09:33 Kämillik ýaşyna ýetmedik seks gyrnaklary | |
KÄMILLIK ÝAŞYNA ÝETMEDIK SEKS GYRNAKLARY
Publisistika
• Fransiýada maşgala arasynda urlup-sögülýän gyzlar sutenýorlaryñ nyşanasynda Fransiýada resmi görkezijilere görä 6-10 müñ aralygynda kämillik ýaşyna ýetmedik jelepler bar we olaryñ aglaba bölegi 13-16 ýaşly ýaşajyk gyzlar. Aýal-gyzlara garşy etmişlere gözegçilik öýüniñ çap eden habarnamasyna görä bosgunlaryñ köp ýaşaýan şäher etek raýonlar gyzjagazlaryñ seks gyrnagy hökmünde ulanylýan ýerleriñ başyny çekýär. Parižiñ etegindäki Sena-Sen-Deni raýonyny seljeren hünärmenler heniz kämillik ýaşyna ýetmedik ýaş gyzlary jelep bolmaga iteren sebäpleri öwrendi. Habarnamada her üç gyzdan biriniñ 13-15 ýaşlaryndadygy aýdylýar. Köplenç öweý ene-atanyñ elinde galýan bu çagalaryñ aglabasynyñ has kiçi ýaşlarda fiziki, psihologiki ýa-da jynsy zorluga uçraýandygy anyklandy. Öwrenilen gyzlaryñ aýratynam mekdep ýyllarynda okuw sapaklaryna ýetişiginiñ pesdigi we her üçüsinden biriniñ küntiçilige başlamazdan öñ ýygy-ýygydan öýden gaçýandygy bellendi. • Ýaş gyzlar sosial mediýa arkaly sutonýorlaryñ pidasy bolýar Gözegçilik öýüniñ berýän synyna görä, maşgala we terbiýe durmuşynda agsaýan gyzjagazlar köplenç internetiñ üsti bilen sutonýorlaryñ gözüne ilýär. Sutenýorlar pidalaryna köplenç Instagramdyr Snapchat arkaly duşýar. Bu barlaglar aýratynam ýaş gyzlaryñ 40%-niñ özlerini sosial setlerde masgaralaýjy ýa-da mertebäni pese düşüriji ýagdaýlarda islemezden tapandyklaryny orta goýýar. Fransiýada seks gyrnagy bolup işleýän azyndan 40 müñ sany kämillik ýaşyna ýeteniñ heniz kämillik ýaşyna ýetmänkä sutenýorlaryñ pidasy bolýandygy çaklanýar. • Fransiýanyñ jelepçilige garşy göreşi 1946-njy ýylda jelephanalary kanuny taýdan gadagan eden Fransiýada jelepler 1960-njy ýyla çenli saglygy goraýyş edaralaryny meşgullanýan käri boýunça habarly edip durmalydy. Pariž hökümeti 1960-njy ýylda BMG-nyñ konwensiýasyna gol çekip, munuñ soñuna nokat goýdy. Emma jelephanalar ýapyklygyna galdy. 2003-nji ýylda Nikolas Sarkoziniñ içeri işler ministri bolan döwründe jelepleriñ köçeleriñ ugrunda özlerini güjeñläp ýörmeklerine çäklendirmeler girizildi. 2011-nji ýylda jelepleriñ müşderi tapmaklaryna kömek edýän käbir internet saýtlary "sutenýor" statusynda kabul edildi we web dizaýnerlere temmi çäresi berildi. 2013-nji ýyla gelinende Fransiýanyñ Milli mejlisi jelepleriñ müşderisine 1500 euro jerime töledýän kanuny kabul etdi. Kanuna garşy başlanan "Jelebime degme" (“Touche pas à ma pute”) atly köpçülikleýin çykyşa Fransiýada intelligensiýanyñ käbir wekilleri-de goldaw berdi. • Jelepçilikden el çeken gaçgak bosgunlara wagtlaýyn ýaşamaga rugsat (propiska) Sosialist Fransua Ollandyñ hökümeti jelepçilige garşy göreş maksatnamasyny dowam etdirip, jeleplere jelepçiligi taşlamaga höweslendirjek üýtgeşmeleri girizipdi. Bu maksatnamanyñ çäginde ýurda gaçgakçylykly ýollar bilen aralaşan we jelepçilik bilen meşgullanýan aýal-gyzlara jelepçilikden el çekip, "sutenýorlaryny" saklamaga kömek etmek şerti bilen wagtlaýyn ýaşamaga rugsatnama berilýär. Şeýle-de jelepçilikden ymykly daşlaşmak isleýän aýal-gyzlara işe ýerleşme krediti we wagtlaýyn ýaşaýyş hyzmatlary hem hödürlenýär. • Jelepler boýunça Fransiýanyñ Içeri Işler ministrliginiñ statistik görkezijileri Içeri işler ministrlihiniñ maglumatlaryna görä Fransiýada 18-20 müñ töweregi seks gyrnagynyñ bardygy çaklanylýar. Şeýle-de ministrligiñ resmi saýtyndan berilen habarnamada olaryñ 80%-niñ daşary ýurtlatdan gelen aýal-gyzlardandygy aýdylýar. Ýewropaly jelepleriñ aglabasy Orta Ýewropa ýurtlary bilen birlikde Rumyniýadan we Bolgariýadan gelýär. Afrikaly gyzlaryñ esasan Nigeriýadan, Kamerundan, Ganadan gelýändigi anyklansa, aziýalylaryñ esasan hytaýlydygyna ünsi çekilýär. Jemi alanda olaryñam 15%-niñ erkekdigi çaklanýar. Şol habarnamada berilýän başga bir maglumat bolsa, goñşy Ýewropa ýurtlarynda bardygy çaklanylýan jelepleriñ sany Gollandiýada 20 müñe, Angliýada 60 müñe, Germaniýada we Ispaniýada 400 müñe ýetýär. Öñki içeri işler ministri Bris Ortefýo mejlisde eden çykyşynda jelepleriñ sanynyñ azalmagyny "fransuz jemgyýetiniñ gowulyga tarap özgermeginiñ alamaty" diýip düşündiripdi. Emma Seks gyrnaklary sindikaty (Strass) bu sanyñ 40 müñdenem ýokardadygyny öñe sürýär. Şunuñ bilen bir hatarda, ýokary okuw jaýlarynda okaýan talyplaryñ 20%-niñ garyplyk derejesindenem pes ýaşaýan Fransiýasynda 40 müñe golaý talybyñ eklenç üçin "eskort gyz" bolup işleýändigi çaklanýar. Fatih ÝETIM. 13.11.2019 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |