06:28 Gadymy küýzeleriñ atlandyrylyşy | |
GADYMY KÜÝZELERIÑ ATLANDYRYLYŞY
Taryhy makalalar
Gadymy türkmen halky durmuşda öý-hojalygynda zerur bolan gap-gaçlary keramiki önümlerden ýasapdyrlar. Ir döwürlerde sowadyjy enjamlaryň bolmanlygy üçin, ata-babalarymyz özleriniň gündelik iýjek zatlaryny zaýasyz ulanmak maksady bilen her hili gap-gaçlary, küýzeleri keramiki önümleri palçykdan bişirip ýasap, onuň içini hem syrçalap saklapdyrlar. Öý hojalygynda ulanylýan iýmitleri, ýagny gowurdak, ýag we süýt önümlerini zaýasyz ulanmak üçin, içi syrçalanyp ýasalan küýzeleri ulanypdyrlar. Içi syrçalanan küýzäni «golça» diýip atlandyrypdyrlar. Ir döwürlerde golçalarda ýagy bilen gowrulan eti saklapdyrlar. Golçanyň içinde gowurdak uzak wagtlap zaýalanman saklanypdyr. Mundan başga-da, golçalarda toşaby, duzy uzak wagtlap saklap bilipdirler. Ata-babalarymyz gündelik içýän suwlaryny, arassa hem sowuk saklamak üçin toýundan küýze önümini ýasapdyrlar. Ony ýasanlarynda ýeke gulp goýupdyrlar. Oňa bolsa «jürdek» diýip at beripdirler. Geçmişde pederlerimiz gündelik içjek suwuny jürdeklere guýup, ony hem ak öýüň bir çetinde saklapdyrlar. Jürdekler tomus aýy suwy sowuk saklapdyr we ynsanlary suwsuzlykdan gandyrypdyr. Ir döwürlerden bäri ata-babalarymyz düýe malyny saklaýarlar. Düýäniň çalyny, agaranyny iýmit üçin hem derman hökmünde ulanypdyrlar. Düýäniň çalyny hem zaýasyz saklamak üçin syrçaly gaplary köp ulanypdyrlar. Düýe çalyny zaýasyz saklamak üçin ulanan gaplaryny bolsa «gorküýze» diýip atlandyrypdyrlar. Hojalykda ulanylýan küýzeleriň ýene birine «ýagküýze» diýip atlandyrypdyrlar. Munda azyk önümi bolan ýag saklapdyrlar. Ýagküýzede, esasan, ergin we doň ýaglary saklapdyrlar. Hojalykda ulanylýan ýag önümlerini uzak wagtlap zaýasyz saklamakda ýagküýzeleriň hyzmaty uly bolupdyr. Ýagküýzeleriň hem içi syrçalanyp ýasalypdyr. Ata-babalarymyz hojalyk üçin uly göwrümli küýzeleri hem ulanypdyrlar. Uly küýzeleri bolsa «hum» duýup at beripdirler. Hum küýzeleri hem syrçaly, käbirlerini syrçasyz edip ýasapdyrlar. Hum küýzelerde esasan hem, däne saklapdyrlar, ondan başga-da, suw saklamak üçin hem ulanypdyrlar. Geçmişde ata-babalarymyz öý hojalygynda ulanýan azyk önümlerini uzak wagtlap tygşytly saklamakda küýzeleriň hyzmaty juda uly bolupdyr. Küýzeleri geçmişde pederlerimiz öz öý hojalygynda ulanan bolsa, bu günki günde geçmiş taryhymyzdan söhbet açýan taryhy ýadygärliklerimiz bolup, taryhy we ülkäni öwreniş muzeýlerimizde saklanýar. Türkmen taryhyny, medeni mirasyny öwrenmek üçin olary aýawly saklap, halka ýetirmekde muzeýlerimiziň hyzmaty uludyr. Biziň Mary welaýatymyzyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýimiziň arheologik ekspozisiýasynda saklanýan küýzedir gap-gaçlar, muzeýimize gelýän jahankeşdelerde, daşary ýurtly syýahatçylarda we ýerli ilatymyzdan gelýän myhmanlarda uly gyzyklanma döredýär. Geçmiş taryhymyzdan, ata-babalarymyzyň taryhyndan söhbet açýan taryhy gymmatlyklarymyz hakynda täsirli, gyzykly maglumatlary muzeý işgärlerimiz uly höwes bilen gürrüň berýärler we giňişleýin düşündirýärler. Ýaş neslimizi watançylyk ruhunda terbiýelemek, olary ynsanperwer ylymly-bilimli, edepli ýaşlar edip ýetişdirmek üçin muzeýmiziň ylmy işgärleri yzygiderli wagyz-nesihat işini geçirýärler. Töre NOBATOW, Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |