21:40 Ukraina türk akymy: Her gün 20 uçar uçýar, kimler nämüçin gidýär? | |
UKRAINA TÜRK AKYMY: HER GÜN 20 UÇAR UÇÝAR, KIMLER NÄMÜÇIN GIDÝÄR?
Sport we turizm
Soñky ýyllarda Türkiýe-Ukraina aralygynda turist partlamasy bolup geçýär. Türkiýeden Ukrainanyñ dürli şäherlerine her gün ýigrimä golaý uçar uçýar. Uçardan daşgaryn gara ýoluñ üsti bilen gidýänlerem az däl. Eýsem, türkleri Russiýa bilen jeñ ýagdaýynda diýen ýaly we dünýäniñ iñ howply turizm destinasiýalarynyñ arasynda görkezilen Ukrainada näme özüne çekýärkä? Kimler Ukraina gidýär? Gidýänler näme edýär? Ukrainaly aýal-gyzlar türk erkeklerine nähili garaýar? Kiýew we Lýwow şäherlerinde ukrainalylardyr türkler hakynda gürrüñ alyşdyk. Gürrüñdeş bolanlarymyzyñ hemmesi diýen ýaly türk turistleriniñ aglaba böleginiñ seks turizmi üçin gelýändiklerini aýdýar. Ukraina uçan howa ýollary şereketleriniñ özi-de reklamalarynda gijeki durmuşa mazamlap, müşderi çekmäge jan edýär. Emma şunuñ bilen birlikde Türkiýede göwün islän gyzyny tapman, "mawy gözlüje sarymeñiz" ukrainaly gyzlara öýlenmäge gelýänler we Ukrainada işlemek isleýän türklerem bar. • Türkleriñ aglabasy seks we gijeki keýpi-sapa üçin gelýär Ukrainanyñ paýtagty Kiýewde turizm ofisinde işleýän Snizhana ýurdundaky seks turizmi meselesinde gaýgylanýandygyny aýdýar: "Türk erkekleri köplenç topar-topar bolup gelip, nireden jelep ýa-da gyz tapyp bolarka diýip soraýarlar. Kreşşarik şaýolunyñ ugrundan añsat tapyp bolýar. Olar seks turizmi üçin bärik gelýärler we ukrain zenanynyñ arzandygyny aýdýarlar. Haýp. Bu hakykatdanam ýaramaz ýagdaý. Bärik seks üçin gelmeleriniñ sebäbem şunda. Gyş aýlarynda-da gelýärler. Düýn gaty kän türk geldi, hemmesiniñem soraýan zady şobir zat..." Kiýewe gezmäge gelen Mehmet Jan Ukrainadaky şertleri Türkiýede tapyp bilmändigini nygtap, "Türkiýeden gelýänleriñ 10-20%-I iş gözläp, 80%-I seks üçin, gezmek üçin, içmek üçin gelýär. Türkiýede beýle elpe-şelpelik ýok. Gysýarlar, içme meselesinde, gije keýp etme meselesinde, seks meselesinde adamlary gysýarlar" diýýär. Türkiýeli Fuatyñ pikiriçe-de bu ýurda pasportsyz girmek türkleri hezil etdirýär: "Türkler bärik köp gelýär. Birinjisi, pasport bilen girmek añsat, şahsyýeti anyklaýan resminama (kimlik) bilenem girip bilýäris. Türkleriñ bärik gelmeginiñ sebäbi hem-ä işlemek, hemem iş mümkinçiligi köp, aýal-gyzlary-da uçursyz owadan. Türkiýä garanda çalt tanşyp bolýar." • Maşgala bolup gelip, türklere bolan ýakymsyz garaýşy aradan aýryp bileris Türkiýeli Diýap hem Kiýewde türk turistleriñ sanynyñ köpdügine ünsi çekýär: “Bärde gatnaşyp ýören türklerimiziñ sany barmak büküp sanardan köp. Ind-ä biz bärde kän bir ukrainaly göremzogam. Türkler esasanam gije klublaryna köp barýar. Türkler häzir Ukraina çozdy diýen ýaly. Görşüm ýaly millet bäri keýp çekmäge gelýär." Ukraina maşgala bolup gezelenç edýänler "diñe seks turizmi üçin bärik gelinýändigi" şeklindäki ýakymsyz türk garaýşyny şeýdip aradan aýryp boljagyny pikir edýär. Izmirden gelen Hakan Ünal we onuñ maşgalasy munuñ iñ gowy görüm-göreldesini berýär: "Men bu garaýşy aradan aýryp boljagyna ynanýaryn. Gezen birnäçe günümizde birnäçe jübüt türkiýeli bilenem gabatlaşdyk. Olar bärik turlar bilenem gelmekden hoşal. Birazam özümize bagly. Ukraina bize görä biraz rahat ýurt. "Biz türk" diýen badymyza pikirleri biraz üýtgeýär. Bu bu ýaramaz pikiri maşgala bolup gelenimizde aýallarymyz we çagalarymyz bilen bile aradan aýryp biljegimize ynanýarys" diýýär. • Ukrainaly aýal-gyzlar türkler barada nähili pikirde? Lýwowda ýaşaýan Daşa "Türk erkekleriniñ bärik diñe seks üçin gelýänlerini men-ä görmedim. Ýok, men-ä beýle pikir edemok. Biziñ owadan gyzlarymyz bar. Meniñ pikirimçe turistleriñ ählisem belli bir derejede şonuñ üçin gelýär. Olar diñe seks üçin gelenok. Gyzlarymyzy tanamak isleýärler. Belki-de, gatnaşyklary bolýar" diýýär. Lýowda okaýan talyp gyz Olga hem türklere "sary saçly gyzlaryñ aýratyn ýaraýandygyny" we olaryñ köplenç çynlakaý gatnaşyk isleýändiklerini, olaryñ Ukraina gelenlerinde birnäçe gyz bilen tanyşlyk açmaga synanyşýandyklaryny aýdýar. Kiýewli Diana bolsa käbirleriniñ "edepsiz" hereket etse-de, köp sanly türk erkeginiñ Ukraina turizm maksatly gelýändigini aýdýar. Kiýewde iñlis dilinden okadýan Alýona türk erkekleriniñ seks turizmi üçin gelýändiklerini aýdýar: "Ukrainaly aýal-gyzlar şuny bek ýatlarynda saklamaly, köp sanly adam diñe seks turizmi üçin gelýär. Edil özüm-ä seks turizmi hakynda aýratyn bilýän zadym ýok, gyzyklanamogam." • Garyplyk ukrainalylary daşary ýurtlara gitmäge iterýär Ýewropada iñ uly territoriýa eýe, 45 million ilatly ýurt ykdysady kynçylyklar, syýasy konfliktler, durnuksyzlyk, garyplyk, korrupsiýa we umytsyzlyk gysajynda urunýar. Ýurtda esasanam ýaşlar pul gazanmak üçin daşary ýurtlara çykýar ýa-da jelepçiligr we gijeki şagal mesligine ýüz urýar. Lýwowly inžener Oksana Antonowa Ukrainada ýaşlaryñ maddy kynçylyklary çekýändikleri we durmuşy oñmaýandygy üçin başga ýurtlara gitmegiñ ýollaryny gözleýändiklerine ünsi çekýär. Kompozitor we şahyr Wasiliý Wasilsew hem türkleriñ ukrain gyzlaryna köp öýlenýändigini aýdýar: "Meniñ pikirimçe munuñ hiç hili meselesi ýok. Ýewropalylar ýaly deñ hak-hukuklary bar bolsa, maşgala gurmagyñ näme zyýany bar. Eger çyndanam söýýän bolsañyz, kalbyñyza buýrup bilmersiñiz. Gurulýan maşgalalar arkaly bu gatnaşyklar dürli ýurtlaryñ arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryñam berkemegine we dowam etmegine kömegi deger." Ukrainada okap, ukrain gyzyna öýlenen Jan Fyratam iki halkyñ arasynda maşgala gurma meselesine oñyn garaýar: "Men Taras Şewçenko adyndaky uniwersitetiñ halkara gatnaşyklary uniwersitetinde okadym. Şol döwürem häzirki aýalym bilen tanyşdym. Düşünişme meselesinde hiç hili bökdençlik döränok. Talyplar arkaly, bärdäki türk işewürleri arkaly ýa-da bärde maşgala gurup ýaşap ýören ildeşlerimiz arkaly, şeýle-de Türkiýedäki ukrainalylar bilen birlikde hemme zadyñ bir bitewilikde pozitiw ugra özgerjekdigine hiç hili şek-şübhäm ýok." • Türkiýe-Ukraina uçar reýsleriniñ sany iki esse köpeldi: Günde 20 uçar Türkiýeden Ukraina syýahatlaryñ artmagynda arzan uçar reýsleriniñem täsiri uly. Azyndan bäş sany howa ýollary şereketi yzygiderli Türkiýeden bu ýurda göni uçuşlary gurnaýar. Türkiýeden bu ýurda günde ýigrimä golaý uçar uçýar. Türk Howa Ýollarynyñ (THÝ) Ukrainanyñ alty şäherine uçuş reýsi bar. THÝ-nyñ diñe Odessa hepdede 20, Kiýew hepdede 21 reýsi bar. Lýowa hepdede 10, Harkowa, Zaporožýä, Hersona hersine 7 reýsi bar. 2016-njy ýylda ýedinji ugur bolan Iwano-Frankowskä başlan reýsler bolsa kän wagta çekmän ýatyryldy. Şeýle görnüşde "Pegasus"-yñ Ankaradan Kiýewe her gün bir göni reýsi bar. Şol şereketiñ ýene-de Stambuldan Lýowa we Harkowa hepdede bäş gün göni reýsi bar. "Pegasus"-yñ şeýle-de Donesk howa menziline, Zaporožýe halkara howa menziline hepdäniñ belli günleri reýsleri bar. "Onur Hava Yolları" şereketiniñ hepdede bäş gün Odessa göni reýsi bar. "Atlas Global Havayolu" şereketiñem Odessa hepdede üç gün göni reýsi bar. Ukrainanyñ Howa Ýollary gullugy Stambuldan Kiýewe hepdede 15, Odessa 20 gezek uçýar. Tomus aýlarynda dürli şäherlere reýsleriñ artmagy bilen birlikde bu görkezijilerem artýar. Beýleki bir ýandan Kiýewiñ iki howa menzilinden otuzdan gowrak Ýewropa ýurduna we halkara howa menzillerine göni uçuşlar amala aşyrylýar. • Reklamalarda "owadan gyzlaryñ we gije durmuşynyñ mazamlanmagy Ukraina gitmekçi bolýanlar bu boýunça sorag-ideg edip görenlerinde birnäçe syýahatçylyk we tanyşdyryş saýtynda "ýurduñ owadan gyzlarynyñ we gije keýp çekilýän ýerleriñ" mazamlanýandygyny görerler. Ukraina uçýanlara arzan petekleri satýan "Pegasus" howa ýollary şereketiniñ internet saýtynda Ukrainanyñ tanyşdyryş mahabatynda "Ýurt hususanam arzan bahalar bilen gijesine wagtyny hoş geçirmekçi bolýanlara diýseñ amatly" sözlerini ulanýar. Ýurtda gezip boljak bäş ýere ünsi çekýän tanyşdyryş ýazgysynda gije keýp çekilýän ýerler şeýle görnüşde ýazylan: "Kiýew gezelenji üçin azyndan birküç günüñi aýyrmaly. Bu günler hökman hepdäniñ ahyryna gabat gelmeli, sebäbi Kiýewiñ gije durmuşy düýbünden başgaça!", "Ukrainanyñ gije durmuşynyñ dolup-daşýan ýene bir şäheri Lýwow, şäher giñ seýilgähleri we nostalgik köçeleri bilen saña diýseñ gowy ýarar", “Icgysgynç şäherdir öýdülýän Harkow gitjek ýeriñi bilseñ, gijelerine şuglaly şähere öwrülýär.” Ukrainanyñ aýratynam soñky ýyllarda seks turizminde köp sanly turisti özüne çekýändigi mälim. Munuñ sebäpleri hökmünde garyplyk we ýerli guramaçylykly jenaýatçylykly toparlar görkezilýär. Angliýanyñ we Ukraianyñ arasynda saparlary gurnaýan "Ukraine Adventures" syýahatçylyk şereketiniñ wekili Toni-de irlandiýaly arzan bahaly "Ryanair" howa ýollary şereketiniñ bu ýurda reýsleri ýola goýmagyny "iñlis erkekleriniñ Ukraina gidesleriniñ gelmeginde iñ uly täsiriñ owadan gyzlardygyny" aýdýar. Turistleriñ iñ köp gelýän ýerleriniñ başyny Lýwow ýaly ýurduñ günbatar şäherleri çekýär. • Türkiýe-Ukraina arasynda turizm partlamasy Ukraina bilen Türkiýäniñ arasynda 2017-nji ýylda gol çekilen ylalaşyga laýyklykda iki ýurduñ raýatlary wizasyz we pasportsyz diñe şahsyýetini anyklaýjy karty bilen iki taraply syýahatda bolup bilýär. Russiýa bilen Krym konfliktiniñ bolup geçmeginden öñ 2013-nji ýylda Ukraina gidýän daşary ýurtly turistleriñ sany 26 milliona golaýlan bolsa, bu görkeziji häzir 16 milliona ýeteñkirleýär. 2017-nji ýylda serhet goñşusy bolmadyk ýurtlaryñ arasynda Ukraina iñ köp turistiñ gidýän ýurdy 270 müñ 695 adamy bilen Türkiýe boldy. 14 million 229 müñ 642 adamyñ gelýän ýurduna iñ köp barýanlar nobaty bilen goñşulary Moldowa, Belorussiýa, Russiýa, Polşa, Wengeriýa, Rumyniýa we Slowakiýa. Geçen ýyl (2018) Ukrainadan Türkiýä gelenleriñ sany 1.4 milliona golaýlady. Bu boýunça Türkiýe Ukrainadan iñ köp turist çeken ýurt boldy. • "Bagtsyz ýurt" Ukraina: Turistler ücin howply destinasiýa Ukraina dünýäniñ iñ howply turizm destinasiýalarynyñ arasynda sekizinji orunda görkezilýär. "SOS Internatonal" we "Control Risks" şereketleriniñ 2019-njy ýyl üçin taýýarlan maglumatnamasynda Ukraina "howply" ýurtlaryñ arasynda görkezilýär. Howply ýerleriñ arasynda aýratynam Müsür-Ysraýyl arasy, Gazze sektory, Ukraina we Merkezi Afrika respublikasy bar. Sebitleýin syýahat duýduryşy berilen Ukraina, Palestina, Wenesuela, Päkistan, Çad, Niger, Burkina Faso, Eritreýa ýaly ýurtlar hem kategoriýa girýär. Şeýle-de Ukraina dünýäniñ iñ oñşukly ýurtlarynyñ sanawynda 2018-nji ýylda taýýarlanan maglumatnama görä 16e ýurduñ arasynda 152-nji ýerde. Sanawyñ soñky iki ornunda Siriýa we Owganystan bar. "The Spectator Index" tarapyndan mälim edilen dünýäniñ iñ bagtly ýurtlarynyñ sanawynda Ukrainanyñ 150 ýurduñ arasynda 138-nji ýerde bolmagy ünsi çekýär. • Kiýew turistler üçin howpsuzmy? Beýleki bir tarapdan Ukraina bolsa taýýarlaýan turizm mahabaty broşýuralarynda Kiýewiñ asuda ýerdigini gökrezýär. Broşýuralarda "Ukrainanyñ gündogarynda çaknyşyklar baram bolsa, Kiýew howpsuz destinasiýa, taryhy, medeni şäher, dynç almagyñ we wagtyñy hoş geçirmegiñ şäheri, Ýewropanyñ iñ amatly bahaly şäheri" diýilýär. Şeýle-de broşýurada "Kiýewde howpsuzlygyñ kepilligi nämede?" soragyna jogap hökmünde: "Kiýewde terrorçylykly hadysalar ýok, syýasy gapma-garşylyklar ýok, Ukrainanyñ beýleki şäherlerinden has köp, şäherde 9 müñ 963 polisiýa we jemgyýetçilik howpsuzlygy gullukçysy bar" sözleri bar. Şeýle-de Kiýew Ýewropanyñ beýleki şäherleri bilen deñeşdirilip, jenaýat derejesi talanma gorkusy derejeleri deñeşdirilýär. Şoña laýyklykda jenaýat derejesi Angliýanyñ paýtagty Londonda 58%, Fransiýanyñ paýtagty Parižde 56%, Kiýewde 52%. Şol bir ýagdaýda turistiñ talanma gorkusy Parižde 56%, Londonda 51%, Kiýewde 45%. Bahtiýar KÜÇÜK. 27.12.2019 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |