15:14 Gadymy Nusaýyñ meşhur alymlary | |
GADYMY NUSAÝYÑ MEŞHUR ALYMLARY ■ Ylymda ygtybarlylygy bilen şöhrat gazanyp, özlerini ylymda ykrar etdiren Buhari, Muslim, Ebu Dawud ýaly hadysçy alymlara halypalyk eden Züheýr ibn Harb Nesaýy 776–77-nji ýylda Nusaý şäherinde dünýä inýär. Bagdady, Şeýbany ýaly nisbeleri bar hem bolsa Nesaýy nisbesi bilen meşhurlyk gazanýar. Alymyň çagalygy Nusaý şäherinde geçýär. Ylym öwrenmek üçin Gündogaryň dürli şäherlerine syýahat edýär. Döwrüniň tanymal alymy Bagdatly Hüseým ibn Besirden ylym öwrenýär. Şol ýerde-de ömrüniň ahyryna – 849-njy ýyla çenli ömür sürýär. Alymyň adyna berilýän dört sany kitabyndan häzirki wagta çenli diňe «Kitabul-ylym» atly ylmyň ähmiýeti dogrusynda söz açýan eseri gelip ýetipdir. Alymyň ömür ýoly we eserleri barada XIV asyr alymy ibn Hajar Askalanynyň «Tehzibut-Tehzib» atly biografiki eserinde giňişleýin maglumat berilýär. ■ Döwrüniň meşhur hadysçy alymlarynyň biri-de, şol sanda edebiýatda hem öz ussatlygyny görkezen Hasan ibn Süfýan Nesewi 828-nji ýylda Nusaýda dünýä inýär. Bagdat, Basra, Kufe, Hijaz, Müsür we Şam ýaly ylym merkezlerinde özüniň ylmyny artdyrýar. Alymyň ömür ýoly we eserleri barada XIII asyryň ikinji ýarymynda we XIV asyryň birinji ýarymynda ýaşan Muhammet Gaýmaz Türkmeniň biografiki eserinde giňişleýin maglumat berilýär. Nesewiniň ýigrimi dört bölümden ybarat bolan «Kitabul-Erbagyn» atly ahlak-didaktiki eserinden başgasy häzirki güne gelip ýetmändir. Alym 916-njy ýylda Nusaý şäheriniň golaýyndaky Baluz obasynda aradan çykýar. ■ 829–30-njy ýylda dünýä inip, alty sany iň ygtybarly meşhur hadysçylaryň arasynda öz mynasyp ornuny alan Ebu Abdurrahman ibn Şugaýp Nesaýy hem Nusaý şäherindendir. Nesaýy on bäş ýaşynda ylmyň gözleginde Gündogaryň iri ylym-bilim merkezlerini – Horasanyň şäherlerini, Hyjazy, Müsüri we Alžiri syýahat edýär. Döwrüniň meşhur alymlaryndan ylym öwrenýär. Käbir maglumatlara görä, onuň ylym öwrenen halypalarynyň sany 450-ä ýetýär. Ol özüniň ylym babatynda talapkärligi, örän ýatkeşligi bilen döwrüniň beýleki alymlaryndan tapawutlanypdyr. 915-nji ýylda Remlede aradan çykýar. Taryhy çeşmelerde alymyň otuz töweregi eseriniň ady agzalýar. Alymlaryň bellemegine görä, ol eserler «es-Sunen» ýa-da «el-Müjteba» diýlip atlandyrylýan meşhur eseriniň aýratynlykda toplanan görnüşleridir. ■ Özüniň sadadan çeper şygyrlary bilen «Emiruş-şugara» ýa-da «Meliküş-şugara», ýagny «Şahyrlaryň emiri» ýa-da «Şahyrlaryň soltany» adyna mynasyp görlen az sanly şahyrlaryň biri hem Ebu Abdylla Muhammet ibn Abdylmälik Müezzidir. Asly Nusaý şäherinden bolan şahyr 1056-njy ýylda dünýä inýär. Şahyr ömrüniň köp bölegini Seljuk döwletiniň paýtagty Merwde geçirýär. Ebu Abdylla Muhammet ibn Abdylmälik Müezzi örän meşhurlyga eýe bolup, Soltan Mälik şanyň we ogly Soltan Sanjaryň hormatlan alym-şahyrlaryndan biridir. Şonuň üçin hem Müezzä bu lakamy hut Soltan Mälik şanyň özi dakýar. Şahyr 1137-nji ýylda aradan çykýar. Häzirki döwre şahyryň 18623 beýti gelip ýetipdir. Dürli temalarda ýazylan bu şygyr beýtleriniň esasy bölegini kasydalar, gazallar we rubagylar düzýär. Emir Müezziniň «Diwanynyň» bardygy hakynda Emir Döwletşanyň «Tezkiretüş-şugara» atly eserinde ýatlanylýar. Şeýle-de, bu eserde şahyryň ömri we şygyr sungatyndaky ýeten derejesi hakynda hem gymmatly maglumatlar berilýär. Şahyr Müezziniň eserleri we onuň döredijiligi dogrusynda XII asyryň tezkireçisi Muhammet Awfynyň «Lubabul-elbab» atly eserinde hem Gündogaryň beýleki ussat şahyrlary bilen birlikde agzalyp geçilýär. ■ Şeýle alymlaryň biri hem Aly ibn Ahmet Nesewidir. Nusaýly alym «Baznama» atly awçylyk we aw guşlarynyň dürli kesellerini bejermek boýunça ýazan kitabynyň girişinde özüniň Nusaýda dünýä inendigini habar berýär. Şeýle hem, «Et-Tejrid fi usulyl-hendese» atly geometriýa ylmyna degişli eseriniň soňunda ibn Sina we Biruny ýaly akyldarlar bilen duşuşandygyny ýatlaýar. Gaznaly we Seljuk türkmen soltanlary tarapyndan hormatlanan alymyň eserlerini, umumun, dört ugra bölmek mümkin. Nesewi tebigy, takyk ylymlary boýunça köp okap, geometriýa, matematika, astronomiýa we lukmançylyk ugrundan jemi ýigrimi töweregi eser döredipdir. Geometriýa ylmyndaky ýazan eserlerinde Batlýamusyň we Ewklidiň eserlerine düşündiriş berip, Neýrizi, Farabi, Hazin, Sabit ibn Kurra, ibn Sina ýaly Gündogaryň akyldarlaryny bu ugruň esaslandyryjylary hasaplapdyr. Alym takmynan XI asyryň ahyrlarynda aradan çykýar. Nesewiniň ömri we döredijiligi dogrusynda Ali ibn Zeýd Beýhakynyň «Taryhu hukemaýyl-Yslam» atly eserinde giňişleýin maglumatlar berilýär. ■ Türkmeniň ylymdaky ýyldyzlary ýatlananda türkmen soltany Jelaletdin Meňburunyň egindeşi, başarjaň döwlet işgäri, taryhçy alym Muhammet ibn Ahmet Nesewini ýatlaman geçmek bolmaz. Bir elinde galam, bir elinde gylyjy ussatlyk bilen oýnadan alymlaryň biri bolan Ahmet Nesewi 1249-njy ýylda Nusaý şäherindäki Hurendez galasynda dünýä inýär. Soltan Jelaletdiniň diwan kätibi bolan Ahmet Nesewi onuň bilen bilelikde mongol çozuşlaryna garşy ähli söweşlere gatnaşýar. Häkim, ilçi ýaly dürli döwlet wezipeleri eýelän Nesewiniň iň meşhur eseri «Siýratus-sultan Jelaletdin Menguberti» atly taryhy eseridir. Ol bu eserini Soltan Jelaletdiniň ölüminden takmynan on ýyl dagy soň ýazýar. Ol bu eserinde mongol çozuşlary, olaryň talaňçylyk we weýrançylykly hereketleri, Muhammet şanyň mongollar bilen alyp baran söweşi we asgyn gelişleri, onuň ejesi Türkan Hatynyň we ogullarynyň soňky ykballary barada ýatlansoň, ýakyn dosty, söweşde egindeşi Jelaleddin Meňburun bilen baglanyşykly taryhy ähmiýetli maglumatlary berýär. Taryhçy alymlar Muhammet ibn Ahmet Nesewiniň bu eserini ýazmakda Ibn Esiriň «El-kämil fit-Taryh» atly taryhy eserinden peýdalanandygyny, muňa garamazdan Nesewiniň eserde beýan edilýän taryhy wakalaryň janly şaýady bolmak bilen, Ibn Esirden tapawutlanýandygyny belleýärler. Onuň durmuşy bilen baglanyşykly maglumatlar galapyn onuň ýokarda ady agzalan eserinde berilýär. Galyberse-de, XIII asyrda ýaşan ibn Bibiniň «El-Ewamirul-Aläiýýe fil-umuril-Alaiýýe» atly eserinde gysgaça deglip geçilýär. Ahmet Nesewi Halapda 1246-njy ýylda aradan çykýar. ■ Orta asyrda ýaşap, gymmatly eserlerini miras goýup giden nusaýly alymlaryň ýene biri hem Omar ibn Abdylla Taftazanydyr. Ol 1322-nji ýylda Nusaý şäherine bagly Taftazan obasynda dünýä inýär. Onuň Taftazany nisbesi hem şol obada doglandygy bilen baglanyşyklydyr. Sarahs, Hyrat, Samarkand, Köneürgenç ýaly döwrüniň meşhur ylym merkezlerine syýahat etmek bilen, ylymdan ýüküni ýetiren Taftazany ömrüniň esasy bölegini Sarahsda geçirýär. Ibn Hajar Askalany öz döwürdeş alymy Taftazany hakynda «Gündogarda ylym onuň bilen tamamlandy», «Taftazanydan soň onuň ornuny tutan bolmady» diýip belleýär. Onuň ylym öwrenen halypalarynyň arasynda Razi Tahtani, Burhaneddin Herewi, Hasan Abywerdi ýaly döwrüniň tanymal şahsyýetlerini görkezmek bolar. Onuň ýazan eserleri özünden soň dünýäniň dürli ylym ojaklarynda okuw kitaby hökmünde okadylypdyr. Alymyň elliden gowrak eseri bolup, olardan dil bilimi bilen baglanyşykly on alty ýaşynda ýazan «Şerhut-Tasrifil-yzzy» eserini, ogly Hada bagyşlap arap diliniň sintaksis we leksikasy boýunça ýazan «Irşadul-Hady» eserini, ýene-de arap diliniň morfologiýasy, sintaksisi we semantikasyndan ybarat bolan «Şerhu Miftahylulum» eserini, şeýle-de, sözi dogry we çeper sözlemek ylmy boýunça «Mutawwal» we «Muhtasar» eserlerini mysal getirmek bolar. Alymyň eserleriniň ählisine diýen ýaly şahyrdan soň görnükli alymlar tarapyndan şerhler – düşündirişler ýazylypdyr. Bu ýagdaý hem Taftazanynyň eseriniň ürç edilip okalandygynyň, olaryň ýokary islegden peýdalanandygynyň subutnamasydyr. Şeýle hem, Taftazany Gündogaryň akyldar şahyry Sagdy Şirazynyň meşhur «Bostan» atly liriki eserini türkmen diline terjime edipdir. Alym 1390-njy ýylda Samarkantda aradan çykýar. ■ Taryhda öz gymmatly eserleri bilen yz goýan şahsyýetleriň biri hem XVI asyrda Nusaýda ýaşan türkmen taryhçysy Salar Baba Gulaly ogly Harydarydyr. Özüne şöhratlyk gazandyran «Jamygyt-tawaryh» atly eserini köneürgençli Aly Soltanyň tabşyrygy bilen, 1555–1556-njy ýyllarda Nusaýda ýazýar. Eser 716 sahypadan ybarat bolup, oguzlaryň taryhy bilen baglanyşykly maglumatlar berilýär. Esasy bellenmeli zatlaryň biri hem, ýazaryň hut öz eli bilen ýerine ýetirilen golýazma ýeke-täkdigi, dünýäniň başga hiç bir ýerinde ýokdugy bilen tapawutlanýar. Bu ýeke-täk nusga häzirki wagtda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň golýazmalar hazynasynda 526 belgili bukjada saklanylýar. Salar Babanyň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly maglumatlar eseriň soňunda berilýänler bilen çäklenýär. Nurgeldi TUWAKOW, | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |