07:02 Paltaçy-Ýekaterina duşuşygy bolup geçdimi? | |
PALTAÇY-ÝEKATERINA DUŞUŞYGY BOLUP GEÇDIMI?
Taryhy makalalar
Rus imperatrisasy Ýekaterinanyñ osmanly paşasy Paltaçy Mämmet paşa bilen bir düşege girendigi we uruş wagtynda para-peşgeş hökmünde Orsyýete lagly-jowahyrlaryñ ugradylandygy baradaky taryhy delili bolmadyk myş-myşlar hakda "Ýekaterina" köşgüniñ müdiri Olga Taratynowa Euronews habarlar gullugynyñ žurnalistlerine gürrüñ berdi Rus imperatrisasy Ýekaterina I bilen osmanly sadrazamy Paltaçy Mämmet paşanyñ Prut urşundaky (1711-nji ýyl) oýnan rolunyñ häli-häzirlerem gürrüñi ýatanok. Eýsem-de bolsa, Katerina-Paltaçy duşuşygy hakykatdanam bolup geçdimi, uruş wagtynda Ýekaterina ähli lagyl-jowahyrlaryny Osmanla berdimi? Russiýanyñ Sankt-Peterburg şäherinde iñ gelim-gidimli ýerleriñ biri bolan "Ýekaterina" köşgüniñ müdiri Olga Taratynowa rus patyşasy Beýik Pýotr, imperatrisa Ýekaterina we olaryñ döwri hakda euronews gullugyna gyzykly gürrüñleri aýdyp berdi. Russiýanyñ müñ ýyllyk rus taryhynda Romanowlar dinastiýasynyñ şa zenanlary döwletiñ ykbalyny kesgitlemekde möhüm rollary eýelediler. Olaryñ arasynda prinsessa Olga, Ýelena Glinskaýa, Ýekaterina II ýaly aýallar kerweniñ başyny çekýär. Türkiýede we Ýewropada şanyna birgiden roman ýazylan, mýuzikller düzülen Pýotr I-iñ aýaly Ýekaterina I bolsa iñ köptaraply şahsyýetleriñ biri bolup durýar. Osmanly goşuny 1711-nji ýyldaky Prut söweşinde "Ýekaterinanyñ sadrazam Paltaçy Mämmet paşa bilen duşuşygyndan soñ" rus goşuny gabawy bes etdi we uruşyñ ugry üýtgedi. • "Şol wagt bolup geçendigi aýdylýan wakalar toslama gep-gürrüñden ybarat" Prut uruşyndan soñ bolup geçendigi aýdylýan wakalaryñ rus taryhy üçin ullakan many añlatmaýandygyny aýdýan Taratynowa "Şol wagt bolup geçendigi aýdylýan wakalar toslama gep-gürrüñden ybarat" diýdi. Ýekaterinanyñ Paltaçy Mämmet paşanyñ çadyryna girip, oña lagly-jowahyrlar sowgat edendigi hakdaky gep-gürrüñleriñ esassyzdygyny nygtan Taratynowa "Jowahyrlaryñ berlendigi hakdaky gürrüñler köne çeper eserlerde beýan edilen zat" diýýär. • "Pýotr aýaly Ýekaterinany çyn ýürekden söýýärdi" Ýekaterina bilen adamsy Beýik Pýotryñ arasynda hakyky söýginiñ bolandygyny aýdýan köşk müdiri şol döwri şeýle suratlandyrdy: "Ýekaterina I aristokrat maşgaladan däldi. Pribaltika ýurtlaryndan gelipdi. Ýekaterina ilkibaşda rus patyşasy Beýik Pýotryñ wepaly egindeşidi. Elmydama oña ýoldaşlyk edip, gol-ganat geripdi. Pýotryñ saglygy ara düşende-de, başga meseleler ýüze çykan wagtynda-da onuñ ýanynda problemalaryny çözerdi. Pýotram Ýekaterina hormat goýatdy we ony çyny bilen söýýärdi. Ýekaterina Pýotryñ ömrüniñ ahyrky pursatyna çenli ýanynda boldy. Är-aýal 11 perzendi dünýä inderdiler. • "Pýotr I Ýekaterinany halasgär saýypdyr" Prut uruşynyñ bolup geçen döwründe entek Pýotra durmuşa çykmadyk Ýekaterina uruşdan soñ 1712-nji ýylyñ fewralynda patyşa bilen resmi taýdan nikalaşdy. 1724-nji ýylda täç geýdi. Asly tatar meşhur taryhçy Ilber Ortaýly Paltaçy Mämmet paşa-Ýekaterina wakasy hakda aýdanda, Pýotryñ Ýekaterina bilen durmuş gurma sebäbini şeýle düşündirýär: "Pýotr I gabawdan halas bolunandan soñ çykaran permanynda Ýekaterinanyñ adyny halasgär hökmünde tutýar we onuñ bilen nikalaşýar". Rus taryhynda Romanowlar dinastiýasynyñ imperatrisalary uly işleri bitirdiler / Bahtiýar Küçük, Euronews • Patyşa köşgüniñ gurluşygynda aýal-gyzlaryñ uly hyzmaty boldy Taratynowa patyşa köşgi diýlibem tanalýan "Ýekaterina" köşgüniñ gurluşygynda rus imperatrisasy Ýekaterina I bilen birlikde aýal-gyzlaryñam möhüm rol oýnandygyny aýdýar: "Pýotr I Ýekaterina I-e bu mülki sowgat etdi. Olam bu ýerdäki kiçijik awçy külbesini ajaýyp köşge öwürdi. Ýekaterina işlerini gizlin ýöretdi. Haçanda köşk taýýar bolansoñ, muny Pýotra sowgat edende, ol mundan hoşal boldy. Pýotr Ýekaterinanyñ bu kyn işi amala aşyrandygy üçin buýsanmak buýsandy. Rus imperatorlarynyñ patyşa köşgi 300 ýyllyk taryhy bolan bina. Taryhda patyşa köşgüniñ gurluşygyna iñ uly goşandy aýallar goşdy". "Ýekaterina" köşgi Sankt-Peterburgda Ýekaterina I tarapyndan gurduryldy / Bahtiýar Küçük, Euronews • Pýotr özüne "ikilik eden" Ýekaterinany ölüm ýassygynda bagyşlady Ýekaterina I latwiýaly daýhanyñ maşgalasynda 1684-nji ýylda dünýä indi. Hakyky ady Marta Skawronska. Şwesiýa bilen bolan uruşd ruslara ýesir düşüpdir. Rus patyşasy Pýotr I-iñ egindeşi Aleksandr Menşikowyñ hyzmatkärligini edipdir. Pýotr birinji gezek 1703-nji ýylda onuñ bilen gabatlaşypdyr. Pýotr I 1705-nji ýylda uýasy Natalýany onuñ ýanyna ugradyp, rus dilini öwrenmegini üpjün edipdir. 1707-nji ýylyñ martynda prawoslaw ynanjyna girip, adyny-da Ýekaterina Alekseýewna Mihaýlowa edipdir. Pýotr Ýekaterinanyñ ähli lagly-jowahyrlaryny Osmanla beren 1711-nji ýylyñ Prut uruşyndan soñ onuñ bilen resmi taýdan nikalaşdy. 1724-nji ýylda täç geýdi, imperatrisa boldy. Är-aýaldan 11 çaga dünýä indi. "Rus patyşalarynyñ aýallary" atly kitapda Ýekaterinanyñ we Pýotryñ döwri hakda-da gürrüñ berilýär / Bahtiýar Küçük, Euronews "Yekaterina" köşgünde satylýan "Rus patyşalarynyñ aýallary" atly kitapda Ýekaterina we Pýotr boýunça jedelli gürrüñleriñ üstünde durlup geçilýär. Kitapda Pýotryñ "oýnaşy" Anna Monsyñ erkek dogany we Ýekaterinanyñ kömekçisi nemes Willem Monsyñ imperatrisa bilen arasynyñ bardygy hakdaky myş-myşlardan soñ ölüm jezasyna höküm edilendigi aýdylýar. Bu waka sebäpli aýalyna gahary gelen Pýotr 1725-nji ýylda ölüm ýassygynda ýatyrka ony bagyşlapdyr. Är-aýalyñ erkek perzendiniñ bolmandygy üçin Ýekaterina 1725-nji ýylyñ 28-nji ýanwarynda tagta özi çykypdyr. "Ýekaterina" köşgünde Ýekaterina I-iñ suraty / Bahtiýar Küçük, Euronews • 1711-nji ýylda näme bolup geçdi? Osmanly sadrazamy Paltaçy Mämmet paşa bilen rus imperatrisasy Ýekaterina I-iñ XVIII asyryñ başynda bolup geçendigi öñe sürülen ýakyn gatnaşygy hakdaky jedelli gürrüñler biziñ günlerimizde-de dowam edýär. Bu barada birgiden kitaplar ýazylan we taryhçylary ikä bölen wakada aýdylyşyndan, Prut uruşy wagtynda gabawdaky rus goşuny "Ýekaterinanyñ Paltaçy bilen ikiçäk duşuşmagyndan soñ" gabawdan çykanmyş. Osmanly we Russiýa imperiýalarynyñ arasynda 1711-nji ýyldaky Prut uruşynyñ ykbalyny kesgitländigi aýdylþan wakada ýeñilendigi bilen ylalaşan rus patyşasy Pýotr I-iñ aýaly Ýekaterina I Paltaçy Mämmet paşa bilen duşuşypdyr we sadrazama gymmatbahaly sowgatlar gowşurypdyr. Ýekaterinanyñ ýaraşyk şertnamasyny baglaşmagy üçin Paltaçy Mämmede para hökmünde lagyl-jowahyrlary we ýaş gyzlary ugradandygy aýdylýar. "Paltaçy bilen Ýekaterinanyñ özüniñem ýatyp-turandygy" öñe sürülen bu duşuşygyñ yzyndan osmanly esgerleri gabaw astyndaky rus goşuny öz erkine goýberipdir. Sadrazam Mämmet paş rus goşunynyñ daşyndaky gabawy aýrandygy üçin berk ýazgarylypdyr. Şol döwrüñ osmanly soltany Ahmet III Paltaçy Mämmet oaşany gabawdan kän wagt geçmänkä Midillä sürgüne ýollapdyr. Ýekaterinanyñ beren lagyl-jowahyrlaryndan paý alandyklary üçin Sadaret (Wezirlik) kethudasy Osman aga we Sadaret hatçysyna-da ölüm jezasy berlipdir. "Ýekaterina" köşgi, Sankt-Peterburg / Bahtiýar Küçük, Euronews • Paltaçy-Ýekaterina duşuşygy hakda taryhçylar näme diýýär: Ilber Ortaýly: “Prut uruşynda Paltaçy Mämmet paşa bilen gepleşik geçirmäge gelen delegasiýasynyñ arasynda geljekki imperatrisa Ýekaterina we käbir sowgat-serpaýlar hem bar eken. Emma paşanyñ para alandygy hakda gury gep-gybatdan başga hiç hili delil ýokdur. Pýotr I gabawdan sypan badyna çykaran permanynda Ýekaterinanyñ adyny halasgär hökmünde tutýar we onuñ bilen nikalaşýar". Erhan Afýonjy: "Sowgat-serpaýlar ugradylypdyr. Emma Ýekaterinanyñ özi Paltaçy Mämmet paşanyñ ýanyna gelmändir. Paltaçy-Ýekaterina gatnaşygynyñ hiç bir babatda düýbi, tutarygy, esasy ýokdur. Geñ ýeri, bu myş-myş XIX asyrdan soñ toslanypdyr. Türk çeşmelerinde-de, rus taryhçylarynda-da, awstriýa çeşmelerinde-de beýle zat ýok. Şol döwürde Ýekaterinanyñ baş weziriñ çadyryna girendigi hakda ýeke ýerde agzalmaýar. Soñ-soñlar ýazyjylar tarapyndan toslanyp, romanlar ýazylypdyr. Meselem, 1912-nji ýylda sahnalaşdyrylan nemes baletinde Ýekaterina eýdip geldi, beýdip geldi, egninde pylan hili eşik bardy we ş.m. çeper fantaziýalar bar". Myrat Bardakçy: “Prut gabawy wagtynda Ýekaterina ýönekeý esgerinden generalyna, grafyndan zibilçisine çenli kim bar bolsa, gymmatbahaly daşlary, lagyl-jowahyrlary üýşüripdir we ýedi arabany dolduryp toplan zatlaryny Prutda osmanly ştabyna ugradypdyr. Şondan soñ Paltaçy Mämmet paşa bilen ýaraşyk şertnamasyny baglaşypdyr". © Bahtiýar KÜÇÜK. Euronews, 12.07.2019 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |