winogradowa bilen toparyñ ýerleşýän şäheri Kiýewde duşuşdyk. Wenada we Watikanda eden çykyşlary arkaly tanalýan A.Winogradowa "Euronews" habarlar gullugynyñ beren sowallaryna jogap berdi. Ol Türkiýeden Ukraina agzynçylykly jynsy isleglerini kanagatlandyrmak üçin gelýän türk erkeklerine awusyny pürkdi: "Ukraina seks üçin gelýän türk erkekleri, siz nähili ýigrenjidigiñizi we ýürek bulanjydygyñyzy bilýärsiñizmi? Beýtmekden el çekiñ we Ukrainadan güm boluñ!" Ýurdunda ýedi ýyl azatlykdan mahrum etmek jezasy bilen jogapkärçilige çekilen Alisa Winogradowa "Femen" topary baradaky ähli sowallara-da jogap berdi: "Femen" diýmek näme? Näme üçin eşiksiz çykyş edýärler? "Femen" bolmagyñ kynçylyklary nämede? Protest kararlary nähili kabul edýärler? Erkek agza kabul edýärlermi? Kimden goldaw alýarlar? Topara goşulmagyñ şertleri nähili? • "Ukrainada halk köpçüliginiñ garyp ýaşamagy seks turizmini artdyrýar" Ukrainda bolup geçen ykdysady çökgünligiñ adamlary "ýalñyş ýollara" iterendigini gürrüñ beren Alisa Türkiýeden Ukraina seks turizmi üçin köp sanly türk erkeginiñ gelmeginiñ ylalaşyp bolmajak ýagdaýdygyny aýdýar: "Ukraina Ýewropanyñ iñ garyp ýurdy. Bärde hemme zat arzan. Arzan uçarlar, restoranlar... Adamlaryñ köpüsi ýurduny hemişelik taşlap gitmek isleýär. Ukrain gyzlary owadan bolýar. Türkiýeden köp sanly erkek bize seks turizmi üçin gelýär." Alisa has owal "Femen" agzalarynyñ nägilelik bildiren bu ýagdaýy bilen baglanyşykly täze çykyşlaryñ bolup biljekdigini aýdýar: "Türk erkekleriniñ hemmesi erbetdir öýdemok. Bu dogry pikir däl. Türkiýe owadan ýurt, adamlary mylakatly, türk erkekleriniñ köpüsiniñ gowy adamlardygyna ynanýaryn." • "Eşiksiz çykyşymyz pornografiýany añladanok" Alisa eşiksiz çykyş etmeklerini tankyt edýänlere garşy çykýar: "Biziñ protest edip biliş formamyz şeýle. Şu sowaly başga birine bereniñde-de şuña meñzeş jogaby alarsyñyz. Bu diñe protest formasy. Bu hakykatdanam "urkaçy protest" formasy. Eşiksiz aýal syýasy ýa-da dini seremoniýanyñ orra ortasynda protest çykyşyny etse ýiti täsir edýär. "Eşiksiz çykyş edýärsiñiz, bu pornografiýany añladýar" diýmegiñ özi jynsparazlykdyr. Ýagny, eşigimiz bolmasa biz adamam däl-dä, şeýlemi! Meniñ pikirimçe şeýle diýýänler pornofilmlere aşa köp tomaşa edýän bolmaly." • "Aýal bilen erkegiñ deñdigine ynanmaýaryn, deñ bolmak gülkünç" Alisa beýleki feminist toparlardan tapawutlanýan taraplarynyñ bardygyna ünsi çekýär. "Ilkinji nobatda biz gurama däl, hereket. Biziñ toparymyzdan käbirleri liberal feminizmi saýlap alýar. Men deñlige ynanamok. Standpoint feminizm maña has ýakyn. Biziñ öz ideologiýamyz bar. Biz deñ hak-hukuklar üçin göreşemzok. Çünki erkek bilen zenan biri-birinden tapawutlanýar. Deñ bolmak gülkünç. Aýal erkek bilen diñe erkek jynsyýetiniñ roly orta düşende, erkek işlerini edende deñ bolup biler." Bahtiýar KÜÇÜK. "Euronews" habarlar gullugy, 02.04.2019 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |