07:40 Fransuz žurnalyndan duýduryş: Stambulda ägä bolmaly bäş duzak | |
FRANSUZ SYÝAHATÇYLYK ŽURNALYNDAN TURISTLERE DUÝDURYŞ: STAMBULDA ÄGÄ BOLMALY BÄŞ DUZAK
Sport we turizm
Fransuz syýahatçyluk žurnaly "GEO" Stambula syýahat etjek turistler üçin duýduryş ýazgysyny çap etdi. "Stambul syýahatynda gaça durmaly bäş duzak" ýazgysynda şäheri syýahat edermenlere ägä bolmaly hususlary bäş maddada ýatladyp geçýär. Žurnal iki yklymyñ arasynda ýerleşen şäheriñ owadan ýerlerinden we taryhy gymmatyndan söz açmak bilen başlan ýazgysyna "taksiçilere üns beriñ" bölümi bilen dowam edýär. Ine, şol fransuz žurnalynyñ turistler üçin duýduryşlary we maslahatlary: • Taksiler "GEO" žurnalyna aýtmagyna görä, taksistleriñ daşary ýurtly turistler üçin bahany galdyrmagy diñe Stambulda gabat gelenok. Taksi sürüjileriniñ dil tapawudyndan peýdalanyp, has köp baha çykarmagy ýa-da barmaly ýeri uzatmagy dünýä boýunça alanda-da birnäçe uly şäherlerde köp gabat gelýär. Emma ýazgyda berilýän duýduryşa görä takside "aldawçylyk" diñe ýoly uzatmak bilenem çäklenenok: "Taksist 20 lira çykan tölegiñiz üçin beren 50 lirañyzy çalt 5 lira bilen çalşyryp, ýene 15 lira bergiñiziñ bardygyny aýdyp bilýär." Sürüjiniñ aýratynam taksimetri açmajak bolmagy, tutanýerli talap edilende bolsa, işlemeýändigini aýdyp sypjyklyk etmegi-de duýduryşlaryñ arasynda ýer alýar. Žurnalyñ bu boýunça berýän maslahaty: Ýola ugramanka ilki nyrhy sorañ we hatda öñünden bahasyny ylalaşyñ. Taksä münmezden öñem hökman ulagyñ döwlet belgisini surata alyñ. • Haly satyjylar Žurnalyñ aýtmagyna görä, şäheriñ, esasanam turistik raýonlaryñ turistleri raýony meýletin ýagdaýda aýlamak teklibi bilen ýanyñyza gelen kişileriñ dilleşikli dükanlaryna alyp barýarlar. "Size diýseñ amatly bahadan" diýip satyljak bolunýan haly aslynda arza bahaly haly" diýýän žurnal nätanyş adamlaryñ kömek etmek üçin edýän tekliplerini kabul etmezligi maslahat berýär. • Köwüş süpürijiler Ýazgyda üns berilmeli üçünji duzak köwüş süpürijiler diýip görkezilýär. Duýduryşa görä şäheriñ turistik raýonlarynda köwüş süpürijiler elindäki çotgadyr kremini, ýa-da beýleki odur-budur zatlaryny bilmezlikden elinden gaçyran bolup, turistleriñ nebsi agyryp kömek eder, zatlaryny galdyryşar ýaly ýagdaý döredýärler we öwezine hormat-sylag hökmünde köwüşlerini kremläp bermegi teklip edýärler. Emma köwüş kremlenenden soñ munuñ garşylyklaýyn sylag-hormat üçin edilmändigi belli bolýar. Köwüş kremleýji eden hyzmaty üçin pul talap edip durýar. Bu boýunça žurnalyñ berýän maslahaty bolsa "hiç bir ýagdaýda mylakatly boljak bolmañ we olaryj ýere düşen zatlaryny galdyryp beriji bolmañ" diýen şeklinde. • Restoranlarda çişirilen hasaplar "GEO" Stambulda käbir restoranlaryñ daşary ýurtly turistlere gaýtargysyny kem berýändigini aýdýar. Duýduryjy ýazgyda şeýle sözler bar: "Edil taksilerde bolşy ýaly, beren 200 lirañyzyñ 100 lirasygyny öñe sürüp, gaýtargyñyzam şoña laýyklap berýärler. Käbir ýagdaýlarda bolsa, ýa-ha menýuda hiç hili baha ýazylanok, ýa-da ýazylan baha bilen tölemeli tölegiñ deñ gelenok." Žurnal şonuñ üçin gitjek restoranyñyz boýunça ilki internetden oña berilýän teswirlere seretmegi, eger baha boýunça maglumat bolmasa gitmezligi maslahat berýär. • Kafe-barlar we pawilýonlar Ýazgyda agşam gidilýän ýerleriñ hususanam ýeke syýahat edýän erkek turistler üçin duzaga öwrülýändigi nygtalýar. "GEO"-nyñ aýtmagyna görä, bular ýaly ýerlerde ýaş gyzlar turistiñ daş-töweregine üýşüp, has köp spirtli içgileri içer ýaly edýärler we gijäniñ soñunda müñ eurodan aşýan hasaplar çykýar. Žurnal şeýle hem kafeler bilen dilleşikli käbir kişileriñ turistleri içgi içmäge çagyrýandygyny we gije bir çen bolansoñ, olaryñ sumat bolýandygyny ýazýar. Fransuz žurnaly "tanamaýan adamlaryñyz sizi nirädir bir ýere çagyrsa, barjak bolup ýörmäñ" diýip, pendini tekrarlamak bilen birlikde hökmany suratda näme buýran bolsañ, öñünden bahasyny soramagyñ gerekdigini aýdýar. Fatih ÝETIM. 01.09.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |